Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Jemgyýet

Ýurdumyzyň obadyr şäherlerini abadanlaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmunynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan Diýarymyzda adam hakynda edilýän aladalar öz beýanyny tapýar. Döwletimiz tarapyndan edilýän bimöçber aladalaryň netijesinde obalarymyz ösýär, özgerýär. Uly özgerişliklere beslenýän obalarymyzy görmäge göz gerek. Oba adamlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp, erkana ýaşaýarlar. Diýarymyzda gözel obalarymyzyň has-da köpelmegi, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, bu baradaky milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamaty. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde gurlan döwrebap Bitaraplyk şäherçesinden täze öý edinmek miýesser eden bagtdan serpaýly adamlaryň munuň üçin begenjiniň-guwanjynyň çägi ýok. Şäherçäniň döwrebap keşbinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, welaýatymyzyň obadyr şäherleriniň barha döwrebaplaşýandygyny aýdyň görmek bolýar.

10.06.2026 148
Jemgyýet

Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde hem-de Daşoguz welaýatynyň arhiw gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar halkymyzyň ruhy dünýäsini we däp-dessurlaryny öwrenmekde iň gymmatly çeşmedir. Türkmen halkynyň köp asyrlyk maddy we ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda milli dessurlaryň saklanmagynda arhiwleriň tutýan orny örän uludyr. Arhiwlerde saklanylýan XIX-XX asyrlara degişli taryhy maglumatlar, hasabatlar we etnograflaryň bellikleri türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň örän berk we özboluşly kadalar esasynda geçirilendigini subut edýär. Köne resminamalarda obadaşlaryň bir-birine öý dikmekde, ýap gazmakda, hasyl ýygnamakda ýowar (kömek) gurandyklary barada gymmatly ýazgylar bar. Bu bolsa halkymyzyň agzybirlik, hemdemlik ýörelgeleriniň gadymy köklerini aýdyňlaşdyrýar. Arhiw maglumatlaryndaky toý-dabaralarda geçirilýän at çapyşyklar we milli göreş baradaky resmi ýazgylar bu oýunlaryň halkyň bitewüligini üpjün edýän uly jemgyýetçilik dabarasy bolandygyny görkezýär. Arhiw materiallary halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, milli gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň şöhlelenmesidir. Ýaş nesillerde Watana bolan söýgini we milli buýsanjy berkitmekde bu materiallary öwrenmek we halk köpçüligine ýetirmek ýaly asylly işleriň ähmiýeti uludyr.

09.06.2026 111
Jemgyýet

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem 2025-2026-njy okuw ýylyny tamamlaýan uçurymlaryň jemleýji döwlet synaglary guramaçylykly dowam edýär. Bu jogapkärli döwür on iki ýyllap ylym-bilim dünýäsine syýahat eden ýaşlaryň alan bilimleriniň, terbiýesiniň we ukyplarynyň özboluşly jemleýji barlagydyr. Mekdeplerde synaglaryň bellenilen tertip-düzgüne, ders maksatnamalaryna laýyklykda doly aýdyňlyk, adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi. Synag otaglarydyr, görkezme gollanmalary we okuw esbaplary ýaşlaryň özlerini erkin duýmagyna, sowallara ynamly jogap bermegine ýardam edýär. Ýaşlar türkmen dili we edebiýaty, algebra we analiziň başlangyçlary, jemgyýeti öwreniş ýaly dersler bilen bir hatarda, öz saýlap alan ugruna görä ynsanperwer, takyk we tebigy ylymlar boýunça hem, ýagny ynsanperwer ugurly synplarda Türkmenistanyň taryhy, takyk ugurly synplarda fizika we  tebigy ugurly synplarda biologiýa derslerinden synag tabşyrýarlar. Jemleýji synaglar diňe bir okuwçylaryň däl, eýsem bilim işgärleriniň hem köp ýyllyk zähmetine berilýän bahadyr. Ýaşlaryň sowallara takyk, çuňňur we döredijilikli jogap bermekleri olaryň mugallymlaryny tüýs ýürekden begendirip, olaryň geljekde hem saýlap aljak hünär ýollarynda üstünlik gazanjakdyklaryna ynamlaryny pugtalandyrýar.

