Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Jemgyýet

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini hem-de onda kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy çözgütleri bagtyýar halkymyzyň abadan geljeginiň kepilidir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn geňeşleriniň başlyklary, KA-nyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler şöhratly ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrülen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň çözgütleriniň döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyndaky gymmaty dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda umumymilli forumyň ähmiýetiniň uludygy, onuň halkymyzyň iň gymmatly ýörelgeleriniň esasynda guramaçylykly geçirilýändigi, kabul edilen kararlaryň tutuşlygyna adam hakdaky alada ýugrulandygy barada aýdylyp geçildi.

10.10.2026 29
Jemgyýet

Halkymyzda çaga terbiýesine, onuň sagdyn hem-de akyl-huşly perzent bolup ýetişmegine aýratyn uly üns berilýär. Çaga terbiýesi babatynda aýdylýan halk rowaýatlarynda ene mähiriniň çaga üçin aýratyn ähmiýete eýedigi, maşgalada enäniň ornunyň örän uly bolup durýandygy nygtalýar. Pederlerden gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde geçiren diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli «tegelek stol» maslahatynyň ähmiýetini bellemek möhümdir. Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak boýunça kabul edilen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk we amaly binýadyny emele getirýär. Bu maksatnama çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Hakykatdan-da, ene süýdi perzent üçin iň gymmatly iýmit. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işler milli ýörelgelerimiz bilen hem utgaşýar. Türkmen maşgalasynda çagany ene mähri bilen gurşamak, ony ak süýt bilen iýmitlendirmek döwletlilik hasaplanýar.

09.10.2026 26
Jemgyýet

Ynsan üçin her gün sagdyn iýmitlenmek bilen bir hatarda, özüniň ýaş aýratynlygyna we mümkinçiligine görä, gündelik bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sport maşklaryny ýerine ýetirmek wajypdyr. Ýaş nesillerimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa olaryň berk bedenli, sagdyn pikirli bolup ýetişmekleri üçin uly itergi berýär. Her gün yzygiderli pyýada ýöremek sportuň iň bir elýeterli görnüşiniň biridir. Onuň saglygy berkitmäge, bedeniň içki agzalarynyň işjeňligini kadalaşdyrmaga, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga peýdasy uludyr. Her gün 30 minudyň dowamynda arassa howada gezelenç edýän adamlarda ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň, insultyň 20 — 40% az gabat gelýändigi köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde anyklanyldy. Ýöremek daýanç-hereket ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar, süňkleri berkidýär. Bedende alyş-çalyş hadysasynyň işini gowulaşdyrýar, ganda gandyň kadalaşmagynda we zyýanly holesteriniň görkezijisiniň peselmeginde, immun ulgamynyň pugtalanmagynda ýöremegiň peýdasy uludyr. Ýöremek şeýle hem nerw ulgamynyň işjeňliginiň kadalaşmagyna, beden dartgynlygynyň gowşamagyna, ýatkeşligiň berkemegine ýardam edýär.

08.10.2026 22
Jemgyýet

Ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde hem birnäçe durmuş-medeni maksatly binalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berlip, obalarymyzyň keşbine üýtgeşik gözellik çaýylýar. Şolaryň hatarynda etrabyň Ýagtylyk geňeşligi täze taryhy döwürde abadançylygy, agzybir ilaty we batly ösüşleri bilen tanalýan döwrebap obalary özüne birleşdirýär. Ýagtylyk geňeşliginiň häzirki keşbi güneşli Diýarymyzyň oba hojalyk we durmuş-ykdysady syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ol çägi we ilaty boýunça etrapda uly geňeşlikleriň biri bolup durýar. Atalyk, Gumlydepe, Boýunbaş, Akguýy, Garakly, Yzmykşir obalarynyň ýaşaýjylary halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Geňeşligiň çäginde gurulýan we hereket edýän döwrebap binalar, medeni-durmuş maksatly desgalar oba ýaşaýjylarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Döwrebap mekdepler, saglyk öýleri iň täze enjamlar bilen üpjün edilip, ýaş nesliň kämil bilim almagyna hem-de ilatyň saglygyny goramaga hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde geňeşligiň Atalyk obasynda 620 orunlyk 44-nji orta mekdebiň, Gumlydepe obasynda bolsa 640 orunlyk 45-nji orta mekdebiň binalary gurlup ulanmaga berildi. Bu bilim ojaklarynda ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim we terbiýe almagy, kompýuter tehnologiýalaryny we daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilen. Ilatyň saglygyny goramak we olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen gurlan täze saglyk öýi oba durmuşyna aýratyn röwüş çaýdy. Iň täze lukmançylyk tehnologiýalary, anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edilen bu saglyk öýi oba ýaşaýjylaryna ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny almaga mümkinçilik berýär. Geňeşligiň çäginde hususy telekeçiligiň ösdürilmegine, gurluşyk materiallarynyň önümçiligine uly üns berilýär. Bu ýerde gurluşyk pudagy üçin iň zerur önümleriň biri bolan ýokary hilli kerpiçler öndürilip, olar sebitde barha giňäp gidýän gurluşyk meýdançalaryny zerur serişde bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşulýar.Geňeşligiň daýhanlary bolsa «ak altynyň», galla we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşýarlar. Oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan ýüpekçilikde hem geňeşligiň zähmetsöýer ýaşaýjylary ajaýyp üstünlikleri gazanmagy başardylar. Şertnama esasynda 6,2 tonna gymmatly çig malyň deregine, erjellik we uly yhlas bilen irginsiz zähmet çeken oba ilaty 7.5 tonna golaý ýokary hilli pile tabşyryp, etrapda birinji ýere, baýrakly orna mynasyp boldular. Hasyl ussatlarynyň gazanan bu guwandyryjy zähmet ýeňşi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýubileý toýuna zähmet sowgady boldy. Täze ýollar, arassa agyz suwy, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçilik obanyň her bir ojagyna gurp we bereket eçilýär. Internet ulgamynyň we sanly hyzmatlaryň oba ýerlerine ornaşdyrylmagy bolsa ilatyň döwür bilen aýakdaş gitmegine giň şertleri döredýär.

