Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Jemgyýet

Halk döredijiliginiň jümmüşinde egsilmez hazyna ýatyr. Milli lybaslarda, şaý-sepler bilen bezelen gyzlarymyzyň halk döredijiliginden ýerine ýetirýän läleleri, hüwdüleri, monjugatdy oýunlary, küştdepdi tans sungaty, hymmyllary, «Çapak», «Haý öleň», «Şykga-şykga bilezik» ýaly gazallary, ýerine ýetirýän tanslary gönüden-göni saglyga täsir edýän hereketlere beslenendir. Toýlarda ýerine ýetirilýän hereketli pursatlaryň biri bolan «Gelne baş salmak» däbinde gelin-gyzlarymyzyň gyz tarapy, gaýyn tarap bolup güýç synanyşmaklary özboluşly hem-de gyzykly. Halk döredijiliginde ynsan saglygy bilen bagly birnäçe aýtgylar, nakyllar, tymsallar hem bar: «Giç ýat-da ir tur, alty pişegi artyk ur», «Ýüz görmedik ýüzi ýeňer, ýüwrük — düzi», «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» ýa-da «Läle kakan bilen gopuz çalana damak keseli bilen diş agyrysy gelmez», «Hymmyl oýnasaň, iç-goş sagdyn bolar». Il arasynda gyzamyk çykaryp bilmeýän çaga dutaryň sapyny dişledip saz çalnanda, gyzamygyň örýändigi, saz, söz we hereket bilen gyzamygy bejerip bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Lälelerde bolsa el kakuwy bilen boýun boşlugynyň gan aýlanyşygynyň sazlaşmagy netijesinde, edilýän hereketiň zenanlaryň saglygyna uly täsiriniň bardygyny aňladýar. Halk döredijiligindäki matallaryň ynsan paýhasyny çuňlaşdyrmak bilen bir hatarda, ýatkeşligiň ýitileşmegine-de täsiri bardyr. Türkmen halk döredijiliginde dessanlar, ertekiler hem gönüden-göni öz diňleýjisine akyl-paýhasly bolmagy, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermegi öwredýär.

03.06.2024 1053
Jemgyýet

TMÝG-niň Daşoguz welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň agzybir işgärleri «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň tassyklanan meýilnamasy esasynda dürli ugurlar boýunça wagyz-nesihat işlerini, bäsleşikleri, taryhy ýerlere gezelenç çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirýärler. Etrap, şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän yzygiderli çäreleriň oňyn netijelerini bolsa ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda, sportda we beýleki ugurlarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän ýaşlarymyzyň ýylsaýyn artyp barmagynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen ýaşlarynyň okamaklary, bilim-hünär almaklary, dünýäniň iň kämil, ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi, geljekde-de dörediljekdigi barada nygtady. Halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsus edep-terbiýe alan, döwrebap tehnologiýalardan kämil baş çykarýan türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň sazlaşykly ösüşlerine önjeýli goşant goşýarlar. Islendik ugry alyp görenimizde, zähmet adamlarynyň aglaba böleginiň ýaşlardan ybarat bolmagy hem ata Watanymyzyň güýji-kuwwaty, daýanjy hasaplanýan ýaşlaryň döwrümizi gülletmekde, ata Watanymyzy ösdürmekde öz öňlerinde durýan wezipelere doly düşünýändiklerine, Watan öňündäki perzentlik borçlaryny mynasyp ödeýändiklerine şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli ugurly çäreler, bäsleşiklerdir sport ýaryşlary olaryň döwür bilen aýakdaş gitmegine hem-de döwlet ähmiýetli işlere işjeň goşulyşmagyna uly ýardam berýär. Sazlaşykly işler hormatly Prezidentimiz bilen bagtyýar ýaşlaryň jebisligini has-da berkidýär.

03.06.2024 457
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň çäklerinde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, olar bilen baglanyşykly möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde daşky gurşawyň gözelliginiň artdyrylmagy, onuň aýrylmaz bölegi bolan ýeriň, suwuň arassalygy, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy gazanylýar. Ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen baglanyşykly kanunçylyk has kämilleşdirildi. Muňa soňky ýyllarda «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Aýratyn goralýan ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi-de mysal bolup biler. Olaryň güýje girizilmegi bilen, bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň geriminiň has-da giňeldilmegine derwaýys şertler döredildi. Şeýle hem biziň ýurdumyz bu meseleler boýunça BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň Konwensiýalaryna, şertnamalaryna goşulmak, olary tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýär. Şonda howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreşmek, Aral deňzini halas etmek, Hazar deňziniň biodürlüligini goramak we beýlekiler boýunça durmuşa geçirilýän işler esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitleýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň ahyrynda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň tarapdarlarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralan 28-nji maslahatynda ýurdumyzyň ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we onuň şertlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny yglan etmegi Türkmenistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak ugrundaky işjeňliginiň aýdyň güwäsi boldy. Şonuň bilen birlikde-de, ol ýurdumyzyň Howanyň üýtgemegi hakyndaky Milli strategiýasynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny doly tassyklady. Ýurdumyzda, ýokarda hem bellenilişi ýaly, toprak, suw meseleleriniň ygtybarly çözülmeginiň ekologiýanyň gowulandyrylmagynda esasy orunda durýandygyny göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýan çäreler hem uly ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda Türkmenistanyň «Ýer hakyndaky», «Suw hakyndaky» Kanunlarynda anyk wezipeler kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki resminamalarda hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreler barada aýratyn nygtalyp geçilýär. Elbetde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň esasynda, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, her ýylyň iýun aýynyň başynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň ata Watanymyzda hem baýram hökmünde giňden bellenilmegi döwlet derejesinde bu ugra berilýän uly ünsüň, oňa jogapkärli çemeleşilýändiginiň nyşanydyr. Şoňa görä-de, ol halkymyzyň kalbynda hemişelik orun alan ajaýyp wakalaryň birine öwrülýär.

