Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Jemgyýet

Bäsleşigiň welaýat tapgyry Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde ýylyň-ýylyna yglan edýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bagtyýar döwrümiziň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, türkmen keçesiniň nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan eli çeper zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Gadymy hem müdimi senediň görnükli nusgalary bilen bezelen «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň toý eýwanynyň bezemen sahnasy bäsdeş zenanlary şowhunly hem täsirli çykyş etmäge ruhlandyrdy. Zenanlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ilki bilen, keçe taýýarlamagyň yzygiderliligi, ony taýýarlamakda ulanylýan gadymy usullar barada gürrüň berdiler. Soňra bellenen wagtyň dowamynda bäsdeşler welaýata mahsus bolan nagyşlar bilen keçe güllediler. Täsin gülleri bilen öwşün atýan keçeler zenanlaryň ussatlygyny, çalasynlygyny açyp görkezdi. Şeýle-de olar keçe bilen baglanyşykly rowaýatlary, onuň ynsan saglygyna oňaýly täsiri barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlar ýaşlarda zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak babatda ähmiýetli boldy. Zenanlaryň jemgyýet bilen gatnaşygyny, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ony geljek nesillere ýetirmekdäki aýratyn zähmetlerini açyp görkezmegi bäsleşigiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Nusgalyk işleri bilen has-da tapawutlanan işjeň zenanlar bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, 1-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Görelde geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulşat Tuwakowa bilen etrap medeniýet merkeziniň suratkeş bezegçisi Göwher Saparowa mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet derejesinde geçirilýän tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 2-nji orna Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky geňeşliginiň Watan oba medeniýet öýüniň tam süpürijisi Ogulnäzik Mämmettaganowa bilen etrabyň O.Ärsaryýew adyndaky şäherçesindäki Jemşit oba medeniýet öýüniň tam süpürijisi Mähri Aýydowa, 3-nji orna Ruhubelent etrabynyň Geňeş geňeşliginiň Oglanly oba medeniýet öýüniň tam süpürijisi Ejeş Gaýypalyýewa bilen etrap hassahanasynyň aşhana işgäri Göwher Mämetiýewa mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

09.07.2026 84
Jemgyýet

Golaýda TZB-niň Daşoguz welaýat, şäher bölümleriniň, welaýat Baş bilim hem-de Saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde guramagynda «Milli mertebäniň belent sarpasy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler bagtyýar döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň dünýä nusgalyk görüm-göreldesiniň halkymyzy buýsandyrýandygy, türkmen zenanyna mahsus halallyk, päk ahlaklylyk, paýhaslylyk, salykatlylyk, geçirimlilik, sabyr-kanagatlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri, on barmagyndan döreýän nepis işleriniň olaryň ruhy dünýäsini aýdyňlygy bilen açyp görkezýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berlip, olaryň berk bedenli, kämil nesil terbiýeläp ýetişdirmekleri babatda döredilýän mümkinçilikleriň oňyn netijeleri berýändigi barada täsirli söhbet edildi.

08.07.2026 75
Jemgyýet

Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi şu ýyl özüniň ajaýyp, ýatda galyjy pursatlary bilen çagalara öz gujagyny açdy. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dürli oýun meýdançalary, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar bar. Bu ýerde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem dürli ýaryşlar yzygiderli guralýar. Ýakynda bu merkezde TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Biz — bagtyýar çagalar» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Olaryň arasynda woleýbol, basketbol, tanap çekmek, çekişme ýaly bäsleşikler has-da gyzykly boldy. Ýaryşlarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşik çagalarda şu ýylky dynç alyş bilen bagly ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Işjeň gatnaşan çagalara we ýeňiji bolan toparlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

08.07.2026 84
Jemgyýet

Şeýle at bilen ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de institutyň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, institutyň medeniýet merkeziniň eýwanynda guralan sergä tomaşa etdiler. Garagum çölümiziň janly tebigatynyň, şeýle-de bezeg agaçlarynyň, bezeg gülleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, haly we haly önümleriniň, dutar senetçiliginiň, institutda hereket edýän «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klubunyň agzalarynyň ýasan önümleriniň sergisi olarda uly täsir galdyrdy. Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy, suwdan netijeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak ýaly meseleler üçünji müňýyllykda global häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şorlaşmak hadysasynyň, ekin meýdanlarynda topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, dünýäniň iň uly çöli hasaplanýan Garagumda asyryň  iri gidrotehniki desgalarynyň birine öwrülen «Altyn asyr» Türkmen köli döredildi. Garaşsyz ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ekilýän baglar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Maslahatyň ahyrynda institutyň «Bagtyýarlyk joşguny» döredijilik toparynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ekologiýa forumyna gatnaşyjylarda ruhy joşgun döretdi. Şeýle hem olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna  girizilen «Köneürgenç» döwlet  taryhy-medeni goraghanasyna eden gezelençleri baý many-mazmunly boldy.

