Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň zenanlary döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, taryhy ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýle bolmagynda ýerlerdäki zenanlar guramalarynyň ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hem ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup durýar. Guramanyň häzirki wagtda 946 agzasy bolup, olaryň 894-si talyp gyz-gelinler, 31-si zenan mugallymlar, 21-si zenan işgärlerdir. Guramanyň ähli agzalarynyň ýokary medeniýetli, giň gözýetimli, arassa ahlakly, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden döredijilikli baş çykaryp bilýän bolmagy gazanylýar. Talyp gyz-gelinleriň arasynda milli ýörelgeleri, el işlerini, zähmet terbiýesini, sagdyn durmuşy ündemek, olary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Zenan mugallymlaryň, talyp gyz-gelinleriň döredijilik we medeni-köpçülik işlerinde işjeňligini artdyrmak, içki tertip-düzgünleri berjaý etmeklerini gazanmak, agzybirligini pugtalandyrmak babatda hem derwaýys işler alnyp barylýar. Mekdepde talyp gyz-gelinleriň ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmek, olaryň hünär endiklerini baýlaşdyrmak maksady bilen, «Hany bakaly, gyzlar!» gurnagy hereket edip, onda «Gyz edebi — il edebi», «Gyz edebinde ahlak terbiýesi», «Türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak», «Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gözelligiň waspy», «Mähriban käbämiz Ogulabat ejäniň bize nusgalyk goýup giden el işleriniň ýaşlarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýeti» ýaly bäsleşikler geçirilýär. Guramanyň agzalary diňe bir okuw jaýynda däl, eýsem, welaýat derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edýärler. Welaýatda hereket edýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen «Eli çeper gözel gyzlar» bäsleşiginde talyp gyzlar Gülnar Annaýewa, Risolat Sabyrowa, Artykgül Meläýewa dagydan düzülen topar 2-nji orna mynasyp boldy.Şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Sport — sagdynlyk» ady bilen şaşka, küşt oýunlary boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň zenan mugallymlary Sona Kurbanowa, Jeren Myradowa, Jeren Sadyýewa, Gülüstan Annaýewa, Oguljemal Paşykowa, Näzikjemal Gardaşowa, Göwher Kulyýewa dagy 1-nji orna mynasyp boldular. Şeýle köptaraply işler zenanlaryň ähli babatda işjeňliginiň artmagyna, talyp ýaşlaryň bolsa diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, hünär ussatlygyna eýe bolmaklaryna uly itergi berýär. Şolar ýaly-da, zenanlar guramasynyň alyp barýan işleriniň netijeliligini görkezýär.

07.09.2024 478
Jemgyýet

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilýän günlerinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek  syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler. Halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär. Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirlik bardyr, rowaçlyk bardyr. Adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlar gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly iş alyp barmak jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär. Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen ylmy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Halk Maslahaty ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitlerini sazlaýar. Kanunçylygyň we jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilişine ýardam edýär. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündirmäge işjeň gatnaşýarlar, ilat arasynda giňişleýin wagyz-nesihat edýärler.  

07.09.2024 454
Jemgyýet

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmek maksady bilen, golaýda «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny!» atly şygar bilen duşuşyk geçirildi. Oňa TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň gurluşyk we senagat pudagyna degişli şäher guramalarynda hem-de medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda uzak ýyllaryň dowamynda abraý bilen zähmet çekýän halypalar hem-de ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly duşuşygyň dowamynda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň ýubileý toýunyň giňden dabaralandyrylýandygy, Pyragynyň nesillere miras goýan döredijilik gorunyň içgin öwrenilip, köpçülige ýaýylýandygy, geňeş etmek, il agzyny birläp, döwletli işlere badalga bermek ýaly öwüt-ündewleriniň bu günki gün işjeň häsiýetde durmuşa geçirilýändigi barada nygtadylar. Halk Maslahatynyň öňde duran taryhy mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýdylyp, umumymilli forumyň döwletimiziň ösüşlerini ilerletmekdäki, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbet edildi.

