Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Jemgyýet

Türkmen edebiýatynyň görnükli ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Onuň şygyrlary asyrlarboýy halkyň aňynda, kalbynda, dilinde, durmuşynda nakyllar we atalar sözüne öwrülip, ýaşap gelýär. Şahyr öz döwrüniň jemgyýetçilik-syýasy, ruhy-ahlak meselelerini sadadan düşnükli, pelsepeli hem-de manysyny oýlanyp tirmeli goşgulary arkaly beýan edipdir. Şonuň üçin hem Pyragynyň köp goşgy setirleri wagtyň geçmegi bilen nakyla öwrülip, halkyň gündelik durmuşynda ulanylýan pähimlere öwrülipdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeninde Watan berkararlygy we halkyň agzybirligi durýar. Şahyr halkyň diňe birleşen ýagdaýynda berkarar döwlet gurup biljekdigini öz şygyrlarynda çuňňur teswirleýär. Şahyryň pelsepewi garaýyşlarynda adamkärçilik, mertlik hem-de pespäl bolmak ýaly ahlak häsiýetleri uly orun tutýar. Magtymguly Pyragy adamyň gymmatyny mal-mülki bilen däl-de, eýsem, onuň halkyna, il-gününe getiren peýdasy bilen ölçäpdir. Dana şahyryň setirleriniň nakyla öwrülmeginiň baş sebäbi olaryň halkyň durmuşyna, türkmeniň ruhuna diýseň ýakynlygyndadyr. Şahyr halkyň dilinden peýdalanyp, öz nobatynda, halkyň dilini we aňyny baýlaşdyran şahsyýetdir. Şonuň üçin Pyragynyň setirleri asyrlar geçse-de könelmän, her bir nesil üçin ýol görkeziji şamçyrag, durmuş mekdebi bolup hyzmat etmegini dowam edýär.

17.08.2026 48
Jemgyýet

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň  Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda  diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça geçiren ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatyny wagyz etmek maksady bilen, TZB-niň Daşoguz welaýat bölümi «Sagdyn ene — sagdyn çaga, sagdyn geljek» atly wagyz-nesihat maslahatyny geçirdi. «Daşoguz» myhmanhanasynda geçirilen maslahata şäher we etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, Mejlisiň zenan deputatlary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň zenan ýolbaşçylary, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mährem eneler ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagyň çaganyň sagdyn ösmeginde, enäniň saglygyny goramakda, onuň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde örän möhüm bolup durýandygyny nygtady. Soňra mährem ene Nurjemal Jumageldiýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulşad Durdymedowa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bahargül Ýazyýewa, Daşoguz şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Dürli Toýlyýewa, welaýat stomatologiýa merkeziniň baş lukmanynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Çemen Öräýewa, welaýat AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň başlygy Nurjemal Sumbarowa, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň lukmany Sähra Annageldiýewa dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda, ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygy, bu babatda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça lukmanlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki ulgamlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygy hem-de çagany dürli kesellerden gorap, sagdyn ösmegi, ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşygy berkitmekde ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýurdumyzda çagany  ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak, wagyz etmek boýunça ýörite maksatnama kabul edilip, bu babatda köp işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdiler.

