Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Jemgyýet

Türkmen halky päklige beslenip gelen Oraza aýyny ruhubelentlik bilen garşylaýar. Mukaddes aýyň gelmegine köpler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Halkymyz täze dogan Aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýär. Oraza aýynda edilýän dilegler ynsany päklige, sagdynlyga, ynsanperwerlige ruhlandyrýar. Mukaddes Remezan aýy agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň, hoşniýetliligiň, ýagşy gylyk-häsiýetli, arassa ahlakly, göreldeli bolmak hakyndaky ýagşy doga-dilegleriň kabul bolýan aýydyr. Mukaddes Remezan aýynda Oraza tutmak bolsa adam bedeniniň ähli ulgamyny sagdynlaşdyrýar. Adatça, yzygider işleýän iýmit siňdiriş ulgamy agyz beklän adamda birneme dynçlykda bolýar. Şeýlelikde, beden agzalarynyň zeperlenen ýeri bar bolsa, azda-kände bitişmäge mümkinçilik bolýar. Oraza adamyň ýürek-gan aýlanyş, iýmit siňdiriş ulgamyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Adam bedeniniň degna ulgamyna has köp agram düşýär. Beýnidäki dokumalar we öýjükler endamyň iň näzik, şol bir wagtyň özünde-de gurluş taýdan has ösen bölegidir. Bu dokumalar we öýjükler tutuş bedeniň nerwleri bilen baglanyşyklydyr. Her bir öýjük aýratyn wezipäni ýerine ýetirýär. Köp işleýän merkezi degna ulgamy gany köp talap edýär. Iýmit siňdiriş agzalary nahardan doly bolanda, ganyň aglaba bölegi şol tarapa gönügýär. Netijede, beýnä barýan gan azalýar, gan ýetmedik beýniniň işjeňligi peselýär. Beýni öz funksiýasyny ýerine ýetirip bilmeýändigi üçin çenden aşa nahardan doýan adam ukuçyl bolýar, kän bir hereket edesi gelmeýär. Agzyny bekleýän adamyň bolsa degna ulgamy dynç alýar, munuň özi ony köp dertden goraýar. Ýürege damar gatama keseli, degna ulgamynyň bozulmagy hem-de aşgazanyň hemişe hereketlenip durmasy zyýan ýetirýär. Agyz beklemek gan aýlanyşyny hem kadalaşdyrýar. Oraza tutan adamyň ganynyň düzüminde holesteriniň derejesiniň peselýändigi hem anyklanyldy. Gan damarlarynyň iç ýüzünde ýygnanan holesterin bölejikleri hem ganyň akymyna garyşyp, gan damarynyň gatama keselini ýok edýär. Nahary köp iýmek keseliň başy hasaplanylýar we adam üçin zyýanlydyr, berhiz bolsa bejerginiň başydyr. Oraza tutmak bagry sagdynlaşdyrýar. Iýmiti siňdirmekden başlap, tutuş bedendäki himiki hadysalaryň aglabasy bagyrda bolup geçýär. Bagra agram düşdügiçe, onuň işjeňligi peselýär. Agyz beklän adamyň bagry bolsa birneme rahat bolup, ganyň düzümindäki zyýanly maddalaryň ençemesini zyýansyzlandyrmaga ukyply bolýar. Oraza bedeniň açlyga hem suwsuzlyga durnuklylygyny ýokarlandyrýar, adamyň ömrüni uzaldýar, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada öwrülmegine ýardam edýär. Ymam Gazaly nesihatlarynda: «Oraza tutmaklyk jan üçin zekat, beden üçin taplanyş, ýagşylyga çakylykdyr» diýipdir. Oraza tutulan ilkinji günden başlap, dürs iýmitlenmek üçin üns berilmeli zatlar, ýagny ertirlik nahary oňat kabul edilse, bedene gerek bolan energiýa ýeterlik bolýar, kaloriýalarynyň mukdary azrak bolan süýtli tagamlara köpräk üns berjek bolmaly. Iýmit siňdiriş ulgamyny sagdynlaşdyrýan gök önümleri we ter miweleri, gowrulan däl-de, gaýnadylan ýa-da buglanan naharlary köpräk iýmeli, süýji şokolad we hamyrly kökeleri azaltmaly. Fiziki maşklary ýerine ýetirip, pyýada gezelenç etmeli. Sagdyn hereket içegäniň işleýşini kadalaşdyrýar, ganyň düzümindäki şekeriň we holesteriniň mukdaryny azaldýar.

13.03.2024 629
Jemgyýet

Kalby haýyrly işlere yhlasdan, ýagşy niýet-pälden doly merdana halkymyz ýene-de bir aýy — mukaddes Oraza aýyny garşy alýar. Aýlaryň serweri hasaplanýan bu mukaddes aýyň gelendigini buşlap, şadyýan çagalaryň ýürek buýsançlaryna garyp aýdýan ýaremezanlary her bir türkmen ojagyna bagtyň şuglasyny, ruhy galkynyş eçilýär. Remezan aýynda adamlar oraza tutmak bilen ybadaty berjaý edýärler, kalplaryny arassalaýarlar, ýaramaz endiklerden saklanýarlar, nebsine buýurmaga, gep-gybatlardan, erbet işlerden daşda durmaga çalyşýarlar. Adamlar agyz beklemek bilen, beden saglygyny gazanýarlar. Mukaddes aýyň dowamynda agzaçar sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär, adamlar bir-birege has ýakynlaşyp, köňül maksatlarynyň bitewüligini gazanýarlar. Bu mukaddes aýyň soňky günlerinde keramatly Gadyr gijesiniň bolmagy, birek-birege ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler aýdylyp, ruhy päkligiň gazanylmagy aýyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Mukaddes Oraza aýynda etjek ýagşy doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

