Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Jemgyýet

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Dabarasy dolup bütin äleme, bagty buşlap, Nowruz geldi ilime!» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirdi. Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler bagtyýar we joşgunly ýaşaýşyň baýramy bolan Nowruz baýramynyň baharyň buşlukçysy hasaplanyp, ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrýan, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan, zähmetsöýerlige ruhlandyrýan baýramdygyny bellediler. Dabaranyň dowamynda mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren baýramçylyk çykyşlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

23.03.2024 1228
Jemgyýet

Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Daşoguz welaýat häkimliginiň guramagynda «Eli tagamly çeper gyzlar» ady bilen talyp gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem baý mazmuna eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige Daşoguz welaýatynyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, gyzlar «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, tagamlara baý toý saçagyny taýýarlamak, datly milli naharlary hödürlemek we olary şahyrana sözler bilen taryp etmek boýunça bäsleşdiler. Talyp gyzlar emin agzalarynyň aýry-aýry tagamlaryň taýýarlanylyş aýratynlyklary hakynda beren soraglaryna jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji şerti eli datly gyzlary saýlap-seçmekde möhüm tapgyr boldy. Talyp gyzlar uzyndan seçelenip duran unaş kesmegiň hötdesinden ussatlyk bilen geldiler. Üçünji tapgyrda talyp gyzlar Nowruzyň, bahar paslynyň waspyny aýdym-sazlaryň, gazallaryň, dessanlaryň üsti bilen ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşoguzyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary birinji, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary ikinji, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan talyp gyzlar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

22.03.2024 534
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Bu gün bolsa türkmen halky asyrlaryň dowamynda uly dabaralar bilen bellenilýän Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe barýar. Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti barada hormatly Arkadagymyz: «Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa ruhlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylygy we birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrýar» diýip belleýär. Nowruz baýramynyň döreýiş taryhy örän gyzyklydyr. «Nowruz» sözi «Täze gün» diýmegi aňladýar. Ýagny «now — täze», «ruz — gün» diýmekdir. Nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen bäri halkymyzyň dabaraly baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy halk, gadymy taryhymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze ýylyň başy otparazlaryň mukaddes kitaby bolan «Awestada» bellenişi ýaly, gije bilen gündiziň deňleşýän gününe gabat gelýär. Zoroastrizm dininiň ýaýramagy bilen bu baýramçylyk dünýäniň dürli sebitlerinde dini baýramçylyk hökmünde bellenip başlapdyr. Biziň eýýamymyzyň başynda mälim bolan türkmen halk dessany «Ergenekonda» ata-babalarymyz bolan Göktürkmenleriň demir daglary eredip, azatlyga çykyşlary we öz Watanyna dolanyşlary suratlandyrylýar. Olar özleriniň azatlyga çykan günlerini «Ergenekon», ýagny «azatlyk güni» diýip atlandyrypdyrlar. Şol gün bolsa mart aýynyň 21-ine gabat gelýär. Soňra bu baýramy türkmenler we beýleki türki halklar her ýyl bellemegi dowam edipdirler. Orta asyryň meşhur akyldarlarynyň biri bolan alym Abu Reýhan al-Biruny özüniň «Öten nesillerden galan ýadygärlik» atly eserinde orta asyrlarda Nowruz baýramynyň bellenilişi barada: «Horezm ilaty Nowruzy adamlaryň döremegi bilen baglanyşdyrýar. Bu gün ferwerdin (ilkinji aý) aýynyň nowruz güni hasaplanýar. Bu baýram bütin türki halklaryň baýramydyr. Olar Nowruzdan iki gün öň öýlerini arassalap, keçelerini, halylaryny kakyşdyryp, päkizeläpdirler. Diňe soňky gün tagamly naharlary taýýarlap, goňşular biri-birleriniň öýlerine barypdyr» diýip belleýär. XVII asyrda ýaşap geçen Hywa hany Abulgazy han özüniň «Türkmenleriň nesil daragty» atly eserinde oguzlaryň Nowruz baýramyny belleýşi hakynda: «Oguzlar uzak wagtlap duşman bilen söweşip, öz ýurtlaryna dolanan günlerini mart aýynyň ahyry bilen baglanyşdyrypdyrlar. Şol güni «Erkin gün» hasaplapdyrlar. Olar uly ot ýakyp, onda demir gyzdyryp, çekiçläpdirler. Munuň özi oduň güýji bilen ýere we suwa täsir edip, ýeri we suwy gyzdyryp, sowugy kowduklary bolýar. Ýer janlanyp başlaýar, otlar gögerýär» diýip belleýär. Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň köpdürlüligini gorap saklamak hem-de ony dünýä ýaýmak maksady bilen, bu baýramçylyk 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada Kararnama kabul edildi.

