Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Sport

Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, sport ulgamynyň işgärleriniň, ezber türgenlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň çäginde guramaçylykly geçirilen sport ýaryşlary hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrara eýe bolan güneşli Diýarymyzy toý ruhuna besleýär, täze taryhy döwürde gazanylýan belent ösüşleri, ýetilen sepgitleri dabaralandyrýar. Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Daşoguz şäherindäki 2-nji sport mekdebinde dil we eşidiş taýdan şikesli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ezber türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklar ýurdumyzyň güýçli türgenlerini ýüze çykardy. Ýaryşyň netijesine görä, ýetginjekleriň arasynda Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgenleri Eşret Arazgeldiýew, Şerzat Atagullaýew, Begzat Kurambaýew, Mukam Guwanjow, Umyt Röwşenow, Amir Ýuldaşow, Lebap welaýatyndan Jasurbek Bekniýazow, Meýlis Bäşimow, Mary welaýatyndan Bagtyýar Annadurdyýew, uly ýaşlylaryň arasynda daşoguzly türgenler Satlyk Satlykow, Izzat Narmetow, lebaply türgenler Atageldi Ýagşymyradow, Atanepes Pirkulyýew, Suhan Joraýew dagy öz agram derejelerinde üstünlik gazanyp, Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy. *** Daşoguz welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda, Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda welaýatyň ykdysady toplumynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça welaýat çempionaty geçirildi. Onda edara-kärhanalaryň işgärlerinden düzülen toparlar özara güýç synanyşdylar. Sagdyn durmuş ýörelgesini we sport işjeňligini wagyz etmek maksady bilen geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşda Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň topary has tapawutlanyp, birinji orna mynasyp boldy. Welaýat salgyt bölüminiň topary ikinji, Statistika müdirliginiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine Daşoguz  welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

16.09.2024 378
Sport

Türkmenistanyň Maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde dil-eşidiş taýdan şikesli türgenleriň arasynda woleýbol boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň güýçli woleýbol toparlary özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijesine görä, uly hasap bilen Daşoguz welaýatynyň maýyplar-bedenterbiýe sport klubunyň topary Türkmenistanyň çempiony boldy. Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijiler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

03.09.2024 339
Sport

Golaýda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda sportuň uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen çempionat gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, ezber türgenleriň ençemesini ýüze çykardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzy dabaralandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guralan çempionatda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň türgeni, etrapdaky 58-nji orta mekdebiň okuwçysy Şanepes Araznepesow 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

03.09.2024 325
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa  dünýäniň abraýly halkara ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiziň yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin. Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşda hem ýurdumyzyň ýetginjekleri baýrakly orunlaryň altysyna mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň  Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň türgeni Atageldi Seýidow bürünç medala eýe boldy. Ýüzden gowrak türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaryş sebitiň ezber boksçularyny ýüze çykardy.

31.08.2024 467
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy hem-de şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde bagtyýar nesiller döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilýän sport bäsleşikleri, gezelençler we beýleki dürli çäreler uly ruhubelentlige beslenýär. Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýän bagtyýar çagalaryň arasynda dürli sport ýaryşlary, bäsleşikler guralýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport — bagtyýar geljegiň binýady» ady bilen, sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş gurady. Onda «Bagtyýar» hem-de «Güneş» toparlary özara ýaryşdylar. Gyzykly geçen ýaryşda «Güneş» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

