Abadan geljegiň kepili
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Abadan geljegiň kepili

Jemgyýet
10.10.2026  106

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini hem-de onda kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy çözgütleri bagtyýar halkymyzyň abadan geljeginiň kepilidir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn geňeşleriniň başlyklary, KA-nyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler şöhratly ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrülen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň çözgütleriniň döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyndaky gymmaty dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda umumymilli forumyň ähmiýetiniň uludygy, onuň halkymyzyň iň gymmatly ýörelgeleriniň esasynda guramaçylykly geçirilýändigi, kabul edilen kararlaryň tutuşlygyna adam hakdaky alada ýugrulandygy barada aýdylyp geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Pähim-paýhasa hormat
01.10.2025   240
Jemgyýet Ýagty geljegiň binýady
03.04.2025   424
Jemgyýet Buýsançly gürrüňler edildi
27.08.2025   249
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   214
Jemgyýet Gülüň owadan!
26.06.2025   382
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
11.04.2024   461
image