6-njy oktýabr — Hatyra güni
weather dashoguz 40° C Daşoguz

6-njy oktýabr — Hatyra güni

Jemgyýet
06.10.2025  208

Hakyda hormaty

Täze taryhy döwrümizde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, däp-dessurlary mynasyp derejede dowam etdirilýär. Halkymyzyň hakydasynda müdimi galan wakalar bu günki gün hormat bilen ýatlanylýar, Watan üçin, ar-namys üçin merdanalygyň mekdebine öwrülen pederlerimiziň görkezen edermenliklerine uly hormat goýulýar, hatyrasy belent tutulýar.

Her ýylyň 6-njy oktýabry Hatyra güni hökmünde bellenip geçilýär. Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan Gökdepe söweşinde we beýleki söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, şeýle-de 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda we ýurdumyzyň  ähli obadyr şäherlerinde ýatlama çäreleri geçirilýär. Mertligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen merdana pederlerimiziň hatyrasy hakydalarda baky ýaşaýar, hemişe uly hormat bilen sarpalanýar.  

Häzirki wagtda tutuş dünýä ýüzi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatyna ýokary baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň adamzat jemgyýetiniň gülläp ösmegine, parahat durmuşyna, abadan ýaşaýşyna gönükdirilen ajaýyp başlangyçlary uly goldawa eýe bolýar. Özeninde parahatçylyk söýüjilikli taglymatyň giň orun tapmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklerini has-da berkidýär.

Hatyra çärelerinde şular dogrusynda hoşallykly söhbet edilýär hem-de halkymyzyň röwşen geljegi üçin janyny orta goýup edermenlik görkezen pederlerimiziň ruhuna aýat-töwir okalýar, Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň hem tutuş adamzadyň abadan durmuşynyň mizemezligi dileg edilýär.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ylmyň gadymy mekany
12.06.2025   258
Jemgyýet Belent hormatyň dabaralanmagy
04.03.2025   325
Jemgyýet Ösüşiň täze menzillerine tarap
11.10.2025   197
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   432
Jemgyýet Baýramçylyk joşguny
27.12.2024   335
Jemgyýet Gözelligiň we nuranalygyň baýramy
06.03.2024   1125
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   208
image