Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz dünýäde sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlykda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen, sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Geçen ýylyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berilmegi bagtyýar halkymyzyň, dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de sport janköýerleriniň uly hoşallygyna eýe boldy. Ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär.

26.03.2024 366
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzyň galkynmagy, şol sanda ýurdumyzda paraolimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde hem türkmen türgenleri halkara derejeli ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belende göterýärler. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogynda ildeşlerimiz medallaryň altysyna eýe boldular. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Roza Matýakubowa hem öz agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Halkara ýaryşa dünýäniň 32 ýurdundan 173 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiziň bu halkara üstünligi berkarar döwletimizde türgenlerimiziň sport bilen meşgullanmaklary, dünýä derejesinde öz ussatlyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

19.03.2024 397
Sport

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, döwlet edaralarynyň işgärleriniň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Sagdyn ýaşlar — Watanyň geljegi» atly şygar bilen Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda sportuň woleýbol, küşt we şaşka görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşlaryň netijesine görä, küşt we şaşka boýunça welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň topary, woleýbol boýunça Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary birinji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

14.03.2024 396
Sport

TKA-nyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport toplumynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir» diýen at bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşyň netijeleri boýunça welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport toplumynyň topary birinji, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň topary ikinji, Nurmuhammet  Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary üçünji ýerleri eýelemegi başardylar. Ýaryşyň ýeňijilerine medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

14.03.2024 433
Sport

Ynsanyň saglygyny goramakda, bedenini berkitmekde we bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny üpjün etmekde iň ygtybarly serişde sport bilen meşgullanmak, gün tertibinde bedenterbiýe maşklaryna orun bermek hasaplanylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlarymyzy sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek, döwletimiziň sport abraýyny halkara derejede belentliklere götermek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky edaralar bilen bilelikde guramagynda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şol tassyklanan maksatnamada we meýilnamada ýaşlarymyzy sporta höweslendirmek, berk bedenli, sagdyn nesilleri kemala getirmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada ýörite bellenilen. Ýurdumyzda umumybilim berýän, ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine bedenterbiýe taýýarlygy boýunça hökmany sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr. Onda bellenen çäreler boýunça işleri durmuşa geçirmek, ýaşlaryň arasynda sportuň, bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmek boýunça Daşoguz welaýatynda hem çäreler, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän çäreler ýaşlaryň sporta bolan höwesiniň artmagyna, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň sport abraýyny arşa göterjek ýaş türgenleriň ýylsaýyn köpelmegine, berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesilleriň kemala gelmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler döwletimiziň we jemgyýetimiziň gymmatly hazynasy hasaplanýan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýurdumyzyň dünýäde sport şöhratyny has ýokary derejelere galdyrmak, ýaşlarymyzy köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek ugrundaky aladalaryň beýany bolup durýar.

15.02.2023 475
Sport

Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda Daşoguz welaýatyndan ýaş türgen Nurmyrat Saparow 48 kilograma çenli agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Akdepe etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurmyrat Saparow halkara derejeli ýaryşlarda Daşoguz şäherindäki 3-nji sport mekdebiň tälimçisi Maksut Şeripowyň türgenleşdirmeginde yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Bu türgen geçen ýyl Gazagystanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda hem altyn medala eýe bolupdy. Türkmen ýaşlarynyň halkara sport ýaryşlarda gazanýan üstünliklerinde ýurdumyzda milli sportumyzy ösdürmek babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyň görünýär.

14.02.2023 395
Sport

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde woleýbol toparlarynyň arasynda açyk birinjilik geçirildi. Onda welaýatyň etrapdyr şäherleriniň, edaradyr kärhanalarynyň toparlary özara bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň dowamynda ýurdumyzda milli sportumyzy ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň işjeň durmuşa geçirilýändigi, ezber türgenleriň kemala gelýändigi aýdyň ýüze çykdy. Ýaryşyň netijesine görä, Daşoguz şäheriniň topary birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

