Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 6° C Daşoguz

Jemgyýet

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşoguz welaýat häkimliginiň ýanyndaky bölüminiň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler ýokary derejede geçirilen  maslahatyň uly ruhubelentlige beslenendigini, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň özlerinde galdyran täsirleri hakyndaky buýsançly gürrüňleriniň ildeşlerimizde ýakymly duýgulary oýarandygy barada bellediler.

26.09.2024 440
Jemgyýet

Golaýda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň şu okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy» atly şygar bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda  çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylan beýik işler, gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda belläp geçdiler.

25.09.2024 493
Jemgyýet

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap häkimliginiň, oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalaryň, medeniýet, bilim bölümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda guralan çykyşlarda bagtyýarlygyň nurana menzillerinde durmuşymyza ornan ajaýyplyklaryň dowamly gerimi, Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýurdumyzy ösüşleriň täze rowaçlyklary bilen öňe alyp gitmek, halkymyzyň medeni we maddy durmuşyny barha gowulandyrmak barada edýän taýsyz tagallalary barada bellediler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlaryny wysal edendigini nygtadylar. Garaşsyzlygyň halkymyza öz pikir-düşünjelerini, türkmençilik ýoluny, müňýyllyklardan bäri sünnäläp gelýän ýörelgelerini dünýä wagyz etmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilik açandygy barada uly buýsanç bilen aýdyldy.

25.09.2024 451
Jemgyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli täze desgalaryňdyr binalaryň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde ýerleşýän etrap aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasy hem halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy. Ýurdumyzda aragatnaşyk işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi baradaky aladalarynyň netijesinde gurlan döwrebap bina tutumly toýlaryň dabarasyny arşa göterdi. Akdepe etrap aragatnaşyk bölüminiň edara binasynyň açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş edenler ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna aýratyn uly üns berilýändigini bellediler. Bu bolsa halkymyzyň kalbynda ajaýyp döwrümize bolan beýik buýsanjy oýarýar. Soňra bu ýerde täze binanyň gurluşygynda zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň  Prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň täsirli çykyşlary göwünleri galkyndyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy, galkynyşly döwrümizi wasp edýän buýsançly aýdym-sazlar dabara aýratyn many-mazmun çaýdy. Soňra myhmanlar täze edara binasyna aýlanyp gördüler. Bu ýerde internet kafe, poçta, aragatnaşyk we «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölümi ýerleşýär. Aragatnaşyk bölüminde işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Iki gatdan ybarat bolan binanyň birinji gatynda ilata hyzmat ediş bölümleri ýerleşdirilipdir. Binanyň ikinji gatynda aragatnaşyk, poçta bölümleriniň işgärleri üçin iş otaglary bar. Şeýle hem binada hojalyk bassyrmasy, hyzmat ediş otaglary we beýleki desgalar ýerleşdirilen. Döwrebap binanyň gurluşygy «Daşoguztelekom» Daşoguz welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan alnyp baryldy. Dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen aragatnaşyk bölümi  ilata ýokary hilli hyzmat etmek üçin amatly şertleri döredýän kompýuterler we beýleki sanly serişdeler bilen doly üpjün edilipdir. Täze döwrebap desga açylan pursadyndan ilata hyzmat edip başlady. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurlup, etrabyň bagtyýar halkyna ajaýyp toý sowgady bolan aragatnaşyk bölüminiň täze binasy Andalyp şäheriniň görküne görk goşýar.

20.09.2024 540
Jemgyýet

Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny dabaralandyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gurnaklarynyň toparlary gatnaşdylar. Toparlar bellenen şertlere laýyklykda, hünär saýlap almak, inçe el işlerine ussat bolup ýetişmek babatda döredilýän mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hünärlerini şahyrana wasp etdiler, asylly gyz edebi bilen gadymdan gelýän mizemez ýörelgelerimize ýugrulan terbiýeleýjilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny açyp görkezdiler. Şeýle hem öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarmadyk işini eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirip görkezdiler. Şonda ösüp barýan ýaş gyzlaryň keşde çekmekde, köjüme köjemekde, basma basmakda, pugtamakda, jähek, aldymgaç çalmakda, jorap örmekde, örüm işlerini ýerine ýetirmekde we haly dokamakda görkezen işleri köpçüligiň uly goldawyna mynasyp boldy. Soňra bäsdeş gyzlar «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby boýunça unaş kesip görkezdiler we onuň taýýarlanylyşyny çeper sözleriň, aýdyşyklaryň we nakyllaryň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşik ýokary täsirliligi bilen tapawutlandy. Okuwçy gyzlaryň ýerine ýetiren her bir işi olara orta mekdeplerde döwrebap bilim bermek bilen birlikde, hünär öwretmegiň hem utgaşykly, ýokary derejede alnyp barylýandygyny, netijede, ökde taýýarlykly ýaşlaryň kemala gelýändigini doly açyp görkezdi. Has tapawutlanyp çykyş edenler öňe saýlandylar. Şonda Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň topary 1-nji orna mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji we 3-nji orunlara degişlilikde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň we Köneürgenç etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň gyzlar gurnaklarynyň toparlary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Welaýatyň zenan bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde belent ýaňlanan aýdym-sazlar bäsleşigi boýdan-başa gurşap aldy we bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

