Abadançylygyň kepili
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Abadançylygyň kepili

Jemgyýet
20.09.2025  209

Her ýyl ýokary guramaçylyk bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň düýp mazmunynda berkarar döwletimizde her bir ynsanyň saglygy, maşgala abadançylygy hakynda edilýän ägirt uly aladalar aýdyň şöhlelenýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolup, onuň kadalarynyň berk berjaý edilmegi zerurdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sentýabr aýynda badalga berlen bu ählihalk çäresine dürli kärde zähmet çekýän, dürli ýaşdaky adamlar işjeň gatnaşýarlar. Ýeri gelende bellesek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän günlerinde çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda biraýlygyň maksady we ähmiýeti barada, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şalynyň idegi ýokary depginde
31.07.2025   210
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
18.03.2024   517
Jemgyýet Aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty
29.06.2026   81
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
04.12.2024   383
Jemgyýet Täze ýylyň toý döwresi
31.12.2025   161
Jemgyýet Dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk
05.08.2025   236
image