15.08.2026 97
Jemgyýet

Her bir adama tebigy tarapdan bir ugurdan zehin bagyş edilýär. Şol zehin ýüze çykarylyp, üstünde irginsiz işlenilse, zehin eýesine üstünlikler eçilýär. Çagadaky zehini duýmak, ýüze çykaryp goldamak ene-atanyň we mugallymyň borjy. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Gaýly Saparowyň ýaşlygyna garamazdan, öz bilimi, zehini bilen etrap, welaýat, döwlet derejesinde tanalmagynda hem onuň ejesiniň, kakasynyň, etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Aýgözel Şajykowanyň irginsiz aladalary, zähmetleri bar. Dokuz ýaşly okuwçy oglanygyň, entek kiçiligine garamazdan, rus dilinde suwara gürleýşi, mental arifmetika boýunça amallary ýerine ýetirmekden hem baş çykarmagy başaryşy köpleri haýrana goýýar. Şu okuw ýylynda üçünji synpy tamamlaýan Gaýly Saparow çagalar bagynda terbiýelenýän döwürlerinde rus dilinde goşgulary, aýdymlary ýat tutýar. Kakasy Muhammet aga oglunyň rus diline höweslidigini duýup, öýlerinde öz başardygyndan oňa rus dilinde gürlemegi öwredip başlapdyr. Birinji synpa okuwa baranynda hem kakasy ogly barada mugallymlar bilen maslahatlaşyp, mümkin boldugyndan sapaklaryndan daşary, goşmaça görnüşde rus dilinde tabşyryklary tabşyrmaklaryny, rus dilinde ýazylan kiçijik hekaýajyklary, ertekileri, goşgulary öwretmeklerini haýyş edýär. Özi hem oglunyň sapaklaryna taýýarlanyşyna, rus dilini öwrenişine gözegçiligi gowşatmaýar. Mugallymlaryň zähmetleri we kakasynyň goldawlary netijesinde, ol mekdepde geçirilýän baýramçylyklarda, medeni çärelerde rus dilinde ýatdan goşgulary, aýdymlary aýdyp, çykyş edip başlaýar. Sapaklaryna bolan yhlasy, dil öwrenmeklige bolan höwesi, erjelligi, tebigy zehini bilen deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başaran Gaýly Saparow mekdepde birnäçe gezek Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Şeýle hem şu ýylda Gaýly Saparow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky komitetiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde ýurdumyzyň aýratyn zehinli çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Zehinlije» atly aýdym-sazly telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, Hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýar. Ýaşlygyna garamazdan, bilime, dil öwrenmeklige bolan höwesiň, öz üstüňde irginsiz işlemekligiň uly üstünliklere ýetirjekdigine göz ýetiren Gaýly Saparow ýene-de bilimini artdyrmak maksadynda Görogly etrabynyň merkezinde açylan «Mynasyp ýol» atly dil merkeziniň iňlis dili kurslaryna gatnaýar. Okuw merkezinde hem ýokary netijeler görkezip, Hormat hatlary bilen sylaglanmagy başaran, ata-babalarymyzyň bilim almak, dil öwrenmek baradaky ýörelgelerini özüne ýakyn hemra edinen körpe jigimiz Gaýly Saparowa geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.

14.08.2026 100
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň kitaphana işinde täze, döwrebap usullary ornaşdyrmaga, ilata kitaphana hyzmatyny guramagyň ýokary derejesini üpjün etmäge giň ýol açyldy. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaphanalaryň döredilmegi, internet ulgamynyň elýeterli bolmagy netijesinde dünýä ylmynyň gazananlary, halkymyzyň pähim-paýhasy, asyrlarboýy döreden ruhy gymmatlyklary, genji-hazynasy bilen tanyşmaga täze mümkinçilikler döredi. Kitaphana halkymyzyň maddy we ruhy durmuşyny açyp görkezýän aýna hökmünde ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli ýeridir. Döredijilik adamlary, medeniýet işgärleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, kitap söýüjiler üçin gapylaryny giňden açýan kitaphanalaryň kitap gaznasynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanýar. Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen, kitaphanalaryň kitap gaznasy öz milli neşirlerimiz bilen baýlaşdyryldy. Kitaplaryň kitaphanalaryň gaznasynda aýawly saklanýan gymmatly mirasymyzdygyny ýaşlara düşündirmekde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

