Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Jemgyýet

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda her ýylda geçirilýän bilim işgärleriniň awgust aýyndaky usuly-amaly okuwlary ýokary guramaçylykly geçirildi. Ýakynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde hem-de Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar esasynda Daşoguz şäheriniň we welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmagynda bilim işgärleriniň usuly-amaly maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň öňýanynda myhmanlar bu ýerde guralan sergini synladylar. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda guralan sergide welaýatyň mekdep okuwçylarynyň taslama-döredijilik işleri, olaryň gazanan üstünlikleri we ata Watanymyzyň waspyny ýetirýän diwarlyklar görkezildi. Döwlet senasynyň dabaraly ýaňlanmagy bilen başlanan maslahatda, ilki bilen, Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, oňa gatnaşyjylary ýetip gelýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady hem-de täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler barada durup geçdi. Soňra çykyş edenler geçen okuw ýylynda welaýatyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitler hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Bellenilişi ýaly, 2025-2026-njy okuw ýyly welaýatyň bilim işgärleri tarapyndan üstünlikli jemlenildi. Geçen okuw ýylynda welaýatyň mekdep okuwçylary her ýylda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine gatnaşyp, jemi 67 sany baýrakly orunlary eýelediler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň bilim işgärleri üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, umumybilim edaralarynyň mugallymlary we çagalar baglarynyň terbiýeçileri dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna barylýan günlerde badalga alýan täze okuw ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basýan bilim işgärleri özleri barada edilýän aladalara jogap edip, ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdikleri barada bellediler, döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra bu ýerde dabaraly ýagdaýda öňdebaryjy bilim işgärlerine Hormat hatlary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

24.08.2026 51
Jemgyýet

Daşoguz şäher häkimliginiň, TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda kitaphananyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen «Halk Maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtyýar durmuşy, Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, beýik ösüşleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Şeýle hem her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen umumymilli foruma welaýatda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi, onuň döwletimiziň uzak möhletleýin ösüşiniň geljekki tapgyrlaryny kesgitlemek, halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny ýokarlandyrmak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, Watanymyzyň geljeginiň şu günden gurulmagyny gazanmak babatda aýratyn orna eýedigi barada buýsanç bilen bellediler.

22.08.2026 63
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrikde «Halk Maslahaty — Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň etrap komitetiniň işjeň agzalary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini, döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmekdäki ornunyň örän uludygy, bu taryhy mejlisiň diňe döwlet ähmiýetli çözgütleriň kabul edilýän forumy bolman, eýsem, halkymyzyň köpasyrlyk geňeşmek — maslahatlaşmak ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň dabaralanmasyna öwrüljekdigi, onda kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigi bilen has-da gymmatlydygy barada bellediler.

20.08.2026 57
Jemgyýet

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TDP-niň, TAP-niň Daşoguz şäher komitetleriniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halkyň köňül buýsanjy» ady bilen geçirilen söhbetdeşlikde TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Humaý Uzakberdiýewa, welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory Aýna Taganowa, TAP-niň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň hünärmenleri Arazdurdy Jümmiýew, Batyr Gaýypow dagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň döwlet dolandyrylyşynda, döwletimiziň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orna eýe bolup, öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýakyndan ýardam berýändigi, kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň köňül islegleriniň myrat tapmagyna badalga boljakdygyna ynamy berkidýändigi barada pikir alyşdylar.

19.08.2026 61
Jemgyýet

Häzirki zaman tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen, bilim ulgamynda düýpli özgerişler amala aşyrylýar. Sanly bilimiň ösdürilmegi okuw amalyýetini kämilleşdirmek, bilim almagyň amatlylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny okatmak çärelerine giňden ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Sanly bilim ulgamynyň esasy düzüm bölekleri şulardan ybarat, ýagny E-okuw meýdançasy, bu okuwçylar we talyplar üçin onlaýn sapaklar, elektron derslikler üçin barlag işleri jemlenen meýdançadyr. Elektron gündelik we žurnallar bolsa okuwçylaryň ýetişigine, gatnaşygyna we öýe tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirişine gözegçilik etmek üçin niýetlenendir. Interaktiw, akylly tagtalar multimedia we wirtual barlaghana maksatnamalaryna niýetlenen we maglumatlary ygtybarly saklamaga we olara islän ýeriňden birikmäge mümkinçilik berýär. Ulgamyň esasy artykmaçlygy wagt we mekan çäklendirmeleri aradan aýryp islendik ýerde bilim almaga mümkinçilik berýär, her bir bilim alýan okuwça ýa talyba öz özleşdirişiniň tizligine görä okamaga şert döredýär. Şonuň ýaly-da, kagyz sarp edilişini azaldýar, maglumatlary çalt täzelemäge ýardam berýär, ýaşlarda sanly sowatlylygy, analitik pikirlenmäni ösdürýär. Sanly bilim ulgamyna geçiş diňe bir kompýuterleri ulanmak däl, eýsem, okatmagyň usullaryny täzeçe guramakdyr. Mugallymlaryň sanly hünär ugurlaryna kämilleşmegi, orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi ulgamyň üstünlikli işlemeginiň esasy şertidir. Geljekde sanly bilim ulgamy wirtual tehnologiýalar bilen has-da baýlaşyp, bilimiň hemmetaraplaýyn has-da ösmegine getirer.  