28.05.2024 522
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sapaly tomusda şypaly mesgenlerde wagtlaryny şadyýan geçirjek bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň ähli künjegindäki sagaldyş-dynç alyş merkezleri doly taýýar edildi. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem  çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň barşynda welaýatdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertler döredildi. Möwsümiň dowamynda «Bagtyýar nesil» dynç alyş merkezinde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaganyň 20 gün dynç almagy meýilleşdirilýär. Dynç alyş möwsüminde merkezde jemi 900 çaga wagtlaryny şadyýan geçirer. Şeýle hem möwsümiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5 tapgyrda, her tapgyrda 100 çaganyň 10 gün dynç almagy göz öňünde tutuldy. Möwsümiň dowamynda bu ýerde jemi 500 çaga göwnejaý dynç alyp biler. Bulardan başga-da, welaýatyň bagtyýar nesilleriniň müňlerçesi «Gökderedäki» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde sapaly tomsy şadyýan geçirerler. Häzirki wagtda dynç alyş merkezleri arassa we ýyly suw bilen doly üpjün edilip, otaglaryň ählisinde sowadyjy ulgamy kadaly işleýär. Merkezlerde çagalaryň wagtlaryny täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin ýörite iş meýilnamalary düzüldi. Meýilnama laýyklykda, möwsümiň dowamynda birnäçe medeni-dynç alyş hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini, dürli bäsleşikleri, ýaryşlary, welaýatyň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklerine gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde welaýatdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde tejribeli bilim işgärleriniň bagtyýar nesilleriň sapaly dynç alşyny guramakda yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Bularyň ählisi çagalaryň tomusky dynç alşyna taýýarlygyň talabalaýyk üpjün edilendigini alamatlandyrýar.

27.05.2024 473
Jemgyýet

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly bäsleşigiň birinji tapgyry Daşoguz welaýatynzda uly ruhubelentlikde geçirildi. Bagtyýar nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözelliklerine, ýurdumyzyň ösüşlerine hem-de parahatçylyga bolan söýgini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bäsleşik berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesilleriň aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 14 ýaşa çenli çagalaryň çeken surat eserleriniň sergisi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryldy. Emin agzalary bäsleşigiň düzgünine görä, zehinli çagalaryň 50 sany işini TMÝG-niň Merkezi geňeşine hödürlediler.

24.05.2024 476
Jemgyýet

Golaýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy mynasybetli, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guran «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi täsirli pursatlara baý boldy. «Şan-şöhraty dünýä dolan Pyragy, döwürleriň, köňülleriň çyragy» ady bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly söz ussatlarynyň heýkelleriniň oturdylmagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, asman we Zemin içre akyldar şahyrymyzyň beýik ýadygärliginiň Köpetdagyň eteginde seleňläp görünýändigi çykyşlarda giňişleýin aýdyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagynyň tutuş halkymyzy begendirendigi aýdyldy.

23.05.2024 436
Jemgyýet

Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen öçmez yz galdyran türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň edebiýat meýdanyna gelmegi hem-de onuň özboluşly şygryýet dünýäsi adamzadyň asyrlarboýy halk döredijiligidir ýazuw ýadygärliklerinde döreden edebi mirasyndan üzňe bolman, eýsem şahyryň döredijiligi şol eserler bilen aýrylmaz baglanyşyk saklaýar. Akyldar şahyryň şygryýet ummanynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Onuň parasatly sözleri ähli döwürleriň nesilleri üçin terbiýe mekdebidir. Magtymguly Pyragynyň kämil şahyrana şahsyýetiniň ýene bir aýratyn tarapy onuň türkmen edebi diliniň düýbüni tutanlygydyr. Soňky ýaşap geçen şahyrlara akyldaryň eserleri uly täsir edipdir. Akyldar şahyryň edebi mirasy köptaraply. Onuň döredijiliginde watançylyk, durmuş baradaky garaýyşlar, ynsan terbiýesi, söýgi, gözellik, ahlaklylyk ýaly meseleler öz ornuny tapypdyr. Döredilen döwründen bäri şahyryň ençeme goşgulary saza goşulyp, aýdym bolup ýaňlanýar. Şygyr setirlerinde pikirleriň durmuş bilen baglylykda beýan edilmegi bolsa şahyryň ussatlygyndan habar berýär. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen halk pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrülip, köpleriň ünsüni özüne çekýär. Daşary ýurtlarda Magtymguly atamyzyň heýkelleriniň oturdylmagy halkyň parasadyna goýlan ýokary bahadyr. Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti dünýäniň dürli künjeklerinden bolan türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenijileriň, alymlardyr edebiýatşynaslaryň, sungaty öwrenijileriň, ýazyjylaryň aýratyn ünsüni çekýär.

