Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ömür dowamlylygyny artdyrmak baradaky tagallalary welaýatymyzyň dürli künjeklerinde uzak ýaşly ynsanlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň mysalynda çuň beýanyny tapýar. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Bereketli geňeşliginde ýaşaýan Anna Arazgeldiýewa döwranly döwrüň eçilen bagtyýarlygyna, Allatagalanyň ömür peşgeşine guwanyp ýaşaýan uzak ýaşly eneleriň biri. Tomsuň ikinji aýynyň ilkinji gününde Anna ene 100 ýaşy arka atdy. Öz geçen durmuş ýoly barada mährem ene şeýle gürrüň berýär: — Şeýle bagtly günleri görerin diýip ýaşlygymda hatda göz öňüme-de getirmändim. Alla jana şükür, bagtyýar döwrümiz, bagtly günümiz bar. Abadan ýaşaýşy peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň ömri uzak bolsun, işleri rowaç alsyn! Ömrümi ekin meýdanlarynda zähmet çekmek bilen geçirdim. Ýaşlygym hupbatly ýyllara gabat geldi. Öňki döwürler häzirki ýaly tehnika, traktor barmy?! Iki öküziň arkasyna azal daňyp, ýer sürüp, tohum sepdik, pagta ekdik. Ejem gyz maşgalanyň eli işli bolmaly diýip, kiçilikden el işlerini öwretdi. Biş-düş, içerini tämizlemek, çörek ýapmak ýaly işleriň gapdalyndan gijelerine ýatman ik egirdik, palas, haly dokadyk. Ýadamany, ýaltanmany bilmezdik. 1949-njy ýylda obadaş ýigidim Arazgeldi Saparow bilen durmuş gurdum. 4 ogly, 3 gyzy terbiýeläp ýetişdirdik. Hudaýa şükür, 31 agtygym, 50 çowlugym bar. Häzir 3 oglum, 2 gyzym hormatly dynç alyşda. Körpe oglum Döwlet mekdepde mugallym bolup işleýär. Agtyklarym ýokary okuw jaýlarynda okadylar. Haly, palas dokamagy öz gyzlaryma hem öwretdim. Eli hünärli gyz-gelinler her ýerde-de arzylanýar. Agtyk-çowluklarym hal-ýagdaýymy sorap, hemişe daşymda janserek. Olara halallygyň, zähmetsöýerligiň ynsana bagt getirýändigini ündeýärin diýip, ene zybanyndan dürler saçdy. Diňe agtyk-çowluklary däl, eýsem, tutuş oba adamlarynyň Anna enäniň öwüt-nesihatlaryny, daýhançylyk barada degerli maslahatlaryny almak üçin häli-şindi gelýändigini Anna enäniň körpe gelni Bahargül gürrüň berýär. Haýyrly işlere başlananda, mährem eneden ýagşy dileglerini, ak patasyny almak oba adamlary üçin endik bolupdyr. Bahargülüň gürrüň bermegine görä, enäniň işdäsi, görüşi, eşidişi gowy. Ene özüniň uzak ýaşyny eşretli döwrüň bolçulygy, ýurdumyzyň parahatlygy bilen baglanyşdyrýar. Döwranly döwrümizde mukaddeslik deýin arzylanýan şeýle eneler bilen didarlaşmagyň özi bagt diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Dahanyndan ýagşydan-ýagşy dilegler dür bolup dökülýän enäniň uzak ýyllar neberelerine baş bolup oturmagyny arzuw edýäris.

