«Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!»
weather dashoguz 23° C Daşoguz

«Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!»

Jemgyýet
24.12.2025  178

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, asudalygyň, agzybirligiň gadyr-gymmatyna bolan çäksiz söýgüsi kalplara mähir paýlaýar. Heňňamlaryň ähli döwürlerinde parahatçylyk syýasaty dünýäniň diplomatik gatnaşyklarynda öňe sürülýän esasy ýörelgeleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk hakyndaky şahyrana duýgulary hiç ynsany biparh goýmasa gerek:

Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,
Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,
Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!
Külli ynsan hakyna belent maksat tutany—
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň parahatçylygy we ähli halklaryň abadançylygy ýaly häzirki döwrüň möhüm meselelerine ünsüňi çekýän goşgusyndaky: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýen ajaýyp setirlerinde päk asmanyň ýüzünde ganatlaryny erkin ýaýýan akja kepderileriň parahatlygy äleme paýlaýan bagtyýarlygy beýanyny tapýar. Parahatçylyk, asudalyk külli adamzadyň arzuwy. Şol mukaddesligi geljege miras galdyrmak her bir ynsanyň mukaddes borjy.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletlilik ýolunyň binýadynda parahatçylyk, ynanyşmak, dostlukly gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryň durýandygy, bu ugurda bütin dünýäde goldanylýan adamzat bähbitli uly tutumly işleriň alnyp barylýandygy türkmen halkynyň asuda geljeginiň kepilidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny we köp ýyllaryň dowamynda doganlyk Türkmenistanyň özygtyýarly, garaşsyz ösüşini üpjün edendigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň iň asylly ýörelgeleriniň biri hem parahatçylyk söýüjilikdir. Bu asylly ýörelge dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi, ynanyşmaga esaslanýan başlangyçlar dünýäde giň ykrarnama eýe bolýar. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny dünýäniň ykrar edýändigini aýdyň beýan edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň dünýäde parahatçylygy, asudalygy goldaýandygyny ýene bir gezek äşgär edýär. Şu ýyl Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutulýan ýurt höküminde giňden tanalmagyna ýardam edýän hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegine 30 ýyl doldy.

Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi,
Ýazylsyn, giň ýazylsyn agzybirlik suprasy,
Tämiz niýet, ýagşy päl — budur dünýäň gudraty,
Giň dünýäniň hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Gahryman Arkadagymyzyň goşgy setirlerinde bellenilişi ýaly, bagtyýar ýurdumyzda agzybirlik suprasy giňden ýazylyp, Ýer ýüzünde parahatçylyk, agzybirlik höküm sürsün! Dünýämiz abat, asmanymyz hemişe asuda bolsun! Bagtyýarlygymyz üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Dünýäde Bitaraplyk halkara hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen döwletimiziň şany yklymlara parahatlyk sahawatyny ýaýsyn!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Belent mertebedir, Watan goragy
28.01.2026   75
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   56
Jemgyýet Kalplary ylhamly bagtyýar ýaşlar
25.03.2025   296
Jemgyýet Täze sahna eseri
03.03.2025   345
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan Watanym
26.06.2024   394
image