8-nji mart Halkara zenanlar güni
weather dashoguz 40° C Daşoguz

8-nji mart Halkara zenanlar güni

Jemgyýet
08.03.2024  1478

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda gül-lälelere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramçylygyny uludan bellemeklik her bir ynsanyň kalbyny heýjana salýar. Diýarymyzyň çar künjeginde bu ajaýyp bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler barha dabaralanýar. Döwlet derejesinde edilýän şeýle tagallalar mährem enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini has-da joşdurýar.

Parasatly türkmen zenanlary taryhyň islendik döwürlerinde maşgala ojagynyň sarsmaz sütüni, edep-terbiýe, ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy şeýle hem öýüniň nury, ýaraşygy bolupdyr. Olar tebigatyň adamzada bagyş eden iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, ony eýýamlardan eýýamlara geçirýärler. Türkmen halky öz zenanlaryny, mähek daşyna deňelýän kümüş saçly eneleri hemişe ýokary mertebelerde goýup, arzylaýan halk.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olary “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglap,  Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly atlar dakylýar. 8-nji mart baýramçylygynyň bellenilýän toýly günlerinde eneleriň, türkmen zenanlarynyň waspy şahyrana şygyrlarda, hoş owazly aýdym-sazlarda, surat eserlerinde mahlasy tutuş adamzadyň dilinde belentden belent ýaňlanýar.     

 

Nazaket HASANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň
48-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dil bilen açylýar dünýäniň ýüzi
30.09.2024   395
Jemgyýet Hakyň peşgeşi
10.03.2025   334
Jemgyýet Ak bugdaýyň Watany
03.02.2025   559
Jemgyýet Ynama ygrarlylygyň belent nusgasy
16.03.2026   116
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
21.02.2025   306
Jemgyýet «Behişdi bedewler – uçar ganatym»
25.04.2026   117
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   406
Jemgyýet Möhüm möwsümiň bosagasynda
27.05.2024   443
image