Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Sport

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 38-nji orta mekdepde etrabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda XIV spartakiadanyň çäklerinde küşt boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda on iki topar özara bäsleşdi. Netijede, etrapdaky 48-nji hem-de 61-nji orta mekdepleriň toparlary, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Uly utuk bilen birinji orna mynasyp bolan 108-nji orta mekdebiň okuwçylary ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiş gazanan toparlara «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

18.11.2024 315
Sport

«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň, Görogly etrap bilim bölüminiň hem-de etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 1-nji orta mekdepde woleýbol, şaşka boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Gyzykly geçen woleýbol ýaryşynda 7-nji orta mekdebiň topary birinji, 23-nji orta mekdebiň topary ikinji, 11-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. Toparlaryň arasynda geçen şaşka ýaryşynda 19-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, 23-nji orta mekdebiň topary ikinji hem-de 63-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

14.11.2024 302
Sport

Golaýda Aşgabat şäherinde taýboks boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ezber türgenler gatnaşdylar. Uly ýaşly zenan türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Ruhubelent etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Jeren Jümmiýewa 88 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, ýeňiş münberiniň ikinji derejesine galmagy başardy. Ezber tälimçi ýaryşyň degişli derejedäki Hormat haty bilen sylaglanyldy.

13.11.2024 343
Sport

Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde ýeňil atletika boýunça ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň ähli etraplaryndan hem-de Daşoguz şäherinden oglan-gyzlardan düzülen 8 topar, jemi 130-a golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşda türgenler ýeňil atletikanyň üç görnüşi — uzynlygyna bökmek, oglanlar 100 metr aralyga, gyzlar 60 metr aralyga ylgamak hem-de oglanlar estafetanyň 4x100 metr aralyga, gyzlar bolsa 4x60 metr aralyga ylgamak görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Ýaryşlarda Daşoguz şäheriniň topary iň köp — 42 utuk toplap, birinji orny eýeledi, ikinji orny 32 utuk bilen Akdepe etrabynyň, üçünji orny bolsa 27 utuk bilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň toparlary eýelediler. Ýaryşda birinji orny eýeläp, ýeňiji bolan türgenler spartakiadanyň ýeňil atletika görnüşi boýunça döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan toparlara «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary, TMÝG-niň Daşoguz  welaýat geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

11.11.2024 330
Sport

Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde sportuň tennis, badminton görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Tennis boýunça geçirilen ýaryşlar Daşoguz şäherindäki sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Onda Daşoguz şäherindäki 30-njy orta mekdebiň topary birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepde badminton boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň okuwçylary birinji orna mynasyp boldular, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň hem-de 30-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

05.11.2024 390
Sport

Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunda daýanç-hereket ediş süňňi şikesli türgenleriň arasynda oturyp oýnalýan woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçen oýunlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň netijesine görä, Lebap welaýatynyň topary birinji, Daşoguz welaýatynyň topary ikinji hem-de Mary welaýatynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy.

29.10.2024 352
Sport

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň guramagynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň saýlama tapgyry geçirildi. Onda welaýatyň ussat küştçüleri özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijesine görä, zenanlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Sähra Saparmyradowa birinji, 4-nji sport mekdebiniň türgenleri Dünýägözel Rejepmuradowa bilen Jennet Nepesowa ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Erkekleriň arasynda gyzgalaňly döwlerde Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgenleri Omarbek Ismailow birinji, Muhammetnur Baýgeldiýew ikinji, Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Myrat Ýakubow üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy. Ýaryşda zenanlaryň we erkekleriň arasynda utuk hasaby boýunça güýçli türgenleriň onlugyna düşmegi başaran küştçüler Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

28.10.2024 302
Sport

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumynda saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan ýaryşlarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň sagdyn jemgyýetimiziň berk binýadyna öwrülýändigi äşgär göründi. Sportuň küşt, şaşka, stol tennisi we woleýbol görnüşleri  boýunça geçirilen ýaryşlar örän çekeleşikli boldy. Baýramçylyk ruhubelentligini döreden oýunlar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňijiler kesgitlenilip, baýrakly orunlara mynasyp bolanlar Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy.

11.10.2024 321
Sport

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynda ýaşlaryň  arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda sportuň basketbol görnüşi boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda geçirilen bu ýaryşa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Ýaryşda Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdebiň basketbolçylary aýratyn tapawutlandylar. Ýaryşyň ýeňijilerine «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň hem-de Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.

23.09.2024 326
Sport

Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň edaralarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşlar hem örän gyzgalaňly boldy. «Sagdyn durmuş — sagdyn ruh» şygary bilen geçen ýaryşlar bagtyýar zähmetkeşleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylýandygyny alamatlandyrdy. Ýaryşyň netijesine görä, «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Gazawat senagat meýdançasynyň topary birinji, merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik tejribehanasynyň topary ikinji, awtoulaglar edarasynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijiler «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň KA-nyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

17.09.2024 425

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   38
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   24
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25