Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, zyýanly endikleriň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barmak ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem welaýat prokuraturasynyň, beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Olarda ýaramaz endikleriň hem-de nogsanlyklaryň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanly täsirleri barada düşündirilýär we olary aradan aýyrmakda her bir raýatyň işjeňlik görkezmelidigi ündelýär. Şeýle hem sport bilen meşgullanýan adamyň ömrüniň uzak, janynyň sag bolýandygy, ýurdumyzda sporta berilýän ünsüň netijesinde bu ulgamyň belent sepgitlere ýetendigi, şu zatlaryň ählisiniň aňyrsynda bolsa halkymyzyň jan saglygyny goramak baradaky maksadyň durýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar edilýär.

10.09.2026 69
Jemgyýet

Şeýle şygar bilen, golaýda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Humaý Uzakberdiýewa, Daşoguz şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy Gözel Rejepowa, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Bekiýewa, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bahar Hojaýewa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew dagy özara pikir alyşdylar. Taryhy döwrümiziň şöhratly ýylynda döwletimiziň hem halkymyzyň durmuşyna, ösüşine ýokary täsirini ýetirýän beýik işleriň buýsanjy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artandygy, durmuş gurşawynyň derejeli ösüşe eýe bolandygy barada söhbet etdiler. Baş baýramymyzyň ýubileý toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk hem pugtalandyrjak wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygy, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň alyp barýan işleriniň bu babatda ähmiýeti barada bellenildi.

08.09.2026 64
Jemgyýet

Ýol hereketiniň kadalarynyň sürüjiler, pyýadalar tarapyndan pugta berjaý edilmegi adamyň saglygyny hem-de ömrüniň howpsuzlygyny goramaga ýardam edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler muny aýdyň tassyklaýar. Şondan ugur alnyp, Daşoguz welaýatynyň çägindäki edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde, ilatyň arasynda ýörite meýilnamalar esasynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Olarda ýol hereketiniň kadalarynyň talaplarynyň pugta berjaý edilmegine, olaryň ýerine ýetirilmezliginiň degişli jogapkärçilige eltýändigine aýratyn üns çekilýär.

07.09.2026 61
Jemgyýet

TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň mejlisler zalynda «Halk Maslahaty – milli demokratik ýörelgelere badalga» ady bilen maslahat geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek maksadynda geçirilen maslahatda çykyş edenler asuda ýaşaýşymyzyň özeni bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdygy, ähli ulgamlarda we ugurlarda özgerişleriň, beýik ösüşleriň gazanylmagynyň halkymyzyň agzybirligini we bagtyýarlygyny pugtalandyryp, ruhuny galkyndyrýandygy, şanly toýa utgaşyklylykda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatda işjeň taýýarlyk görülýändigi, taryhy maslahatda döwletiň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenip, oňyn çözgütleriň kabul ediljekdiginiň buýsandyryjydygy barada bellediler.

04.09.2026 77
Jemgyýet

Biraýlyk badalga aldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyz ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy —ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda hereket howpsuzlygynyň biraýlygyny geçirmek indi däbe öwrüldi. Onuň ýokary derejede guralmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň abadan, asuda, ulag ýollarynyň hadysasyz bolmagynyň, ýurdumyzda iň gymmatly baýlyk hasaplanylýan ynsan saglygynyň ygtybarly goralmagynyň kepili bolup durýar. Şoňa görä-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»ýylynda hem bu ýörelgä aýratyn üns berilýär. Belli bolşy ýaly, biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň obadyr şäherlerinde, etrabara, şäherara ýollarynda ulag hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk amala aşyrylmagyna pugta gözegçilik etmek bilen birlikde, edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda duşuşyklar, gürrüňdeşlikler, ýörite sapaklar guralýar. Olarda polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklarynyň işgärleri, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ähmiýeti, bu babatdaky talaplaryň aýratynlyklary, olaryň her bir maşgalanyň abadan bolmagyna ýardamy hakynda gürrüň berýärler.

02.09.2026 61
Jemgyýet

Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary ruhubelentlige beslendi. Mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna dabaraly badalga berildi. Geljegimiz bolan bagtyýar nesiller ak mekdepleriň goýnuna doldular. Ajaýyp döwrümiziň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşjak talyp ýaşlar bolsa ylymlar dünýäsine sary gadam basdylar. Welaýatymyzdaky umumybilim berýän orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, Türkmen oba hojalyk institutynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Ir säher bilen baýramçylyk ruhunda bezelen ak mekdepler arzuw-umytlar bilen bilimler dünýäsine ilkinji gadam basan 1-nji synp okuwçylaryny dabaraly garşylady. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly okaldy. Dabaralarda çykyş edenler täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen okuwçylardyr mugallymlary mähirli gutlap, olaryň okuwlarynda, işlerinde egsilmez üstünlikler arzuw etdiler. Şeýle hem okuwçylara we talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda uly tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň okamagy, gurmagy, döretmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaralaryň dowamynda kakylan ilkinji jaň mekdep okuwçylary, talyplar üçin bilimler dünýäsine çakylyk bolup ýaňlandy. Orta mekdepleriň 1-nji synpyna okuwa baran körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ajaýyp sowgat bagtyýar körpeleri juda begendirdi. Bilim ojaklarynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen başlandy. Bu okuw sapagynda ata Watanymyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler, bedew batly ösüşlerdir ýetilen belent sepgitler dogrusynda ýaş nesillere giňişleýin gürrüň berildi.