06.07.2026 78
Jemgyýet

Belent sepgitlere badalga Milli medeniýetiň dabaralanýan mekany Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Medeniýet hepdeliginiň geljek ýyl Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi baradaky hoş habar Daşoguz welaýatynyň ähli ilatyny, aýratyn-da, döredijilik we medeniýet işgärlerini uly buýsanja we galkynyşa besledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligini 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçirmek baradaky kabul eden çözgüdine bagyşlanyp, Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher we etrap medeniýet, sungat edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, aýdymçylar, bagşylar, teatr artistleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary O.Çerkezowa çykyş edip, türkmen medeniýetini we sungatyny, milli mirasymyzy belent derejelere göterýän, ony bütin dünýäde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi. Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçirilmegi barada kabul edilen çözgüdiň welaýatymyzyň taryhy-medeni baýlygyna, onuň zehinli sungat işgärlerine bolan belent ynamynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Maslahatda çykyş eden il sylagly ýaşulular we tanymal bagşy-sazandalar, medeniýet işgärleri bu taryhy çäräniň diňe bir sungat baýramy bolman, eýsem, sebitiň medeni we ruhy durmuşyny has-da belent sepgitlere ýetirjek taryhy waka öwrüljekdigini uly buýsanç bilen nygtadylar. Maslahatyň dowamynda indiki ýyl guramaçylykly geçiriljek bu giň gerimli halkara medeni çärä häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatyň medeniýet ojaklarynyň, teatrlarynyň we muzeýleriniň öňünde duran täze maksatlar, sahnalaşdyryljak täze eserler we taýýarlanyljak döredijilik sowgatlary barada pikir alşyldy. Taryhy-medeni ýadygärlikleri we pederlerimiziň mukaddes mirasyny dünýä ýaýmaga gönükdirilen çäreleriň meýilnamalary bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar medeniýet, sungat işgärlerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler we geljek ýyl welaýatda Medeniýet hepdeliginiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşyp, mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Hoşallyk maslahatynyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna ulaşdy.

04.07.2026 103
Jemgyýet

Halkymyz geçmişde maddy we medeni gymmatlyklaryň täsin hem görnükli nusgalaryny döredipdir. Taryhdan gözbaş alýan milli medeni gymmatlyklarymyz dürli döwürlerde halkymyzyň şöhratyny beýgeldip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn sarpa, belent mertebä eýe bolýar. Ene-mamalarymyzyň ýiti zehininden döräp, häzirki döwrümize çenli asyl nusgalary ýitirilmän, mynasyp dowam etdirilýän şeýle gymmatlyklar halkymyzyň müdimiligini, baý mirasa eýedigini ykrar edýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşysy gyz-gelinleriň on barmagynyň oýnamyndan döreýän nepis türkmen halysydyr. Haly sungaty barada halkymyzda «Bir okana bar, birem dokana», «Haly düşek törde ýagşy», «Öý bezegi —haly, gyz görki — näzi» ýaly birnäçe aýtgylar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp sungat barada «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Haly halkymyzyň gadymy hem müdimi sungatydyr. Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr» diýip belleýär. Ömrüni halyçylyga bagyşlap, bu käre köňül beren ussat halyçylar ýurdumyzda aýratyn hormatlanýar. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň sahawatly çözgüdi bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Kurbanaý Genjäýewadyr. Zähmetsöýerligi, yhlaslylygy durmuşyna hemra edinip, bu kärden döwlet tapan halyçy zenan bilen duşuşanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Haly sungatyna bolan höwesim çagalykda döredi. Halynyň çitimi, ony erişlere berkitmek üçin darak bilen kakmak entek kiçijik çagakam ünsümi hemişe özüne çekerdi. Doganym haly dokansoň, onuň her bir hereketini yzarlardym. Ulaldygymça bu hünäre has-da yhlasly ýapyşdym. Bu ugurda maňa ilkinji halypalyk eden Kutlybike Şyhyýewadyr. Ol maňa haly dokamagyň inçe tärlerini içgin öwretdi. Indi 35 ýyl bäri halyçylyk sungatyna köňül berip, önümhanamyzda zähmet çekip gelýärin. Häzirki wagtda şägirtlerim Rena Atajanowa, Miýesser Ýagşymyradowa, Gülzada Dawletowa, Dilnaza Koçkarowa, şeýle-de gyzym hem agtygym haly dokamagy ürç edip, bu asylly sungaty dowamata atarýarlar. Häzirki galkynyşly döwrümizde halyçylyk pudagyna uly ähmiýet berlip, halyçy zenanlaryň döredijilikli we öndürijilikli işlemekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ussat halyçylarymyz haly önümhanamyzda uly joşgun bilen zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde göreniňde kalplary Günüň çogy kimin ýyladýan türkmen halysynyň baýramy her ýylda uly ruhubelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa Ýer ýüzünde türkmen halysynyň döreýiş taryhyny öwrenmek, zenanlaryň mertebesini beýgeltmek, hormatlamak ýaly aýratynlyklary, olaryň döredýän şeýle nepis işleriniň dünýä ýüzünde sarpalanmagy üçin şert döredýänligi bilen gymmatlydyr. Türkmen halysy tebigat bilen arabaglanyşygy örän ýiti bolan sungat eseridir. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de tebigy boýaglardan alynýan ýüplüklerden dokalýandygy. Halylar halkymyzyň geçmişiniň, tebigy gözellikleriniň, dagynyň-düzüniň, sähra-çölleriniň gözelliginiň bir eserde jemlenmesidir diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Bagtyýar döwrümizde çagalygymdan höwes eden hünärim bu günki gün döwlet derejesinde belent hormata mynasyp bolmagyma getirdi. Şeýle beýik dereje ykbalyma täzeçe öwüşgin, aýratyn mazmun çaýdy. Täze gözleglere ymtylmaga, ruhubelent işlemäge bolan höwesimi artdyryp, bu beýik sungatyň dünýäde öňküden-de şöhratlanmagyna goşant goşmakda yhlasly işlemäge itergi berdi. Goý, halkyň kalbyna deňelýän nepis halylarymyz her bir türkmen ojagynyň arzyly törüni bezäp dursun!