29.07.2026 81
Jemgyýet

Çagalaryň tomus dynç alyş möwsümi mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasyna gezelençleri guraldy. Körpeler merkezi kitaphananyň «Çagalar» bölümçesinde döredilen «Bagtyýar çagalyk», «Bir bar eken, bir ýok eken», «Biz haýsy ertekiden?», «Ertekiler dünýäsinde», «Akyl sandygy» ýaly kitap sergilerinde ýerleşdirilen çagalar edebiýatlary bilen tanyş boldular. «Şadyýan horaz» türkmen halk ertekisi esasynda taýýarlanan edebi görkezilişiň hem-de «Arassa bol!», «Akja dişleriň aýdymy» ýaly wideoroligiň görkezilmegi bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň ýanynda hereket edýän çagalar gurjak teatry tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan «Öl agajy döwmegin, degmedige degmegin!», şonuň ýaly-da «Ýagşylyk et, senden ýagşy at galar!», «Jüýjeler», «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Dur, bakaly!» hem-de türkmen halk döredijilik eserleri esasynda taýýarlanan we «Leýeran» ýaly gurjak oýunlarynyň görkezilmegini bagtyýar körpeler el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Tomus paslynda her bir gününi oýun-gülkä, ýatdan çykmajak pursatlara beslemegi endige öwren çagalaryň kitaphana gezelençleri olaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilen ýaňyltmaçlaryň, matallaryň, tapmaçalaryň aýdyşygy, sesli ertekili kitaplaryň diňlenmegi, surat çekmek bilen utgaşyp gitdi.

27.07.2026 95
Jemgyýet

Ýurdumyzda halkymyzyň medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň düýpli öwrenilmegi babatynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda medeni mirasymyzy gorap saklamak bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda muzeý işine uly orun degişlidir. Paýtagtymyz Aşgabat, «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherleri  bilen birlikde, welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrüň soňky tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan muzeýler gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine uly orun berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda muzeý işiniň esasy aýratynlyklary muzeý gaznasyny toplamakdan hem-de öwrenmekden, şonuň bilen birlikde, gaznanyň gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, olar jemagata görkezilende sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýady, şeýle-de bar bolan iri muzeýleriň resmi internet saýtlary döredildi. Muzeý hyzmatlarynyň ösüşi medeni gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagynda, terbiýeçilik işiniň aýratyn bir bölegi hökmünde, jemgyýetiň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetiň durmuş, medeni giňişliginde muzeýiň orny adamyň öz maddy we ruhy dünýäsini öwrenmäge bolan tebigy islegi, şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna goşulmaga bolan ymtylyşy bilen kesgitlenýär. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly, ýaşlarymyzy ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksadynda döwletimizde köp sanly taslamalar, portallar we platformalar döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň internet salgysynda ýurdumyzda bar bolan muzeýler, olaryň döredilmeginiň taryhy baradaky maglumatlaryň ýerleşdirilmegi, şeýle hem wirtual gezelençleriň we sergileriň guralmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle mazmundaky maglumatlar ýurdumyzyň ähli Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň hem resmi internet salgylarynda öz beýanyny tapýar. Häzirki zaman muzeý ulgamynda sanlylaşdyrmagyň giňden ulanylmagy jemgyýetiň agzalary, dünýäniň öňdebaryjy sungat eserleri, olaryň döreýşi baradaky maglumatlara eýe bolmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň muzeý gymmatlyklary bilen tanyş bolmaklyga giň mümkinçilikleri döredýär. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» beýan edilişi ýaly, ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmekde, rejelemekde täze tehnologiýalary giňden ulanmak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem maddy we ruhy gymmatlyklary, şeýle-de tebigata degişli gymmatlyklary bir bitewi sanly ulgama geçirmek, beýleki muzeýler bilen elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak ýaly işler üstünlikli alnyp barylýar.

27.07.2026 74
Jemgyýet

Şeýle at bilen TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda milli ýörelgelerimize esaslanýan ösüşleri, öňde duran belent wezipeleri seljermekde taryhy ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler barada gürrüň edildi. Bu umumymilli forumyň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, ata Watanymyzyň ýagty ertirleriniň binýadyny berkitmekde ýokary netijeleri berýändigi buýsanç bilen bellenildi.