09.06.2026 168
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar çagalaryň döwrebap bilim almagy, terbiýelenmegi, şonuň bilen bir hatarda, dynç alyş günlerini şadyýan-şatlykly, baý many-mazmunly geçirmegi üçin uly şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Şu günler ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleri şatlykly pursatlara beslenýär. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp jülgesindäki Gökderede, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de welaýatlardaky döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomus dynç alyş möwsümi ýokary guramaçylykly dowam edýär. Bu hem ýurdumyzda bagtyýar çagalar üçin edilýän bimöçber aladalaryň, taýsyz tagallalaryň nyşanydyr. Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem bu möwsümde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny sapaly geçirýärler. Bu merkezde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaga dynç alar. Häzirki wagtda dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda çagalar bu ýerde talabalaýyk derejede dynç alýarlar. Döwrebap gurlan bu merkezde çagalaryň wagtlaryny hoş, many-mazmunly geçirmekleri üçin ähli amatlyklar bar. Şeýle hem ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, dynç alýan çagalaryň welaýatymyzyň çäklerinde ýerleşýän ajaýyp ýerlerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere gezelençleri, syýahatlary guralýar.

08.06.2026 145
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralýan çäreler, maslahatlar, duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda Daşoguz welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guran «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi hem işjeň ýagdaýda geçdi. Söhbetdeşligiň  barşynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan işler, olaryň guwandyryjy netijeleri, şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň halkara derejesinde öňe sürýän teklipleriniň ähmiýeti we beýlekiler hakynda çykyş etdiler, guwanç-buýsançlaryny beýan etdiler.

06.06.2026 97
Jemgyýet

Abadançylygyň, tämizligiň baýramy Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde daşky gurşawy, tebigaty goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilip amala aşyrylýan giň gerimli çärelere uly ähmiýetiň berilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Hazaryň ekologiýa maksatnamasy, Global ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, ýurt hem-de sebit derejelerinde iri maksatnamalaryň, taslamalaryň onlarçasyny durmuşa geçirýär. Garaşsyz ýurdumyz şeýle möhüm çärelere işjeň gatnaşmak bilen, halkara konwensiýalaryň, halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryny berjaý etmäge hemişe taýýardygyny tassyklaýar. Olaryň amala aşyrylmagy halkara tejribesiniň, mümkinçilikleriniň ählumumy abadançylygyň üpjün edilmeginiň bähbidinedir. Belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýaňy-ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen maslahatlarda hem şeýle derwaýys meseleleriň sebit derejesinde oňyn, oýlanyşykly çözülmegine gönükdirilen möhüm teklipleri öňe sürdi. Olar Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatdaky garaýyşlarynyň, alyp barýan ugrunyň aýdyň beýany, anyk kesgitlemesi boldy. Garaşsyz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada Milli Liderimiziň başlangyçlaryny işjeň dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlarynyň netijesinde berjaý edilýän çäreleriň daşky gurşawy goramak, ekologiýa arassalygyny gazanmak, howanyň tämizligini üpjün etmek boýunça öňde goýulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşýandygyny bellemek zerur bolup durýar. Çünki olar tebigatyň gözelligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan baglaryň, seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine giňden ýardam berýär. Bu barada aýdylanda, Garagum çölüniň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýerliklidir. Sebäbi onuň gurulmagy tebigatyň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, töwereginiň abadançylygynyň ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda bu möhüm desganyň giň sähranyň bezegine öwrülýändigini, onuň geljeginiň uludygyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýandygyny alym-hünärmenler nygtaýarlar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän döwlet tebigy goraghanalarynda alnyp barylýan işleriň hem daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orny bardyr. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen bilelikde taýýarlan hödürnamalarynyň esasynda ýurdumyzyň birnäçe goraghanalarynyň, olaryň çöl ulgamlarynyň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň mysalynda hem görmek mümkin. Umumy meýdany 275735 gektardan ybarat bolan bu goraghananyň çäklerinde tebigatyň gözel ýerleriniň, tokaýlyklaryň, suw mesgenleriniň uly toplumy bolup, olarda ösümlikleriň, haýwanlaryň müňlerçe görnüşi gabat gelýär. Olary goramak, köpeltmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleriň barha giň ýaýbaňlandyrylmagy oňat netijesini berýär. Ata Watanymyzyň daşky gurşawy goramak, tebigaty has-da baýlaşdyrmak babatdaky ýörelgeleri bu gün bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň geljegini nazarlaýan tagallalarynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigini tassyklaýar.

