Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Sport

  Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş eýýäm ilkinji gününden ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Muny halkara sport baýramçylygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar hem nygtaýarlar. Bu babatda meýletinçi talyplar hem kesgitlenen ugurlaryň 14-si boýunça iş alyp barýarlar. Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan saýlanyp alnan talyplaryň 200-si akkreditasiýa kartlaryny resmileşdirmek; protokol; sport ýygyndylary; lukmançylyk hyzmatlary; desgany dolandyrmak; maglumat tehnologiýalary; ýaýlyma bermek, media we metbugat; ýaryşyň açylyş, ýapylyş, sylaglaýyş dabaralary; iýmit üpjünçiligi; ulag hyzmatlary; myhmanlary garşy almak we ugratmak; myhmanlary ýerleşdirmek ýaly ugurlar boýunça degişli ýardamlary berýärler. 11-nji martdan meýletinçi talyplary halkara ýaryşa taýýarlamak işlerine badalga berildi. Soňra bir aýyň dowamynda ýaryşyň geçiriljek ýerinde — Gyşky oýunlar sport toplumynda degişli okuwlar geçirildi. Olaryň dowamynda meýletinçi talyplara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we käbir ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri tarapyndan halkara ýaryşyň dolandyryş merkeziniň işi, hokkeý sporty, meýletinçilik işinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, daşary ýurtly toparlary ugrukdyrmagyň tertibi we beýleki ugurlar boýunça düşünjeler berildi. Üstünlikli geçirilen okuwlaryň netijesinde, meýletinçi talyplar bu ýaryşa taýýarlykly geldiler.

16.04.2024 331
Sport

Paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji güni hem «ilkinjilere» baý boldy. Şolaryň käbiri: — halkara ýaryşyň ilkinji şaýbasyny Özbegistanyň «Feniks» toparynyň wekili Abdusamad Nasirow geçirdi. Ol «Oman Nationals» topary bilen geçirilen duşuşygyň eýýäm 6-njy minudynda tapawutlanmagy başardy; — halkara ýaryşyň ilkinji günündäki dört duşuşykda derwezelere jemi 42 şaýba geçirildi; — ýaryşdaky ilkinji uly hasaply ýeňişleri Özbegistanyň «Feniks» we Türkmenistanyň «Galkan» toparlary gazandy. Özbek topary garşydaşyndan 8 şaýba köp geçirip, ýeňiş gazanan bolsa, «Galkan» garşydaşyndan 7 şaýbany köp geçirdi. Agzalýan duşuşyklarda «Feniksiň» «Oman Nationals» toparyny 11:3, «Galkanyň» bolsa «Bahreýn» toparyny 8:1 hasabynda ýeňendigini habar berýäris; — Türkmenistana wekilçilik edýän «Galkan» hokkeý toparynyň düzüminde halkara ýaryşdaky ilkinji şaýbany 20 ýaşly hokkeýçi Nowruz Baýhanow geçirdi; — «Feniks», «Akmola» (Gazagystan), «Adihis-Kazan» (Tatarystan Respublikasy) we «Galkan» halkara ýaryşda ýeňiş gazanan ilkinji toparlardyr; — ilkinji günüň duşuşyklarynda iň çalt geçirilen şaýba «Adihis-Kazanyň» hokkeýçisi Aidar Miftahowa degişli. Ol oýnuň birinji tapgyrynyň 2-nji minudynda tapawutlanmagy başardy.