13.08.2024 349
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary ajaýyp sport baýramçylygyna öwrüler. Mälim bolşy ýaly, bu Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň türgenleri sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar. Ýurdumyzda türkmen sportuny ösdürmäge berilýän aýratyn  üns netijesinde, türkmen türgenleriniň birnäçesi halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Ýeri gelende bellesek, Daşoguz welaýatynyň bagtyýar türgenleri hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň alty aýynyň dowamynda 5 sany halkara ýaryşa gatnaşyp, 5 sany dürli derejedäki baýrakly orunlary eýelediler. Şolardan şu ýylyň 5 – 15-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasy – Mongoliýa Halk Respublikasy aralygynda «Ýüpek ýoly – 2024» atly halkara rally-reýd ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ýygyndy toparynyň agzasy, Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi Didar Orazmedow III orna mynasyp boldy. Bu bolsa ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň netijesidir. Şeýle hem şu ýylyň 31-nji ýanwary — 3-nji fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Atarau şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda Daşoguz şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň türgeni Nurmyrat Saparow 48 kilogram agramda çykyş edip, III orna eýe boldy. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýän ýurdunda sporta höwesli ýaşlaryň barha artýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Halkara ýaryşlarda türkmen türgenleriniň birnäçesiniň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy her birimizi diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň bagtyýar türgenleri hem bar. Şolardan şu ýylyň 11-12-nji maýy günlerinde Täjigistan Respublikasynda uşu boýunça Merkezi Aziýa boýunça ýaryşynda Köneürgenç etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň türgeni Aýhan Amangeldiýew 75 kilogram agramda III orna, 25-26-njy maýynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde sportuň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýimjan Sultanowa 65 kilogram agram derejesinde II orna, 20 — 25-nji iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Çirçik şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionatynda Agyr atletika sport mekdebiniň türgeni Saparbaý Atajanow 81 kilogram agramda III orna mynasyp boldy. Bu gazanylan ýokary netijeler türkmen sportunyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändigini görkezýär. Türkmen sportunyň halkara abraýynyň arşa galýan täze taryhy döwründe türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy sport işgärlerini has-da netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Biz hem Pariž şäherinde geçirilýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenlerimize uly üstünlikleri arzuw edýäris. Ýoluňyz ak, üstünlik hemraňyz bolsun, türgenler!

26.07.2024 342
Sport

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň sport zalynda sportuň kýokuşinkaý karete görnüşi boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa sport mekdebiniň oglan-gyz türgenleri gatnaşdylar. Netijede, ezber türgenler  Orazgeldi Gurbannazarow 35 kilogram, Aýjahan Annaýewa 42 kilogram, Gülnur Saparowa 32 kilogram agramda 1-nji orna, Agajan Täçmyradow 38 kilogram, Almira Zafarowa 33 kilogram, Penageldi Annaýew 28 kilogram agramda 2-nji orna, Alihan Zafarow 27 kilogram, Gülnäz Bäşimowa 20 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenlere mekdebiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar sportuň bu görnüşi boýunça Daşoguz şäherinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga taýýarlanýarlar.

15.07.2024 407
Sport

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport-saglyk diýmekdir, saglyk iň uly baýlykdyr» atly şygar astynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşikde «Bagtyýar» hem-de «Güneş» toparlary özara bäsleşdiler. Gyzykly geçen ýaryşda «Güneş» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

12.07.2024 555
Sport

Golaýda Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Gyzykly geçen bu bäsleşiklerde küşt boýunça 1-nji ýere Sähra Berdiýewa, 2-nji ýere Aknur Ýagmyrowa, 3-nji ýere Gülnur Abdullaýewa, şaşka boýunça 1-nji ýere Irada Zakirowa, 2-nji ýere Anna Iwanowa, 3-nji ýere Aýzada Illiýewa dagy mynasyp boldular. «Ruhubelent» hem-de «Zehin» toparlarynyň arasynda geçirilen tanap çekmek ýaryşynda «Ruhubelent» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

10.07.2024 375
Sport

Bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynyň şatlykly dowam edýän günlerinde olaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz bagtyýar çagalar» ady bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça hem-de «Naýzajyklar nyşanada» atly ýaryş geçirildi. Örän gyzykly geçen ýaryşyň kiçi futbol görnüşi boýunça birinji ýere «Şowhun», ikinji we üçünji ýerlere, degişlilikde, «Jeýhun» hem-de «Begenç» toparlary mynasyp boldular. Ýaryşyň «Naýzajyklar nyşanada» görnüşi boýunça birinji ýere «Daýanç», ikinji we üçünji ýerlere «Begenç» hem-de «Şowhun» toparlary mynasyp boldular. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

01.07.2024 398

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49