13.08.2026 90
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Bötendag belentliginde  aramgähi ýerleşen Ybraýym Edhem Gündogar edebiýatynda takwalygy we meşhurlygy bilen uly yz galdyran beýik weli hem sopy bolupdyr. Ol, takmynan, VIII asyrda (718 — 782-nji ýyllarda) ýaşap geçipdir. Ybraýym Edhem baradaky iň meşhur rowaýat onuň durmuşynyň özgermegi bilen bagly rowaýatlardyr. Aslynda, ol Horasanyň gadymy Balh şäheriniň şazadasy bolupdyr. Rowaýata görä, bir gezek aw awlap ýörkä özüne sataşan perişdelerden dünýä malynyň hem-de şan-şöhratyň geçijidigine, wagtlaýyndygyna göz ýetiripdir. Şondan soň ol patyşalyk tagtyny, täjini we baýlygyny bütinleý taşlap, sopulyk ýoluny saýlap alypdyr. Tagtyny taşlandan soň, ol zähmet çekip, öz maňlaý deri bilen gazanan halal rysky bilen ýaşapdyr. Ol Bagdat, Şam, Hijaz ýaly ýurtlarda ylym öwrenipdir, bütin ömrüni ybadat etmek bilen ýaşapdyr. Magtymguly Pyragy we türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Ybraýym Edhemiň tagty taşlap, haka sary ýönelişini mal-mülkden, nebisden geçmegiň iň ýokary nusgasy hökmünde belläp geçipdirler. Bir gezek Ybraýym Edhem beýleki ýolagçylar bilen gämide ýüzüp barýarka, birden güýçli gaý turup, gämi batmaga başlapdyr. Gämidäkiler gorkudan aglaşyp, dat-bidat edipdirler. Şol wagt Ybraýym Edhem köne juluna bürenip basyrynyp ýatan eken. Adamlar onuň ýanyna baryp: — Eý, Hudaýyň söýen guly! Görüp dursuň, heläk bolup barýarys. Näme üçin beýle rahat otyrsyň, mynajat ediň! — diýipdirler. Ol başyny galdyryp: «Gäminiň batmak gorkusy siziň dünýä baglananyňyz üçindir. Kalbyňyzy dünýeden üzüň, Hudaýa tabşyryň, şonda deňiz hem rahatlanar» diýipdir we ellerini galdyryp, dileg edipdir. Rowaýata görä, şolbada deňizdäki gaý ýatyp, tolkunlar köşeşipdir. Ybraýym Edhem barada halk arasynda, galyberse-de, tutuş Gündogar we türkmen folklorynda başga-da, örän köp hikmetli rowaýatlar saklanyp galypdyr. Bu rowaýatlaryň ählisi asyrlarboýy nebsiňi ýeňmek, halal zähmet çekmek ýaly pespällik sapagy hökmünde dilden-dile geçip gelipdir.

13.08.2026 88
Jemgyýet

Her bir raýatyň abadan durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, maşgalany goldamakda we nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ynsanyň uzak ýaşamagy üçin sagdyn durmuş medeniýetiniň rowaçlanmagy arkaly gazanylýan üstünlikler halkara derejesinde ýokary bahalara mynasyp bolýar. Türkmençilikde uzak ýaşan adamlar ýüze sylynýar. Olaryň durmuş ýollary köplerde gyzyklanma, bilesigelijilik, tebigy ymtylyş döredýär. Güneşli Diýarymyzda ykbal menzilleri dokuzynjy müçäni gäden köpsanly raýatlar bar. Şeýle raýatlaryň biri hem Aşyrgeldi Haljykowdyr. Bu ildeşimiz Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Bereket geňeşliginiň Ýagtylyk obasynda ýaşaýar. Müçe ýyl hasaby boýunça geçen asyryň bars ýylynda dünýä inen Aşyrgeldi aga 1939-njy ýylda obasynda açylan ilkinji başlangyç bilim berýän 40-njy orta mekdebi tamamlaýar. Häzirki wagtda etrapda uzak ýaşly ýaşuly nesilleriň biri hökmünde tanalýan Aşyrgeldi aga 1940 — 1948-nji ýyllar aralygynda etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginde pagtaçy daýhan bolup zähmet çekýär. Uly maşgalada kemala gelen Aşyrgeldi aga 1949 — 1954-nji ýyllar aralygynda Russiýanyň dürli künjeklerinde harby gulluk borjuny berjaý edýär. 1955 — 1991-nji ýyllar aralygynda ol etrapda görnükli gallaçy daýhan, bakja ekinleriniň tanymal ussady, bagban hem-de ösümlikleri zyýankeşlerden goramagyň ezber bilermeni hökmünde özüni tanadýar. 1955-nji ýylda Aşyrgeldi aga etrapda ökde halyçy, göreldeli keşdeçi-tikinçi, tejribeli ýygymçy, öňdebaryjy ýüpekçi zenan hökmünde tanalýan Sapargül Iljanowa bilen durmuş gurýar. 1995-nji ýylda Aşyrgeldi aga Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 50 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglanmagyny ömrüniň iň bagtly pursatlary hasap edýär. Aşyrgeldi aganyň döwletli maşgalasynyň altyn halkasyny bu günki gün dürli kärlerde zähmet çekýän 10 sany perzent, 37 sany agtyk, 63 sany çowluk, 7 sany ýuwluk, 5 sany gowluk, 2 sany geňlik, 1 sany taňlyk düzýär. Watany söýmegiň, goramagyň hem-de ezizlemegi dowam etdirmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän, milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmegine, halk hünärmentçiligi boýunça halypa-şägirtlik mekdebiniň rowaçlanmagyna uly goşant goşýan, halkyň söýgüsi bilen alkyşlanýan, ojagy mähir alawyndan doly, ömri we ykbaly nusgalyk mekdep bolan Aşyrgeldi aganyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza Watanymyzyň gözelligi, döredijilikli ösüşleri, hoşniýetli gatnaşyklary, röwşen geljegi bilen bagly buýsançly aýdýan arzuwlary kalbyňy ganatlandyrýar. Ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän, öz halkynyň milli ýol-ýörelgesine wepaly hyzmat edýän Aşyrgeldi aganyň nesil dowamatynyň daragty bu günki gün çuňluklara, giňişliklere, täze gurşawlara berk kök urýar, täze hasylly şahalary bilen ösýär. Mähriban keşbi döwletli ojaga gelşik berýän arzyly goja bilen hoşlaşýan pursadymyzda elwan öýmeli gelniniň nesil dowamatyna täze goşulan nowjuwan bäbek bilen bosagadan ätlemegi, Merjen, Seýran atly çowluklarynyň öz saýlan hünär ugurlary boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna talyplyga kabul edilendigini buşlaýan hoş habarlar maşgalanyň ähli agzalaryny buýsançly şatlyk joşguny bilen gurşady. Ömri onunjy onluk bilen ýalkanan, ykbal ýollary, zähmet ýeňişleri, halypalyk sapaklary, atalyk ýörelgeleri, maşgalabaşy hökmündäki sargytlary, ýagşylyklary bilen ýaýylýan Aşyrgeldi aganyň mertebeli nebere ýoly döwürleriň sazlaşygynda zehinden, yhlasdan, ruhubelentlikden myrat tapyp, arzuwlar hasyl bolup, bagt aty rowana ýollarda rowaçlyklar bilen zynatlanýar. Bu taryhy hakykatyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir. Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir» diýen parasatly sözleri bilen utgaşmagy aýratyn guwandyryjydyr.

