Irki döwrüň akyldarlarynyň gürrüňleriniň birinde ýer-ýurt atlary adamzadyň taryhy ýazylan özboluşly bir kitapdyr diýen parasatly sözleri bar. Şu nukdaýnazardan, ýer-ýurt atlaryny öwrenmek, olaryň taryhyna, manysyna göz ýetirmek, ylaýta-da muňa ýaşlaryň ünsüni çekmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Sebäbi ata Watany, ene topragy söýmek bu mukaddesliklere içgin göz ýetirmekden başlanýar. Ähli ylymlardan çuňňur habarly Arkadag Prezidentimiz bu ugra aýratyn ünsi çekmek bilen, öz çykyşlarynyň birinde şeýle diýýär: «Her bir obanyň öz hakyda hem-de ýazuw taryhy bolmalydyr, adamlar öz meşhur obadaşlaryny, olaryň zähmet we durmuş edermenligini, eziz obasynyň ösmegine goşan goşandyny bilmelidir». Daşoguz welaýatynda geografik taýdan uly giňişligi eýeleýän şeýle ýaýlalaryň biri hem gadymy Was ýa-da ýörgünli atlandyrylyşy boýunça Könewas düzlügidir. Bu giňişlige edebi, taryhy ýazgylaryň käbirlerinde türkmeniň gadymy ýurtýeri hem diýilýär. Ýer-ýurt atlary bilen baglanyşykly ylmy işlerde, sözlüklerde Könewasyň biziň eýýamymyzdan öňki III-I asyrlarda dörän we soňra gülläp ösen ýurt we gala bolanlygy barada ýazylypdyr. Bu giňişligiň we adybir Wasgalanyň hakykatdan-da öz döwründe gülläp ösendigini alym Arkadagymyz özüniň äleme meşhur «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynyň ikinji jildinde hem agzap geçýär. Onda şeýle ýazylypdyr: «Beýik Ýüpek ýolunyňşahalarynyň ugrunda ýaşaýşyň gülläp ösen köpsanly köp ilatly oba-kentleriniň galyndylarynyň yzlaryny şu günki gün hem görmek bolýar. Olar Yzmykşir, Şasenem, Boldumsaz, Könewas, Diýarbekir, Akjagelin we başga-da ençeme gadymy şäherleriň harabaçylyklarydyr». Gülläp ösen gadymy Wasyň we şunuň bilen adybir galanyň ykdysady taýdan pese gaçyp, onda ýaşaýan ilatyň dargap başlamagy XVI asyra degişli bolup durýar. Munuň esasy sebäpleriniň biriniň Amyderýanyň öňki akym ugruny kem-kemden üýtgedip, Arala tarap sowulmagy bolandygyny degişli alymlar habar berýärler. Was sözüniň manysy, gelip çykyşy barada irki ýazuw ýadygärliklerinde saklanyp galan maglumat ýok. Bu meselede ýer-ýurt atlaryny öwrenmekde köp işler bitiren belli alym Soltanşa Atanyýazowyň bu ugra degişli ylmy işleri, ylaýta-da «Türkmenistanyň toponomik sözlügi» atly kitaby (1970ý) ýakyn gollanma bolup durýar. Şu agzalýan kitapda «wast» sözüniň arap dilinde orta, ortadaky, «was» sözüniň giň diýen manylary aňladýandygy ýazylypdyr. Şeýle hem «wasyka» sözüniň gadymy özbek dilinde «Söwdagärleriň galasy» görnüşinde hem ulanylandygy habar berilýär. «Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz» diýleni. Dünýäniň çar künjünden gelýän söwdagärleriň, bezirgenleriň, derwüşleriň, jahankeşdeleriň … üýşýän ýeri bolan gadymy Gürgenjiň — häzirki Köneürgenjiň diňe içinde däl, onuň daşynda, eteklerinde hem söwdagärleriň, işewür kişileriň gyzan, şowhunly bazarynyň bolan bolmagy örän mümkin ahyryn. Şunda gadymy Wasgalany göz öňünde tutup, käbir okyjylaryň, Köneürgenç bilen Wasyň aralygyny juda alys görmekleri mümkin. Was gala bilen Köneürgenjiň arasy ortaça 120 km töweregidir. Biziň pikirimizçe beýle däl. Ozaly bilen-ä gadymy Horezm döwletiniňşöhratly paýtagty bolan häzirki Köneürgenjiň özi şu giňişlikde — Was ýaýlasynda ýerleşýär. Bu giňişligiň juda gadymlardan bäri şu ady göterip gelýänligine ilat arasyndaky şeýle nakyl hem güwä geçýär: «Guma gaçsaň, Wasa gaç, kente gaçsaň — Hasa». Gözbaşy alyslara uzalyp gidýän bu gadymy toprakda Diýarbekiriň, Şasenemiň, Akja gelniň galasy, Wezir gala, Mädemin gala, Gyzyljagala, Şähribossan ýaly taryhy ýerleriň galyndylary, Aşyk Aýdyň piriň mawzoleýi (kümmeti) we başga-da ençeme taryhy-medeni ýadygärlikler bar. Bu toprakda X-XI asyrlarda ýaşap geçen alymlardan Abdylhamyt Wasy hakdaky maglumatlary belli edebiýatçy alym Nazar Gullaýew özüniň «Gadymdan galan nusgalar» atly kitabynda habar berýär. At-owazasy uzaklara ýaýran bu ýaýla «Görogly» eposyndaky, «Şasenem-Garyp», «Ýusup-Ahmet», «Nejep oglan» dessanlaryndaky wakalaryň ençemesiniň giňden ýaýbaňlanan, olardaky gahrymanlaryň hereket eden ýeri hökmünde-de agzalmaga mynasypdyr. Çaň basan, sil ýuwan gadymy Wasym, Geljek ýollaryma garap ýatyrmyň. Gyşlarda enaýy, ýazlarda ýaşyl, Ýyllary ýumak deý sarap ýatyrmyň. Her daban ýeri keramata, her gysym topragy berekede baý bu ýaýlanyň zehinli şahyr ogullarynyň biri, döwürdeşimiz Mämmetnazar Babanazarowyň ýokarda juda jaýdar ýazyşy ýaly, uzak ýyllaryň dowamynda bu ýaýla hossar-howandarsyz galdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan galkynan, baky Bitaraplykdan beýgelen gadymy düzlük indi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary bilen gül açyp, juwanlygyna dolanýar. Eziz Arkadagymyzyň Permany bilen bu ýaýlanyň edil göbeginde döredilen Ruhubelent etraby bossany keşbe girip, ynamly öňe barýar. Täzeden dolanan bagtyň-döwletiň, barha gerim alýan giň gadamlaryň rowaç bolsun, eziz Wasym!