Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 14° C Daşoguz

Syýasat

Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda her ýyl uludan bellenip geçilýär. Bu baýramyň dabaralara beslenýän günlerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, jenneti bedewlerimiziň gözelligini wasp edýän ussat suratkeşleriň, halyçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň arasynda döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Bedewlerimiziň seýkin basyp ýöreýşi, laçyn kimin okdurylyşy, dal kaddy-kamaty Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde, aýlawlarda diňe bir halkymyzy däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlary hem haýrana goýýar. Türkmen atlary iň gadymy atlar hasaplanýar. Gadymy ýazgylarda, Parfiýa döwleti bilen bagly golýazmalarda bular barada giňden beýan edilýär. Bu döwürde guýrugy düwlen atlaryň ýurduň oňony hökmünde mukaddes saýylandygy ýazylýar. Gadymy ýunan akyldary Ksenofen şeýle ýazýar: «Midiýada Nusaý atly jülge bar. Ana, şol jülgede hem ajaýyp atlar ýetişdirilýär. Bu ýeriniň halky atlaryna edil özleriniňki deýin misden edilen göwüslik ýaly sowutlary dakýarlar. Atlaryň uýanlarydyr agyzdyryklaryny, bilçekiniň uçlaryny tylla bilen haşamlaýarlar». Şular ýaly ýakymly teswirlerdir ýatlamalar gadymy döwrüň, orta asyryň, ondan soňky döwrüň ýazgylarynda köp gabat gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen bedewleriniň döreýiş taryhy bilen aýratyn gyzyklanýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary halkymyzyň çuňňur söýgüsini gazandy. Türkmenistan tarapyndan teklip edilen ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, milli senetçilik sungatymyzyň, atşynaslyk däpleriniň umumadamzat medeniýetiniň hazynasyna öwrülmegi başymyzy göge ýetirdi.

27.04.2024 38
Syýasat

Düýn Mary atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Dabara welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçy düzümleri, halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, bagtyýar ýaşaýjylar, talyplar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen toý tutumly çärä gatnaşanlar, bedew janköýerleri medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary bilen garşy alnyp, olara duz-çörek hödür edildi. Türkmen toýlarynyň bezegi bolan bagşylar behişdi bedewlerimizi belentden wasp etdiler. Bu ýerde dürli görnüşli at esbaplarynyň, bezeg şaý-sepleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň ahalteke bedewlerimize bagyşlap döreden eserleriniň hem-de çeper elli zenanlaryň nepislik bilen taýýarlan milli egin-eşikleriniň, haly we haly önümleriniň, gülli keçeleriň sergisi-de giňden ýaýbaňlandyryldy. Möwsümiň ilkinji at çapyşyklaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen üçýaşar we ondan uly bedewleriň 100-den gowragy gatnaşdyrylyp, olar 1200-den 2200 metre çenli dürli aralyklarda güýç synanyşdylar. Bedew janköýerleriniň goldamagynda, şatlyk-şowhuna beslenen jemi dokuz çapyşygyň her biri dartgynly, çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Üçýaşar atlaryň 1200 metr aralyga geçirilen 1-nji çapyşygyna jemi 7 bedew gatnaşdyrylyp, onda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Akdaşaýak ýaşaýyş toplumyna degişli Garaýel atly gara gysrak ýeňiji boldy. D.Berdimuhammedowyň çapan aty bellenilen aralygy 1 minut 21,1 sekuntda geçmegi başardy. 2-nji çapyşyga üçýaşar atlaryň 8-si goşulyp, 1200 metr aralyga guralan ýaryşda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Börme” daýhan birleşiginden N.Babalyýewiň seýislän Ekizdag atly mele aty 1 minut 19,3 sekunt netije bilen pellehana birinji geldi. 3-nji çapyşykda 11 sany ýüwrük atyň arasyndan Şaperi atly bedew eýesine abraý getirdi. Çapyksuwary D.Begmedow bolan bu at bellenilen aralygy 1 minut 19,3 sekuntda geçdi. 4-nji çapyşykda birinji bolup gelmek Ýelsona atly dor gysraga miýesser etdi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli bu ata K.Polaýew çapyksuwarlyk etdi we bellenilen aralygy 1 minut 17,9 sekuntda geçdi. 5-nji çapyşyga jemi 7 at goşulyp, onda Mary döwlet athanasynyň Dordepel atly dor atyna taý tapylmady. T.Annaçaryýewiň çapan bu aty bellenilen aralygy 2 minut 49,4 sekuntda geçmegi başardy. 6-njy çapyşykda 11 bedewden Daragt atly at bellenilen aralygy 2 minut 35,6 sekuntda geçip, beýlekilerden saýlandy we eýesi O.Kemalowa ýeňiş getirdi. T.Tülegenowyň Dagýaly atly dor aty 7-nji çapyşykda 11 bedewiň arasynda 2 minut 31 sekunt netije bilen öňdeligi eýeledi. 8-nji çapyşykda hem şonça at ula goýberildi. Has gyzykly hem çekeleşikli geçen bu çapyşykda A.Ataýewiň Sazanda atly ýüwrük aty 2200 metr aralygy 2 minut 37,8 sekuntda geçip, baýrakly birinji orna mynasyp boldy. Jemleýji, 9-njy çapyşykda 10 sany ahalteke bedewi ýaryşa goşuldy. Bu gezek Mary atçylyk sport toplumyna degişli Ýantar atly dor at öňe saýlandy we bellenilen aralygy 2 minut 34,6 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