11.08.2026 83
Jemgyýet

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda gelip gowşan hoş habar, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hemmämiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diňe bir öz milli bähbitlerini däl, eýsem, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlar bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni yzygiderli özüne çekýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan berkarar döwletimiziň öňe süren nobatdaky möhüm başlangyjynyň biragyzdan goldanyp, degişli Kararnamanyň kabul edilmegi berkarar Watanymyzyň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dabaralanmasydyr. Bu taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi halkara hukugynyň kadalaryny berjaý etmekde, döwletleriň arasyndaky özara ynamy berkitmekde, şeýle hem dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän ähli başlangyçlary häzirki zaman dünýäsiniň iň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Bitaraplyk ýörelgelerine we gepleşikler arkaly çözgüt tapmak düzgünine esaslanýan bu başlangyç dünýäde halkara hukugyň üstünligini üpjün etmäge hem-de ähli döwletleriň arasynda abraýly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy täze basgançaklara çykarýar. Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylykly, ynsanperwer we hukuk ugurly başlangyçlarynyň BMG tarapyndan yzygiderli goldanylmagy, ýurdumyzyň global diplomatiýada möhüm orny eýeleýändigini subut edýär. Bu taryhy çözgüdiň kabul edilmegi dünýäde yüze çykýan dartgynlyklary diňe parahatçylykly ýollar bilen çözmegiň netijeli mehanizmlerini hödürlär we ýaşlaryň halkara hukuk bilimlerini giňeltmäge, olarda parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer duýgulary terbiýelemäge, ösdürmäge kömek eder.

10.08.2026 76
Jemgyýet

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz  welaýatynyň dürli pudaklaryna degişli edara-kärhanalarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini, onda garaljak il-ýurt bähbitli meseleleri giňden düşündirmek maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň gerimi barha giňeýär. Olaryň biri golaýda welaýat «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň mejlisler eýwanynda guraldy. Müdirligiň hem-de onuň tabynlygyndaky edaralaryň işgärleriniň uly toparynyň gatnaşmagynda geçirilen bu wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 15-nji iýulynda geçilen mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň Karar edilmeginiň ata Watanymyzyň, halkymyzyň geljeginiň has-da rowaçlanmagynda, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary göterilmeginde möhüm ähmiýetli waka bolandygyny guwanç bilen bellediler. Çünki Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm ähmiýetli kararlaryň, çözgütleriň kabul edilmeginiň täze üstünlikleriň gazanylmagyna, belent sepgitlere ýetilmegine gönükdirilen giň gerimli işlere badalga berjekdigi uly buýsanç döredýär.