21.05.2024 548
Jemgyýet

Garaşsyz ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uly dabaralara beslenip bellenilip geçilýär. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan türkmen halysyna, halyçylyk sungatyna, ony şeýle kämil derejelere ýetiren gelin-gyzlara belent sarpanyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen halysynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, onuň döreýiş taryhyny öwrenmek boýunça çäksiz uly işleri amala aşyrdy. Muňa Milli Lideriň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda beýan edilýän wakalar, berilýän gürrüňler, getirilýän rowaýatlar hem doly şaýatlyk edýär. «Janly rowaýat» kitabynda: «Eger aýdym-saz sözlerde we owazlarda halk durmuşyny beýan edýän bolsa, onda halylarda guşlaryň ganat ýaýmagy, kebelekleriň tolgundyryjy ganat kakmagy, ýeňiljek ýel öwsüşi, dag çeşmesiniň şirrildisi, gül ýapraklarynyň şygyrdysy reňklerde ýüze çykýar» diýlip, çäksiz söýgi-guwanç bilen aýdylýar. Belläp geçişimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň halyçylyk sungatyny ösdürmäge, bu babatda derwaýys şertleri döretmäge aýratyn uly üns berýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde täze halyçylyk kärhanalary açylýar, ozaldan bar bolanlarynyň mümkinçilikleri artdyrylýar. Mundan başga-da, türkmen halysyna bagyşlanan çäreler, sergiler, maslahatlar geçirilip, halyçylyk sungatynyň we halyçy gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Olara gatnaşýan, syn edýän ildeşlerimiziň, şonuň bilen birlikde-de, daşary ýurtly myhmanlaryň täsirli gürrüňleri muny aýdyň tassyklaýar. Ýurdumyzda döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde hem halkymyzyň halyçylyk sungatyny, ýol-ýörelgelerini rowaçlandyrmaga gönükdirilen möhüm işler amala aşyrylýar. Bu babatda Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň we onuň etraplardaky önümhanalarynyň ussat halyçy gelin-gyzlarynyň bitirýän hyzmatlary örän saldamlydyr. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyllarda olaryň ençemesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada, ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Bu belent hormat-sarpa bilen ruhy galkynan tejribeli halyçylar häzirki günlerde has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde-de olar ömürlerini bagyş eden kärleriniň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmek, şeýlelikde, bu gadymy hünäriň uzak geljege dowam etmegine goşant goşmak barada hem ýadawsyz alada edýärler.

20.05.2024 536
Jemgyýet

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, TZB-niň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher bölümleriniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Kalbymda dessanym, dilde aýdymym, belentde parlaýar ýaşyl Baýdagym» diýen at bilen Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler bedew batly ösüşler bilen belent sepgitlere barýan ýurdumyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigi, onuň hem türkmen bagtynyň çüwmegi bilen düşündirilýändigi barada täsirli gürrüň etdiler. Esasy Kanunymyzyň kabul edilmegi, Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi türkmen jemgyýetiniň berkarar döwlet bolmak baradaky maksatlarynyň hasyl bolandygynyň güwäsi bolup, bu goşa mukaddesligiň saýasynda taryhy ösüşleriň başdan geçirilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen nygtaldy. Döwrüň taryhy ösüşlerine laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň döwletiň hem jemgyýetiň bähbitlerini ileri tutmak bilen, ýaşyl Baýdagymyzyň buýsanç bilen parlamagyna uly esas berendigi barada çykyşlarda giňişleýin gürrüň edildi. Dabaranyň dowamynda şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

16.05.2024 462
Jemgyýet

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi. Bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, waspy dünýä ýaň salan halyçylyk sungatymyza, zähmete bolan söýgini kemala getirmek ýaly asylly ýörelgeleri maksat edinýär. Gurnaklary düzýän okuwçy gyzlar, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän haly gurnagyny wasp etdiler, haly önümleriniň gutarylmadyk nagşynyň belli bir bölegini çitip, nagşy barada gürrüň berdiler. Türkmen halysynyň gözelligi, haly sungaty bilen baglanyşykly nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgulary, çeper sahnalary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülçeper Dädemyradowa 1-nji, Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Maýsa Bäşimowa 2-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kümüş Garahanowa 3-nji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we ähli gatnaşyjylara TKA-nyň Daşoguz  welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.

11.05.2024 498

Täze habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
05.10.2026   9
Jemgyýet Dünýäde ykrarly bedew
03.10.2026   52
Jemgyýet Täze maksatlara aýdyň ugur
02.10.2026   24
Jemgyýet «Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
02.10.2026   26
Ykdysadyýet Ekiş ýokary depginde
02.10.2026   29
Jemgyýet Döredijilik sergisi
01.10.2026   26
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   23