Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Jemgyýet

Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde «Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy!» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Mekdebiň türkmen dili we edebiýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen bäsleşikde talyplar Magtymguly Pyragynyň goşgusyny labyzly okamak, şahyryň döredijiligine degişli sowallara jogap bermek, söz ussadynyň şygyrlaryny many taýdan derňäp gürrüň bermek we sergi taýýarlamak ýaly şertler esasynda bäsleşdiler. Bäsleşige 6 sany talyp gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, ýeňijiler kesgitlenip, olara  TDP-niň welaýat komitetiniň sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy

07.03.2024 1131
Jemgyýet

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ilatyň saglygyny goramakda, dürli keselleriň öňüni almakda saglygy goraýyş işgärleriniň hem mynasyp goşandy bardyr. Ulgamda zähmet çekýän eli ýeňil lukman gelin-gyzlaryň netijeli zähmetini Halkara zenanlar gününiň uly dabaralara beslenýän günlerinde sarpalamak maksady bilen, welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen baýramçylyk maslahatynda öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hormat hatlary we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

07.03.2024 447
Jemgyýet

Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, bagtyýar zenanlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary welaýatymyzda guramaçylykly geçirildi. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän şadyýan gyzjagazlara, orta mekdeplerde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan gyzlara nurana baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralarynda çykyş edenler berkarar döwletimizde zenanlara goýulýan sarpa hakynda buýsançly gürrüň etdiler.

06.03.2024 1092
Jemgyýet

Binagärlik-taslama maksatly döredijilik sergi bäsleşigi

05.03.2024 1329
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Altynýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde Daşoguz welaýat Onkologiýa hassahanasynyň guramagynda ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygynyň çäklerinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri, welaýatyň bilim, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, düýpli bejermek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini bellediler. Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşmek we ony irki döwürde ýüze çykarmak babatda skrining barlaglarynyň ýola goýulmagy öz netijesini berýär. Ýüze çykan keseli wagtynda bejermek maksady bilen geçirilýän bu barlaglar zenanlaryň saglygyny gorap saklamak ugrunda edilýän işleriň aýdyň şaýadydyr. Çykyş eden onkolog lukmanlar sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýermegiň keselleriň öňüni almak babatda möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

23.02.2023 451
Jemgyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan, kalplara şatlyk paýlaýan dabaralaryň biri Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginde geçirildi. Maslahata oba hojalyk toplumynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyny öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän beýik işler barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge badalga berýän taryhy çözgütleriniň ähmiýeti hakynda hem nygtadylar. Maslahatda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar çykyş edip, özleriniň şanly ýyla bagyşlap döreden goşgularyny okadylar.

22.02.2023 417
Jemgyýet

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz şäheriniň Magtymguly meýdançasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik işgärleri, bagşy-sazandalar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Medeni çärede şahyrlar we döredijilik işgärleri çykyş edip  akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanyp dürli dabaraly çäreleriň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Mundan başga-da, çykyş edenler dabara gatnaşyjylara ady dünýä dolan beýik Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlap ýazan goşgularyny okap berdiler. Akyldaryň arzuwlan zamanasynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wysal bolandygyny, şeýle-de Magtymgulynyň dünýä ýüzüne ýaň salan çuňňur düşünjelere baý şygyrlarynyň bu gün her bir ynsan üçin nusga alarlyk mekdep bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Dabarada Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlamagynda «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly edebi-sazly kompozisiýa, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Nedirowanyň, şeýle-de çeper höwesjeňleriň ýerine ýetirmeklerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy.

21.02.2023 411
Jemgyýet

Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Daşoguz welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda, şu bank şahamçasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda turuwbaşdan bolup geçýän ajaýyp wakalaryň, gazanylýan üstünlikleriň halkymyzy guwandyrýardygy we buýsandyrýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy iki ýylyň sepgidinde aýratyn ähmiýetli waka boldy. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ähli ugurlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, olaryň bagtyýar geljegi barada buýsanç bilen gürrüň berilýär. Munuň özi diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem hemmeleriň başyny göge ýetirýär, ertirki güne ynamyny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky çäksiz aladalary olaryň her biriniň okamaga, işlemäge, hünär öwrenmäge mümkinçiliklerini artdyrýar. Şular barada maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda nygtaldy.

16.02.2023 389
Jemgyýet

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan bilimli, sowatly, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň esasynda bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk derejä çykarmak babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlara daşary ýurt dilleriniň öwredilmegini kämilleşdirmeklige hem aýratyn üns berilýär. Bilim ojaklarynyň ählisinde diňe iňlis, rus dilleri däl-de, eýsem beýleki dünýä dillerini hem içgin öwrenmeklige ähli şertler döredilen. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini agzamak bolar. Bu ýokary okuw mekdebinde iňlis dili bilen bir hatarda ýapon dili hem içgin öwredilýär. Talyp ýaşlar okuwa ilki dil öwreniş bölüminde başlaýarlar. Okuwda ýapon dilini has gowy öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladalar özüniň ajaýyp miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplaryň sany artýar. Geçen okuw ýylynda ýapon gaznasynyň guramagynda bäsleşik geçirilip, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýapon dilini öwrenýän talyplary gatnaşdylar. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden ýeňijä Ýaponiýada okuw saparynda bolmak we ýapon dilini has-da çuňlaşdyryp öwrenmek mümkinçiligi döredildi. Ylma-bilime höwesli ýaşlaryň döredilýän şertlerden peýdalanyp, dil bilimini diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýä derejesinde kämil derejede öwrenmekleri ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň şaýadydyr.

14.02.2023 434
Jemgyýet

Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça olaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak boýunça ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen sepgitleri, üstünlikleri, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesillerimizde milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek we wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän bagtyýar zenanlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň golaýda Daşoguz welaýat tapgyry «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýylyň dowamynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda has uly üstünlikler gazanan zenanlar bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda çykyş edip, dürli ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň müdiri Haljan Arazmedowa, «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri Çynar Annaýewa, «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugurda Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkeziniň folklor režissýory Gözel Nedirowa, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz şäheriniň 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Merdana Rahimbaýewa, «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň uly gözegçisi Maýagözel Amanýazowa, «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabynyň «Hazynaly toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjemal Atajykowa, «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, telekeçi Jemal Amanowa dagy tapawutlanyp çykyş edip, ýeňişli orna mynasyp bolmagy başardylar we şu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan zenanlara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň aýdym-saz toparynyň çykyşlary guraldy.

13.02.2023 544

Täze habarlar

Jemgyýet Hasabat ýygnagy
18.07.2026   20
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
17.07.2026   21
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   22
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   19
Ykdysadyýet Baglar — durmuşyň bezegi
15.07.2026   18
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   17
Jemgyýet Dalaşgär — 2026
14.07.2026   48