Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 28° C Daşoguz

Syýasat

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri hakynda aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda çykyş edýändigini belledi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi harby gullukçylaryň aýratyn taýýarlygyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de harby okuw edaralarynda bilim bermegiň, okatmagyň innowasion usullaryny ulanmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijelerine kanagatlanma bildirip, meýilnama laýyklykda, türgenleşigi mundan beýläk-de ýokary hilli geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Okuw türgenleşigi Ýaragly Güýçlerimiziň has-da kämilleşýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň söweşjeň taýýarlygyny has-da ýokarlandyrmak barada görkezme berildi. Harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň harby gulluga çagyrylyşyny bellenen tertibe laýyklykda geçirmek bilen baglanyşykly görkezmeler berildi. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy. Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk we talabalaýyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda kanunçylyk-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada-da aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmekde möhüm döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, düzümiň işgärleriniň öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmelidikleri bellenildi. Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek, ýol gözegçilik gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehniki serişdeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň gelmegi bilen howanyň gyzmagy sebäpli, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy ministre tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri M.Hydyrowa käýinç yglan etdi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu ulgama sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda görlen çäreler, işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin döredilýän şertler hakynda aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, kazyýet işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekdi we bu ugurda sazlaşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, harby gullukçylaryň söweşjeň we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň dost-doganlyk serhedi bolan döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmekde esasy talaplaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin, serhet goşunlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işlere berk gözegçilik etmegi, olaryň doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ý.Nuryýewe berk käýinç yglan etdi. Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmak, olara hukuk kömegini bermek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek we milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek zerurdyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçýän ýüklere has takyk gözegçilik etmek maksady bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen baglylykda, döwletimiziň eksport kuwwatyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýurdumyzda gümrük gözegçiligini ygtybarly ýerine ýetirmek hem-de gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak bilen bagly işleri has-da güýçlendirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gözegçilik edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň, halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň, şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmegiň bu ulgamdaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň hataryndadygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Çeşmesi: tdh.gov.tm

06.06.2024 20
Syýasat

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler geçirilýär, şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, anyk maksada gönükdirilen işler häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilendigini bellemek gerek. Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyrýan ilkinji döwletleriň biri hökmünde Türkmenistan BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barýar. Diýarymyzda suwy rejeli peýdalanmak babatda baý tejribe toplandy. Bu tejribe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen däplerine daýanýar. Häzirki döwürde bu parasatly ýörelgeden ugur alnyp hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan usullardyr öňdebaryjy tejribeler arkaly suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek boýunça çemeleşmeler kämilleşdirilýär, bu ugurda degişli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçinem uly ähmiýeti bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Şunda Türkmenistan tarapyndan halkara giňişlikde işjeň ilerledilýän suw diplomatiýasy köptaraply hyzmatdaşlygyň wajyp mehanizmi hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň milli, sebit we ählumumy gurallarynyň utgaşdyrylmagyna, olaryň özara üstüniň ýetirilmegine ünsi çekýär. Şunda suw, ekologik, howa görkezijileri ilkinji nobatda ähmiýet berilmeli talaplaryň hatarynda kesgitlenilýär. Döwletimiz BMG-niň bu ugurlardaky degişli resminamalaryny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda we beýleki giň gerimli forumlarda anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy olaryň möhüm ähmiýetini tassyklaýar. Türkmenistan suw meselesine jogapkärçilikli we uzak möhletleýin esasda çemeleşip, häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini çözmek boýunça halkara tagallalara uly goşant goşýar. ...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda gurlan täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, giň halk köpçüligi ýygnandy. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazly, tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler. Hormatly Prezidentimiz dabara üçin ýörite taýýarlanan mejlisler zalyna barýar. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Şeýle-de şu gün Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşurylar. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa gymmatly hazyna hökmünde garandygyny, ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňändigini nygtady. Ata-babalarymyz suwy oýlanyşykly peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar. Dag eteklerinde ýerasty kärizleri gazypdyrlar, suwy ýygnamak üçin ýörite howuzlary gurupdyrlar, suw çykarmak üçin jykyrlary döredipdirler. Pederlerimiziň bu asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap usulda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň çäklerinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini rejeli peýdalanmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zamanyň kämil enjamlary oturdylan suw arassalaýjy desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Türkmengala etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu döwrebap desgalar ilatymyzy ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge ýardam eder. Arassa agyz suwy adamlaryň saglygyny goramaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär. Şu gün Aşgabat şäherinde açylyp ulanmaga berilýän häzirki zaman suw arassalaýjy desgasy hem ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze desganyň gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna iki ugur boýunça paýlanar. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Bu bolsa işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek 150-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen. Biz geljekde-de ýurdumyzyň suw serişdelerini tygşytly ulanmak üçin döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde suw arassalaýjy desgalary, suw ulgamlaryny gurmak boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyz Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakyn günlerde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda döwrebap edara we söwda maksatly binalar, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iki gatly 136 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi, şeýle hem paýtagtymyzyň ilatyna häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy, bu ýerde agyz suwunyň arassalanylyşynyň tehnologik amallary we onuň sarp edijilere goýberiliş ulgamy barada maglumat berýän wideofilm görkezilýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda suw hojalygy pudagyna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu pudagyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan we Germaniýanyň öňdebaryjy «PSE» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalary, nou-haulary bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy. Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna öz akymyna akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desga iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar. Birinji tapgyrda suwuň düzümi iri goşundylardan arassalanylýar. Soňra ol ergin garyjy howuzlara tarap gönükdirilip, elektroliz binasynda taýýarlanylýan alýuminiý sulfaty, polielektrolit we gipohlorid natriý erginleri bilen garylýar. Arassalamagyň ikinji tapgyrynda suw süzülmek üçin iki gat süzgüçli (antrasid hem-de kwars çägesi) howuzlara paýlanylýar, onuň düzümi hapa maddalardan doly arassalanylýar. Soňra gipohlorid natriý ergini arkaly zyýansyzlandyrylýar. Suwy arassalamagyň netijesinde süzgüçlerde toplanan galyndylar ýörite ulgam arkaly läbik çökündi howuzlaryna akdyrylýar. Howuzlarda çöken läbik kömekçi binada gurnalan ýörite enjamlaryň kömegi bilen suwsuzlandyrylýar. Şunda emele gelen çökündisiz suw bolsa ýörite howuzda jemlenip, gaýtadan suw arassalaýjy bina gönükdirilýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy suwy tygşytly ulanmakdan hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmekden ybaratdyr. Süzgüçlerden geçen we zyýansyzlandyrylan arassa agyz suwy iki sany suw howzunda jemlenip, ikinji suw göteriji bekede iberilýär. Soňra ol iki ugur boýunça paýlaýjy-suw geçiriji ulgama akdyrylýar. Şeýlelikde, täze desganyň işe girizilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berer. Wideofilm tamamlanandan soňra, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Markus Behrendte söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, suw hojalygy ulgamynda, nebitgaz pudagynda baý iş tejribesi bolan german kompaniýasynyň adyndan şu günki çärede çykyş etmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu taslamanyň milli hem halkara ölçeglere laýyk gelýändigi nygtaldy. Inženerçilik, enjamlar bilen üpjün etmek hyzmatlaryndan başga-da, kompaniýa desganyň gurluşygynyň alnyp barylmagyna maslahatçy hökmünde gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Markus Behrendt «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ähli zerur ölçeglere laýyk gelýän suwy öndürýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurmaga şatdygyny belledi. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda jenap Markus Behrendt Aşgabat şäheriniň häkimine desgadaky önümçilik amallarynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Standartlaşdyrma boýunça german institutynyň (DIN), GOST standartynyň ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýan «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Stambul tehniki uniwersitetiniň professory, doktor Hasan Jan Okutana söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary, Türkmenistanyň doganlyk halkyny, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň işe girizilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy tehnologiýalar» (BAT) we «Iň gowy ekologik tejribeler» (BEP) resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan, barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna (TSE EN), Halkara Standartlaşdyrma Guramasynyň (ISO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw hem adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär. Bularyň ählisi degişli güwänamada öz beýanyny tapdy. Professor Hasan Jan Okutan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynda hereket edýän tehnologiýalaryň ÝB-niň resminamalarynda kesgitlenen talaplara we ýokary halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan Stambul tehniki uniwersitetiniň güwänamasyny dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäheriniň häkimine gowşurdy. Mejlisler zalyndan çykyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine şäheriň ilaty üçin niýetlenen täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny gowşurdy. Häkim Arkadagly Gahryman Serdarymyza paýtagtymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Dabaraly pursat ýetip gelýär: dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we täze agyz suwuny arassalaýjy desgany açýar. Şol pursatda dürli reňkli şarlar asmana uçurylýar. Soňra döwlet Baştutanymyz desganyň esasy suw arassalaýjy binasyna ugrady we ýol ugruna ýurdumyzda öndürilýän alkogolsyz içgileriň sergisi bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilýändigini we olara sarp edijileriň uly isleg bildirýändiklerini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda dürli görnüşli gazlandyrylan, witaminli içgiler, sitrus we beýleki miweleriň, ir-iýmişleriň tagamlary bolan sowuk çaýlar, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlar, miweleriň, gök önümleriň şireleri, minerallaşdyrylan, gaplanan arassa agyz suwlary bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agza kärhanalarynyň azyk senagatynyň bu pudagynda guwandyryjy işleri alyp barýandyklaryny, importyň ornuny tutýan harytlary öndürmäge, Watanymyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýandyklaryny nygtamaly. Olaryň öndürýän önümleri azyk harytlarynyň hil we howpsuzlyk boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Bu bolsa olaryň diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri harytlaryň gaplanyşyna hem uly üns berýärler. Şunda gorag aýratynlyklaryndan we ekologik taýdan arassalyk görkezijisinden başga-da, olaryň göze gelüwliligi hem möhümdir. Alkogolsyz içgiler plastik we aýna çüýşelere, dürli göwrümli «Tetra Pak» görnüşli karton gaplara gaplanýar. Olaryň hemmesi özüne çekiji daşky keşbi, özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar. Ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan bu önümleriň görnüşleri yzygiderli artýar. Tomus möwsüminiň başlamagy bilen, olara bildirilýän isleg ep-esli ýokarlanýar. Esasy binada hormatly Prezidentimizi hünärmen mähirli garşylady we döwlet Baştutanymyzdan agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmä basyp, täze desgany ulanyşa girizdi. Monitoryň ekranynda agyz suwuny arassalamagyň tapgyrlary we desgada ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar görkezilýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň edara binasynda ýerleşýän dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy merkeziň işi bilen tanyşdyrýar. Onuň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr. Tehnologik amallar we gurnalan enjamlaryň işleýşine gözegçilik bu ugurda uly tejribä eýe bolan Germaniýanyň «PSE» kompaniýasynyň nou-haulary esasynda amala aşyrylýar. Dolandyryş merkezinde arassalanan agyz suwuny sarp edijilere bellenen möçberde ibermek, zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Şunuň bilen birlikde, barlaghana bölüminiň görkezmeleri esasynda suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki koagulýantlaryň — alýuminiý sulfaty we gipohlorid natriý erginleriniň bellenen tehnologik kadalara laýyklykda garylmagyna gözegçilik edilýär. Hormatly Prezidentimiz täze suw hojalyk desgasy bilen tanyşmagyny dowam edip, himiki-bakteriologik barlaghana bardy hem-de onuň işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Hünärmeniň gürrüň bermegine görä, barlaghana dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy wezipesi arassalanan suwuň hiline, suw arassalaýyş tehnologiýalarynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybarat. Ýörite enjamlar — turbidimetr, kolorimetr hem-de beýleki kömekçi enjamlar arkaly gije-gündiziň dowamynda her sagatda suwuň durulygyna, düzümindäki galyndyly hlor erginine, her iki sagatdan bulançaklygyna we aýda bir gezek arassalanan suwuň himiki düzümine doly seljerme geçirilýär. Alnan netijeler kompýuter tory arkaly dolandyryş merkezine iberilýär. Hormatly Prezidentimiz desganyň edara binasyndan çykyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna pudak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, çäräniň geçirilýän ýerinden ugrady. Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde döwrebap «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm waka öwrülip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Çeşmesi: tdh.gov.tm

22.05.2024 59
Syýasat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde täze taryhy eýýamda toýlar toýlara ulaşýar. Ata Watanymyzyň taryhynda möhüm wakalara, şanly senelere beslenýän 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegi her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň uly dabaralara beslenen günlerinde akyldar şahyryň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly sowgatlyk kitabyň neşir edilmegi hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şu ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň 60 metr beýiklikdäki heýkeliniň açylyş dabarasy hem şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu taryhy-syýasy ähmiýetli dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, bagtyýar raýatlarymyz bilen birlikde daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri we dünýäniň çar ýanyndan gelen myhmanlar hem gatnaşdylar.

