Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kämil bilim, terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy we tälimçilerimiziň döwrebap türgenleşik işlerini geçmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyny şertlendirýär. Şeýle üstünlikleriň hatarynda agyr atletikaçy türgenlerimiziň gazanýan ýeňişleriniň hem bardygy buýsandyrýar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň agyr atletika sport mekdebiniň geljekde sportda uly üstünliklere eýe boljagyna umyt bildirilýän ýaş türgenleriniň biri Şahin Hudaýbergenow 9 ýaşyndan bäri sportuň agyr atletika görnüşi boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryna gatnaşyp, häzirki wagtda halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýär. Ol şu ýylyň iýun aýynyň 1-4-i aralygynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda 60 kilogram agram derejesinde çempion diýen ada mynasyp boldy. Bu ýaş türgen mundan başga-da, agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ençemesinde I we II orunlara mynasyp boldy. Ol golaýda Özbegistan Respublikasynyň Çirçik şäherinde okuw türgenleşigini geçip, Gazagystan Respublikasynda geçirilen Aziýa çempionatynda çykyş etdi. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde türgenleşik geçýär.     

09.08.2025 232
Sport

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalar ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly, şatlykly pursatlara besleýärler. Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin niýetlenen şeýle ajaýyp merkezleriň biri hasaplanylýar. Merkezde dynç alyş 3 tapgyr boýunça guralyp, her tapgyrda 300 çaga dynç alýar. Häzirki wagtda ikinji tapgyr dowam edýär. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, ýörite gurnaklar, kitaphanalar bar. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sport ýaryşlarydyr bäsleşikleri ýygy-ýygydan guralýar. Bu hem ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmegi babatda uly goldawdyr. Welaýatyň çägindäki taryhy ýadygärliklere, gadymy galalara guralýan gezelençler hem körpeleriň ýadynda galýan pursatlardyr. Ýakynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistan «Ýaşlar» bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Irki sport maşklaryny ýerine ýetirip, bedenlerini taplan çagalar futbol, woleýbol, basketbol, tennis, ýaglyga towusmak, tanap çekmek, çekişme, küşt we şaşka boýunça özara ýaryşdylar. Gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşlarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny görkezdiler. Sport çärelerine işjeň gatnaşan çagalara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

14.07.2025 306
Sport

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda türkmenistanly küştçüler umumy medal hasaby boýunça birinji orny eýelediler. Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgeni Dilber Hupbyýewa küştüň rapid görnüşi boýunça 12 ýaşly gyzlaryň arasynda altyn medalyň eýesi bolmagy başardy. Şol mynasybetli Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara bilim, sport ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda milli sporty galkyndyrmak, sagdyn bedenli ýaş nesli kemala getirmek babatda uly işleriň amala aşyrylýandygy buýsanç bilen bellenildi. Altyn medalyň eýesi Dilber Hupbyýewa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.    

01.07.2025 331
Sport

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiň guramagynda etrapdaky 6-njy sport mekdebinde milli göreş boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Onda ýetginjek pälwanlar özara bäsleşdiler. Netijede, Hakmyrat Amangeldiýew, Abdyresul Aşyrow, Pirmuhammet Atajanow, Kerim Annamädow, Gurban Atajanow, Nurgeldi Mämetçanow, Allanur Atajanow, Eldar Orazdurdyýew, Ýunus Jumabaýew dagy öz agram derejelerinde şowly çykyş edip, ýaryşyň ýeňijileri boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

18.06.2025 258
Sport

Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde 2008-nji ýylda doglan türgenlerden düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etraplaryň, Daşoguz şäheriniň sport mekdeplerinden woleýbol toparlary gatnaşdylar. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede, Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň topary üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Akdepe etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary bolsa, üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

18.06.2025 295
Sport

Gyzykly geçen ýaryş Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynyň düzümine welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden dalaşgär türgenleri saýlap-seçip almak üçin grek-rim we erkin göreş boýunça ýetginjek türgenleriň arasynda geçen ýaryşa Daşoguz welaýatyndan hem türgenler gatnaşdylar. Olar üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler. Grek-rim göreşi boýunça geçen ýaryşa welaýatdan gatnaşan türgenlerden öz agram derejelerinde Hudaýnazar Ýoldaşow, Azat Gaýypow dagy birinji, Fahreddin Satlykow, Süleýman Kulamisinow, Şanur Allanurow dagy ikinji, Saparmyrat Sabirow, Izzatbek Adylbekow dagy üçünji orunlary eýelediler. Erkin göreş boýunça öz agramlarynda Kerim Berdiýew, Alihan Koçkarbaýew dagy ikinji, Kudrat Rozymow, Rahman Kabaýew dagy üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hoşgeldi Nobatmyradowyň hem-de Daşoguz şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Baýram Sapargeldiýewiň türgenleri has ýokary netijeleri görkezdiler.

