Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Sport

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi we ony her ýylyň 3-nji iýunynda bellemek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Daşoguz şäherinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş sport baýramçylygynyň ähmiýetini artdyrdy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ir säher bilen welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Ruhyýet köşgüniň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen dabaralar meýdançasyna ýygnandylar. Şunlukda, göwüngöteriji aýdym-sazlardan, şowhunly tanslardan ruhy lezzet alan welosipedçiler dabaraly ýagdaýda ýörişe badalga aldylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Sportuň bu görnüşi ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. 2018-nji ýylyň 3-nji iýunyndan bäri ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününiň giňden bellenip geçilmegi asylly däpleriň birine öwrüldi. Şunlukda, mähriban Watanymyzda sportuň bu görnüşi barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Welosiped ýörişine gatnaşyjylar Görogly köçesiniň we Bitaraplyk şaýolunyň ugry bilen şäheriň görküne görk goşup oturan ajaýyp, döwrebap binalary synlap, Daşoguz atçylyk sport toplumyna bardylar. Soňra ýörişe gatnaşyjylar on müň orunlyk sport toplumyna geldiler. Olary bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri joşgunly çykyşlary bilen garşyladylar. Göwün göteriji aýdym-sazlarda türkmen sportunyň ösüşleri wasp edildi. Dabaranyň dowamynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Mahlasy, Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrdy.

05.06.2026 18
Sport

Spartakiadanyň ýapylyş dabarasy Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen yglan edilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly 15-nji Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport eýwanynda ýokary derejede geçirilen bu dabarany Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasy jemgyýetçilik birleşigi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Oňa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Dabarada iň köp — 500 utuk bilen Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçy oglan-gyzlar toparynyň birinji orny eýeländigi yglan edildi. Ikinji orny 385 utuk bilen Daşoguz welaýatynyň, üçünji orny bolsa 360 utuk bilen Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň eýeländigi bellenildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýörite baýragy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň sowgatlary, Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Hormat hatlary we medallary bilen sylaglanyldy.   Sport Spartakiadanyň ýapylyş dabarasy Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen yglan edilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly 15-nji Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport eýwanynda ýokary derejede geçirilen bu dabarany Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasy jemgyýetçilik birleşigi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Oňa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Dabarada iň köp — 500 utuk bilen Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçy oglan-gyzlar toparynyň birinji orny eýeländigi yglan edildi. Ikinji orny 385 utuk bilen Daşoguz welaýatynyň, üçünji orny bolsa 360 utuk bilen Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň eýeländigi bellenildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýörite baýragy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň sowgatlary, Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Hormat hatlary we medallary bilen sylaglanyldy.  

19.05.2026 34
Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bibaha baýlygy, göz-guwanjy bolan ahalteke bedewleri diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän çärelere, bäsleşiklere gatnaşyp, halkara abraýa, baş baýraklara mynasyp bolýarlar. Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Gündogaryň merjeni» atly sport we gözellik bäsleşiginde olaryň gazanan uly üstünlikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu uly halkara gözellik bäsleşiginde ikiýaşar atlaryň arasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewiniň, alty we ondan uly ýaşar atlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewiniň «Dünýäniň çempiony» we «Gündogaryň merjeni» diýlip yglan edilmegi, Aýgytly diýen bedewiň «Gündogaryň merjeni» atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi bolmagy ähli halkymyzy örän begendirdi, başymyzy göge ýetirdi. Bu waka, guwandyryjy ýeňişler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda türkmen bedewleriniň sanyny köpeltmek, olary seýislemek, kämilleşdirmek babatynda döredýän ajaýyp şertleriniň, goldawlarynyň miwesidir.  

13.05.2026 33
Sport

Daşoguz welaýatynyň  mekdep okuwçylarynyň arasynda «Biz Oguz han nesli» diýen at bilen sportuň 100 m aralyga ylgamak, 4x100 m aralyga estafeta ylgawy, ýaglyga towusmak, turnikde özüňi çekmek, tanap çekmek görnüşleri boýunça welaýat birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ony Daşoguz welaýat häkimligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda ýokary derejede geçirilen ýaryşa Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe, Görogly, Boldumsaz, Gubadag, Şabat, Köneürgenç, Garaşsyzlyk etraplaryndan we Daşoguz şäherinden toparlar gatnaşyp, oýunlar diýseň gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaryşda öz garşydaşlaryny utmak bilen, iň köp utuk toplan Daşoguz şäheriniň mekdep okuwçylaryna taý gelen bolmady. Olar birinji orny eýeläp, sport bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Ikinji orny utuk sanlarynyň deň gelmegi bilen Saparmyrat Türkmenbaşy we Garaşsyzlyk etraplarynyň okuwçylar topary, üçünji orny bolsa Köneürgenç etrabynyň topary eýeledi. Ýaryşyň ýeňijileri «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanyldy.