07.10.2026 25
Jemgyýet

Gadymy hem gymmatly ýörelgelerine sarpa goýýan halkymyz täze taryhy döwrümizde ony has-da rowaçlandyrýar. Pederlerimiziň şu günlerimize gelip ýeten däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň hatarynda Watan ogullaryny sarpalamak, olaryň hatyrasyny belent tutmak ýaly gymmatly ýörelgelerine bu günki gün uly ähmiýet berilýär. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Gökdepe söweşinde şehit bolan gahrymanlaryň we Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň hormatyna Hatyra güni bellenip geçilýär. Bu başlangyç halkymyzyň aslyhalallyk ýörelgelerinden gözbaş alyp, häzirki bagtly durmuşymyz, Watanyň her daban ýeri üçin gurban bolan gahrymanlar hasrat bilen hatyralanýar. Bu senäniň ir säheri gözel paýtagtymyzda bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýerleşen «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine, welaýat, etrap, şäher merkezlerindäki «Baky otlara» gül goýmak bilen, milletiň ogullarynyň hatyrasy belent tutulýar, metjitlerde sadakalar berlip, aýat-töwir okalyp, olaryň ruhlarynyň şat, dünýämiziň abat bolmagy dileg edilýär. Döwürleriň hem nesilleriň arasyndaky synmaz bitewülige öwrülen bu ýörelgeler milletimiziň beýikliginden habar berýär. Her işde geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän maksatlaryň bir mazmunda jemlenmegi döwletimiziň asuda hem parahat durmuşyna, halkyň abadan ýaşaýşyna ýagty ertirlerine bolan ynamy has-da berkidýär. Watan gahrymanlarynyň edermenligi bilen, türkmen milleti bu günki gün tutuş dünýä parahatçylygyň nuruny ýaýýan başlangyçlary bilen çykyş edýän döwletde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz beýik ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň we tutuş adamzat jemgyýetiniň bagtyýar ýaşamagy we gülläp ösmegi üçin maksatnamalaýyn wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa aslyhalallyk ýörelgelerinden gözbaş alýan  halkymyzyň gurmak, döretmek, belent sepgitleri tarap ýoly bilen  öňe gitmek baradaky öňde goýan asylly maksatlarynyň myrat tapýandygyny doly açyp görkezýär. Hatyra gününde berýän sadakalaryňyz, doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

