31-nji maý — Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni
weather dashoguz 24° C Daşoguz

31-nji maý — Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni

Jemgyýet
31.05.2025  251

Ajy tüsse — jana hossa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» çäklerinde amala aşyrylýan möhüm çäreler ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm binýady bolup hyzmat edýär.

Temmäkiniň düzümindäki zäherli madda bolan nikotin yzygiderli ulanylanda özüne baknalygy döredýär. Şonuň netijesinde adam nerw dartgynlygyna, ruhy taýdan durnuksyzlyga, gaharjaňlyga sezewar bolýar. Nikotin bedene kem-kemden aralaşyp, ilkibaşda aýratyn alamatlar ýüze çykmasa-da, soňlugy bilen bedeni zäherleýär, dürli sökellikleriň ýüze çykmagyna, keseliň tiz möwjemegine, täze döremeleriň tiz ulalmagyna, gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyna itergi berýär. Yzygiderli çilim çekmek, temmäki önümlerini ulanmak adam ömrüniň dowamlylygynyň on — on bäş ýyla çenli kemelmegine sebäp bolýar.

Temmäkiniň düzümindäki himiki serişdeler bedene zyýanly täsirini ýetirmek bilen, iki ýüz elliden gowrak keselleriň ýüze çykmagyna, möwjemegine sebäp bolýar. Çilim diňe bir ony çekýäne däl, eýsem, tüssesinden dem alýan töweregindäki adamlara hem zyýanly täsirini ýetirýär.

Şeýle hem çilimkeşlik dem alyş, ýürek-damar, kelle-beýni ulgamlarynyň gan aýlanyşygynyň bozulmagynyň netijesinde infarkt, insult, dem alyş ulgamynda bronhitleriň, öýkeniň obstruktiw keselleriniň, öýkende täze döremeleriň emele gelmegine sezewar edýär. Çilim çekmek deriniň guramagyna, dişleriň saralmagyna, garamtyl goňur örtükler bilen örtülmegine, agyz boşlugynda kesel dörediji bakteriýalary köpeldip, ýakymsyz yslaryň peýda bolmagyna, ýüze ýygyrtlaryň ir düşmegine, bedeniň ir garramagyna getirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtdan paýly körpeler
03.07.2025   323
Jemgyýet Özgerişlere bagyşlanan maslahat
28.04.2026   40
Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   201
Jemgyýet Watanyň daýanjy
03.06.2024   380
Jemgyýet «Behişdi bedewler – uçar ganatym»
25.04.2026   51
Jemgyýet Beýik şahyryň sarpasy
11.06.2024   376
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   144
Jemgyýet BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE
30.08.2025   192
image