10.08.2026 68
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli edebi mirasymyzyň baýlyklaryny, asyrlara uzaýan  sungatymyzyň dürli ugurlaryny öwrenmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Göwher setirlerini taryha möhürlän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy häzirki döwürde öwrenilişi boýunça täze belentliklere çykýar. Onuň şahyrana eserleri bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hökmünde diňe bir halkymyzyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar. Edebi mirasy söz sungatynyň altyn hazynasynda uly orny eýeleýän Magtymguly Pyragynyň eserlerinde halklaryň döredijilik meňzeşliklerini, ýakynlyklaryny we edebi däpleriniň umumylyklaryny öz içine alýan taryhy gymmatlyklar duşýar. Ussadyň şygryýet dünýäsinde orta asyr Gündogar edebiýatynyň şahyrana ýordumlarynyň, däpleriniň 50-ä golaýynyň çeper waspnamalary gabat gelýär. Şolaryň biri hem gadymy Leýli bilen Mejnun hakyndaky ýazuw ýadygärligi bilen baglanyşyklydyr. Akyldaryň «Bilmezmiň», «Jan içinde», «Şondadyr», «Meňzär hökümli», «Baglar, heý!», «Galandar», «Illerden aýlandy», «Istemen», «Mejnuny bardyr», «Nary dilberiň», «Gadryn näbilsin», «Iliňni», «Bizge rowana», «Gitmezmiş», «Jany bolmasa», «Hemhana gelendir», «Maly dünýä, heý!», «Galyp men», «Köňlüm» ýaly şygyrlary meşhur Leýli bilen Mejnunyň ykbalyna, olaryň yşky poeziýada orun alan keşbine bagyşlanypdyr diýsek ýalňyşmarys:   Ýalançyny tutdy ady, Olardyr yşkyň binýady, Mejnun Leýli perizady, Söýen dek söýmüşem seni   Gündogar halklarynyň arasynda Leýli bilen Mejnun hakyndaky edebi ýordumlaryň başlangyç esaslary XII asyryň ahyrlarynda ilkinji gezek arap edebiýatynyň şygyr lirikasynda ýüze çykýar. Dünýä belli gündogarşynaslaryň, tanymal alymlaryň ylmy işlerinde VI asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen Mejnunyň we Leýliniň taryhy we edebi keşpleri söýginiň, wepalylygyň, ynamyň, yşkyň kuwwatly güýjüniň mukaddes nyşany hökmünde uzak asyrlardan bäri dabaralanyp gelýär. Aşyk-magşuklaryň rowaýata öwrülen ykbaly gazal, mesnewi, elegiýa (mersiýe), rubagy, kasyda, beýt, nezire, teskire, beýaz, erteki ýaly liriki we epiki žanrlarda rowaçlanypdyr. Ýazuwly edebiýatyň taryhynda bu aşyk-magşuklar hakyndaky ýordumlar esasynda ilkinji çeper eserler IX asyrda Abu Abdullah Jafar ibn Muhammet Rudaky we XI asyrda Abu Muhammet Ylýas ibn Ýusup Nyzamy Genjewi tarapyndan döredilýär. Bu görnükli ýordum boýunça täze çeperçilik, ruhy-medeni gymmatlyklaryň kemala gelmeginde we olaryň görnüş ýaýrawyny giňeltmekde Dehlewi, Jamy, Nowaýy, Fizuly, Rumy, Omar Haýýam, Nesimi, Enweri, Nurmuhammet Andalyp we beýleki akyldarlaryň hyzmaty aýratyn uludyr. Alymlaryň bellemegine görä, Leýli we Mejnun hakyndaky taryhy-edebi ýordumlar esasynda çeper eserleriň dürli görnüşleriniň — poemalaryň, dessanlaryň, sungat eserleriniň dürli görnüşleri gündogar halklarynyň dillerinde döredilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Leýli we Mejnun hakyndaky ýordumlar esasynda çeper film, opera, balet, drama eserleri döredildi. Döredijiligi janly durmuş kitabyna meňzedilýän Magtymguly Pyragynyň Leýli-Mejnun hakyndaky şahyrana mekdebiniň tejribelerini Zelili, Zynhary, Mätäji, Mollanepes, Seýdi, Kätibi, Magrupy, Gaýyby, Talyby, Kemine, Şeýdaýy, Misgingylyç, Şabende ýaly döredijilik ussatlary köptaraply ösdüripdirler.

