Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Sport

Golaýda Aşgabat şäherinde adaty karate boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Onda Daşoguz şäherindäki Alp Arslan adyndaky harby mekdebiň harby okuwçysy Aşyrmyrat Atajanow oňat netijeler bilen fuku-do we ku-do boýunça ikinji orna, şahsy tutluşyk, şahsy kata we toparlaýyn tutluşyk boýunça üçünji orna mynasyp boldy. Türgen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat haty, medaly we gymmat bahaly sowgady bilen sylaglandy.

30.12.2022 1133
Sport

Sportuň Karate-do görnüşi boýunça Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Karate-do federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Daşoguz welaýatyndan, Aşgabat şäherinden we Arkadag şäherinden 50-den gowrak toparlardan 700-e golaý türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynyň sport zalynda geçirildi. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, türgenler karate-do sportunyň kumite we kata görnüşleri boýunça, jemi 50 kg agram derejesinde özara bäsleşdiler. Bu bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň ýaş türgenleri hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan kata görnüşi boýunça Dastan Rustamow, gyzlaryň arasynda Leýla Atajykowa üçünji orna, Jeýhun Kakabaýew bolsa kumite görnüşi boýunça üçünji orna mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere Karate-do federasiýasynyň Hormat hatlary, medallary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

25.12.2022 422
Sport

Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän künjegine öwrülen güneşli Diýarymyz ýene-de bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara we sebit derejesinde sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatda ýurdumyzyň baý tejribesine dünýäniň sport jemgyýetçiligi, halkara sport guramalary we federasiýalary tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Paýtagtymyzda geçirilýän dünýä çempionatyna 50-ä golaý ýurtdan 240-dan gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ak şäherimiz Aşgabat iň köp türgeni kabul etmek bilen, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda mynasyp orun eýelär. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal döredilen hem bolsa, sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanma dünýäniň çar künjeginde giň gerim bilen ösmegini dowam etdirýär. Muňa soňky wagtlar Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň her ýyl ýokary guramaçylykly geçirilmegi hem öz täsirini ýetirýär. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen gözel Aşgabat şäheri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu halkara derejeli ýaryşyň on dördünjisini kabul edýär. Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň sport söýüjileriniň, janköýerleriniň nazarynyň ýene gözel paýtagtymyza gönükmegine sebäp bolýar. Olar gözel Diýarymyzda ýaýbaňlandyryljak bu sport baýramynyň täsirli pursatlara baý, dünýäniň ussat türgenleriniň arasyndaky göreşleriň tolgundyryjy, çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyna uly ynam bilen garaşýarlar.  Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň sport merkezine, iri sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplan ýurda öwrülendigini buýsanç bilen aýdyp bileris.  

23.12.2022 317
Sport

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХIII Spartakiadanyň çäklerinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika, kiçi futbol, tennis, suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Daşoguz welaýat häkimliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň, Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, hem-de TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryşlarda ezber türgenler öňe saýlandylar. Ýeňil atletika boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda geçirildi. Oňa ýaryşyň etrapdyr şäherlerde geçirilen deslapky tapgyrlarynda üstünlik gazanan toparlar gatnaşdylar. Türgenler sportuň uzynlygyna bökmek, uzak aralyga ylgamak, estafeta görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Bu ýaryşlarda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň topary ikinji, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň topary birinji, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň topary ikinji, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Spartakiadanyň çäginde tennis boýunça ýaryş Daşoguz welaýat merkezindäki on müň orunlyk sport toplumynda geçirildi. Toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň topary birinji, Daşoguz şäheriniň topary ikinji, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Suwda ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň topary birinji, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň topary ikinji, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşlarda birinji orny eýelänler Türkmenistanyň umumy bilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek ХIII Spartakiadanyň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiş gazanan toparlar Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

20.12.2022 423

Täze habarlar

Jemgyýet Hasabat ýygnagy
18.07.2026   21
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
17.07.2026   22
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   23
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   20
Ykdysadyýet Baglar — durmuşyň bezegi
15.07.2026   19
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   18
Jemgyýet Dalaşgär — 2026
14.07.2026   49