05.06.2026 78
Jemgyýet

Ata-babalarymyzdan miras galan «Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese halyk biler», «Ýagşylyk ýerde ýatmaz», «Ýagşylyk et, alkyş al!» diýen ündewler ýagşylyk edip ýaşamak hakyndaky nusgalyk ýol-ýörelgedir. Ýagşylyk etmek munuň özi kömege mätäç adamlara ýardam bermekdir. Şeýle mukaddes düşünjäniň gadyr-gymmaty Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda täsirli wakalar arkaly beýan edilýär. Romanda beýan edilişi ýaly, Anna aga bütin ömrüni iline-gününe ýagşylyk etmäge bagyşlan ynsan. Ol kynçylykly döwürde çagalara bilim bermek, sowat öwretmek ýaly juda sogaply işe ömrüni bagyşlaýar. Şol döwürde öz hasabyna «Meýletin mekdep» gurup, onda obanyň diňe çagalaryny däl, sowat öwrenmek isleýän uly adamlary-da okatmak bilen, uly sogap gazanýar. Ýagşylyk ýatdan çykmaýar. Muňa romandaky bir wakanyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Sekiz ýaşlyja Berdimuhamedi enesi Hesel eje Hojaahmet mollanyňka eltip: «Agtygyma sowat öwret, bizden hem gaýdar» diýende, Hojaahmet mollanyň aýdan sözleri-de ýagşylygyň ýerde ýatmaýandygyny, mümkinçilik bolan pursadynda gaýtarylýandygyny görkezýär. Molla: «Gaýtarmaly tarap bizdiris, ene. Men medresä okuwa gitmezden öň Anna aganyň «Meýletin mekdebine» gatnapdym. Indi gezek bize geldi. Enşalla, bergi-borjumyzy gaýtarmak bize-de nesip eder» diýmek bilen, özüne edilen ýagşylygy ýerine salmagyň nesip edendigine-de begenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» diýen ajaýyp romany-da durşuna milliligimize ýugrulan terbiýeçilik mekdebidir. Biz muňa kitapda gozgalýan ähli temalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Çünki olaryň haýsy birine salgylansaň, halkymyzyň milli edep gymmatlyklarynyň, parasada ýugrulan edim-gylymlarynyň gadyryny duýýarsyň. Kitapda yzygiderli gabat gelinýän ýagşylyk etmek, ýagşy adam bolmak sypatlary baradaky wakalar hem onuň terbiýeçilik mekdebidigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

04.06.2026 114
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda ýurdumyzyň ösüşi, özgerişi bedew badyna deňelýär. Munuň şeýledigini ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan netijeleriň, ýetilýän belent sepgitleriň mysalynda aýdyň görýäris. Köneürgenç etrabynyň çäginde Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanmaga berlen medeni-durmuş maksatly binalardyr ýaşaýyş jaý toplumlaryny göreniňde, ata Watanymyza bolan buýsanjyň has-da artýar. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda şu etrapda Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öň ýanynda etrabyň bagtyýar ýaşaýjylary üçin toý sowgady boldy. Umumy meýdany 98 gektardan gowrak bolan döwrebap şäherçe dürli desgalardyr binalaryň onlarçasyny öz içine alýar. Olaryň gurluşyk işleriniň türkmen telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýratyn bellemek gerek. 400 hojalyga niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 360-sy ýokary hil derejesinde bina edilen. Bu ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Olardaky ýagty, giň otaglar her bir raýatyň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Şäherçe geňeşiniň edara binasy, saglyk öýi, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edara binasy, 550 belgä niýetlenen aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, 500 orunlyk toý mekany, azyk we senagat harytlary dükany, söwda merkezi, hyzmatlar öýi, 200 orunlyk medeniýet öýi, 160 orunlyk çagalar bagy, 420 orunlyk umumy bilim berýän mekdep ýaly binalar şäherçäniň gözelligine gözellik goşmak bilen, bu ýerde ýaşaýan ilata uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat eder. Şeýle hem şäherçäniň çäginde önümçilik kärhanalaryň birnäçesiniň bardygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Alkogolsyz içgileri öndürýän kärhana, çörek we çörek önümlerini öndürýän kiçi kärhana, kömelek, limon ýetişdirýän ýyladyşhanalar ilaty iş bilen üpjün etmäge hem-de gündelik isleg bildirýän harytlary öndürip, azyk bolçulygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berýär. Şäherçäniň çäginde ähli binalaryň daş-töwereklerinde gök zolaklaryň döredilmegi, döwrebap ýollar, gijelerine dürli yşyklaryň şöhle saçyp durmagy şäherçä aýratyn bir gözellik çaýýar.

