Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli edebi mirasymyzyň baýlyklaryny, asyrlara uzaýan sungatymyzyň dürli ugurlaryny öwrenmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Göwher setirlerini taryha möhürlän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy häzirki döwürde öwrenilişi boýunça täze belentliklere çykýar. Onuň şahyrana eserleri bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hökmünde diňe bir halkymyzyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar. Edebi mirasy söz sungatynyň altyn hazynasynda uly orny eýeleýän Magtymguly Pyragynyň eserlerinde halklaryň döredijilik meňzeşliklerini, ýakynlyklaryny we edebi däpleriniň umumylyklaryny öz içine alýan taryhy gymmatlyklar duşýar. Ussadyň şygryýet dünýäsinde orta asyr Gündogar edebiýatynyň şahyrana ýordumlarynyň, däpleriniň 50-ä golaýynyň çeper waspnamalary gabat gelýär. Şolaryň biri hem gadymy Leýli bilen Mejnun hakyndaky ýazuw ýadygärligi bilen baglanyşyklydyr. Akyldaryň «Bilmezmiň», «Jan içinde», «Şondadyr», «Meňzär hökümli», «Baglar, heý!», «Galandar», «Illerden aýlandy», «Istemen», «Mejnuny bardyr», «Nary dilberiň», «Gadryn näbilsin», «Iliňni», «Bizge rowana», «Gitmezmiş», «Jany bolmasa», «Hemhana gelendir», «Maly dünýä, heý!», «Galyp men», «Köňlüm» ýaly şygyrlary meşhur Leýli bilen Mejnunyň ykbalyna, olaryň yşky poeziýada orun alan keşbine bagyşlanypdyr diýsek ýalňyşmarys: Ýalançyny tutdy ady, Olardyr yşkyň binýady, Mejnun Leýli perizady, Söýen dek söýmüşem seni Gündogar halklarynyň arasynda Leýli bilen Mejnun hakyndaky edebi ýordumlaryň başlangyç esaslary XII asyryň ahyrlarynda ilkinji gezek arap edebiýatynyň şygyr lirikasynda ýüze çykýar. Dünýä belli gündogarşynaslaryň, tanymal alymlaryň ylmy işlerinde VI asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen Mejnunyň we Leýliniň taryhy we edebi keşpleri söýginiň, wepalylygyň, ynamyň, yşkyň kuwwatly güýjüniň mukaddes nyşany hökmünde uzak asyrlardan bäri dabaralanyp gelýär. Aşyk-magşuklaryň rowaýata öwrülen ykbaly gazal, mesnewi, elegiýa (mersiýe), rubagy, kasyda, beýt, nezire, teskire, beýaz, erteki ýaly liriki we epiki žanrlarda rowaçlanypdyr. Ýazuwly edebiýatyň taryhynda bu aşyk-magşuklar hakyndaky ýordumlar esasynda ilkinji çeper eserler IX asyrda Abu Abdullah Jafar ibn Muhammet Rudaky we XI asyrda Abu Muhammet Ylýas ibn Ýusup Nyzamy Genjewi tarapyndan döredilýär. Bu görnükli ýordum boýunça täze çeperçilik, ruhy-medeni gymmatlyklaryň kemala gelmeginde we olaryň görnüş ýaýrawyny giňeltmekde Dehlewi, Jamy, Nowaýy, Fizuly, Rumy, Omar Haýýam, Nesimi, Enweri, Nurmuhammet Andalyp we beýleki akyldarlaryň hyzmaty aýratyn uludyr. Alymlaryň bellemegine görä, Leýli we Mejnun hakyndaky taryhy-edebi ýordumlar esasynda çeper eserleriň dürli görnüşleriniň — poemalaryň, dessanlaryň, sungat eserleriniň dürli görnüşleri gündogar halklarynyň dillerinde döredilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Leýli we Mejnun hakyndaky ýordumlar esasynda çeper film, opera, balet, drama eserleri döredildi. Döredijiligi janly durmuş kitabyna meňzedilýän Magtymguly Pyragynyň Leýli-Mejnun hakyndaky şahyrana mekdebiniň tejribelerini Zelili, Zynhary, Mätäji, Mollanepes, Seýdi, Kätibi, Magrupy, Gaýyby, Talyby, Kemine, Şeýdaýy, Misgingylyç, Şabende ýaly döredijilik ussatlary köptaraply ösdüripdirler.