16.04.2024 320
Sport

Şu günler paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Bagtyýar ildeşlerimiz bolsa bu ýaryşyň gyzykly duşuşyklaryna milli teleýaýlymlarymyzyň ikisi arkaly üç dildäki teswirleme bilen tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. «Türkmenistan: Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp görkezilýän duşuşyklary üç dilde teswirlemäge tejribeli teswirleýjiler bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem gatnaşýarlar. «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi Parahat Mämmetnurowyň gürrüň berşi ýaly, duşuşyklary türkmen dilinde teswirlemäge bu teleýaýlymyň hünärmenleriniň dördüsi gatnaşýar. Olar ýaryşyň guramaçylyk topary tarapyndan maglumatlar bilen doly üpjün edilýär. Duşuşyklary iňlis we rus dillerinde teswirlemäge bolsa ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň 16-sy gatnaşýar. Olaryň deň ýarysy «Türkmenistan: Sport», galany bolsa «Ýaşlyk» teleýaýlymynda duşuşyklara teswir berýär. Ýeri gelende aýtsak, halkara ýaryşyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmäge, gepleşikleri taýýarlamaga Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň 100-e golaýy gatnaşýar. Şol sanda «Mir 24», «TRT Avaz», «CCTV» ýaly teleýaýlymlarynyň wekilleri hem uly we gysga göwrümli gepleşiklerdir söhbetdeşlikleri taýýarlap, agzalan teleýaýlymlarda halkara ýaryşy beýan etmäge goşant goşýarlar.

16.04.2024 360
Sport

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasyna tomaşaçylar ýygnandylar. Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: sport toplumynyň meýdançasyna bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Açylyş dabarasynyň resmi bölegi başlanýar. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetýär: hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagynda sport toplumyndaky monitorlarda Watanymyzyň ýaşyl tugy peýda bolýar. Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de sport mekdepleriniň okuwçylarynyň aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlaryna orun berildi. Soňra bolsa «A» toparçada çykyş edýän «Galkan» (Türkmenistan), «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn), «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Oman Nationals» (Oman), «Feniks» (Özbegistan) toparlarynyň hokkeýçileri meýdança çykdylar. «B» toparça bolsa «Wolat» (Belarus), «Akmola» (Gazagystan), «Dordoý» (Gyrgyzystan), «Adihis-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy), «Team-Türkiye» (Türkiýe) toparlaryndan ybaratdyr. Toparçalaryň ýeňijileri 20-nji aprelde geçiriljek finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler. Ikinji orny eýeleýän toparlaryň arasynda bolsa bürünç medallaryň eýeleri kesgitleniler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy bölegini düzýän «Galkan» toparynyň hokkeýçileri bu ýaryşa örän netijeli taýýarlyk gördüler. Olar fewral-mart aýlarynda Belarusdaky türgenleşik ýygnanyşygyna, Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun we Gyrgyzystanyň Bişkek şäherlerinde geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşdylar. B.Allaýarowyň şägirtleri ýaryşa taýýarlygyň ahyrky tapgyryny «Galkan» gyşky oýunlar merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasyndan tejribeli tälimçi A.Makarowyň ýolbaşçylygynda geçirdiler. Hünärmen ştab-kwartirasy Kazanda ýerleşýän Yslam ýurtlarynda hokkeýi ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasyna wekilçilik edýär. Türkmenistanyň 8 gezek çempiony «Galkan» Bahreýniň toparyna garşy başlangyç oýny üstünlikli başlady. Duşuşygyň eýýäm 3-nji minutynda 20 ýaşly N.Baýhanow şaýbany garşydaşyň derwezesine geçirip, ýaryşyň ilkinji goluny geçirdi. Bir minutdan soňra bolsa P.Barkowskiniň urgusyny myhmanlaryň derwezebany saklap bilmedi. Ýene iki minutdan soň bahreýnlileriň derwezesine üçünji şaýba geçirildi. Oňa A.Wahowskiý öz adyny ýazdyrdy. Duşuşygyň birinji bölegi tamamlanýança, B.Döwletmyradow we A.Geldimyradow garşydaşlarynyň derwezesine iki şaýba geçirdiler. Toparlar arakesmä «Galkanyň» peýdasyna 5:0 hasabynda çykdylar. Duşuşygyň ikinji böleginde Bahreýniň hokkeýçileri hasaby açdylar. Emma oýnuň üçünji böleginde türkmen hokkeýçileri depginini güýçlendirip, garşydaşyň derwezesine ýene üç şaýba geçirdiler. Şunuň bilen birlikde, meýdançanyň ortasyndan D.Hydyrowyň geçiren altynjy şaýbasy has täsirli boldy. Soňra A.Nuryýew tapawutlandy. Oýnuň soňky minutynda Baýmyrat Baýmyradow ahyrky şaýbany geçirdi. «A» toparçada ozal geçirilen beýleki duşuşykda Özbegistanyň «Feniks» topary «Oman Nationals» toparyny 11:3 (6:1, 1:0, 4:2) hasabynda utdy. Bu oýunda ýeňiji toparyň düzüminde çykyş eden 16 ýaşly B.Najmiýew ýaryşdaky ilkinji şaýbany geçirdi. «B» toparçada Gazagystanyň «Akmola» we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparlary ýeňiş gazandylar. Gazagystanly türgenler Türkiýäniň «Team-Türkiye» toparyny 5:3 (0:1, 2:1, 3:1) hasabynda, russiýaly türgenler bolsa Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparyny 8:3 (4:1, 1:2, 3:0) hasabynda utdular. Ýaryşyň 2-nji tapgyrynyň oýunlary 16-njy aprelde «Galkan» (Türkmenistan) — «Oman Nationals» (Оman), «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) — «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Wolat» (Belarus) — «Team-Türkiye» (Türkiýe), «Akmola» (Gazagystan) — «Dordoý» (Gyrgyzystan) tertibinde geçiriler.

