Abadan durmuşyň kepili
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Abadan durmuşyň kepili

Jemgyýet
10.12.2025  173

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Bu şanly senäni her ýyl tutuş halkymyz uly dabara besläp belleýär. Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary netijesinde dünýäde uly abraýdan peýdalanýan döwlet hökmünde tanalýar. Bitaraplygyň mizemez binýady ählitaraplaýyn berkidilýän Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Bu ösüşleriň özeninde hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasaty, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi durýar.

Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny özgertmegi hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi ýola goýdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 86 döwletiniň bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň gün tertibine «Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek baradaky başlangyjy teklip etmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň umumadamzat üçin örän uly ähmiýete eýedigini ýene bir gezek subut edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä bileleşiginiň belent münberinden eden taryhy çykyşynda Berkarar döwletimiziň oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä diplomatiýasynyň strategik ugry hökmünde şöhlelendirilmek bilen, onuň dünýäde parahatçylygy we adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etmekdäki ähmiýetine üns çekilýär.

Taryhy ähmiýetli çykyşda hödürlenilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmek hakynda, «Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda», «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalaryň taslamalary bütin dünýäde uly gyzyklanma döretdi.

Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň dost-doganlygy jebisleşdirmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmekde dünýä uzaýan nusgalyk ýolunyň halklary bir maksada jemleýändigini beýan edýän hakykatdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   407
Jemgyýet Arzyly törleriň bezegi
09.07.2026   84
Jemgyýet Belent maksatly Watan
01.01.2026   157
Jemgyýet Sungatyň ýaş zehinleri
05.03.2026   133
Jemgyýet Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
21.02.2023   438
Jemgyýet Bilim ýoly — bagt ýoly
30.08.2025   248
image