Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Jemgyýet

Bedewleriň syzgyrlygy, ýyndamlygy, güýçlüligi, ylahy  üşükliligi, eýesine wepadarlygy dogrusynda gadymdan galan hekaýatlar, rowaýat kysmy gürrüňler halk içinde kän. Şeýle gürrüňleriň birini obadaş ýaşulularyň birinden eşidipdim. Şol hekaýatda aýdylyşyna görä, gum içindäki obalaryň birinde mal-garaly, barjamly bir çopan ýaşapdyr. Öýlenip, özbaşdak öý-ojak bolup, halallygy, zähmetsöýerligi durmuş ýörelgesine öwren çopanyň goýunlarynyň baş sany ýylyň-ýylyna artyp, özbaşyna bir süri bolupdyr. Çopanyň ýakyn syrdaşy saýýan bedew aty hem bolupdyr. Ol uly aýlawlarda hemişe baýrakly orunlary eýeleýän bedewini aýratyn yhlas siňdirip seýisläpdir. Günlerde bir gün çopan bedew atynda ynjalyksyzlyk duýýar. Şol gün agşam diýseň güýçli ýel turup, asman-zemini saýgarar ýaly bolmandyr. Uzakly gije dowam eden ýel daňdana golaý köşeşipdir. Daňdan adaty endigine görä ýataga baryp, mallaryndan habar alan çopan ahyrda bedew atynyň ýoklugyny bilýär. Serinden dürli pikir-oýlar gelip geçen çopan derhal bu ýagdaýyň sebäbini anyklamaga girişýär. Goňşy-golama, obadaşlara habar ýetirýär, emma gördüm-bildim bolmaýar. «Durnaň üstüne urna» diýlişi ýaly, şol wagt  çolugy hem agşamky tupanda goýun sürüsiniň hem tazygyp gidendigini habar berýär. Çopan wagt ýitirmän, obadaşlary bilen mallaryň gözlegine çykýar. Ýerli-ýerden yz çalyp ýörüşlerine uzaklaşman sürini tapýarlar. Sürä möjek aralaşyp mallaryň ýaralysynyň bardygyny bilýärler. Derhal sanap, sürüden kän malyň kem däldigini anyklaýarlar. Şonda çopany hem onuň ýanyndakylary bir ýagdaý haýran galdyrypdyr. Ýagny süriniň gapdalynda çopanyň bedewi hem gezip ýören eken.  Hol beýlede gapyrgalary kül-owram bolan möjegiň jesedi ýatan eken. Çopan sürini möjekden halas eden bedewiniň boýnundan gujaklapdyr. Bu gürrüň bedewleriň näderejede duýgurlygyny, halkymyza Hak tarapyn berlen syrdaşdygyny beýan eýleýän wakanyň hekaýaty. Şemalsyz çöp başynyň gymyldamaýşy ýaly, hekaýatlar ýöne ýerden, howaýylykdan döremeýär. Hekaýatlar  durmuş hakykatyndan gözbaş alyp döreýär.

