Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Sport

Golaýda Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde sportuň basketbol görnüşi boýunça şäherdäki orta mekdepleriň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda örän gyzykly ýaryş geçirildi. Ony Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, TDP-niň şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar. Ýaryşyň jemlerine görä, oglanlaryň arasynda 6-njy orta mekdebiň basketbolçylary üstünlikli çykyş edip, birinji ýere mynasyp boldular. Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji hem-de 29-njy orta mekdepleriň basketbolçylary, degişlilikde, ikinji we üçünji ýerleri eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 6-njy orta mekdebiň basketbolçy gyzlar toparyna birinji, 29-njy orta mekdebiň toparyna ikinji we 5-nji orta mekdebiň toparyna üçünji orunlar degişli boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Da\oguz welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.

02.12.2025 127
Sport

«Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça Daşoguz welaýat birinjiligi geçirildi. Ony Daşoguz welaýat häkimligi, TKA-nyň welaýat birleşmesi, Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň welaýat bölümi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Küşt boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň küşt eýwanynda geçirildi. Oňa welaýatyň şäherdir etraplaryndan ökde türgenleriň 8 topary gatnaşyp, olar aýlaw esasda bäsleşdiler. Ýaryşyň netijesine görä, Köneürgenç etrabynyň okuwçy oglan-gyzlar topary on ýarym utuk bilen birinji, Daşoguz şäheriniň okuwçy oglan-gyzlar topary on utuk bilen ikinji, Gubadag etrabynyň okuwçy oglan-gyzlar topary dokuz ýarym utuk bilen üçünji orunlary eýelediler. Şaşka boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde geçirildi. Oňa etrapdyr şäherden 7 topar gatnaşdy. Ýaryşda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň okuwçy oglan-gyzlaryna taý gelen bolmady. Olar köp utuk toplap, birinji orny eýelediler. Ikinji orny Görogly etrabynyň, üçünji orny Daşoguz şäheriniň okuwçy oglan-gyzlar toparlary eýelediler. Şeýlelikde, birinji orny eýelän türgenler döwlet derejesindäki ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Da\oguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

01.12.2025 117
Sport

Golaýda Bahreýnde ýetginjekleriň arasynda geçirilen III Aziýa oýunlaryna Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndaky 5-nji sport mekdebiň türgeni Saparbaý Atajanow hem gatnaşyp, şowly çykyş etdi. Ildeşimiz bu ýaryşda 94  kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş etmek bilen, ştangany siltäp götermekde 145, itekläp götermekde 175 kilogram agyrlyklaryň hötdesinden geldi. Itekläp götermekdäki görkezen netijesine görä Saparbaý bürünç medala mynasyp boldy. Geljegine uly umyt bildirilýän 17 ýaşly türgeniň bu üstünligi türkmen sportunyň barha rowaçlanýandygyna, yklym we dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýdylsa, Saparbaý Atajanowa on ýaşyndan bäri atasy, tejribeli tälimçi Soltan Atajanow halypalyk edip, sportuň bu görnüşiniň abyny-tabyny öwredýär. Irginsiz türgenleşikler, tälimçileriň maslahatlary öz netijesini berip ugraýar. Ol etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda öz deň-duşlaryndan mese-mälim saýlanyp, barha taplandy. Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda birnäçe gezek welaýatyň, Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy.

29.11.2025 109
Sport

Golaýda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň ХV spartakiadasynyň çäklerinde sportuň tennis, suwda ýüzmek görnüşleri boýunça Daşoguz welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ony welaýat häkimligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Daşoguz şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen spartakiadanyň esasy maksady okuwçylaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmekden, sportuň dürli görnüşleri boýunça güýçli türgenleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Tennis boýunça ýaryşa welaýatyň şäherdir etraplaryndan türgen oglan-gyzlar gatnaşyp, olar özara toparlaýyn aýlaw esasynda bäsleşdiler. Ýaryşyň netijesi boýunça Köneürgenç etrabynyň topary birinji, Daşoguz şäheriniň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Suwda ýüzmek boýunça ýaryşa etrapdyr şäherden ýeňiji bolan oglanlar toparlary 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça gatnaşdylar. Şeýlelikde, Şabat etrabynyň topary birinji orny eýeledi. Ikinji orny Görogly etrabynyň, üçünji orny Gubadag etrabynyň toparlary eýelemegi başardyrlar. Birinji orny eýelän toparlar döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.  