06.09.2024 395
Jemgyýet

Golaýda «Daşoguz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daaaaşoguz welaýat bölüminiň welaýat Teleradiostudiýasy bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli nesil berkarar Watanymyzyň daýanjydyr» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, hemmetaraplaýyn kämil hünärmenler bolup ýetişmegi babatdaky aladalaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, dünýä ülňülerine laýyk bilim alan ýaşlaryň halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaklary üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda söhbet edildi.

06.09.2024 373
Jemgyýet

Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde belent sepgitlere ýetilýär. Halk hakydasyna ornan hikmetli sözleriň birinde: «Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň — çägi» diýlişi ýaly, häzirki wagtda ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösüşi barha rowaçlyga beslenýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksadynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, dürli ders bäsleşiklerini guramagyň tärlerini, elektron kitaplaryň baý goruny, okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär we kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmen oba hojalyk institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Institutda «Elektron dolandyryjy» atly içki bilim portaly hereket edip, onuň üsti bilen hasap-synaglar kabul edilýär, talyplaryň sapaklara gatnaşygy we netijeleri seljerilýär. Programmada talyplaryň şahsy otagy bolup, onda test soraglaryny onlaýn görnüşinde işlemek, institutyň elektron okalgasyndaky zerur kitaplardan, gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da, institutda «tohi-portal» atly täze içki bilim portaly taýýarlandy. Bu içki bilim portalynda mugallymlar we talyplar üçin şahsy sahypalar göz öňünde tutuldy. Ýokary okuw mekdebiniň www.tohi.edu.tm web saýty bolup, onda institutda bolup geçýän täzelikler, onuň düzümi, okuw, ylmy-barlag işleri, halkara hyzmatdaşlygy babatda alnyp barylýan çäreler dogrusynda maglumatlar, talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen usuly maslahatlar hakyndaky makalalar ýerleşdirilip, olar yzygiderli baýlaşdyrylýar. Institutda «Moodle» platformaly täze döwrebap saýt hem döredildi. «Moodle» uzak aralykdan okuwlary guramak üçin niýetlenen açyk kodly platformadyr. «Moodle» platformasynda her bir ulanyjynyň öz şahsy otagy bolýar. Oňa her bir talyp öz sapaklaryna degişli maglumatlary, sapak ýazgylaryny, gollanmalary, kitaplary, sapaga degişli testleri ýükläp bilýär. Onda degişli maglumatlara bellikleri edip, talyplara kitabyň haýsy babyny okamalydygyny, haýsy ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmelidigini görkezip, her bir tema degişli maglumatlary, talyplardan gelen jogaplary aýratynlykda seljermek mümkinçiligi döredilendir. Talyplar bu platformany ulanmak arkaly, mugallymdan sanly görnüşde islendik maglumatlary alyp, olary özleşdirip bilýärler. Talyp adaty sapaklardaky ýaly, ýoldaşlary we mugallymlary bilen aragatnaşyk saklap, sapak üçin niýetlenen wagt tamamlanandan soň hem, sapaga degişli maglumatlary öz şahsy otagyndan alyp bilýär. «Moodle» platformasynyň ýene-de bir aýratynlygy sanly görnüşdäki maglumatlaryň gorunyň bir ýerde jemlenendigidir we elýeterlidigidir.

05.09.2024 404
Jemgyýet

Ýollar biziň gündelik durmuşymyzda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Biz her gün işe, okuwa ýa-da çagalar bagyna gidenimizde, ýollary kesip geçýäris. Bu bolsa biziň hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmegimiz bilen aýrylmaz baglydyr. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň çar künjüne uzaýan nurana ýollarda asudalygyň, hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň gazanylmagynda pyýadalaryň we sürüjileriň sazlaşykly hereket etmegi möhümdir. Dürli görnüşli ulaglaryň artýan häzirki döwründe ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp geçirilýän çäreler halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde wajyp orna eýedir.