17.06.2025 273
Sport

Yhlasyň ýerine düşende şeýle bolýan eken. Hakyt, maksadyňa erjel bolup, müşgilinden eýmenmeseň, gazananyň üstünlik, aljagyň abraýdyr alkyş bolýandygy durmuşda göre-göre gelinýär. Munuň şeýledigine ajaýyp döwrümizde özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan ýaşlaryň dürli ugurlarda kämilligiň basgançaklary bilen barha belende galyp, gazanýan üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Amir Ýoldaşow hem şeýle ýaşlaryň biridir. On bäş ýaşyndaky türgen Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sportuň boks görnüşi bilen türgenleşip, indi ençeme ýyllardan bäri mekdebiň açyk birinjiliklerinde, etrap hem-de welaýat derejesinde geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. Ol öz agram derejesinde 2022-nji ýylda 2010-2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda boks boýunça geçirilen welaýatyň açyk birinjiliginde üçünji, 2023-nji ýylda Daşoguz şäherindäki 7-nji sport mekdebinde ýetginjek türgenleriň arasyndaky Türkmenistanyň açyk birinjiliginde ikinji orunlara mynasyp boldy. Amir 2024-nji ýylda Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde ýetginjek türgenleriň arasynda geçirilen açyk birinjilik ugrundaky ýaryşda birinji, Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň açyk birinjiliginde ikinji orunlary eýeledi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen ýaryşlar hem ýaş türgene uly üstünlik getirdi. Ýylyň başynda Boldumsaz etrabynda geçirilen boks boýunça açyk birinjilikde, şeýle hem Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň açyk birinjiliginde birinji orny eýeledi. Sport ýaşlyk joşgunyny, onuň egsilmeýän ruhy güýjüni özünde jemleýär. Ýurduň geljegi bolsa, häzirki bagtly nesillere bagly.Ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmegi, beden taýdan sagdynlygy, ruhy-ahlak tämizligi babatda irginsiz alada edilýändigi täze taryhy döwürde kemala gelýän ýaş nesliň mysalynda aýdyň şöhlelenýär.

26.05.2025 305
Sport

Döwlet edaralarynyň işgärleriniň hem-de agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleriniň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde küşt we tanap çekmek boýunça ýaryşlar geçirildi. Olarda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary özara güýç synanyşdylar. Küşt boýunça toparlaýyn geçen ýaryşyň netijesi boýunça Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, tanap çekmek boýunça Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary ýeňiş gazandylar. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

24.03.2025 303
Sport

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini we sport işjeňligini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň milli woleýbol federasiýasynyň guramagynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýetginjek gyzlardan we oglanlardan düzülen toparlaryň arasyndaky gyzgalaňly we çekeleşikli häsiýete eýe bolan oýunlar türgenleriň bu ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly gelendigini görkezdi. Ýaryşyň netijesine görä, gyzlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň topary birinji, Lebap we Balkan welaýatlarynyň toparlary ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Oglanlaryň arasyndaky oýunlarda Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary, degişlilikde, baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan toparlaryň türgenleri Hormat hatlary, medallar we sowgatlar bilen sylaglanyldy.

24.03.2025 346
Sport

Halkara zenanlar güni mynasybetli, Daşoguz welaýat häkimliginiň hem-de bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Sport — sagdynlyk we ruhubelentlik» atly şygar bilen welaýatyň oba hojalyk, senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we ykdysadyýet, medeni-durmuş ulgamlaryna degişli edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda zähmet çekýän zenanlaryň, «Sport — sagdynlyk» atly şygar bilen ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka görnüşleri boýunça ýaryşlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Netijede, sportuň woleýbol görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň topary 1-nji, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary 2-nji, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary 3-nji, talyplaryň arasynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň topary 1-nji, Türkmen oba hojalyk institutynyň topary 2-nji, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary 3-nji, oba hojalyk, senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we ykdysadyýet, medeni-durmuş ulgamlaryna degişli edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda welaýat Baş bilim müdirliginiň topary 1-nji, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň topary 2-nji, gurluşyk toplumynyň topary 3-nji, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda welaýat Polisiýa müdirliginiň topary 1-nji, TGM-niň harby bölüminiň topary 2-nji, welaýat Gümrük gullugynyň topary 3-nji orna mynasyp boldy. Sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplaryň arasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary, oba hojalyk, senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we ykdysadyýet, medeni-durmuş ulgamlaryna degişli edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda welaýat Baş bilim müdirliginiň, gurluşyk toplumynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda welaýat Polisiýa müdirliginiň, TGM-niň harby bölüminiň, welaýat RÝNÝ bölüminiň işgärleri, degişlilikde, 1-2-3-nji orunlary eýelediler. Sportuň küşt görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplaryň arasynda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary, oba hojalyk, senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we ykdysadyýet, medeni-durmuş ulgamlaryna degişli edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda welaýat Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, oba hojalyk toplumynyň işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda kazyýet edarasynyň, harby ulgamyň, welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri degişli orunlary eýelediler. Sportuň şaşka görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, talyplaryň arasynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary, oba hojalyk, senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we ykdysadyýet, medeni-durmuş ulgamlaryna degişli edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, gurluşyk toplumynyň işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda welaýat Gümrük gullugynyň, harby ulgamyň, kazyýet edarasynyň işgärleri ýeňişli orunlara mynasyp boldular. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

06.03.2025 355

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49