27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
weather dashoguz 37° C Daşoguz

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

Medeniýet
27.06.2026  66

Ruhy galkynyşyň baýramy

Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralar bilen bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginde çuňňur many bar. Bu baýram diňe bir hünär baýramy däl-de, eýsem, bütin bir halkyň ruhy baýlygynyň, taryhy kökleriniň, geljege bolan ynamynyň dabaralanmasydyr. Döredijiligi umumadamzat ähli tarapyndan ykrar edilen beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýeti asyrlarboýy medeniýetimiziň we sungatymyzyň bitewi bir sütünidir. Şahyryň her bir setiri, nesihaty we pelsepesi döwürleriň synagyndan geçip, biziň ruhy şamçyragymyza öwrüldi. Şonuň üçin hem şu günki medeniýet we sungat işgärleri — bagşy-sazandalar, suratkeşler, teatr we kino ussatlary, ýazyjydyr şahyrlar öz ylhamyny, ilki bilen, Magtymguly Pyragynyň umman ýaly çuňňur döredijiliginden alýarlar.

Medeniýet we sungat ynsanyň kalbyny terbiýeleýän, oňa gözellik we ynsanperwerlik duýgularyny eçilýän mukaddes güýçdür. Döwrüň dabaraly owazy bolup ýaňlanýan täze aýdymlar, sahna eserleri, milli medeniýetimiz we sungatymyz beýik akyldaryň arzuw eden agzybirlik we garaşsyzlyk ugrundaky garaýyşlary bilen sazlaşykly ösýär. Şu günki günde ýurdumyzyň medeniýet we sungat wekilleriniň öňünde uly we jogapkärli wezipeler dur. Olar milli mirasymyzy aýap saklamak, ony dünýä ýüzüne ýaýmak, bütin adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşant goşmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Baýramçylyk günlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary, sergiler, dabaraly çäreler munuň aýdyň beýanydyr.

Geçmişiň beýik şahyranalyk mirasy bilen şu günüň döwrebap sungatyny utgaşdyrmak halkymyzyň kalbynda täze ruhy galkynyşlary we döredijilik üstünliklerine ymtylyşy oýarmakdyr.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni şahyryň ynsanperwerlik pelsepelerini, watançylyk duýgularyny geljekki nesilleriň kalbyna guýmakdyr. Şahyryň kämil setirleri häzirki zaman sungatymyzyň üsti bilen täze öwüşginde ýaňlanýar we hemmämizi täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

 Her bir halkyň taryhynda onuň medeniýeti we sungaty şol milletiň ýüzüni, kalbyny we dünýägaraýşyny görkezýän kämil aýnadyr. Türkmen halky asyrlarboýy özüniň ajaýyp aýdym-sazlary, nepis halylary, şahyrana döredijiligi we gadymy däp-dessurlary bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bolsa bu galkynyş täze belentliklere göterilýär.

 Döwletimizde medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa goýulýar, olaryň öndümli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň çar künjünde açylyp ulanmaga berilýän kaşaň medeniýet öýleri, teatrlar, muzeýler, kitaphanalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Halkyň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmakda bagşy-sazandalaryň, teatr artistleriniň, suratkeşleriň, ýazyjydyr şahyrlaryň, žurnalistleriň bitirýän hyzmaty örän uludyr. Olaryň çekýän zähmeti döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen yzygiderli ykrar edilýär. Sungat adamyna goýulýan sarpa, hakykatda, halkyň öz-özüne, öz taryhy köklerine, milli medeniýetine we mirasyna goýýan sarpasydyr.

Baýramyňyz gutly bolsun, ylhamyňyz hemişe joşgunly bolsun, medeniýet we sungat ussatlary!

Meňzeş habarlar

Medeniýet «Agşam bir gyz gopuz çaldy...»
27.10.2025   260
Medeniýet Baş baýramyň şanyna
01.10.2024   487
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   589
Medeniýet Ynam
15.03.2024   777
Medeniýet Magtymgululy gürrüňler
15.04.2024   599
Medeniýet Hasabat konserti
20.05.2026   75
image