16.04.2024 333
Sport

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Boks federasiýasy tarapyndan sportuň boks görnüşi boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa 13 agram derejesi boýunça 100-e golaý ýaş türgen gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda edýän tagallalaryna üstünlik gazanmak bilen jogap bermekden, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna türgenleri saýlap-seçip almakdan, boksy ösdürmekden ybarat bolup durýar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň türgenleri  hem oňat netije gazandylar. Öz agram derejeleri boýunça Samandar Haýtbaýew, Mekan Durdyýew, Kerim Rahmanberdiýew 1-nji orna, Nurmyrat Saparow, Daýanç Durdynepesow bolsa 2-nji orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň Hormat hatlary, medallary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

08.04.2024 394
Sport

Golaýda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaryş Mary welaýatynda geçirildi. Ýaryşa Daşoguz welaýatynyň woleýbolçy gyzlar topary hem uly höwes bilen gatnaşdy. Şunlukda, örän çekeleşikli hem-de gyzykly geçen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň gyzlar topary ikinji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň Kubogy we hemaýatçylaryň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

26.03.2024 363
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz dünýäde sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlykda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen, sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Geçen ýylyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berilmegi bagtyýar halkymyzyň, dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de sport janköýerleriniň uly hoşallygyna eýe boldy. Ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär.

26.03.2024 300
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzyň galkynmagy, şol sanda ýurdumyzda paraolimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde hem türkmen türgenleri halkara derejeli ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belende göterýärler. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogynda ildeşlerimiz medallaryň altysyna eýe boldular. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Roza Matýakubowa hem öz agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Halkara ýaryşa dünýäniň 32 ýurdundan 173 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiziň bu halkara üstünligi berkarar döwletimizde türgenlerimiziň sport bilen meşgullanmaklary, dünýä derejesinde öz ussatlyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

19.03.2024 319
Sport

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, döwlet edaralarynyň işgärleriniň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Sagdyn ýaşlar — Watanyň geljegi» atly şygar bilen Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda sportuň woleýbol, küşt we şaşka görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşlaryň netijesine görä, küşt we şaşka boýunça welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň topary, woleýbol boýunça Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary birinji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

14.03.2024 306
Sport

TKA-nyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport toplumynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir» diýen at bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşyň netijeleri boýunça welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport toplumynyň topary birinji, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň topary ikinji, Nurmuhammet  Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary üçünji ýerleri eýelemegi başardylar. Ýaryşyň ýeňijilerine medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

14.03.2024 362

Täze habarlar

Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   21
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   22
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   19
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   22
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   18
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   21
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   18