Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda, milli hukuk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Ýurdumyzda adam hakdaky alada, onuň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy ilkinji orunda durýar we ileri tutulýar. Bu bolsa öz gezeginde demokratiýanyň ösdürilmegi we döwletimiziň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, adamyň saglygyny goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Adamlaryň saglygyny goramak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy baradaky garaýyş «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň işini, şol sanda azyk önümleriniň, agyz suwunyň hili hem-de howpsuzlygy, saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek, ýaramaz endikleri doly aradan aýyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunlary kabul etmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaramaz endiklere we beýleki zyýanly serişdelere garşy göreşi yzygider dowam etdirmek baradaky berýän tabşyryklary halkymyzyň saglygy barada edýän taýsyz tagallalarynyň subutnamasydyr.