03.07.2026 104
Jemgyýet

Bedew batly ösüşleriň şuglasy Mähriban halkymyzyň baky bagtyna öwrülen Garaşsyzlygyň şuglasy bu gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary döwrebap ösdürilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesine beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň beýik tutumlary, röwşen geljegimize gönükdirilen iri möçberli taslamalary muny aýdyň görkezýär. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir toý-baýram, şanly sene uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän bilim ulgamy has-da kämilleşýär. Her ýyl häzirki zaman multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, birinji synpa okuwa barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat gowşurylmagy, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde talyplara öwredilýän hünärleriň sanynyň artdyrylmagy, bilim ulgamy bilen baglanyşykly konsepsiýalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi milli bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ýaşamak, işlemek we syýahat etmek üçin iň amatly ýurtlarynyň hatarynda ornuny pugtalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň özara sazlaşmagy, biri-biri bilen baglanyşykly ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrmaga esas bolýar. Şu ýylyň halkymyz üçin aýratyn şöhratly ýyllaryň biridigini öwran-öwran belleýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine uly ösüşler bilen barmak we bu baýramy şöhratlandyrmak hormatly wezipämiz bolup durýar. Bu taryhy senäni mynasyp zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmak höwesi ýurdumyzda islendik ugurda we islendik kärde zähmet çekýän watandaşlarymyzyň baş maksadyna hem-de köňül küýsegine öwrüldi. Bu bilim işgärleri babatda hem hut şeýledir. Ylym-bilimde kämil hünärmenleri taýýarlamak bilen, beýik ösüşlerimize goşant goşýan mugallymlar üstünlikli zähmet çekýärler. Bu bolsa her bir ugruň ösüşlere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Bir söz bilen aýdylanda, şu günler ýurdumyzda emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ähli watandaşlarymyzyň ruhuna ruh goşup, olary rowaçlyklaryň belent sepgitlerine galkyndyrýar.

03.07.2026 171
Jemgyýet

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda Medeniýet hepdeligine bagyşlanyp, muzeýiň TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda «Muzeý gymmatlyklarynyň we taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi, goralyp saklanylmagy hem-de ýetilen sepgitler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň ahyrynda muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda guralan baýramçylyk sergisine syn edildi.

30.06.2026 92
Jemgyýet

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan guralan döredijilik çäresi belent ruhy öwüşginlere beslendi. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly meýdançasynda, beýik Pyragynyň heýkeliniň öňünde geçirilen baýramçylyk dabarasyna redaksiýanyň döredijilik işgärleri, žurnalistler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini we sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge döwlet derejesinde berilýän ünsi aýratyn nygtadylar. Edebiýatymyzyň kämil nusgasy, dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde, şeýle hem welaýatyň medeni durmuşyny giňden açyp görkezmekde «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň alyp barýan işleri barada täsirli gürrüň edildi. Redaksiýanyň işgärleri gazetiň sahypalarynda welaýatyň baý medeni mirasyny, halk döredijiligini, aýdym-saz sungatyny we taryhy ýadygärliklerini giňden beýan etmek boýunça alnyp barylýan işleri, täze döredijilik gözlegleri barada durup geçdiler. Dabaranyň iň täsirli pursatlarynyň biri hem Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlaryna, watançylyk we ynsanperwer ýörelgelerine bagyşlanan täze goşgularyň okalmagy boldy. Bu döredijilik çäresi metbugat işgärleriniň agzybirligini, medeni mirasa bolan belent sarpasyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

29.06.2026 90
Jemgyýet

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher komitetiniň, şäher häkimliginiň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet — jemgyýetiň ruhy baýlygy» atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Muzeýiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bahar Hojaýewa, muzeýiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, welaýat maliýe we ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Begmyrat Mýatdurdyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň kafedra müdiri Begenç Daňatarow, «Daşoguz habarlary» gazetiniň işgärleri gatnaşdylar.

29.06.2026 94

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   39
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   25
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25