01.09.2026 61
Jemgyýet

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Daşoguz şäheriniň Gülüstan ýaşaýyş jaý toplumynda bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilleriň kämil terbiýe we bilim almagyna niýetlenen täze, döwrebap 41-nji çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly il ýaşulular, bilim işgärleri hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Bu çagalar bagy 240 orunlyk bolup, umumy meýdany 2,5 gektary eýeleýär. Onuň gurluşyk işleri «Mäkäm» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Çagalar bagynda çagalaryň saglygyny goramak, olaryň ukyplaryny irki döwürden ýüze çykarmak we ösdürmek, körpeleriň wagtyny peýdaly, gyzykly we rahat geçirmekleri üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Onda aýdym-saz zaly, çagalaryň saglygyny berkitmek üçin ýapyk we açyk suw howuzlary bar. Çagalaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin döwrebap enjamlaşdyrylan lukmançylyk otagy, sagdyn iýmitlenmegi üçin aşhana we döwrebap naharhana hereket edýär. Häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, çagalar bagynda diňe bir terbiýeçilik işleri däl, eýsem, körpeleri mekdebe taýýarlamagyň kämil ulgamy hem ýola goýlan. Bu ýerde çagalara irki ýaşdan başlap daşary ýurt dillerini öwretmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek we kompýuter tehnologiýalary baradaky ilkinji düşünjeleri bermek üçin ýöriteleşdirilen okuw otaglary döredilipdir. Binanyň daşynda çagalaryň arassa howada oýnamaklary we gezelenç etmekleri üçin 12 sany bassyrmaly eýwanlar we dürli attraksionly oýun meýdançalary gurlan. Täze  çagalar bagynyň açylyp ulanmaga berilmegi, ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidir.

01.09.2026 74
Jemgyýet

Daşoguz şäherindäki «Gözel» toý mekanynda Daşoguz şäher häkimliginiň, şäheriň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyny dabaralandyrmak maksadynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar. Toýmekanynyň baýramçylyk sahnasynda welaýatymyzyň aýdym-saz ussatlarynyň, tanymal bagşylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlaryýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspyýetirilip, halkymyzyň bagtyýar döwrümize bolan buýsanjy doly açylyp görkezildi. Hoş owazly nagmalarda altyn güýzüň ajaýyp görnüşlerine sazlaşyp gelýän şanly senäniň, bagtyýar durmuşymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmek babatdaky beýik işleriniň waspy belentdenýetirildi. Toýsaçagynyň başynda döwre gurap oturan bagtyýar zenanlaryň kalplaryna ruhy joşgun eçilen göçgünliçykyşlar owadan tanslaryň sazlaşygy bilen dabaranyň mazmunyny artdyrdy.

29.08.2026 96
Jemgyýet

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň golaýda Daşoguz welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Daşoguz şäherindäki dabaralar geçirilýän aýdym-saz merkezinde guralan bäsleşik gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan, zenan mährinden, paýhasyndan dörän hüwdüleri dünýä ýaýmak, hüwdi aýtmak medeniýetiniň ýerli aýratynlyklary bilen bagly kämil nusgalaryny halk köpçüligine ýetirmek, çaga kalbynda irki ýaşda watançylygyň we milliligiň naýbaşy ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, maşgala mukaddesliginiň binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi. Oňa gatnaşan zenanlar Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kämil eserine salgylanyp çykyş etdiler. Şeýle hem çagany rahat ýatyrmak maksady bilen welaýata mahsus ajaýyp heňe salyp, hüwdi ýerine ýetirdiler. Bäsdeş zenanlar ak öýleriň ýaraşygy bolan sallançagyň nusgalaryny, onuň ýasalyş aýratynlyklaryny wideoşekiliň üsti bilen beýan etdiler hem-de sallançagyň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşik zenanlaryň mährem dünýäsi bilen sazlaşyp, ajaýyp pursatlara beslendi hem-de döwür bilen eneleriň bitewüligini açyp görkezdi. Netijede, 1-nji orna Şabat etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Gülälek Mämmedowa mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji orna Garaşsyzlyk etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy Jemile Piriýewa, 3-nji orna Ruhubelent etrabynyň «Ruhnama» oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Almagül Mämmetnepesowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

28.08.2026 92
Jemgyýet

Geňeşli iliň döwletli ýoly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, täze özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryny berkitmän, eýsem, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly hukuk binýadydyr. Geljekde öňümizde durýan belent maksatlary we wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda döwlet häkimiýet edaralaryna, esasan-da, halka wekilçilik edýän edaralara, milli parlamente uly orun degişlidir. Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri hem döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr. Gadymy döwürlerden bäri halkymyz il-ýurt bähbitli işlere badalga berjek bolanda il içinde sylanýan, hormatlanýan adamlary ýygnap, maslahat edip, döwletli işleri maslahatlaşyp çözüpdir. Şol maslahatly çykarylan netijeler obalaryň arasynda suw, ýer, mal ýa-da adamlaryň şahsy durmuşynda ýüze çykýan meseleleri akylly-başly çözmäge ýardam beripdir. Ata-babalarymyzyň durmuş mekdebinde döreden nakyllary, ýol-ýörelgeleri, adamçylyk sypatlary goňşy arasynda, oba arasynda, hatda ýurtlar arasynda hem döräp biläýjek dawa-jenjelleri parahatçylyk ýoly bilen çözmäge ýardam berip, şol durmuş kadalary biziň şu günki günlerimizde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garaljak meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly şygarlary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

27.08.2026 84

Täze habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
05.10.2026   9
Jemgyýet Dünýäde ykrarly bedew
03.10.2026   52
Jemgyýet Täze maksatlara aýdyň ugur
02.10.2026   25
Jemgyýet «Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
02.10.2026   26
Ykdysadyýet Ekiş ýokary depginde
02.10.2026   29
Jemgyýet Döredijilik sergisi
01.10.2026   26
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   25