3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni
weather dashoguz 17° C Daşoguz

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

Jemgyýet
30.05.2025  218

Saglyk hem ekologik ähmiýetli ulag

Berkarar döwletimiziň başlangyjy bilen häzirki wagda welosipede ynsan saglygy we ekologiýa abadançylygy babatda iň ähmiýetli ulag hökmünde bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnama esasynda 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni hökmünde dünýä senenamasynda mynasyp orun eýeledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 15-nji martynda geçen 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bu başlangyjynyň umumadamzat ähmiýetine eýedigine aýdyň güwä geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosporta hem aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň welosiped sportuna dahylly ugurlar boýunça birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy sözümiziň aýdyň delilidir. Dünýäde welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, iň uzyn hatarly welosipedli ýörişiň ýurdumyzda hasaba alynmagy, bu wakalaryň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar.

Täze taryhy döwürde halkyň saglygy, sagdyn jemgyýetiň berkarar edilmegi, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy hakynda aýratyn alada edilýär. Ýurdumyzda welosiped ulagy köpçülikleýin bedenterbiýe we sport işjeňliginiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanýandygynyň esasy alamatyna öwrüldi. Güneşli Diýarymyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere, baýramçylyklar mynasybetli guralýan welosipedli ýörişlere dürli kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagy hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   253
Jemgyýet Zergärçilik sungatym — miras daragtym
10.05.2025   280
Jemgyýet Nesillere nusga bolan ömür
09.05.2026   37
Jemgyýet Ylmyň gadymy mekany
12.06.2025   204
Jemgyýet Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy
30.10.2024   352
Jemgyýet Test barlaglary geçirildi
25.03.2026   54
image