15.04.2024 572
Jemgyýet

Türkmen halky gadymyýetden bedew atlary özleriniň göz - guwanjy hem wepaly dosty hasaplapdyr. Taryha ser salsaň her bir türkmen ýigidiniň ahalteke bedewi bolupdyr. Atlary seýislemegi, serenjam bermegi, olary dürli şaý-sepleri bilen bezäp apalan atşynaslar bedewleriň gylyk-häsiýetlerine belet bolup, olar bilen syrlaşmagy hem başarypdyrlar. Halkymyzda şu nukdaýnazardan «Atdyr ýigidiň ýoldaşy» diýen aýtgy hem ýönelige dörän bolmasa gerek. Çünki dartgynly söweşlerde, öý-hojalyk işlerinde, alys ýerlere gidilende, çopançylykda, umuman, haýsy ugry alyp görseň hem ahalteke bedewleri eýesiniň wepaly syrdaşy, ýolbeledi bolup gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri toýdur-baýramlarymyzyň bezegidir. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ata Watanymyzda her ýyl döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi, onuň çäklerinde dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň yzygiderli guralmagy bolsa bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň näderejede beýikdigini alamatlandyrýar. Köptaraply taryhy medeniýetiň eýesi bolan türkmen halky şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp atşynaslyk sungaty bilen göreni haýrana goýýar. Kämilligiň beýik nusgasyny peşgeş beren türkmen halky wepaly, çydamly, ýyndam bedewleriň saýlama tohumlaryny-da döredipdirler. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda atlaryň döreýşi, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, türkmeniň seýisçilik sungaty we başga-da birnäçe tilsimleri ussatlyk bilen ele alyp, asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin içgin aladalanypdyrlar. Asyl ganly tohum atlar gözüň göreji ýaly aýalypdyr. Olaryň ata we ene tarapynyň ýedi arkasynyň arassa ganlylygy hem berk yzarlanypdyr. Tohum atlaryň iýmitlendirilişi hem beýleki atlardan tapawutly bolupdyr. Adamzadyň wepaly dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy hasaplanýan bedewlerimiziň waspy nusgawy edebiýatymyzda hem mynasyp orun alyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden ajaýyp eserlerinde öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Aty gerek» goşgusynyň:   At gazanan goç ýigidiň, Owal bedew aty gerek —   diýen setirlerinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Üsti bedewiň» goşgusynyň:   Münende şaý bolsa tükel esbaby, Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň. Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby, Şonda biarmandyr üsti bedewiň.   Bedew münen deh diýip, girer oýuna, Ony gören gözler ajap söýüne, Berip alsaň ýüz müň düýe-goýuna, Şonda-da arzandyr üsti bedewiň —   diýen bentleri hem tassyklaýar. «Görogly» şadessanynda bedew atyň keşbi çeperçilik bilen açylyp görkezilýär. Ýagny Göroglynyň ýakyn hemrasy, syrdaş dosty bolan Gyrat onuň üçin örän gymmatly daýanç bolupdyr. Şadessanda:   Çandybile az galypdyr aramyz, Hakyň takdyryna nedir çärämiz, On sekiz ýerimizden düşdi ýaramyz, Gyrat meni Çandybile sen ýetir! —   diýip bedew atyna ýüzlenýär. Bu bolsa olaryň arasyndaky ýakynlygy hem-de birek-birek bilen düşünişip bilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada yzygiderli aladalar edilýär. Şonuň netijesinde hem Döwlet tugramyzyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan behişdi bedewleri oňat seýisläp, köpeltmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

