1-nji noýabr — milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni
weather dashoguz 16° C Daşoguz

1-nji noýabr — milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni

Ykdysadyýet
01.11.2025  203

Ösüşiň ygtybarly guraly

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmeginde milli manadymyzyň orny örän uly bolup durýar.

Belli bolşy ýaly, milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2008-nji ýylda manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetine geçilip, 2009-njy ýylda denominasiýasy, 2015-nji ýylda dewalwasiýasy amala aşyryldy. Bu bolsa onuň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, söwdada, hyzmatlaryň töleginde we beýlekiler babatda ähmiýetiniň artmagyna ýardam berdi.

Elbetde, her bir ýurduň milli pulunyň bolmagy onuň ykdysady taýdan doly özygtyýarlylygynyň esasy şertidir. Çünki ol ykdysady ösüşe düýpli täsir ýetirýän ykjam guraldyr. Şonuň üçin hem onuň dolanyşygyny döwletiň hereket edýän kada-kanunçylygyna laýyklykda ýola goýmaga hem-de alyp barmaga uly üns berilýär. Bu bolsa manadyň hümmeti bilen baglanyşykly meseläniň hemişelik gün tertibinde durýandygyny aňladýar.

Häzirki bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde manadyň hümmetiniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Sebäbi hususy eýeçiligiň ösdürilmegi bilen pul has-da ykjam ykdysady gurala öwrülýär. Munuň özi onuň önümçilige gözegçilik etmek mümkinçiligini hem döredýändigi bilen baglydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki resminamalaryň çäklerinde milli manadymyzyň ulanylyşynda uly özgerişler bolup geçýär. Şonda sanly bank hyzmatlaryna geçilmegi bilen nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi onuň dolanyşygyny has-da çaltlandyrýar.

Şeýle çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli manadymyzyň satyn alyjylyk ukybyny pugtalandyrýar, hyzmatlary hil taýdan täze, has ýokary basgançaklara götermäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde onuň ulanylyşynyň has-da kämilleşdirilmegi, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň ornaşdyrylmagy öňde goýlan maksatlara ýetilmegini üpjün edýän esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Işler talabalaýyk guralar
20.05.2025   271
Ykdysadyýet Gyzgalaňly günleriň zähmet joşguny
26.08.2025   220
Ykdysadyýet Hasyl ussady bilen duşuşyk
29.09.2025   178
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
15.01.2025   304
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk
15.05.2024   376
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
23.06.2026   105
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
15.10.2025   201
image