Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn nesli kemala getirmek, milli sporty galkyndyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyza wekilçilik edýän ýaş türgenleriň dost-doganlyk döwletlerde guralýan abraýly sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bu ugurda döredilýän giň gerimli mümkinçilikleriň we döwrebap şertleriň aýdyň netijesidir. Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynda grek-rim göreşi boýunça 2012-2013 hem-de 2014-2015-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen açyk çempionatda Daşoguz welaýatynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Welaýatyň Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň türgenleri Baýmyrat Ahmedow 32 kilogram agram derejesinde ikinji, Osman Ärjanow 20 kilogram agram derejesinde üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan türgenler degişli derejedäki medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Tälim beren türgenleriniň baýrakly orunlara mynasyp bolandygy üçin Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hoşgeldi Nobatmyradow hem Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy.

26.02.2025 336
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. TZB-niň Daşoguz  welaýat bölüminiň welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda köp çagaly maşgalalaryň arasynda geçirilen sport ýaryşynyň maksady hem şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Daşoguz welaýat merkezindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen ýaryşa welaýatyň etraplaryndan we Daşoguz şäherinden maşgala toparlarynyň köp sanlysy gatnaşdylar. Sport ýaryşynyň dowamynda toparlar özara bäsleşip, özleriniň çeýeligini, çalasynlygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň dowamynda Daşoguz şäheriniň «Zaman» topary birinji, Boldumsaz etrabynyň «Pälwan» topary ikinji, Ruhubelent etrabynyň «Ruhubelent» topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

19.02.2025 314
Sport

Daşoguz welaýat häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen XIV spartakiadanyň çäklerinde woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça welaýat ýaryşy geçirildi. Ýaryşa Görogly, Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, Şabat, Boldumsaz, Köneürgenç etraplaryndan we Daşoguz şäherinden okuwçy oglan-gyzlar gatnaşdylar. Oglanlaryň arasynda woleýbol ýaryşy Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde aýlaw esasynda geçirildi. Oýunlar diýseň gyzykly, çekeleşikli boldy. Gyzykly oýunlaryň dowamynda Akdepe etrabynyň toparyna taý gelen bolmady. Topar öz garşydaş toparlarynyň hemmesini utmak bilen, birinji orny eýeledi. Ikinji orny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary, üçünji orny Şabat etrabynyň topary eýelediler. Gyzlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşynda birinji orny Daşoguz şäheriniň, ikinji orny Akdepe etrabynyň, üçünji orny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary eýelemegi başardylar. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirildi. Onda 12 utuk bilen Akdepe etrabynyň topary birinji, 10 utuk bilen Şabat etrabynyň topary ikinji, 7 utuk bilen Daşoguz şäheriniň topary üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenler döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

11.02.2025 312
Sport

Ýaş pälwanlar bäsleşdiler Golaýda Daşoguz welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde milli göreş boýunça welaýat  derejesinde ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde iki gün dowam eden bu ýaryşa etraplardan we Daşoguz şäherinden hersiniň düzüminde 8 oglan bolan 7 topar gatnaşdy. Gyzykly oýunlaryň ahyrynda 40 kilogram agram derejede Görogly etrabyndan Şahymerdan Parahadow birinji orny, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Azat Bekganow, Sylapberdi Täçmedow, degişlilikde, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. 45 kilogram agramda birinji, ikinji orny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Wepa Esenow, Batyr Garryýew, üçünji orny Akdepe etrabyndan Nurmyrat Allanazarow eýeledi. 48 kilogram agramda birinji orny Akdepe etrabyndan Orazmyrat Meredow, ikinji orny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Nurberdi Baýjanow, üçünji orny Akdepe etrabyndan Kerim Annamedow eýelemegi başardy. 52 kilogram agramda birinji orny Görogly etrabyndan Balkan Batyrow, ikinji orny Köneürgenç etrabyndan Jumamyrat Öregylyjow, üçünji orny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Mergen Esenow eýeledi. 57 kilogram agramda birinji orny Görogly etrabyndan Begenç Meredow, ikinji orny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Aman Annaberdiýew, üçünji orny Köneürgenç etrabyndan Mekan Awezow eýelemegi başardy. 62 kilogram agramda birinji, ikinji orunlary Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Jeýhun Möwlamow, Toýmyrat Tuwakow, üçünji orny Görogly etrabyndan Batyr Ýazkulyýew eýeledi. 68 kilogram agramda birinji orny Görogly etrabyndan Serdar Gazakow, ikinji orny Köneürgenç etrabyndan Janmyrat Täçmyradow, üçünji orny Akdepe etrabyndan Begmyrat Ataýew eýelemegi başardy. 74 kilogram agramda birinji orny Görogly etrabyndan Hydyr Aşyrow, ikinji, üçünji orunlary Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Ýazmyrat Soltanmyradow, Resulguly Annaýew eýeledi. Umumy hasapda Görogly etrabynyň topary birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orny eýelediler. Şahsy birinjiligi eýelän türgenlerimiz döwlet derejesinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