04.09.2024 445
Jemgyýet

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi däbe öwrülen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy babatda uly aladalar edilýändiginden aýdyň nyşandyr. Munuň özi ömrümiziň rahatlygyny, saglygymyzy gorap saklamakda bahasyna ýetip bolmajak, örän bähbitli işdir. Çagalaryň mekdebe ýa-da çagalar baglaryna gidenlerinde we öýlerine gaýdanlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidiklerini häli-şindi ýatladyp durmak artykmaçlyk etmese gerek. Olar ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bilen, özleriniň we beýlekileriň howpsuzlygyny üpjün edýändiklerini ýadyndan çykarmaly däldir. Okuwçylaryň mekdebe we öýe çenli howpsuz ýoly saýlap almaklaryna ata-eneler hem-de mugallymlar kömek bermelidirler. Mekdebe we ondan öýe çenli pyýadalar üçin niýetlenen ýörite ýanýodalardan ýöremeli. Çatryk ýoluň iň howply ýeri hasaplanýar. Ondan geçilende örän seresap bolmaly. Ýoluň ugrunda oýnamak, welosiped sürmek, top oýnamak gadagan. Köçäni kesip geçeniňizde ägä bolmaly, ýanyňdaky adamlar bilen gürleşmek ýa-da başga zada güýmenmek bolmaýar. Bular köçe, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmegiň zerur şertleridir. Pyýada geçelgeler ýa-da çatryk ýok bolsa, ýoluň beýleki tarapyna geçmek üçin gatnawly ýoluň iki tarapyndan hem oňat görünýän ýerinden, ulaglaryň ýokdugyna göz ýetirilenden soň geçilmelidir. Eger ulaglar gelýän bolsa, onda olar geçýänçä garaşyp, diňe şolar geçenden soň geçmeli.

04.09.2024 454
Jemgyýet

Täze 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň  çägindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde guralan baýramçylyk dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Ajaýyp döwrümizde welaýat merkezinde gurlup ulanmaga berlen döwrebap mekdeplerde, ýagny daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji hem-de iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdeplerde hem şeýle mazmunly baýramçylyk dabaralary ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Ajaýyp baýrama bagyşlanan çäreler welaýatyň orta mekdeplerinde, ähli bilim ojaklarynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda ägirt uly hoşallyk duýgusyny oýardy. Dabaralarda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler, gazanylýan üstünlikler we ylym-bilimden serpaýly nesiller üçin döredilýän ägirt uly mümkinçilikler dogrusynda buýsançly belläp geçdiler. Şeýle hem ajaýyp baýramçylyk mynasybetli mugallymlary we okuwçylary tüýs ýürekden gutladylar. Aýdym-sazly çykyşlar dabara özboluşly şowhun bagyşlady. Dabaranyň ahyrynda  kakylan ilkinji jaňyň owazy mekdep okuwçylary üçin bilimler dünýäsine çakylyk bolup belentden ýaňlandy. Soňra baýramçylyk ruhunda bezelen ak mermerli döwrebap mekdepler gapylaryny giňden açyp, ähli okuwçylary, esasan hem, uly arzuw-umytlar bilen bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan 1-nji synp okuwçylaryny dabaraly ýagdaýda garşylady.  Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen mowzuk boýunça ýaýbaňlandyryldy.

02.09.2024 518
Jemgyýet

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde özboluşly şatlyk-şowhuna, belent ruhy joşguna beslendi. Daşoguz welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly dabara hem baýramçylyk mynasybetli guralan dürli medeni-köpçülik çäreleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Şowhunly dabara Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hem dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabara syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli ýaş aýdymçylaryň we tans toparlarynyň taýýarlan şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, mekdep ýyllary, dostluk we söýgi ýaly mukaddes duýgular belentden wasp edildi. Tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

02.09.2024 543
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň merkezi Daşoguz şäherindäki Magtymguly meýdançasynda «Garaşsyzlyk – dillerimiziň dessany» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda, ilki bilen, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.  Soňra welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň galkynyşly döwrümizi, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Welaýatyň bagşylar toparlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary baýramçylyk çäresine özboluşly millilik çaýdy. Şeýle hem bu ýerde guralan kitap sergisi çärä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwletli tutumlara bolan buýsanç aýdyň duýuldy.

31.08.2024 1591

Täze habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
05.10.2026   9
Jemgyýet Dünýäde ykrarly bedew
03.10.2026   53
Jemgyýet Täze maksatlara aýdyň ugur
02.10.2026   26
Jemgyýet «Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
02.10.2026   27
Ykdysadyýet Ekiş ýokary depginde
02.10.2026   30
Jemgyýet Döredijilik sergisi
01.10.2026   27
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   25