25.07.2026 94
Jemgyýet

Tomus çagalar üçin iň garaşylýan, gyzykly we şadyýan günlerden doly dynç alyş döwrüdir. Okuw ýylynyň dowamynda toplanan bilimleri, çekilen zähmeti jemläp, çagalar bu dynç alyşda öz fiziki we ruhy saglyklaryny berkitmäge, täze tanyşlyklary açmaga we öz alan bilimlerini durmuş tejribesi bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik alýarlar. Tomusky dynç alyş çaganyň giň dünýägaraýyşly, sagdyn we döredijilikli şahsyýet bolup ýetişmegi üçin hem möhümdir. Şonuň üçin dynç alşy meýilnamalaýyn guramak möhümdir. Ýurdumyzda hereket edýän ähli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem şu maksatdan ugur alnyp düzülen meýilnama esasynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Arassa howada gezelenç etmek, suwda ýüzmek, sport oýunlary bilen meşgullanmak olaryň bedenleriniň fiziki taýdan berkemegine ýardam edýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan gyzykly ertekileri, hekaýalary we powestleri okamaklary bolsa, çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak bilen, olaryň hyýal güýjüni we pikirleniş ukybyny ösdürýär. Surat çekmek, aýdym-saz, el zähmeti bilen meşgullanmak çagalaryň zehinini açmaga kömek edýär. Ajaýyp ruhda guralan tomusky dynç alyş çagalaryň ýadynda ýakymly ýatlamalar bolup galar we olary täze okuw ýylyna uly höwes bilen başlamaga ruhlandyrar.

24.07.2026 84
Jemgyýet

TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halkyň köňül buýsanjy» ady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işlerine badalga berilmegi mynasybetli, dabaraly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan beýik ösüşleri wagyz etmek, umumymilli forumyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütleriň ähmiýetini düşündirmek maksadynda geçirilen maslahata welaýat, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler demokratik ýörelgeleri ösdürmekde, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, berkararlygymyzyň binýadyny berkitmekde, Watanymyzyň ýagty geljegine dahylly beýik işleri ara alyp maslahatlaşmak babatda bu taryhy forumyň gymmatynyň ýokarydygyny nygtadylar. Şeýle hem bu möhüm ähmiýete eýe bolan çärä welaýatda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy. Çykyşlarda halkyň ykbalyna dahylly beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi.

24.07.2026 90
Jemgyýet

Golaýda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşikde zenanlar üç şert boýunça çykyş etdiler. Eminler  tarapyndan her toparyň ukyp-başarnygyna, ussatlygyna baha berildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşige Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Ogultäç Tuwakowa bilen şol etrabyň medeniýet merkeziniň suratkeş bezegçisi Göwher Saparowa gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere we işjeň çykyş eden zenanlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň tanymal aýdymçylarynyň, folklor tans toparynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi.

22.07.2026 80
Jemgyýet

Geçmişimiziň ähli döwürlerinde özüniň owadanlygy gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy, düşbüligi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewlerimize uly sarpa goýlup gelnipdir. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Goňurdepeden tapylan atyň daşdan ýasalan heýkeljigi, Altyndepede we Ulugdepede ýüze çykarylan at heýkeljikleri bolsa ýurdumyzda atşynaslygyň gadymy döwürlerden bäri uly ünse eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, dessanlarda ata-babalarymyzyň aýtgylarynda we rowaýatlarynda Düldül ata bolan ynam has meşhur. Atamyň gürrüň beren rowaýatyna görä, Düldül Alynyň aty bolup, ol atlaryň piri hasaplanypdyr. Hezreti Aly Düldül aty bilen ençeme söweşlerde uly ýeňişleri gazanypdyr. Düldüliň toýnagynyň yzy galan diýlip hasap edilýän içi oýuk uly daş bar. Döwletimiziň çäginde onuň bilen baglanyşykly «Düldül at depesi», «Düldül ätlän», «Düldül çeşme» ýaly geografik atlaryň bolmagy, bu bedew atyň şöhratynyň, at-owazasynyň äleme ýaýrandygyny açyk aýdyň görkezýär. Halk döredijiliginde bedewlerimiz hemişe asyllylyk we wepalylyk häsiýetlerine eýe bolup, öz eýesiniň goragçysy, hemaýatkäri hökmünde görkezilýär. Şeýle-de halkyň arasynda düýşüňde ata münseň ähli arzuw-islegleriň hasyl bolýarmyş, düýşde at görmek döwletlilikden nyşandyr diýip ynanylypdyr. Bedew atlarymyz dogrusynda dörän nakyllar, dürdäne setirler halkymyzyň bedew atyna bolan buýsanjynyň, söýgüsiniň beýanydyr. «Görogly» şadessanynda Göroglynyň Gyraty onuň toýly gününde-de, gussaly gününde-de hemrasy diýlip görkezilýär. Halk döredijiliginde, halk äheňlerinde monjugatdylarda, lälelerde, enelerimiziň hüwdülerinde bedewleriň waspy giňden beýan edilýär. Matallarda bedewiň şaý-esbaplary şeýleräk beýan edilýär.   Basan ýerim boý çukur, Oturan ýerim oý çukur, Bir elimde aldyrgyç, Bir elimde doldurgyç. (Jogaby: üzeňňi, eýer, uýan, gamçy). «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen bedewiniň at-owazasy älem jahana ýaýyldy. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerilip, türkmen atşynaslyk sungaty uly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Olarda halkara derejeli atly sport ýaryşlary, at çapyşyklary geçirilýär. Türkmen bedewleriniň dünýä derejesindäki ýaryşlarda, abraýly bäsleşiklerde gözelligiň, ýyndamlygyň nusgasyny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy biziň göwün guşumyzy göge ýetirýär.