04.06.2026 101
Jemgyýet

Galla oragy möwsüminde ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, Daşoguz  welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmeli. Olaryň tüsseçykarlary uçgun söndüriji serişdeler bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Tehnikalara tehniki hyzmat etmek, ýangyç guýmak ýa-da kebşirleýiş enjamlaryndan peýdalanmak işini hasylly meýdandan 100 metr aradaşlykda, takyrlykda geçirip, şol ýerleriň daş-töweregi sürülmelidir. Kombaýnlaryň çarhlarynadyr aýlanýan oklaryna baldaklaryň saralyp galmazlygyna birsyhly gözegçilik edip, olary öz wagtynda arassalap durmaly. Ýagly esgilerdir çüýşe gaplary, aýna döwükleri hasylly meýdanlaryň çäklerine taşlanylmaly däldir. Galla meýdanlarynyň demir, gara ýol ýakalarynda 30 metrden az bolmadyk ýangyna garşy araçäk açylyp, şol ýerde ini 4 metr, çuňlugy 25 — 30 santimetrden az bolmadyk sürüm işleri geçirilmeli. Şeýle-de has uly göwrümli galla meýdanlar çäklere bölünip, olaryň arasynda ini 8 metr bolan orlan ýerde ini 4 metr ýer sürülip, ýangyna garşy araçäkleri döretmeli. Hojalyk hajatlary üçin ody açyk meýdanda, ýelsiz howada, daş-töweregi azyndan 15 metr giňlikde ot-çöplerden arassalanan, ýarym metre çenli gazylan çukurda ýakmak maslahat berilýär. Mehanizatorlar üçin wagtlaýyn düşelgeler däne meýdanlaryndan, harmanlardan, küdelerden azyndan 100 metr uzaklykda ýerleşdirilse kada laýyk bolar. Hasyly ýygnalýan ýerlerde azal tirkelen traktory, suw çelekli awtoulagy taýýarlap goýmak zerurdyr. Tehnikalaryň sürtülýän we çendenaşa gyzýan ýerlerine saman sypallarynyň düşmezligi gazanylsa örän ýerlikli bolar. Elektrik akymy bilen işe girizilýän tehnikalaryň herekete getirijileriniň akkumulýatoryny tokdan kesmek üçin öçürijisi bolmaly. Şeýle-de tehnikalaryň elektrik geçirijileri mäkäm örtülip, berkidilip, dürli zeper ýetmelerden goralmaly. Däne harmanlary jaýlardan we beýleki desgalardan azyndan 50 metr, däne meýdanlaryndan bolsa azyndan 100 metr daşlykda ýerleşdirilmeli. Harman üçin bellenen ýer dürli gyrymsy ösümliklerden arassalanyp, onuň töwereginde azyndan 4 metr inlilikdäki araçäk sürülmeli. Däne saklanýan ammarlar aýratyn duran özbaşdak jaýlarda ýerleşdirilmeli. Ammarlaryň derwezesi daşyna açylýan bolmaly, päsgel berip biläýjek zatlaryň goýulmagy talaba laýyk däldir. Däne saklanylýan ýerlerde däne bilen bilelikde ýangyn howply materiallaryň saklanylmagy, ammarlaryň jaýynda içinden ot alýan hereketlendirijisi bolan arassalaýjy we beýleki tehnikalary ulanmak, tehniki taýdan gurat bolmadyk tehnikalary işletmek, olary gözegçiliksiz galdyrmak doly gadagan edilýär.

03.06.2026 86
Jemgyýet

Ýurdumyzda ajaýyp zamanada durmuşa geçirilýän ähli başlangyçlaryň aňyrsynda öňi bilen döwletimiziň raýatlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklarynyň üpjün edilmegini gazanmak baradaky aladalar durandyr. Döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryny, kabul edýän çözgütlerini halk arasynda wagyz-nesihat etmekde, düşündiriş işlerini geçirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, beýleki ulgamlaryň wekilleri bilen bilelikde hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda prokuratura edaralarynyň işgärleri hem meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirýärler. Şu günler howanyň derejesiniň ýokary galmagy sebäpli, Daşoguz şäheriniň çäklerinde raýatlaryň, esasan hem, kiçi ýaşly çagalaryň akar ýaplara, kanallara, howuzlara suwa düşmäge islegleri artyp başlaýar. Şu ýagdaýlar käbir halatlarda dürli hadysalaryň ýüze çykmagyna hem sebäp bolýar. Şeýle hadysalaryň, dürli päsgelçilikleriň, şonuň bilen bir hatarda, ýangyn döremeginiň, Gün urmagynyň, suw bilen baglanyşykly heläkçilikleriň öňüni almak barada degişli çäreler, wagyz-nesihat, düşündiriş işleri guramaçylykly geçirilýär. Geçirilýän wagyz-nesihat ýygnaklarynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, sport ulgamlarynyň, polisiýanyň ýerli wekiller bölümçesiniň, prokuratura edaralarynyň işgärlerinden düzülen toparyň agzalary howanyň gyzmagy bilen bagly bolup durýan hadysalar, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, esasan hem, çagalary Gün urmasyndan goramak, akar ýaplarda, kanallarda suwa düşenlerinde gözegçilik etmek, gark bolmak ýaly heläkçilikleriň öňüni almak, ýaplaryň boýlaryna «Suwa düşmek gadagan!» diýen ýazgylary goýmaklyk barada dürli delillerdir mysallar getirip, döräp biljek hadysalar, şeýle halatlar ýüze çykan ýagdaýda ilkinji lukmançylyk kömeklerini bermegiň düzgünleri dogrusynda giňişleýin çykyş edýärler.

02.06.2026 97

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   38
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   24
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25