21.03.2024 457
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäherindäki Magtymguly meýdançasynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara baý many-mazmuna eýe boldy. Turuwbaşdan uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada Akdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Bally Seýitberdiýew, etrapdaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy, şahyr Oguljennet Nazarowa, 13-nji orta mekdebiň mugallymy, Ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Aýbölek Begenjowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, şahyr Kerim Berdigylyjow we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar özleriniň täze döreden goşgularyny okap berdiler. Aýdym-sazly dabaraly çärede etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde şahyryň «Äleme belgilidir» atly şygry esasynda goýlan kompozisiýa, mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde akyldar şahyra bagyşlanan sahna oýnuna tomaşa edildi. Beýik Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdym-sazlar ýaňlandy.

20.03.2024 524
Jemgyýet

Köňülleriň, ýürekleriň birleşýän şanly ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri welaýatymyzda giň gerimde dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Magtymguly Pyragynyň Daşoguz şäherindäki ýadygärliginiň öňünde baýramçylyk çäresi geçirildi. «Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi» ady bilen geçirilen dabara medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Dabarada Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Welaýatymyzyň bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar dabaranyň milli öwüşginini has-da artdyrdy. Hoş owazlar bilen birlikde, döredijilik işgärleriniň şanly ýylymyza bagyşlap döreden goşgulary baýramçylyk çäresine ruhy joşgun eçildi. Bu ýerde guralan kitap sergisi dabara gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Muzeý gymmatlyklarynyň täsin hatary toý döwresiniň milliligini artdyrdy.

20.03.2024 512
Jemgyýet

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigine ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda bilim alýan gyzjagazlar gatnaşýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde Daşoguz welaýatynyň  Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Baş baýraga mynasyp boldy.

19.03.2024 562
Jemgyýet

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler eýwanynda welaýatyň umumybilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda usuly okuw maslahatyny gurady. Okuw maslahatynda çykyş edenler betbagtçylykly tebigy hadysalaryň ýetirmegi mümkin bolan zyýanyny azaltmak, bu babatda amala aşyrylmaly çäreler barada gürrüň berdiler.

18.03.2024 532
Jemgyýet

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gözel tebigatymyzy, daşky gurşawyň sazlaşygyny, ekologiýa abadançylygyny çeper şekilleriň üsti bilen wasp etmek maksady bilen, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramagynda Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda «Baharda Watanymyzyň waspy» atly surat çekmek we sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde emin agzalary çekilen suratlaryň hiline, reňk sazlaşygyna, bezegine hem-de mazmunyna, çeperligine üns berip, ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlary ýüze çykardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara TMÝG-niň welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