19.09.2024 678
Jemgyýet

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr dabaralar Daşoguz welaýatynda hem giň gerime eýe bolýar. Welaýat Stomatologiýa merkezinde geçirilen maslahat hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senä bagyşlandy. Welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk — halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň binýady» ady bilen geçirilen maslahata saglygy goraýyş işgärleri işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Garaşsyzlyk düşünjesiniň mähriban ildeşlerimiziň köňlünde egsilmez buýsanjy oýarýan, beýik döwletimize bolan söýgini kemala getirýän gymmatlyk hökmünde sarpalanýandygyny bellediler. Döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmekde, beýik ösüşlerimizi dünýä ýaýmakda Garaşsyzlygymyzyň uly ornunyň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çykyş edenler bular barada durup geçip, maslahata gatnaşyjylary ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen mähirli gutladylar.

19.09.2024 486
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini belende göterýän, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan wakalar bolup geçýär. Halkara TÜRKSOÝ guramasynyň Karary bilen, Aşgabadyň etegindäki Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi-de olaryň biridir. Munuň özi ata-babalarymyzyň gülläp ösen gadymy mekany bolan bu şäheriň, onuň töweregindäki medeni hem-de ekerançylyk merkezleriniň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen arheologik barlaglar onuň dürli ýerleriniň irki döwürlerde ekerançylygyň, hünärmentçiligiň ösen ýerleriniň biri bolandygyny tassyklaýar. Günorta Türkmenistanda, gojaman Köpetdagyň eteginde Jeýtun medeniýetiniň ösen döwründe däneli ekinleriň has köp ekilendigi barada maglumatlar bar. Şoňa görä hem, bu ýerler medeni ösümlikleriň dörän künjekleriniň biri hasap edilýär. Bu barada görnükli daşary ýurt alymlarynyň birnäçesiniň ýazgylarynda geçirilen barlagyň esasynda alnan anyk deliller getirilýär. Häzirki Änew şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän depeden biziň eýýamymyzdan ozalky V müňýyllyga degişli bolan dürli däneli ekinleriň galyndylarynyň tapylandygy baradaky maglumatlar munuň aýdyň mysalydyr. Ol diňe şu ýerde däl, eýsem, bütin dünýäde ekerançylygyň ösüş taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýe boldy. Tapyndylaryň içgin öwrenilmegi ýüze çykarylan däneli ekinleriň galyndylarynyň bugdaýa we arpa mahsus alamatlara eýedigini mälim edýär. Änew depesinden tapylan bugdaýyň bu görnüşi asyrlaryň dowamynda ýörgünli bolup, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Änew şäheriniň töwereklerinde ekerançylygyň ösüşi bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmekde Rafael Pampelliniň 1904-nji ýylda türkmen topragyna eden syýahatynyň netijesinde döreden kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi onda «Änew medeniýeti» diýen düşünje ilkinji sapar ylmy dolanyşyga girizilýär. Şonuň bilen birlikde-de, onda bu ýerde has gadymy döwürlerde hem ak bugdaýyň ýetişdirilendigi barada maglumat berilýär. Şol wagtlarda ekin meýdanlary daş kätmenler bilen işlenilip bejerilipdir. Olar häzirki döwürde hem ulanylýan käbir oba hojalyk gurallarynyň asyl nusgasydyr. Geçen asyrlarda bugdaýyň bu tohumynyň ençeme görnüşiniň bolandygy aýdylýar. Olaryň ählisiniň hem depesiniň akdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, ata-babalarymyz oňa «ak bugdaý» diýip at beripdirler. Şu tohum bugdaýyň täze görnüşlerini döretmekde esasy serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Häzirki wagtda ak bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ekilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Änew şäherinde ak bugdaýyň muzeýi döredildi. Ol bu gadymy we gymmatly ekine bagyşlanan dünýädäki ýeke-täk muzeýdir we şeýle bolmagynda hem galýar. Bu ýerde ak bugdaýyň dürli görnüşleri, olary ýetişdirmekde ulanylýan serişdeler jemlenilendir. Şonuň bilen birlikde-de, muzeý ata Watanymyzda ýaşaýşyň gözbaşy bolan ak bugdaýa halkymyzyň belent sarpasyny alamatlandyrýar.