22.11.2025 100
Sport

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda 29-njy sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempionaty geçirildi. Welaýat häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda guralan ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryş ykdysady pudakda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny äşgär görkezdi. Onda Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, Salgyt bölüminiň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, Statistika müdirliginiň, Pensiýa gaznasynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň hem-de welaýatyň çägindäki bank edaralarynyň şahamçalarynyň işgärlerinden düzülen toparlar özara güýç synanyşdylar. Netijede, ýaryşyň jemleri boýunça Daşoguz welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň ýygyndy topary birinji orny  eýeläp, welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempiony diýen hormatly ada mynasyp boldy. Daşoguz welaýat Salgyt bölüminiň hem-de Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň ýygyndy toparlary, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

14.10.2025 111
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kämil bilim, terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy we tälimçilerimiziň döwrebap türgenleşik işlerini geçmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyny şertlendirýär. Şeýle üstünlikleriň hatarynda agyr atletikaçy türgenlerimiziň gazanýan ýeňişleriniň hem bardygy buýsandyrýar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň agyr atletika sport mekdebiniň geljekde sportda uly üstünliklere eýe boljagyna umyt bildirilýän ýaş türgenleriniň biri Şahin Hudaýbergenow 9 ýaşyndan bäri sportuň agyr atletika görnüşi boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryna gatnaşyp, häzirki wagtda halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýär. Ol şu ýylyň iýun aýynyň 1-4-i aralygynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda 60 kilogram agram derejesinde çempion diýen ada mynasyp boldy. Bu ýaş türgen mundan başga-da, agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ençemesinde I we II orunlara mynasyp boldy. Ol golaýda Özbegistan Respublikasynyň Çirçik şäherinde okuw türgenleşigini geçip, Gazagystan Respublikasynda geçirilen Aziýa çempionatynda çykyş etdi. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde türgenleşik geçýär.     

09.08.2025 150
Sport

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalar ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly, şatlykly pursatlara besleýärler. Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin niýetlenen şeýle ajaýyp merkezleriň biri hasaplanylýar. Merkezde dynç alyş 3 tapgyr boýunça guralyp, her tapgyrda 300 çaga dynç alýar. Häzirki wagtda ikinji tapgyr dowam edýär. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, ýörite gurnaklar, kitaphanalar bar. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sport ýaryşlarydyr bäsleşikleri ýygy-ýygydan guralýar. Bu hem ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmegi babatda uly goldawdyr. Welaýatyň çägindäki taryhy ýadygärliklere, gadymy galalara guralýan gezelençler hem körpeleriň ýadynda galýan pursatlardyr. Ýakynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistan «Ýaşlar» bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Irki sport maşklaryny ýerine ýetirip, bedenlerini taplan çagalar futbol, woleýbol, basketbol, tennis, ýaglyga towusmak, tanap çekmek, çekişme, küşt we şaşka boýunça özara ýaryşdylar. Gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşlarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny görkezdiler. Sport çärelerine işjeň gatnaşan çagalara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

14.07.2025 221
Sport

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda türkmenistanly küştçüler umumy medal hasaby boýunça birinji orny eýelediler. Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgeni Dilber Hupbyýewa küştüň rapid görnüşi boýunça 12 ýaşly gyzlaryň arasynda altyn medalyň eýesi bolmagy başardy. Şol mynasybetli Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara bilim, sport ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda milli sporty galkyndyrmak, sagdyn bedenli ýaş nesli kemala getirmek babatda uly işleriň amala aşyrylýandygy buýsanç bilen bellenildi. Altyn medalyň eýesi Dilber Hupbyýewa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.    

01.07.2025 240
Sport

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiň guramagynda etrapdaky 6-njy sport mekdebinde milli göreş boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Onda ýetginjek pälwanlar özara bäsleşdiler. Netijede, Hakmyrat Amangeldiýew, Abdyresul Aşyrow, Pirmuhammet Atajanow, Kerim Annamädow, Gurban Atajanow, Nurgeldi Mämetçanow, Allanur Atajanow, Eldar Orazdurdyýew, Ýunus Jumabaýew dagy öz agram derejelerinde şowly çykyş edip, ýaryşyň ýeňijileri boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

18.06.2025 170
Sport

Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde 2008-nji ýylda doglan türgenlerden düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etraplaryň, Daşoguz şäheriniň sport mekdeplerinden woleýbol toparlary gatnaşdylar. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede, Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň topary üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Akdepe etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary bolsa, üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

18.06.2025 181

Täze habarlar

Jemgyýet Nesillere nusga bolan ömür
09.05.2026   17
Jemgyýet Ukyp-başarnygyň bäsleşigi
08.05.2026   16
Ykdysadyýet Maldarlaryň zähmet üstünligi
08.05.2026   20
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   22
Medeniýet Şanly ýylyň çeper waspy
07.05.2026   15
Jemgyýet Çäreler täsirli geçdi
06.05.2026   22