09.03.2024 493
Jemgyýet

Baharyň göwünlere galkynyş, tebigata özgeriş getirýän ajaýyp pursatlarynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar gülden görkli gelin-gyzlarymyzyň taryhy döwürde sarpasynyň has-da belent tutulýandygyny alamatlandyrýar. Nurana baýramçylyk mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Zenanlar — berkarar Watanymyzyň mertebe tugy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler jaýynda geçirilen dabara dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar gelin-gyzlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler täze taryhy döwürde zenanlara goýulýan belent hormat-sarpa hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Çykyşlarda jemgyýetimizde zenanlaryň tutýan ornunyň uludygyny, olaryň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellediler. Baýramçylyk çäresiniň dowamy şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň hem-de çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

09.03.2024 1191
Jemgyýet

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda gül-lälelere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramçylygyny uludan bellemeklik her bir ynsanyň kalbyny heýjana salýar. Diýarymyzyň çar künjeginde bu ajaýyp bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler barha dabaralanýar. Döwlet derejesinde edilýän şeýle tagallalar mährem enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini has-da joşdurýar. Parasatly türkmen zenanlary taryhyň islendik döwürlerinde maşgala ojagynyň sarsmaz sütüni, edep-terbiýe, ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy şeýle hem öýüniň nury, ýaraşygy bolupdyr. Olar tebigatyň adamzada bagyş eden iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, ony eýýamlardan eýýamlara geçirýärler. Türkmen halky öz zenanlaryny, mähek daşyna deňelýän kümüş saçly eneleri hemişe ýokary mertebelerde goýup, arzylaýan halk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olary “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglap,  Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly atlar dakylýar. 8-nji mart baýramçylygynyň bellenilýän toýly günlerinde eneleriň, türkmen zenanlarynyň waspy şahyrana şygyrlarda, hoş owazly aýdym-sazlarda, surat eserlerinde mahlasy tutuş adamzadyň dilinde belentden belent ýaňlanýar.        Nazaket HASANOWA, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 48-nji orta mekdebiniň mugallymy.

08.03.2024 1528
Jemgyýet

Taryhy mejlisiň ähmiýetine bagyşlandy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleriň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler şu ýyl üçin kesgitlenen maýa goýum Maksatnamasynda öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada durup geçmeginiň ýylymyzy rowaçlandyrmakda uly wezipeleri öňde goýýandygyny nygtadylar. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary esasynda kabul edilmeginiň taryhy ýylymyzda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetmekde uly çelgi bolup durýandygy barada buýsanç bilen aýdyldy. Soňra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.

07.03.2024 1055
Jemgyýet

Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde «Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy!» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Mekdebiň türkmen dili we edebiýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen bäsleşikde talyplar Magtymguly Pyragynyň goşgusyny labyzly okamak, şahyryň döredijiligine degişli sowallara jogap bermek, söz ussadynyň şygyrlaryny many taýdan derňäp gürrüň bermek we sergi taýýarlamak ýaly şertler esasynda bäsleşdiler. Bäsleşige 6 sany talyp gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, ýeňijiler kesgitlenip, olara  TDP-niň welaýat komitetiniň sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy

07.03.2024 1237
Jemgyýet

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ilatyň saglygyny goramakda, dürli keselleriň öňüni almakda saglygy goraýyş işgärleriniň hem mynasyp goşandy bardyr. Ulgamda zähmet çekýän eli ýeňil lukman gelin-gyzlaryň netijeli zähmetini Halkara zenanlar gününiň uly dabaralara beslenýän günlerinde sarpalamak maksady bilen, welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen baýramçylyk maslahatynda öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hormat hatlary we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

07.03.2024 477
Jemgyýet

Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, bagtyýar zenanlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary welaýatymyzda guramaçylykly geçirildi. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän şadyýan gyzjagazlara, orta mekdeplerde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan gyzlara nurana baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralarynda çykyş edenler berkarar döwletimizde zenanlara goýulýan sarpa hakynda buýsançly gürrüň etdiler.

06.03.2024 1154
Jemgyýet

Binagärlik-taslama maksatly döredijilik sergi bäsleşigi

05.03.2024 1409
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Altynýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde Daşoguz welaýat Onkologiýa hassahanasynyň guramagynda ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygynyň çäklerinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri, welaýatyň bilim, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, düýpli bejermek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini bellediler. Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşmek we ony irki döwürde ýüze çykarmak babatda skrining barlaglarynyň ýola goýulmagy öz netijesini berýär. Ýüze çykan keseli wagtynda bejermek maksady bilen geçirilýän bu barlaglar zenanlaryň saglygyny gorap saklamak ugrunda edilýän işleriň aýdyň şaýadydyr. Çykyş eden onkolog lukmanlar sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýermegiň keselleriň öňüni almak babatda möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

23.02.2023 489

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   38
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   24
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25