15.04.2024 56
Syýasat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy wakalar, şanly seneler goşa-goşadan gelýär. Mukaddes Oraza aýy halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen has-da dabaralandy. Aýlaryň ýagşysy hasaplanýan Remezan aýynyň dowamynda Änew şäherinde täze metjidiň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Gadymy Änewiň buýsançly taryhyndan habar berýän şekiller bilen kemsiz bezelen metjide «dünýäniň we diniň bezegi» derejesine eýe bolan Seýit Jemaleddiniň adynyň dakylmagynda çuňňur many bardyr. Bu asylly işleriň dowamy mübärek Gadyr gijesi mynasybetli welaýatlarda dowam etdi. Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap täze metjitler halkymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda ulanmaga berlen Ruhubelent metjidi 300 adamyň namaz okamagy üçin niýetlenip, ol 3 gektar meýdanda ýerleşýär. Ruhubelent metjidine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite awtoulaglaryň gowşurylmagy çärä gatnaşanlaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ýerde agzaçar sadakasy berlip, tarawa namazy okaldy. «Allanyň öýüniň» şeýle mukaddes günde açylmagy ýurdumyzda halkymyzyň asylly däpleriniň, mukaddes ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, iş kesilen 356 sany raýatyň günäsiniň geçilmegi ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Bagtyýar il-halkymyz 10-njy aprelde Oraza baýramyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçdiler. Ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazlary okalyp, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi dileg edildi.

10.04.2024 48
Syýasat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul ediljek okuwçylara sowgat beriljek, Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak hakyndaky Karary ähli ildeşlerimizi guwandyrdy, buýsandyrdy. Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa okuwa barjak 155 müň 641 okuwça noutbuk kompýuterleri gowşurylar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Bilimli» atly kompýuterleri indi birnäçe wagtdan bäri uly meşhurlyga eýe boldy. Ýaş nesillerimiziň kompýuter tehnologiýasyndan oň  at baş çykarmagy babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň işi sanlylaşdyrylýar. Okuwçy ýaşlarymyzyň döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň guwandyryjy netijeleridir. Bilim biziň beýik geljegimizdir. Beýik geljegiň binýadyny bolsa ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy arkaly berkitmek mümkindir. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy babatda döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň kepilidir. Bu günki ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesil Watanyň ertirki eýeleridir.

25.03.2024 40
Syýasat

Bag ekmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli rowaçlanýan döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň çar künjeginde saýa salýan baglar nurana baharyň gözelligini artdyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berler. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen bagly bolan şanly ýylymyzda ýurdumyzda 3 million düýp bag nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Welaýat boýunça ekiljek bag nahallary doly taýýar edilip, häzirki wagtda baglaryň ekiljek ýerlerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşarys» diýip belleýşi ýaly, her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri giň gerimde guralýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, birnäçe başlangyçlary öňe sürýär. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi  boýunça halkara maslahatynda öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini bellemek ýerliklidir. Arassa howanyň, asuda asmanyň bar bolan ýerinde abadançylyk, rowaçlyk, ýaşaýyş bardyr. Halkyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň hatarynda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek möwsümi hem ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşýan uly goşandydyr. Her ýylda badalga berilýän   bu ajaýyp çäre ata-babalarymyzyň bag ekmek baradaky asylly ýörelgeleriniň taryhy döwürde barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Baglar ömürlere, döwürlere saýadyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy asylly işlere, maksatly tutumlara ruhlandyrýar.

15.03.2024 50
Syýasat

Şu gün Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda» Permana gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ýurduň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda kabul eden çözgüdine görä, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirildi. Şeýle-de resminamada, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň we guramalaryň bu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidigi bellenilýär.  

