12-nji iýun — Ylymlar güni
weather dashoguz 16° C Daşoguz

12-nji iýun — Ylymlar güni

Jemgyýet
12.06.2025  409

Kämilligiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler kesgitlenildi hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyndaky özgertmeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagynyň ygtybarly kepili bolup durýar.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys». «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek — döwletdir. Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty» diýip bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ýokary okuw mekdeplerinde döredijilik prosesleriniň üçüsiniň — okuw, ylym we terbiýeçilik prosesiniň — birleşdirilmegi okuw işine täze bilimleriň çalt aralaşmagyna we jemgyýetiň ýokary hünärli, ylmy we tehniki oý-pikiriň öňdebaryjy gazananlary bilen tanyş hünärmenlere bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam edýär» diýip aýdanlaryndan ugur alnyp, talyplara bilimi tejribe bilen baglanyşdyryp öwretmek usuly Türkmen oba hojalyk institutynda hem giň gerimde ulanylýar.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebinde hem okuw işiniň mazmuny we ylmy usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. «Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler» diýip, Gahryman Arkadagymyz ýaşlar   bilen duşuşygyndaky çykyşynda belläp geçdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   204
Jemgyýet Milli mirasym — mertebäm
01.10.2024   379
Jemgyýet Saglyk — gymmatly baýlyk
08.07.2025   270
Jemgyýet Döwrebap ulaglar ilatyň hyzmatynda
11.09.2024   487
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan şanly ýyl
23.12.2025   167
Jemgyýet WATAN GERÇEGI SARPALANDY
09.05.2025   348
Jemgyýet Beýik halkyň taryhy hem beýikdir
06.12.2024   396
image