2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara geçirildi
weather dashoguz 21° C Daşoguz

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara geçirildi

Syýasat
30.12.2023  88

Şu gün Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda» Permana gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ýurduň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda kabul eden çözgüdine görä, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirildi.

Şeýle-de resminamada, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň we guramalaryň bu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidigi bellenilýär.

 

image