30.12.2023 152
Syýasat

   Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaşly ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamy bolan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň dünýäde iki gezek ykrar edilmegi hem-de onuň umumadamzat üçin bähbidi, Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen bu şanly senäniň “Halkara Bitaraplyk güni” hökmünde giňden bellenilýändigi mertebe buýsanjymyzdyr, egsilmez gymmatlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: “Biziň döwletimiz ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Bitaraplygymyzyň gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly tejribe toplady” diýip bellemek bilen, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ähmiýetini aýratyn belläp geçýär. Welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň biri bolan Baş baýdak meýdançasynda ýokary ruhubelentlige beslenen dabara welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň başynda Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy. Bu bagtyýar pursata dabara gatnaşyjylar ellerini gursagyna goýup, oňa ruhubelentlik bilen goşulyşdylar. Merdana halkymyzyň milli buýsanjy bolup, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda baýramçylyk dabarasy dowam etdi. Dabarada ilki bilen, welaýatyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow çykyş edip, baýramçylyk mynasybetli bu ýere ýygnananlary mähirli gutlady. Soňra dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar çykyş edip, türkmen Bitaraplygynyň gymmaty, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilendigi dogrusynda buýsançly belläp geçdiler. Soňra dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň edebi-sazly kompozisiýasy, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary beýik döwrümiziň waspy bolup ýaňlandy. Şeýle hem tans toparlarynyň owadan tanslary mukamlar bilen sazlaşyp, aýratyn gözelligi köňüllere bagyş etdi.

12.12.2023 37
Syýasat

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlaryny diňledi. Soňra hormatly Prezidentimiz hökümet agzalarynyň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňledi we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi: – Milli Geňeş Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlere kanunçylyk goldawyny bermeli; – maliýe-ykdysadyýet we bank toplumynyň edaralarynyň işine berk gözegçiligi ýola goýmaly; – ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly çäreleriň, şanly senäniň hormatyna geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeli; – «Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» Karardan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamaly; – meýilleşdirilen ähli dabaraly çäreleriň geçirilmegine örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmeli we dürli maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmeli; – baýramçylyk günlerinde bölek söwda satuwyny talabalaýyk derejede guramak üçin çäreleri görmeli. Şunda harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň we hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns berilmeli; – oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hem-de iri halkara forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeli; – bilim ulgamyndaky zerur bolan resminamalaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyk getirilmegine uly üns bermeli; – özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bar bolan ýagdaýlary, onuň geljekki ugurlaryny nazara alyp, bu babatda ýerine ýetirilýän işleri degişli derejede dowam etmeli; – häzirki döwürde halkymyzyň amatly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, adamlara ýolagçy ulaglarynda edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen işler yzygiderli häsiýete eýe bolmaly.

24.09.2023 39
Syýasat

Golaýda Görogly etrap kazyýetiniň guramagynda Görogly şäher Geňeşiniň jaýynda «Maşgalam – baş galam» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, maşgalanyň binýadyny berkitmek, onuň bitewüligini we agzybirligini gorap saklamak babatda döwlet derejesinde edilýän uly aladalar dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Maşgalanyň binýadyny berkitmekde, nikanyň bozulmagynyň öňüni almakda Maşgala kodeksinden gelip çykýan talaplar düşündirildi. Şonda nikanyň aýalyň göwrelilik döwründe we bir ýaşyna ýetmedik çagasy bolanda, onuň razylygy bolmazdan, şeýle hem är-aýalyň biri hossar bolsa, nika kämillik ukyby ýok adamyň hossarynyň arzasy boýunça bozulyp bilinmeýändigi barada kadalaryň göz öňünde tutulýandygy, maşgalanyň goralmagy babatynda kazyýetlere hem borçlaryň ýüklenendigi, nika bozmak hakynda işlere seredilende, är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin zerur çäreleri görmäge, zerur halatlarda alty aýa çenli möhlet belläp, işe seretmegi gaýra goýmaga borçlandyrýandygy barada nygtaldy. Munuň iş tejribesinde özüniň oňyn netijesini berendigi durmuş hakykatynyň üsti bilen beýan edildi.

16.08.2023 107
Syýasat

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny düşündirmek maksady bilen, golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň jogapkär işgärleriniň we ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy nukdaýnazaryndan, bu babatda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, olaryň durmuş hem-de zähmet goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi nygtalyp geçildi. Şonuň ýaly-da, administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini, önümçilik düzgünlerini belleýän kanunyň bu babatdaky talaplary düşündirildi. Kanunda düzgünleşdirilýän kadalaryň administratiw edaralaryň öz işlerini has-da kämilleşdirmekleri, bir kemsiz, adalatly ýerine ýetirmekleri babatdaky wezipelerini amala aşyrmakda esasy çelgi bolup hyzmat edýändigi barada aýdyldy.

15.08.2023 58

Täze habarlar

Jemgyýet Jebisligiň aýdyň ýoly
07.09.2024   7
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   10
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   6
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   7
Ykdysadyýet Tohumyň müňlesin, daýhan!
05.09.2024   8