08.08.2026 98
Jemgyýet

Ata-babalarymyzyň «Düýe maly — dünýe maly» diýmegi ýöne ýere däl bolsa gerek. Sebäbi taryhymyza ser salsak, düýeleriň adamzat üçin örän möhüm iş şertlerinde ulanylandygyna göz ýetirýäris. Olar söwda gatnawlarynda, oba hojalygynda giňden peýdalanylypdyr. Gadymda gelinler düýe kejebesinde getirilipdir. Düýäniň süýdi dürli keselleri bejermek üçin berhizlik serişde hökmünde ulanylypdyr, häzirki wagtda hem düýe süýdünden giňden peýdalanylýar. Gadym Beýik Ýüpek ýoluny hem düýesiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol döwürde söwdagärler argyşa gidenlerinde düýelerden kerwen gurap, ençeme menzil ýollar söküp, söwda ulgamynyň ösmegine öz goşantlaryny goşupdyrlar. Şu sebäpli hem düýeler, olaryň beden gurluşy, yssa we sowuga çydamlylygy barada gyzyklanyp,  toplanan maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Düýäni aýratyn jandar hökmünde görkezýän zat, bu onuň iň agyr şertlerdenem täsirlenmeýän beden gurluşydyr. Düýäniň beden gurluşy şeýle bir täsin bolmak bilen, ol açlyga we suwsuzlyga ençeme günläp çydamly hem-de üstünde ýüzlerçe kilograma çenli agramly ýüki bilen birnäçe günläp ýol ýöräp bilýär. Düýäniň agyz we dodak gurluşy ýiti tikenli ösümlikleri aňsatlyk bilen çeýnemäge mümkinçilik berýär. Aşgazany we iýmit siňdiriş ulgamy islendik zady siňdirip biljek derejede güýçli bolup, bu aýratynlyk oňa gurak we yssy howa şertlerinde ýaşamak üçin zerurdyr. Düýäniň gözleri iki hatar kirpik bilen gurşalandyr. Kirpikler gapan ýaly biri-biriniň içinden geçýän şekilde ýerleşen bolup, düýäniň gözüni güýçli çäge we gum syrgynlaryndan goraýarlar. Düýäniň burny köp sanly köklere bölünen kanallardan emele gelendir. Gurak we yssy howada çygyň mukdary az bolýar. Şu sebäpli düýäniň dem alýan howasynyň çyglylygyny ýitirmezligi zerurdyr. Muňa bolsa onuň örän uly, öwrümli, çygy özüne siňdirip bilýän aýratynlygy bolan örtük bilen örtülen burny ýardam berýär. Ýagny örtük howadaky çygyň 66 göterimini saklap bilýär. Düýe burnunyň bu aýratynlygy bolsa, çölüň 40 derejeden hem ýokary bolýan yssy howasyny 20 derejä çenli peseldip, düýäniň yssy howada salkyn dem almagyna ýardam berýär. Düýe burnunyň ýene-de bir täsin aýratynlygy, güýçli çäge we gum syrgynlary netijesinde howadaky çägäniň we gumuň burnuna girmezligi üçin, edil gözlerini ýumuşy ýaly, burnuny hem ýapyp bilýänligidir. Düýäniň bütin bedenini gurşap alan gür tüýleri çölüň ýakyp-ýandyryjy yssysynyň derisine aralaşmagynyň öňüni alýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa, sowukdan goranmaga hem ýardam berýär. Çöl düýeleri 70 derejä çenli yssy howada, goşa örküçli düýeler bolsa 52 derejä çenli sowuk howada ýaşap bilýärler. Düýäniň aýaklarynyň uzyn bolşy ýaly, ýere basýan penjeleri hem giň, ýaýbaň görnüşde bolup, çägä, guma batman ýöräp bilmegine ýardam berýär. Dabanlarynyň aýratyn galyň deri bilen örtülendigi bolsa, aýagynyň gyzmazlygyna kömek edýär. Düýeleriň agyr howa şertlerinde ýaşap bilmekleri üçin iň esasy serişde olaryň örküçleridir. Düýäniň örküjinde beden agramynyň bäşden bir bölegi möçberinde ýag bolýar. Ýagyň bedeniň belli bir ýerinde ýygnanmagy bedendäki suwuklygynyň azalmazlygyna, şeýlelikde, beden suwuklygynyň tygşytlanmagyna öz täsirini ýetirýär.

07.08.2026 98

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49