06.10.2026 20
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, gorap saklamak we dikeltmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäkleri gadymy siwilizasiýalaryň, medeniýetleriň ýadygärlikleriniň baý mekany hasaplanýar. Şolaryň biri-de Görogly etrabynda ýerleşýän Yzmykşir galasydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Yzmykşir galasy diňe bir binagärlik ýadygärligi bolman, eýsem, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny özünde jemleýän mukaddes künjekleriniň biridir. Yzmykşir galasy ylmy edebiýatda dünýä meşhur alym, dilçi we pelsepeçi Mahmyt Zamahşarynyň doglan mekany hökmünde tanalýar. 20 gektara golaý meýdany tutýan, belent palçyk diwarlary dört sany derwezesi bolan bu galada geçirilen ylmy-barlag we arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Yzmykşiriň orta asyrlarda diňe bir goranyş galasy bolman, eýsem, Gündogaryň iň ösen hünärmentçilik, söwda-medeni merkezleriniň biri bolandygyny subut edýär. Gazuw işleriniň barşynda tapylan dürli reňkli syrçaly, syrçasyz gap-çanaklar, küýze döwükleri bu ýerde küýzegärçilik senediniň ýokary derejede ösendigini görkezýär. Şeýle hem önümleriň ýüzündäki geometrik we ösümlik şekilli nagyşlar milli sungatyň kämil ösendiginden habar berýär. Tapylan gadymy teňňeler şäheriň söwda-satyk işlerine işjeň gatnaşandygyny we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm düşelgeleriň biri bolandygyny tassyklaýarlar. Görnükli alym Soltanşa Atanyýazowyň bellemegine görä, «Zamahşar» sözi araplaryň «belentlik» manysyndaky «şamaha» we «şäher» sözleriniň gysgalan görnüşinden emele gelip, «Belent şäher» diýmegi aňladýar. Halk arasynda bu galanyň ady diňe bir taryhy maglumatlar bilen däl, eýsem, täsirli rowaýatlar bilen hem baglanyşdyrylýar. Ýerli ilat arasynda ýaşaýan esasy rowaýatlara görä, gala diwarlarynyň gurluşyk garyndysy aýratyn däp-dessur berjaý edilip we mukaddes niýetler bilen taýýarlanylypdyr. Şol sebäpli hem bu gala asyrlaryň dowamynda dürli tebigy hadysalara, harby çozuşlara döz gelip, şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Taryhy maglumatlara esaslanyp aýdanymyzda, ýerli ilatyň arasynda galanyň adynyň pars dilindäki «Şir» (arslan) sözi bilen baglanyşdyrylmagy hem-de gala goragçylarynyň görkezen edermenlikleriniň arslanlaryň batyrlygyna meňzedilmegi ýadygärligiň gahrymançylyk taryhyndan habar berýär.  Häzirki wagtda Yzmykşir galasy halkara syýahatçylaryň, alymlaryň ünsüni çekýän taryhy-medeni merkezleriň biridir. Bu bolsa ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiligini artdyrmaga, medeni diplomatiýany ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.

05.10.2026 21
Jemgyýet

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabara geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada şanly sene mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş edildi. Çykyşlarda milletimiziň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde giňden dabaralandyrylýandygy, ýaş nesli kämil ruhda terbiýelemekde ýaşulularyň ornuna çuňňur baha berilýändigi barada täsirli gürrüň edildi. Soňra ýaşuly nesliň wekillerine welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň taýýarlan baýramçylyk sowgatlary, ter gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Tolgundyryjy pursatlar nesilleriň bitewüliginiň kepiline öwrülip, kalplarda hoşallyk duýgularyny artdyrdy. Dabaraly pursatlar welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

05.10.2026 35
Jemgyýet

Daşoguz welaýat häkimliginiň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda «Dünyäde ykrarly, gadamy batly bedew» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini we medeni gymmatlyklarymyzy dabaralandyrmaga bagyşlanan bu maslahata partiýa işgärleri, hormatly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ahalteke bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty, olaryň türkmen edebiýatyndaky hem-de taryhyndaky öçmejek orny barada giňişleýin nygtaldy.

03.10.2026 127
Jemgyýet

Golaýda şeýle at bilen «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Birleşmäniň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmek, öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ýurt berkararlygymyzyň binýadyny berkidýändigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň ýeten belent derejeleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri barada buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň halk demokratiýasyny dabaralandyrmakda, Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna maksatly tutumlara badalga bermekde ähmiýetiniň ýokarydygy barada aýdyldy.

02.10.2026 47
Jemgyýet

Bereketli güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap, Watan harmanynyň beýgelmegine goşant goşýan pagtaçy kärendeçileriň ruhuny götermek, iş öndürijiligini artdyrmak, olaryň günortan arakesme wagtynda dynç alşyny guramaçylykly we netijeli geçirmek üçin köptaraply medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri golaýda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň we höwesjeň aýdymçylarynyň gatnaşmagyna iş üstünde guraldy. Şol gün ýygyma gatnaşýan öňdebaryjy ýygymçylaryň we kombaýnçylaryň arasynda zähmet ýaryşlary guralyp, öňe saýlananlara ýörite sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem göçme kitaphana hyzmaty guralyp, pagtaçy kärendeçiler gündelik metbugat neşirleri we täze çykan çeper edebiýatlar bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlar pagtaçylaryň zähmet joşgununy artdyryp, olary ýokary zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrdy.

02.10.2026 46

Täze habarlar

Ykdysadyýet Ak hanalardan harman döreýär
10.10.2026   28
Jemgyýet Abadan geljegiň kepili
10.10.2026   29
Jemgyýet Mähir bulagy
09.10.2026   26
Ykdysadyýet Gymmatly ekiniň bol hasyly
09.10.2026   25
Jemgyýet Sagdynlygyň gözbaşy
08.10.2026   22
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
08.10.2026   24
Jemgyýet Ajaýyp Döwrüň görkana obalary
07.10.2026   25