Abatlaýjylaryň yhlasly zähmeti
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Abatlaýjylaryň yhlasly zähmeti

Ykdysadyýet
20.01.2026  28

Hormatly Prezidentimiz geçirýän iş maslahatlarynda şu ýylyň ýaz ekişine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek barada möhüm tabşyryklary berýär. Şonda möwsümde ulanyljak tehnikalaryň göwnejaý abatlanylmagyna hem aýratyn üns çekilýär. Munuň özi şol döwürde ekişde bökdençligiň bolmazlygyna, işleriň öndürijilikli, sazlaşykly alnyp barylmagyna gönükdirilendir.

Öňde goýulýan şeýle derwaýys wezipelerden ugur almak bilen Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň degişli edara-kärhanalarynda hem zerur çäreler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini birleşigiň Gubadag etrabyndaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň abatlaýjylarynyň, mehanizatorlarynyň gündelik iş-aladalarynyň mysalynda-da görmek mümkin.

Bu kärhananyň giň howlusynyň şeýle taýýarlyk işleriniň hakykatdan hem uly joşgun alan ýerine öwrülendigini şu günlerde onuň derwezesinden giren her bir adam anyk synlap bilýär. Çünki howlynyň ähli ýerinde hatarlanylyp goýlan dürli görnüşli traktorlar, ekijiler, çizeller, borana-malalar bu ýerde taýýarlyk çäreleriniň eýýam ep-esli böleginiň ýerine ýetirilendigini tassyklaýar. Olaryň gapdalynda öz işleri bilen gümra bolup ýören adamlaryň bolsa gyssagynyň ýeterlikdigi daşyndan seredeniňde-de bildirýär.

Kärhanada taýýarlyk işleriniň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagyna tejribeli abatlaýjylaryň, mehanizatorlaryň onlarçasy uly goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Tirkeş Meredow, Saparmyrat Arazbaýew, Akmyrat Halbaýew, Nepes Pasanow, Garly Pirjikow, Dädemyrat Kakabaýew we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň adamlar ençeme ýyllardan bäri bu kärhanada zähmet çekmek bilen, tehnikalary abatlamakda-da, meýdan işlerinde olara erk etmekde-de oňat görelde görkezip, ýokary netijeleri gazanyp gelýärler.

Belli bolşy ýaly, şu ýylyň gowaça ekişi möwsüminde etrap boýunça dürli kysymly traktorlaryň 80-ne golaýynyň, ekiji gurallaryň 60-dan gowragynyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da çizelleriň, borana-malalaryň ýeterlik möçberleri bu ugurdaky işlerde ulanylar. Bu tehnikalaryň köpüsinde abatlaýyş çäreleri şu wagta çenli berjaý edilipdir.

Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlarynyň netijesinde kärhana dürli görnüşli tehnikalar, olaryň iş gurallary yzygiderli gelip gowuşýar. Bu bolsa onuň enjamlaýyn binýadynyň berkidilip, işleriniň öňe gitmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Bu barada aýdylanda soňky ýyllarda 5 sany traktoryň, 6 sany takyk ekijiniň kärhana berlendigini bellemek bolar. Geçen ýylyň özünde şeýle takyk ekijileriň, dökün sepijileriň, derman pürküjileriň ýene-de jemi 24 sanysy olaryň  ygtyýaryna berildi. Şeýle goldaw-kömekler işçi-hünärmenleriň, mehanizatorlaryň ählisini örän guwandyrýar, olary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Elbetde, oba hojalyk ekinleriň her bir görnüşiniň bereketli hasylyny kemala getirmekde, ilki bilen, onuň ekişiniň talabalaýyk geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilýär. Şonda bu babatda tehnikanyň güýjünden ýeterlik peýdalanylmagy zerur bolýar. Munuň üpjün edilmegi bolsa, mehanizatorlaryň, olara ýardam berýän abatlaýjylaryň şu günlerdäki taýýarlygyna baglydyr. Bu kärhananyň işçi-hünärmenleri-de şuny nazara alyp, gaýratly zähmet çekýärler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ata kesbine eýeren bagban
15.10.2024   225
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary ösdürilýär
29.05.2025   108
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
10.08.2024   232
Ykdysadyýet Gyzgalaňly günleriň zähmet joşguny
26.08.2025   110
Ykdysadyýet Şaly hasyly ýygnalýar
16.10.2024   236
Ykdysadyýet Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
07.05.2025   144
Ykdysadyýet Ýokary hilli gowaça tohumy
22.01.2026   27
Ykdysadyýet Ekologiýa abadançylygyna goşant
13.11.2024   194
image