10.05.2026 46
Sport

Ýakynda şeýle at bilen Daşoguz welaýatynyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli, sportuň estafeta, ýaglyga towusmak,tanapda çekmek görnüşleri boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ony Daşoguz welaýat häkimligi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, welaýat Baş bilim müdirligi, TMÝG-niň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynda geçen ýaryşa welaýatyň ähli etraplaryndan toparlar gatnaşyp, ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede, Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen topar ähli görnüşlerde köp utuk toplap ýaryşyň ýeňijisi boldular. Ýeňijiler ýaryşy guraýjylaryň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

09.05.2026 62
Sport

Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly 15-nji spartakiadanyň çäklerinde sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek görnüşleri boýunça sport ýaryşlarynyň döwlet tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasy jemgyýetçilik birleşigi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Ýeňil atletikanyň 100 metr aralyga ylgamak, estafetanyň 4x100, uzynlyga bökmek ýaly görnüşleri boýunça oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda utuk sanlarynyň deň gelmegi bilen, birinji orny Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň toparlary, ikinji orny utuk sanlary deň bolan Mary we Ahal welaýatlarynyň toparlary, üçünji orny bolsa Aşgabat şäheriniň topary eýelediler. Gyzlaryň arasynda ýeňil atletikanyň 60 metr aralyga ylgamak, estafetanyň 4x60, uzynlyga bökmek görnüşleri boýunça ýaryşlarda birinji orny Lebap welaýatynyň, ikinji orny utuk sanlarynyň deň gelmegi bilen Daşoguz we Mary welaýatlarynyň, üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň toparlary eýelediler. Suwda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek bäsleşiginde oglanlaryň arasynda birinji orny Aşgabat şäheriniň topary, ikinji orny Daşoguz welaýatynyň topary, üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň topary eýelediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

18.04.2026 59
Sport

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda sporta bolan söýgini artdyrmak baradaky kararlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Daşoguz welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ony «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilelikde guradylar. Bu ýaryş Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň woleýbol eýwanynda geçirildi. Ýaryşda garşydaşlarynyň hemmesini utmak bilen, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň gyzlar topary birinji, Garaşsyzlyk etrabynyň gyzlar topary ikinji, Daşoguz şäheriniň gyzlar topary üçünji orunlary eýeläp, ýeňiji boldular. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

13.04.2026 54
Sport

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Ir säher bilen Daşoguz welaýat merkeziniň ajaýyp künjeginde — Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly çärelerine badalga berildi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Olarda sagdynlygyň mekanyna öwrülen mähriban Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň waspy belentden belent ýaňlandy. Ýerine ýetirilen şowhunly tanslar, sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan görkezme çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň dowamynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişe badalga berildi. Oňa welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan täze binalaryň, şaýollarynyň ugry bilen, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň, şeýle-de 36-njy çagalar bagynyň, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň deňinden toý şowhuny bilen geçen welosipedçiler soňra 10 müň orunlyk sport toplumyna geldiler. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasy örän täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Bu dabara dürli ulgamlarda zähmet çekýän ildeşlerimiz ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda türkmen sportunyň ösüşleri, türgenlerimiziň üstünlikleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirýän beýik işleri şirin owazly aýdym-sazlarda wasp edildi. Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyşlar, ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Göwüngöteriji pursatlara beslenen dabaranyň dowamynda türkmen sportuny ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç almagy arzuw edildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, welaýatyň ähli etraplarynda dürli sport çäreleridir ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

07.04.2026 49
Sport

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde 2013-2014-nji ýylda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça açyk birinjilik geçirildi. Şu sport mekdebiniň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryş örän çekeleşikli häsiýete eýe bolup, ezber pälwanlary ýüze çykardy. Onda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen ýaş pälwanlaryň ýüzlerçesi 13 agram derejesinde özara güýç synanyşdylar. Şunlukda, Osman Ärjanow, Şahruzbek Haýtbaýew, Şokirbek Allambaýew, Mahmutjan Allambaýew, Behruzbek Haýtbaýew, Jelaleddin Tirkeşow, Şajan Ýollyýew, Daniýar Matkarimow, Arslan Hojaberdiýew, Kemran Artykow dagy öz agram derejelerinde birinji orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

19.03.2026 79
Sport

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХV spartakiadanyň çäklerinde sportuň basketbol görnüşi boýunça oglan-gyzlaryň arasyndaky ýaryş Daşoguz welaýat häkimliginiň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa welaýatyň etraplaryndan we Daşoguz şäherinden ýeňiji bolan toparlar gatnaşdylar. Ýaryş Daşoguz şäherindäki 28-nji orta mekdebiň basketbol eýwanynda geçirildi. Ýaryşda oglan-gyzlar aýratynlykda aýlaw esasynda bäsleşdiler. Oýunlar diýseň gyzykly we ruhubelent ýagdaýda geçdi. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda hem Daşoguz şäheriniň toparyna taý gelen bolmady, olar garşydaşlarynyň hemmesini utmak bilen, birinji orny eýelediler, ikinji orny Garaşsyzlyk etrabynyň topary, üçünji orny bolsa Akdepe etrabynyň topary eýelediler. Ýeňiji bolan toparlar ýaryşyň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

02.03.2026 65