18.09.2024 539
Jemgyýet

Asuda ýollar —abadan iller Dowam edýän biraýlyga bagyşlap Daşoguz welaýat Salgyt bölüminiň mejlisler zalynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada «Sagdyn jemgyýet — kämil döwlet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramaklyga aýratyn uly üns berilýändigini, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Çykyş edenler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýetini bellediler. Olar ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, pyýada ýolagçy bilen sürüjiniň sazlaşykly hereketi, ýol hereketine gatnaşyjylar tarapyndan howpsuzlygy berjaý etmegiň düzgünleri barada giňişleýin durup geçdiler. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňat netije berýändigini bellediler.

17.09.2024 554
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze özgertmelere beslenýän döwrebap durmuş gurşawy halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny şertlendirýär, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidýär. Halk bilen jebislik, sazlaşyk, bitewi güýje, sarsmaz sütüne öwrülmek bilen, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda agzybirligiň pugtalandyrylmagyny, ösüşleriň berkidilmegini üpjün edýär. Ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi bu günki gün her bir belent tutumyň esasy ýörelgesine öwrülýär. Olaryň parasatly wesýetlerine eýerilip, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna dahylly meseleleri çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagy milli demokratiýany ösdürmek babatdaky belent başlangyçlaryň doly amala aşýandygyny açyp görkezýär. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty işjeň hereket etmek bilen, berkararlygymyzyň ýörelgelerine esaslanyp gazanylan üstünlikleri has-da berkitmekde, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen meseleleri maslahatlaşyp çözmekde, bu babatda anyk wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bellenildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi we strategik taýdan özgertmegi, türkmen jemgyýetinde agzybirligi we jebisligi has-da pugtalandyrmagy öz işiniň esasy ugry hasaplaýan Halk Maslahatynyň taryhy mejlislerinde kabul edilýän çözgütler döwletiň hem halkyň durmuşynda möhüm gymmatlyk bolup, halk tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek baradaky belent maksatlarynyň doly amala aşýandygyny açyp görkezýär. Milli jebisligiň we demokratik özgertmeleriň düýp mazmunyna düşünmek jemgyýetçilik aň-pikiriniň ösmegine, raýatlaryň döwrebap başlangyçlara işjeň goşulyşmak hyjuwynyň artmagyna uly esas bolýar. Muny Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine görülýän taýýarlygyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň mysallary-da anyk görkezýär. Döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen raýatyň arasyndaky jebisligiň bitewi häsiýete eýe bolup, sarsmaz güýje öwrülendigini köpçülikleýin çäreler doly açyp görkezýär. Halk köpçüligi ýokary wekilçilikli edaranyň öz durmuşlaryndaky ähmiýetine we gymmatyna çuňňur düşünip, onuň ýokary netijelerine berk ynanýar. Nesip bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň dabaralandyrylýan günlerinde Halk Maslahatynyň taryhy ýylymyzdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Onuň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler, anyk wezipeler, kabul ediljek çözgütler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň hemişe durmuş hakykatyna eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüler.

14.09.2024 494
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň umumybilim berýän orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň maksady okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri, arassa ahlaklylygy, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy terbiýelemekden we olaryň el işlerine bolan ukybyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Onuň şertlerine görä, okuwçy gyzlar ýerine ýetirýän hünärini hem-de asylly gyz edebi bilen bagly bolan milli däpleri, ula hormat goýmak, kiçini sylamak edebini şahyrana wasp etmek, şeýle hem el işlerini ýerine ýetirmek we «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesmek hem-de tagam taýýarlamak boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde birinji orna Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň topary mynasyp bolup, onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji orna 23-nji, üçünji orna bolsa 9-njy orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň toparlary mynasyp boldular. Ýeňijiler TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

13.09.2024 483

Täze habarlar

Jemgyýet Her kim bir agaç ekse ýadygär...
06.11.2026   44
Jemgyýet Garaşsyzlygyň eçilen bagty
05.11.2026   41
Jemgyýet Berekediň baýramy
05.11.2026   39
Jemgyýet Baky bagtyň şuglasy
04.11.2026   39
Jemgyýet Şa gadamy düşen ýerler gülleýär
04.11.2026   43
Jemgyýet Ulgamda gazanylýan üstünlikler
03.11.2026   38
Jemgyýet Öwüt-nesihat — beýik terbiýe
03.11.2026   39