20.07.2026 78
Jemgyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzy şöhratlandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynda geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlardyr «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Daşoguz şäheriniň Ýaşlar merkezinde geçirilen brifing duşuşygy hem şu ýylymyza bagyşlandy. Ýylyň dabaraly şygarynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek hem-de ýaş nesliň watançylyk duýgusyny we jemgyýetçilik işjeňligini has-da artdyrmak maksadynda guralan bu brifing duşuşygy täsirliligi bilen tapawutlandy. «Garaşsyzlyk bilen deň gadam urýan täze eýýamyň bagtyýar ýaşlary» diýen at bilen geçirilen bu duşuşyga bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda guralan çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň hem döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmeklerine gönükdirilendigi dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle-de şu ýylyň şygarynda diňe bir halkymyzyň taryhy köklerine ygrarlylygy däl, eýsem, häzirki döwrüň hakykatynyň hem öz beýanyny tapýandygy aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, kabul edilen maksatnamalar dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallara degişli jogaplary aldylar. Çäräniň ahyrynda şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary duşuşyga gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

20.07.2026 84
Jemgyýet

Anyk wezipeler — täze üstünliklere ugur Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýerine ýetirilen işlere seljerme bermek, şeýle hem öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksadynda, hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa welaýat, şäher, etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň zenan deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň pudak edaralarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň, senagat, gurluşyk hem-de oba hojalyk kärhanalarynyň zenan işgärleri, mährem eneler gatnaşdylar. Ýygnagy Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa açyp, bagtyýar döwrümizde türkmen zenanlarynyň belent sarpa eýedigini, zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda gözel Diýarymyzyň halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýändigini, şeýle işleriň zenanlaryň durmuşyna aýratyn mazmun çaýyp, döwre gatnaşygyny berkidýändigini, munuň olaryň täzeçil işlerinde aýdyň duýulýandygyny buýsanç bilen belledi. Şeýle hem olaryň asylly gylyk-häsiýetleriniň Galkynyşly döwrümize aýratyn ýaraşyk berýändigini, zenanlaryň taýsyz başarnyklary bilen döredýän el işleriniň Ýer ýüzüne ýaýylýandygyny, olaryň dürli ulgamlarda joşgunly zähmet çekmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmek bilen, özleri hakda edilýän aladalara işjeňlik bilen jogap berýändiklerini nygtady. Soňra welaýat zenanlar bölüminiň ýörite maksatnamasy esasynda geçen alty aýyň dowamynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri barada etrap zenanlar bölümleriniň başlyklarynyň, edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, işjeň agzalarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem zenanlaryň arasynda zenanlar guramalary tarapyndan geçirilýän bäsleşikleriň olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, jemgyýet bilen gatnaşygyny berkitmek, zenanlaryň döwrüň ruhy bilen bitewüleşmegini üpjün etmek, milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny döretmek, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegini gazanmak babatda ähmiýetiniň uludygy nygtaldy. Ýygnagyň dowamynda guramaçylyk meselelerine-de garaldy. Soňra «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň alty aýynda işjeňligi bilen tapawutlanan göreldeli zenanlara TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra guramanyň öňde durýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça tabşyryklar berildi.

18.07.2026 81

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49