18.08.2026 43
Jemgyýet

Mekdep bazarlary hereketde Ýene-de barmak basyp sanaýmaly günlerden mähriban Watanymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar ak mekdepleriň goýnuna dolarlar. Bu günler ene-atalar çagajyklaryny mekdep lybaslary, okuw esbaplary bilen üpjün etmegiň aladasyny edýärler. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz  welaýatynda-da ýaýbaňlandyrylan mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary halkymyzyň hyzmatynda. Daşoguz şäherindäki merkezi daýhan bazarynda giň gerime eýe bolan mekdep bazary hem okuwçy ýaşlaryň isleg bildirýän harytlarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Halkyň gelim-gidimliýerleriniň birine öwrülen bu söwda nokatlarynda harytlaryň aglabasy ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleridir.  Gyzjagazy Medine bilen mekdep bazaryna aýlanyp, söwda edip ýören Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Ogulbagt Saparmämmedowa ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, sagdyn bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Biz muny ädim saýyn duýýarys, görýäris. Ynha, bazaryň haýsy nokadyna barsaň harytlar elýeterli bahalardan, galyberse-de, satyjylar hem söwda etmäge gelenleri güler ýüzli garşylaýarlar. Harytlaryň köpüsiniň ýurdumyzda öndürilendigi hem-de hiliniň ýokarydygy has-da buýsandyryjydyr. Okuwçylaryň egin-eşikleri milli röwüşde bolup, gözegelüwli görünýär. Bu ýerde satyjylaryň göwnejaý hyzmat edip, her bir müşderiniň islegini kanagatlandyrmaga çalyşýandyklaryny aýratyn belläsim gelýär.

17.08.2026 47
Jemgyýet

Türkmen edebiýatynyň görnükli ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Onuň şygyrlary asyrlarboýy halkyň aňynda, kalbynda, dilinde, durmuşynda nakyllar we atalar sözüne öwrülip, ýaşap gelýär. Şahyr öz döwrüniň jemgyýetçilik-syýasy, ruhy-ahlak meselelerini sadadan düşnükli, pelsepeli hem-de manysyny oýlanyp tirmeli goşgulary arkaly beýan edipdir. Şonuň üçin hem Pyragynyň köp goşgy setirleri wagtyň geçmegi bilen nakyla öwrülip, halkyň gündelik durmuşynda ulanylýan pähimlere öwrülipdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeninde Watan berkararlygy we halkyň agzybirligi durýar. Şahyr halkyň diňe birleşen ýagdaýynda berkarar döwlet gurup biljekdigini öz şygyrlarynda çuňňur teswirleýär. Şahyryň pelsepewi garaýyşlarynda adamkärçilik, mertlik hem-de pespäl bolmak ýaly ahlak häsiýetleri uly orun tutýar. Magtymguly Pyragy adamyň gymmatyny mal-mülki bilen däl-de, eýsem, onuň halkyna, il-gününe getiren peýdasy bilen ölçäpdir. Dana şahyryň setirleriniň nakyla öwrülmeginiň baş sebäbi olaryň halkyň durmuşyna, türkmeniň ruhuna diýseň ýakynlygyndadyr. Şahyr halkyň dilinden peýdalanyp, öz nobatynda, halkyň dilini we aňyny baýlaşdyran şahsyýetdir. Şonuň üçin Pyragynyň setirleri asyrlar geçse-de könelmän, her bir nesil üçin ýol görkeziji şamçyrag, durmuş mekdebi bolup hyzmat etmegini dowam edýär.

17.08.2026 46
Jemgyýet

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň  Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda  diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça geçiren ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatyny wagyz etmek maksady bilen, TZB-niň Daşoguz welaýat bölümi «Sagdyn ene — sagdyn çaga, sagdyn geljek» atly wagyz-nesihat maslahatyny geçirdi. «Daşoguz» myhmanhanasynda geçirilen maslahata şäher we etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, Mejlisiň zenan deputatlary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň zenan ýolbaşçylary, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mährem eneler ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagyň çaganyň sagdyn ösmeginde, enäniň saglygyny goramakda, onuň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde örän möhüm bolup durýandygyny nygtady. Soňra mährem ene Nurjemal Jumageldiýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulşad Durdymedowa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bahargül Ýazyýewa, Daşoguz şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Dürli Toýlyýewa, welaýat stomatologiýa merkeziniň baş lukmanynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Çemen Öräýewa, welaýat AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň başlygy Nurjemal Sumbarowa, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň lukmany Sähra Annageldiýewa dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda, ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygy, bu babatda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça lukmanlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki ulgamlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygy hem-de çagany dürli kesellerden gorap, sagdyn ösmegi, ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşygy berkitmekde ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýurdumyzda çagany  ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak, wagyz etmek boýunça ýörite maksatnama kabul edilip, bu babatda köp işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdiler.