13.02.2023 438
Sport

Daşoguz welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХIII Spartakiadanyň çäklerinde sportuň küşt, şaşka, düzzüm, gandbol, basketbol, woleýbol görnüşleri boýunça ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirildi. Spartakiadanyň şaşka, düzzüm, küşt görnüşleri boýunça ýaryşlar Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirilip, oňa Akdepe, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy, Görogly, Köneürgenç, Şabat, Ruhubelent etraplaryndan hem-de Daşoguz şäherinden düzüminde 1 oglan we 1 gyz bolan okuwçy oglan-gyzlardan düzülen 8 topar gatnaşdy. Şaşka boýunça oglan-gyzlaryň ýaryşynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary birinji, ikinji orny Köneürgenç, üçünji orny bolsa Görogly etrabynyň toparlary eýelediler. Spartakiadanyň düzzüm görnüşi boýunça Şabat etrabynyň topary birinji, ikinji orny Saparmyrat Türkmenbaşy, üçünji orny bolsa Görogly etrabynyň toparynyň türgenleri eýelediler. Spartakiadanyň küşt görnüşi boýunça Daşoguz şäheriniň topary birinji, ikinji orny Şabat, üçünji orny bolsa Görogly etrabynyň toparlary eýelemegi başardylar. Spartakiadanyň gandbol görnüşi boýunça ýaryşlar Daşoguz şäherindäki Garaşsyzlyk sport desgasynyň sport eýwanynda geçirildi. Bu ýaryşda oýunlar aýlaw esasynda geçirildi. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda iň köp utuk toplap, Akdepe etrabynyň topary birinji, ikinji orny Daşoguz şäheri, üçünji orny utuklarynyň deň gelendigi sebäpli Görogly we Şabat etraplarynyň toparlary eýelediler. Gandbol boýunça gyzlaryň arasynda birinji orny Daşoguz şäheri, ikinji orny Akdepe, üçünji orny Görogly etrabynyň gyzlar topary eýelediler. Spartakiadanyň basketbol görnüşi boýunça ýaryşlar Daşoguz şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň basketbol eýwanynda geçirildi. Ýaryşda oglan-gyzlar aýratynlykda aýlaw esasynda oýnadylar. Oýunlar diýseň gyzykly, ruhubelent ýagdaýda geçdi. Basketbol boýunça oglanlaryň arasynda Boldumsaz etraby birinji, ikinji orny Daşoguz şäheri, üçünji orny Görogly etrabynyň oglanlar topary eýelediler. Basketbol boýunça gyzlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň okuwçy gyzlar topary birinji, ikinji orny Akdepe etrabynyň, üçünji orny Şabat etrabynyň toparlary eýelediler. Spartakiadanyň woleýbol görnüşi boýunça ýaryşlar Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde geçirildi. Woleýbol boýunça oglanlaryň ýaryşynda birinji orny Daşoguz şäheriniň, ikinji orny Akdepe etrabynyň, üçünji orny bolsa Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň türgenleri eýelediler. Woleýbol boýunça okuwçy gyzlaryň arasynda birinji orny Daşoguz şäheriniň, ikinji orny Akdepe etrabynyň, üçünji orny Şabat etrabynyň okuwçy gyzlar toparlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan toparlara «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.  

30.01.2023 408
Sport

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Sylapberdi Gaýlyýew 2010-2011-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça geçirilen bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy we onda 28 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýeledi. — Sportdaky bu ýeňşim ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkara sport ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda mähriban Watanymyzyň ýaşyl Tuguny parlatjak türgenleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalaryň miwesidir. Üstünlik üstünlige ruhlandyrýar. Men şu günler bäsleşigiň aprel aýynda geçiriljek döwlet tapgyryna ykjam taýýarlyk görýärin. Baş maksadym — ol ýerde-de ýeňiji bolmak — diýip, Sylapberdi Gaýlyýew uly ruhubelentlik bilen aýdýar. Biz hem geljegine uly umyt bildirilýän ýaşajyk türgene sport äleminde mundan beýläk-de ýeňişleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

29.01.2023 358
Sport

TDP-niň Daşoguz welaýatynň Daşoguz  şäher komitetiniň guramagynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli sport çäresi geçirildi. Täsirli geçen köpçülikleýin sport çäresi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak, sagdyn jemgyýetiň binýady bolan ýaşlarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höwes döretmek maksady bilen ýaýbaňlandyryldy. Ýetginjek türgenleriň arasynda woleýbol boýunça geçirilen ýaryş sport çäresiniň mazmunyny baýlaşdyrdy. Köpçülikleýin sport çäresine işjeň gatnaşan türgenlere we ýaryşyň ýeňijilerine TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.

18.01.2023 401

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49