15.04.2024 689
Jemgyýet

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasydyr. Arassa ganly ahalteke atlarynyň tohumynyň has-da kämil görnüşde häzirki günlerimize gelip ýetmeginde Milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, belli atşynas Aba Annaýewiň uly goşandy bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda bellenilişi ýaly, Berdimuhamet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigi mälimdir. Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Aba Annaýewiň ady 1916-njy ýyldan bäri Zakaspi oblastynyň Aşgabat uýezdiniň atçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarynyň düzüminde görkezilip gelinýär. Şol resminamalarda onuň gara reňkli, üçýaşar, maňlaýy sakar meşhur bedewiniň bolandygyny okamak bolýar». Aba Annaýewiň bedew ata ideg etmek barada beren gymmatly maslahatlary biziň günlerimizde-de seýisçilik sungatynda ulanylýar. Olaryň käbirleri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda getirilip, şeýle diýilýär: «Aba: «Bedewe «haýwan», «mal» diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, biri-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş, hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir» diýerdi». «Döwlet guşy» romanynda Aba aganyň bedewleriň derdini anyklaýşy, ata ideg edilende mahal-mahal onuň gözlerine seredip, içki dünýäsine aralaşyp durmak barada beren maslahaty şeýle ýatlanylýar: «...sen atyň aram-aram ullakan garamyk gözlerine bir seret, ahyryn. Gözlerinde ähli derdini aýdýar-a, ol». Ussat seýis Aba Annaýewiň bedew ata bolan yhlasy we söýgüsi oňa ynsanlaryň bedewe bolan garaýşyny gözünden aňmaga mümkinçilik beripdir. Aba aganyň inisi Berdimuhamediň bedew ata üýtgeşik mähir we söýgi bilen garaýandygyny, onuň bedewleri göreninde gözlerinde döreýän uçgunlary görendigi, şonuň üçin-de, inisine at çapmagyň tilsimlerini öwredendigi dogrusynda «Älem içre at gezer» romanynda şeýle ýazylýar: «Towsaklap duran bedew atlary görende inisiniň gözleriniň ýanyp başlaýandygyny, olara nähili söýgi bilen garaýandygyny bilip, onuň basym-basymdan athana gelip durmagyny isleýärdi. Ol inisine iň gowy çapuw atlaryň biri bolan Tuwlugy-da sowgat edipdi. Oňa özi seredip berýärdi, seýisleýärdi. Aram-aram onuň aty aýlawda ozup, baýrak alaýdygy, obadaşlary Berdimuhamedi gutlaýardylar. Ol bolsa minnetdarlyk bilen agasyny ýatlaýardy...». Berdimuhamet mugallymyň Dagarman atly atynyň bolandygy, oňa maşgalada edil çaga sereden ýaly seredilendigi, maşgala agzalarynyň bedewe bolan söýgüsi «Döwlet guşy» romanynda çeper beýan edilýär. Eserde Berdimuhamet mugallymyň Watan goragyna gideninde-de atynyň aladasyny edip, ony obadaşy, eseriň gahrymany Berkeli aga berip gidişi, şol pursatda onuň aty Dagarman bilen hoşlaşygy şeýle beýan edilýär: «Berdimuhamet aty bilen hoşlaşdy, oňa özüniň obada bolmajakdygyny, gelýänçä Berkeli aga hyzmat etmelidigini aýtdy. Dagarman eýesiniň sözüne intipis edip, gussaly bakdy». Soňra bolsa «Dagarman eýesiniň sözüne ýa düşünmändir ýa-da düşünse-de, sargyda tabyn bolmak islemändir, ertesi Dagarman öňküje ýerinde durdy» diýen jümleleri getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň eýesine, saklanan ojagyna wepalylyk häsiýetini beýan edýär. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri nazarlaýan döwründe ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende galdy. Behişdi bedewlerimiz baradaky aladanyň dünýä derejesine çykarylan ajaýyp döwrümizde bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyzyň bu döwletli-döwrana buýsanjy çäksizdir.

15.04.2024 536
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny wagyz etmek maksady bilen, «Doganlyk halklaryň umumy abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň binýady» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde guramagynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň kiçi mejlisler zalynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklaryndan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ajaýyp toý sowgady bolandygy dogrusynda nygtadylar. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şular ýaly çuň manyly, agzybirlige, dostluga, parahatçylyga çagyrýan kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny, janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

12.04.2024 508
Jemgyýet

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher bölüminiň guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala gymmatlygyny, ahlak arassalygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmek maksady bilen, «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak maksady bilen, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler  ruhy we beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmek babatynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler hakynda aýratyn durup geçdiler.

11.04.2024 461
Jemgyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralary Daşoguz welaýatynda hem giň gerimde dowam edýär. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan şeýle çäreleriň biri Daşoguz şäherindäki Magtymguly meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. «Magtymguly Pyragy — berkararlyk şygary» atly aýdym-sazly dabara welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet, Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guramagynda geçirildi. Dabaranyň dowamynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren, akyldar şahyrymyzyň şanyna döredilen aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Welaýat Medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň ýerine ýetiren joşgunly tanslary has-da täsirli boldy.