15.08.2026 94
Jemgyýet

Her bir adama tebigy tarapdan bir ugurdan zehin bagyş edilýär. Şol zehin ýüze çykarylyp, üstünde irginsiz işlenilse, zehin eýesine üstünlikler eçilýär. Çagadaky zehini duýmak, ýüze çykaryp goldamak ene-atanyň we mugallymyň borjy. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Gaýly Saparowyň ýaşlygyna garamazdan, öz bilimi, zehini bilen etrap, welaýat, döwlet derejesinde tanalmagynda hem onuň ejesiniň, kakasynyň, etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Aýgözel Şajykowanyň irginsiz aladalary, zähmetleri bar. Dokuz ýaşly okuwçy oglanygyň, entek kiçiligine garamazdan, rus dilinde suwara gürleýşi, mental arifmetika boýunça amallary ýerine ýetirmekden hem baş çykarmagy başaryşy köpleri haýrana goýýar. Şu okuw ýylynda üçünji synpy tamamlaýan Gaýly Saparow çagalar bagynda terbiýelenýän döwürlerinde rus dilinde goşgulary, aýdymlary ýat tutýar. Kakasy Muhammet aga oglunyň rus diline höweslidigini duýup, öýlerinde öz başardygyndan oňa rus dilinde gürlemegi öwredip başlapdyr. Birinji synpa okuwa baranynda hem kakasy ogly barada mugallymlar bilen maslahatlaşyp, mümkin boldugyndan sapaklaryndan daşary, goşmaça görnüşde rus dilinde tabşyryklary tabşyrmaklaryny, rus dilinde ýazylan kiçijik hekaýajyklary, ertekileri, goşgulary öwretmeklerini haýyş edýär. Özi hem oglunyň sapaklaryna taýýarlanyşyna, rus dilini öwrenişine gözegçiligi gowşatmaýar. Mugallymlaryň zähmetleri we kakasynyň goldawlary netijesinde, ol mekdepde geçirilýän baýramçylyklarda, medeni çärelerde rus dilinde ýatdan goşgulary, aýdymlary aýdyp, çykyş edip başlaýar. Sapaklaryna bolan yhlasy, dil öwrenmeklige bolan höwesi, erjelligi, tebigy zehini bilen deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başaran Gaýly Saparow mekdepde birnäçe gezek Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Şeýle hem şu ýylda Gaýly Saparow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky komitetiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde ýurdumyzyň aýratyn zehinli çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Zehinlije» atly aýdym-sazly telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, Hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýar. Ýaşlygyna garamazdan, bilime, dil öwrenmeklige bolan höwesiň, öz üstüňde irginsiz işlemekligiň uly üstünliklere ýetirjekdigine göz ýetiren Gaýly Saparow ýene-de bilimini artdyrmak maksadynda Görogly etrabynyň merkezinde açylan «Mynasyp ýol» atly dil merkeziniň iňlis dili kurslaryna gatnaýar. Okuw merkezinde hem ýokary netijeler görkezip, Hormat hatlary bilen sylaglanmagy başaran, ata-babalarymyzyň bilim almak, dil öwrenmek baradaky ýörelgelerini özüne ýakyn hemra edinen körpe jigimiz Gaýly Saparowa geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.

14.08.2026 97
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň kitaphana işinde täze, döwrebap usullary ornaşdyrmaga, ilata kitaphana hyzmatyny guramagyň ýokary derejesini üpjün etmäge giň ýol açyldy. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaphanalaryň döredilmegi, internet ulgamynyň elýeterli bolmagy netijesinde dünýä ylmynyň gazananlary, halkymyzyň pähim-paýhasy, asyrlarboýy döreden ruhy gymmatlyklary, genji-hazynasy bilen tanyşmaga täze mümkinçilikler döredi. Kitaphana halkymyzyň maddy we ruhy durmuşyny açyp görkezýän aýna hökmünde ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli ýeridir. Döredijilik adamlary, medeniýet işgärleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, kitap söýüjiler üçin gapylaryny giňden açýan kitaphanalaryň kitap gaznasynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanýar. Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen, kitaphanalaryň kitap gaznasy öz milli neşirlerimiz bilen baýlaşdyryldy. Kitaplaryň kitaphanalaryň gaznasynda aýawly saklanýan gymmatly mirasymyzdygyny ýaşlara düşündirmekde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

13.08.2026 85

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   39
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   25
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25