18.03.2024 571
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şonda ymgyr Garagumuň jümmüşinde bakylýan dowar, düýe sürüleriniň suw bilen ýeterlik üpjün edilmegi baradaky aladalar uly orny eýeleýär. Häzirki döwürde Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda hem mallar Garagumuň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ýaýlalarynda idedilýär. Olaryň suw üpjünçiliginiň talabalaýyk bolmagy esasy meseleleriň birine öwrülýär. «Daşoguzörisuw» bejeriş-gurluşyk kärhanasynyň işçi-hünärmenleri hem bu meseläniň ygtybarly çözülmegine goşant goşmakda yhlasly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini geçen ýylda kärhananyň suw gurluşykçylarynyň ýerine ýetiren işleriniň mysalynda-da görmek mümkin. Çünki olar geçen ýylyň dowamynda jemi 10-a golaý täze guýulary gazyp ýa-da olaryň öňden bar bolanlaryny doly abatlap, çopan-çoluklaryň ygtyýaryna berdiler. Ýeri gelende bellesek, şol guýular Görogly etrabyndaky «Garagum» hem-de Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklaryna degişli öri meýdanlarynda ýerleşýär. Geçen ýylda «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň Gamyşly, Ajyguýy hem-de «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň Baleýşem, Gyzyljaburun, Gündogar sözenli ýaýlalarynda täze guýular ulanylmaga berildi. Guýularyň çuňlugy 22 metrden 50 metre çenli bolýar. Bu olary gurmak üçin köp zähmet çekmeli bolýandygyny aňladýar. Mundan başga-da, kärhananyň suw gurluşykçylary kaklaryň çäginde sardobalary gurmak boýunça hem iş alyp barýarlar. Kärhanada tejribeli, öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşýän guýy ussalarynyň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Rahman Garlyýewiň, Gurbannazar Gutlyýewiň, Röwşen Annamämmedowyň, Dörtguly Babaýewiň atlaryny tutmak bolar. Şonuň ýaly-da, olara uly kömek berýän ulag sürüjiler Hudaýnazar Haljanowyň, Sadylla Ýusupowyň bitirýän hyzmatlary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň öňünde has-da jogapkärli wezipeleriň durandygyny bellemeli. Kärhananyň şu ýyl üçin kabul eden meýilnamasynda Garagumuň uzak ýaýlalarynda ýene-de onlarça guýyny gazmak, abatlamak göz öňünde tutulýar. Bu işleri ýokary derejede amala aşyrmak, guýulary bellenen möhletlerde ulanmaga bermek olaryň esasy aladasy bolmagynda galýar. Nesip bolsa, bu ýyl hem kärhananyň zähmetkeşleri öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmek üçin gaýratly zähmet çekerler.

16.03.2024 571
Jemgyýet

Dil öwrenmek jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gowulandyrmakda we adamlaryň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini ýaşlara öwretmek maksady bilen, birnäçe işler amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi aýratyn uly orna eýe boldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň dil başarnyklaryny ösdürmek, ukyplaryny kämilleşdirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeginde hereket edýän umumy bilim edaralarynda dünýä dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Ýaş nesilleriň dil öwrenmäge bolan ýokary islegini kanagatlandyrmakda, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekde bu alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, umumy bilim edaralarynda dilleri öwretmegiň dürli usulyýet esaslary işlenip düzüldi. Bu babatda sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy has-da amatly şertleri üpjün etdi. Bilim işgärleri daşary ýurt dilleri sapaklarynda dürli tehniki serişdelerden, slaýdlardan hem-de elektron görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanyp, okuwçylara döwrebap bilim berýärler. Ylmyň ösmegi bilen dil öwretmegiň has ygtybarly we netijeli usullary işlenip, tejribä ornaşdyryldy. Bu bolsa bilim işgärleri hem-de okuwçylar üçin dürli ýeňillikleri döredýär, dil öwrenmäge sarp edýän wagtyňy tygşytlamaga ýardam edýär. Daşary ýurt dilini öwretmekde kämilleşdiriş okuwlarynyň yzygiderli guralmagy daşary ýurt dillerini okatmakda täze tejribeleri we usulyýet esaslaryny ylmy önümçilige ornaşdyrmaga kömek berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça giň gerimli işler rowaçlanýar. Bu bolsa ýaş nesilleriň dil başarnyklarynyň has-da ösdürilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

15.03.2024 475

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   38
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   24
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25