27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni
weather dashoguz 4° C Daşoguz

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni

Jemgyýet
25.01.2025  251

Mukaddesligiň goragynda

Berkarar Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýurdumyzyň sarsmaz galasy bolan Milli Goşunymyz kemala geldi. Bu gün mähriban halkymyz Milli Goşunymyzyň düzümlerinde gulluk edýän her bir esgere guwanyp, Garaşsyzlygyň, erkinligiň hözirini, bagtyýar durmuşyň eşretini görüp ýaşaýar, döredýär, gurýar.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy netijesinde Milli Goşunymyzyň ähli düzümleri bilen birlikde, Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy hem-de dynç almagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Bu aladalar esasynda täze harby şäherçeler, serhet galalary, ýörite maksatly desgalar we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar.

Milli Goşunymyzyň harby kuwwatynyň ýeten derejesini bolsa her ýyl berkarar Watanymyzyň baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän harby ýörişiň mysalynda hem görmek bolýar. Eziz ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň özboluşly gözden geçirilişine öwrülýän dabaraly harby ýörişiň guralmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylygyny, halkymyzyň asudalygyny üpjün edýän Ýaragly Güýçlerimize we onuň merdana harby gullukçylaryna goýulýan hormatyň aýdyň mysalydyr.

Mähriban Diýarymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza ygrarlylygyny görkezýär. Bu Harby doktrina esaslanyp, ýurdumyzyň howpsuzlygy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üpjün edilýär.

Güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde, Milli Goşunymyzy, şeýle hem Serhet goşunlaryny iň täze harby tehnikalar we ýaraglaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek, ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Watana wepalylygyň, ýurdumyzy goramagyň, gahrymançylygyň beýik nusgasyny döreden ata-babalarymyzyň häzirki nesilleri eziz Watanymyzyň öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler. Türkmen esgerleri, şol sanda merdana serhetçiler iň täze harby tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýärler, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Munuň şeýledigini yzygiderli guralýan görkezme harby-taktiki okuwlar hem aňryýany bilen görkezýär.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan gözbaşyny alýan, goranyş häsiýetli Harby doktrina eýerýän we 33 ýyllyk şöhratly menzilleri külterlän Milli Goşunymyz bu gün Watan goragçylarynyň gününi gulluk-söweşjeň işlerinde ýokary netijeler bilen baýram edýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watanymyzyň asudalygynyň goragçylarynyň şanyna dabaralar guralýar. Dürli döredijilik hem-de sport ýaryşlary geçirilip, ýeňijiler sowgat-serpaýlar bilen sylaglanylýar.

Biz hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda asudalygyň, parahatçylygyň goragçylaryny hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Awaza forumuna bagyşlanyldy
11.08.2025   80
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
04.12.2024   225
Jemgyýet Möhüm möwsümiň bosagasynda
27.05.2024   288
Jemgyýet Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
25.12.2024   223
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   164
Jemgyýet Bilimli nesil — Watanyň guwanjy
29.04.2024   303
Jemgyýet Kalplary kuýaşlandyrýan kitap
11.11.2025   31
Jemgyýet Nesil terbiýesiniň ajaýyp hazynasy
22.08.2025   87
image