10.04.2024 470
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynda badalga berlen gowaça ekişiniň depgini barha güýçlenýär. Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy kärendeçileri hem şu ýyl 7300 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirip, bu işi agrotehniki kadalara laýyklykda gyzgalaňly alyp barýarlar. Paýdarlar jemgyýetinde gowaça ekişi hojalygyň Was, Aşyk Aýdyň düzlüklerindäki ýerlerinde ýokary depgine eýe bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa bu çäre onuň oba arasyndaky ýerlerinde hem günsaýyn gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Munuň bu ýerde gowaça ekişine ýokary hilli taýýarlyk görülmeginiň netijesidigini bellemek zerurdyr. Belli bolşy ýaly, paýdarlar jemgyýetinde ýer sürüminde, tekizlemesinde täze tehnologiýaly, kuwwatly tehnikalaryň ulanylyşy ýaly, gowaça ekişinde hem olara uly orun berilýär. Hojalykda öz kärende ýerlerini irki möhletlerde gowaça ekişini geçirmäge doly taýýar eden kärendeçi daýhanlar örän köp. Olaryň hatarynda Altyn Goçkarowanyň, Eziza Töräýewanyň, Ikram Nurmetowyň, Jemile Mätgurbanowanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak mümkin. Ýeri gelende bellesek, bu kärendeçiler geçen ýyllarda-da özleriniň gözegçilik edýän meýdanlaryndan örän ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Hojalygyň kärendeçileriniň ýerden bol hasyl öndürmekleriniň esasy sebäbi olaryň ýeriň sürümine, tekizlenilişine, suwdan gandyrylyşyna, gurplandyrylyşyna aýratyn üns bermeginden gelip çykýar. Bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilen meýdanlarynyň gyrasynda goşmaça ders döküniniň uly üýşmekleri muňa ýene bir mysaldyr. Görnüşi ýaly, diňe bir welaýatda däl, eýsem ýurdumyzda öz üstünlikleri bilen giňden tanalýan bu paýdarlar jemgyýetinde gowaça ekişiniň depgini gün geldigiçe, belki-de, sagatsaýyn ýokarlanýar. Bu bolsa onuň şan-şöhratly ýylymyzda has-da belent sepgitlere ýetmeginiň berk binýadydyr.

09.04.2024 507
Jemgyýet

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher bölüminiň guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala gymmatlygyny, ahlak arassalygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmek maksadynda, «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» diýen at bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, talyp gyzlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zähmetsöýer, ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.

09.04.2024 518
Jemgyýet

Daşoguz welaýat Daşky gurşawy goramak müdirligi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi bilen bilelikde welaýatyň tokaýlarynda, sähralarynda we çöllerinde ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli çärelere bagyşlanan okuw maslahatyny gurady. Oňa welaýatyň çäklerinde bu ugurda hereket edýän gulluklaryň, degişli edara-kärhanalaryň wekilleri, hünärmenleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda edilen çykyşlardan görnüşi ýaly, ýaz-tomus pasyllarynda howanyň maýlamagy, soňra gyzmagy bilen, ýurdumyzyň, şol sanda welaýatyň tokaýlarynda, sähralarynda we çöllerinde ýangyn döremek howpy artýar. Munuň hem esasy sebäbi şol ýerlere ildeşlerimiziň dynç almaga, gezelenç etmäge köpçülikleýin çykmaklaryna, şonuň ýaly-da, olaryň hojalyk maksatly işler bilen meşgullanmaklaryna bagly bolýar. Şonuň üçin hem şeýle hadysalaryň öňüni almak babatda zerur çäreleriň amala aşyrylmagy, ilat arasynda degişli düşündiriş işleriniň amala aşyrylmagy zerurdyr. Tebigatymyzyň bezegi bolan tokaýlar, sähralar, çöller biziň baýlygymyzdyr. Ony goramak her bir adamyň borjy bolup durýar.

08.04.2024 484
Jemgyýet

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bu gaznanyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Olimpiadanyň dowamynda ýeňijiler kesgitlenilip, olaryň hatarynda Daşoguz welaýatyndan hem Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Begenç Gummanowyň 1-nji orna mynasyp bolup, altyn medal gazanandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Şeýle hem bu olimpiadada şäherdäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Koçkarow, 26-njy orta mekdebiň okuwçylary Rahymberdi Döwletmyradow, Arman Ahmedow 2-nji orny eýeläp, kümüş medala, 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahkambek Hudaýarow, 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Bahar Niýazmetowa dagy 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldular. Bu gazanylan guwandyryjy netijeler berkarar döwletimizde amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

05.04.2024 585

Täze habarlar

Jemgyýet Her kim bir agaç ekse ýadygär...
06.11.2026   44
Jemgyýet Garaşsyzlygyň eçilen bagty
05.11.2026   41
Jemgyýet Berekediň baýramy
05.11.2026   39
Jemgyýet Baky bagtyň şuglasy
04.11.2026   39
Jemgyýet Şa gadamy düşen ýerler gülleýär
04.11.2026   43
Jemgyýet Ulgamda gazanylýan üstünlikler
03.11.2026   38
Jemgyýet Öwüt-nesihat — beýik terbiýe
03.11.2026   39