10.02.2025 400
Sport

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 5-nji sport mekdepde 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenlerden düzülen toparlaryň arasynda futzal boýunça açyk birinjilik geçirildi. Oňa welaýatyň etrapdyr şäherlerindäki sport mekdepleriniň toparlary hem işjeň gatnaşdylar. Ýaryşyň netijesine görä, Akdepe etrabyndaky 5-nji sport mekdebiniň topary birinji, Şabat etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň topary ikinji, Akdepe etrabyndaky 6-njy sport mekdebiniň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

04.02.2025 329
Sport

Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde gandbol boýunça ýaryş geçirildi. Onda Daşoguz şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar özara bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşlaryň netijesine görä, oglanlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, 21-nji orta mekdebiň hem-de 24-nji orta mekdebiň okuwçylary, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçen ýaryşda hem Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň topary birinji orny eýelemegi başardy. Daşoguz şäherindäki 24-nji hem-de 21-nji orta mekdepleriň toparlary, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

03.02.2025 279
Sport

 «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň hem-de Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» ady bilen sport festiwaly geçirildi. Oňa Daşoguz şäherinden we etraplardan okuwçy oglan-gyzlar toparlary gatnaşdylar. Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde sport festiwalynyň ýeňil atletika, basketbol topuny halka oklamak, tanap çekmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýeňil atletika boýunça oglanlar 100, gyzlar bolsa 60 metr aralyga ylgadylar. Onda oglanlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Nazarbaý Ýusupow birinji, Görogly etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Şageldi Nuryýew ikinji, Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň okuwçysy Zeýuleddin Kadirbergenow üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Dilnara Bekçanowa birinji, Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň okuwçysy Ruhşana Farruhowa ikinji, Görogly etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurgözel Hojakulyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Basketbol topuny halka oklamak ýaryşynda Akdepe etrabynyň topary birinji, Daşoguz şäheriniň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Tanap çekmek boýunça ýaryş oglanlaryň arasynda geçirildi. Onda Akdepe etrabynyň topary birinji, Görogly etrabynyň topary ikinji, Daşoguz şäheriniň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaryşynda Akdepe etrabynyň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Daşoguz şäherindäki 3-nji sport mekdebinde basketbol boýunça ýaryş toparlaryň arasynda aýlaw görnüşinde geçirildi. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Görogly etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça geçirilen ýaryşda oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etrabynyň, ikinji orny Görogly etrabynyň, üçünji orny Daşoguz şäheriniň toparlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Akdepe etrabynyň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepde bolsa sport festiwalynyň şaşka, düzzüm, küşt boýunça, şeýle hem türkmen milli oýunlary bolan halka oklamak, çekişme, naýzajyklar nyşanada atly ýaryşlar geçirildi. Şaşka boýunça Görogly etrabynyň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Düzzüm boýunça Görogly etrabynyň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, utuk sanlary deň bolan Daşoguz şäheriniň we Şabat etrabynyň toparlary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Küşt oýny boýunça Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň topary birinji, 16-njy orta mekdebiň, topary ikinji, Şabat etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. Türkmen milli oýunlary bolan halka oklamak boýunça birinji orny Şabat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň, ikinji orny Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň, üçünji orny Akdepe etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň toparlary eýelediler. Çekişme boýunça ýaryşda birinji orny Akdepe etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň, ikinji orny Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň, üçünji orny Şabat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň toparlary eýelediler. Naýzajyklar nyşanada oýny boýunça birinji orny Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň, ikinji orny Şabat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň, üçünji orny Görogly etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň toparlary eýelediler. Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda geçirilen kiçi futbol boýunça ýaryşda Şabat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň topary birinjiligi gazandy. Daşoguz şäherindäki 3-nji orta mekdebiň topary ikinji, Akdepe etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» ady bilen geçirilen sport festiwalynyň ýeňijilerine «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.

27.01.2025 334
Sport

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryş 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilip, onda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden güýçli toparlar özara bäsleşdiler. Çekeleşikli oýunlaryň netijesine görä, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiň woleýbolçy gyzlary üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýaryşyň ýeňijileri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň Hormat hatlarydyr Kubogy, şeýle hem ýaryşyň hemaýatkärleriniň baýraklary bilen sylaglandylar.

20.01.2025 295
Sport

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça 2010-2011-nji we 2013-2014-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda açyk birinjilik geçirildi. Ýaryşda Şabat etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan öz agram derejelerinde Guwanç Saparniýazow, Abdulaziz Raşidow, Begzat Kurambaýew, Guwanç Matmuradow dagy birinji, Tahirjan Alişerow, Biýbars Kanatbaýew dagy ikinji, Alibek Jumaniýazow, Sarwar Meňliýew dagy üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlary gowşuryldy.

20.01.2025 319
Sport

Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Oňa welaýatyň ähli etraplaryndan we Daşoguz şäherinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda geçirilen ýaryşda iň köp utuk toplan Daşoguz şäheriniň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

23.11.2024 344

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   39
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   25
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25