21.05.2024 43
Syýasat

Şu gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragy Watanymyzyň häzirki döwrüni gören bolsady, onda ol ýurdumyzyň ösüp-özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna guwanardy. Çünki türkmen halky beýik akyldaryň wasp eden dogruçyllyk, asyllylyk, watansöýüjilik, goňşulara hormat goýmak, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryna ygrarlylyk ýaly adamzadyň iň gowy häsiýetlerini asyrlaryň dowamynda aýawly saklap, has-da ösdürmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän günlerinde onuň Ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny parahat ýaşaýşa we dost-doganlyga çagyrýan şahyrana şygyrlarynyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, çapdan çykarylandygyny bellemek gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy — şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän iri halkara çäreler geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza buýsanmak üçin ýene-de bir esasdyr. Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz täze taryhy eýýamda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüligini, jebisligini, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäni amala aşyrýan syýasatymyzyň, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyzyň esasyny düzüp, mähriban halkymyza Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar. Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. ...Irden Köpetdagyň ajaýyp dag eteginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar. Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň geljegi we daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň ellerinde ýurdumyzyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan bu bina demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berkararlygynyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, kuwwatlylygy, gülläp ösüşi alamatlandyrýan özboluşly nyşana öwrüldi. Eziz Watanymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarydyr taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz öz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar. Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de bu gün halkymyz gadymy taryhynyň belentligine oňat düşünip, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar. Konstitusiýa esasy ýörelgeleri beýan etmek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ol düýpli mazmuny, ykdysady, durmuş, medeni hukuklar baradaky esasy ýörelgeleridir ugurlary özünde jemleýän üsti ýetirilen resminamadyr. Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdak meýdançasyna gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýýarlar. Halkymyz öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Mukaddes tugumyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasy ugra, durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar. Türkmen topragy okgunly özgerip, gül açýan mekana öwrülýär, obalarymyz, şäherlerimiz täze keşbe eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň joş urýandygyny alamatlandyrýan ýaşyl baýdagymyzyň astynda halkymyz agzybir, ruhubelent zähmet çekip, geljege ynamly garaýar. Dabara tamamlanandan soňra, Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. ...Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar geçirildi. Olara belli artistler, aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Dabaralarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy. Çeşmesi: tdh.gov.tm

18.05.2024 36
Syýasat

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi. Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr. Şu ýyl “KazanForuma” 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçýär. Irden RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasynda bolan gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Rustam Minnihanow özara bähbitlilik, uzak möhletlilik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň baý oňyn tejribesi esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň we Tatarystanyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalary parkyna bardy. Bu ýerde “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş” atly mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin açyk halkara meýdança hökmünde özüni görkezen bu çärä nobatdaky gezek gatnaşmagy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany duşuşygy açyp, häzirki wagtda bu toparyň ornunyň barha artýandygyny belledi. Ol Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklarda baglanyşdyryjy köprä, dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guralyna öwrüldi. Mundan başga-da, bu topar adaty ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň goragyna gönükdirilen ählumumy derejedäki dinara dialogyň netijeli meýdançasydyr. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna foruma gatnaşmaga hem-de onda çykyş etmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Rustam Minnihanowyň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ornuny hem-de ykdysady, medeni, ylym, bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmekde köp ýyllaryň dowamynda bitiren şahsy hyzmatlaryny belläp, onuň ähli türkmen halkynyň arasynda uly hormata we abraýa eýediginiň kanunalaýyk ýagdaýdygyny aýtdy. Biz oňa diňe bir ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän Russiýanyň iň ösen sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy hökmünde garaman, eýsem, ony wepaly dost, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti hökmünde türkmen-tatar doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň tarapdary hökmünde görýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we munuň üçin Tatarystanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Tatarystanyň Baştutanynyň Russiýanyň yslam dünýäsi bilen gatnaşyklaryny berkitmekde, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, uzak möhletleýin bähbitleri hem-de maksatlary utgaşdyrmakda uly goşandy aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, onuň syýasatçy we diplomat hökmünde başarnyklary köp döwletleriň Baştutanlary bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, açyklyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi. Bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny görýäris. Şu gezekki geçirilýän foruma gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi hem munuň aýdyň netijesidir. Häzirki wagtda Russiýa bilen yslam dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä çykýandygy äşgärdir. Ol okgunly, yzygiderli ösdürilýär, täze ulgamlary öz içine alýar, has anyk häsiýete we ösüş kuwwatyna eýe bolýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de munuň kanunalaýykdygyny belledi. Bu gatnaşyklaryň esasyny taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan geografik taýdan goňşuçylygyň, medeni hem ruhy taýdan özara ýakynlaşmagyň we baýlaşmagyň köpasyrlyk tejribesi, Russiýanyňdyr yslam döwletleriniň halklaryna mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryna birmeňzeş garaýyşlar emele getirýär. Ýüzýyllyklaryň dowamynda Russiýa we musulman ýurtlary Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummana çenli Gündogary hem-de Günbatary birleşdirýän siwilizasion gurşawy döredipdirler. Özara hormat goýmak, birek-biregiň garaýyşlaryny, bähbitlerini ykrar etmek esasynda guralýan gatnaşyklaryň aýratyn görnüşleri kemala geldi diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu taryhy tejribäniň häzirki zaman şertlerinde has-da aýratyn ähmiýete hem-de zerurlyga eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa we yslam ýurtlary döwletleriňdir halklaryň arasynda hormat goýmak, deňhukuklylyk gatnaşyklaryny nähili gurmagyň nusgasyny görkezýärler, birek-birege wehim salmazdan, bir pursatlyk bähbitleri peýdalanmazdan, hyzmatdaşyň zerurlyklaryna düşünmek bilen garaýarlar. Biziň güýç-kuwwatymyzyň, artykmaçlyklarymyzyň hem-de mümkinçiliklerimiziň hut şunda jemlenendigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz bu çemeleşmäniň dünýäde tarapdarlarynyň barha artýandygyny belledi. Milli Liderimiz bu agzalan ýörelgelerden başga-da, Russiýa we yslam dünýäsi hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne çekiji ykdysady hem-de tehnologik nusgasyny görkezmelidirler diýip hasap edýärin. Biziň üçin ahlak sütünleri bolan ozaldan gelýän gymmatlyklara, parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna ygrarlylyk häzirki zaman meýillerine goşulyşmak, ykdysadyýete, gündelik durmuşa innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylmalydyr diýip nygtady we bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Russiýanyň kuwwatly tehnologik, ylym-bilim mümkinçilikleri yslam dünýäsiniň aglaba döwletleriniň ösen infrastrukturasy, baý tebigy serişdeleri, ýaş we işjeň ilaty hem-de ösüş üçin beýleki jedelsiz artykmaçlyklary bilen birlikde, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, senagat-energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ylmy we bilim alyşmalary, intellektual kuwwaty, öňdebaryjy çözgütleri birleşdirmek babatda durnukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredýär. Umuman, Russiýanyň we musulman ýurtlarynyň tutuş dünýä üçin hyzmatdaşlyga açyk bolmak bilen, öz ägirt uly mümkinçiliklerini birleşdirip, syýasatda, ykdysadyýetde, ahlak-aňyýet babatynda milli özboluşlylygyny, mertebesini hem-de taryhy tejribesini peseltmezden, hoşniýetli erk-islegi, parahatçylyk söýüjiligi, ösüşe ygrarlylygy görkezmek bilen, ählumumy meýillere oňyn täsir etmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup galmaga ukyplydyklaryna ynanýaryn diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Ýeke-täk dogry ýörelgäniň şundadygyna üns çekildi.  Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hem-de yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde anyk çäreleridir hereketleri teklip etmek bilen, şeýle çemeleşmä ýardam bermegi öz wezipesi hasaplaýar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bu strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup biler. Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň 86-synyň awtordaşlygynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda teklip eden Kararnamasynyň şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýene-de bir möhüm waka boldy. Bu örän uly we ähmiýetli wakadyr. Pursatdan peýdalanyp, ähli ýurtlara, aýratyn-da, awtordaş döwletlere bu resminamany işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandyklary hem-de goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu ýurtlaryň köp sanly wekilleri Kazandaky şu foruma gatnaşýarlar. Parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek işinde musulman ýurtlary wajyp orny eýeläp bilerler diýip hasaplaýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Olar dünýädäki gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly çözmäge, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog üçin şertleri döretmäge, halkara işlerde diňe bir gatnaşyk medeniýetini däl, eýsem, ylalaşyk medeniýetini hem berkarar etmäge berk we ynamly çagyrmalydyrlar. Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu forumda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan bu başlangyjy çemeleşmeleriňdir teklipleriň ylalaşykly toplumy, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň dini bolan yslam dininiň ýörelgeleri esasynda dünýä halklaryna ýüzlenýän özboluşly “Ýol kartasy” hökmünde görýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, gyzyklanma bildirýän beýleki halkara düzümler bilen ara alyp maslahatlaşmagyň, onuň üstünde bilelikde işlemegiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň biriniň resminamasy hökmünde öňe sürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Yslam başlangyjynyň ähli döwletleriň oňa goşulyşmagy üçin açyk bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunda bu başlangyjyň dünýä jemgyýetçiliginiň ähli jogapkär taraplarynyň, diňe bir syýasatçylaryň däl, eýsem, beýleki adamlaryň hem goldawyna eýe boljakdygyna, musulman ymmatynyň çetde durman, jebisleşendigini we beýleki döwletleriňdir halklaryň goldaw bermeginde dünýädäki işleriň ýagdaýyna işjeň we netijeli täsir etmäge, ylalaşygy gazanmak üçin ýardam bermäge taýýardygyny habar berjekdigine berk ynam bildirildi. Bellenilişi ýaly, yslam dini Russiýanyň köpmilletli halkyny we musulman döwletleriniň halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk hem durnukly ruhy sütünleriň biridir. Russiýanyň we yslam ýurtlarynyň şahyrlarynyň, filosoflarynyň, akyldarlarynyň, aň-bilim ýaýradyjylarynyň öçmejek eserlerinde öz beýanyny tapan ýokary medeniýetlilik, ahlak güýji, çuňňur ruhy mazmun biziň umumy baýlygymyzdyr. Biz özümizi beýik rus medeniýetinden, edebiýatyndan, sazyndan, kinematografiýasyndan üzňe tutmaýarys, çünki olaryň hem yslamyň paýhas çeşmesinden, biliminden we dünýägaraýşyndan gözbaş alandygyny bilýäris. Şoňa görä-de, olar Russiýa hem musulman ýurtlaryna deň derejede degişlidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Russiýada, hususan-da, Moskwada, Tatarystan Respublikasynda, Sankt-Peterburgda, Astrahan oblastynda, yslam dünýäsiniň köp ýurtlarynda bu şanly senä bagyşlanan çäreler geçirilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda şeýle goldawa ýokary baha berilýär we oňa diňe bir biziň milli akyldarymyza däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna hormat goýmagyň, Türkmenistan bilen ruhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem taýýarlygyň nyşany hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýene-de bir möhüm pikiri aýtmagy zerur hasaplaýaryn. Magtymgulynyň ýubileýiniň diňe bir dabaralar bilen çäklenmezligini isleýärin diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Goý, bu ýubileý Türkmenistanyň we Russiýanyň, yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer, ruhy, ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny kemala getirmek üçin başlangyç bolup hyzmat etsin! Biziň edebiýatçylarymyzy, neşirýatçylarymyzy, alymlarymyzy taryhy-edebi, filosofik temalaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki täze taslamalara ruhlandyrsyn! Ýaş zehinleriň bilelikdäki döredijiligine, bilim edaralarynyň ugry boýunça mowzuklaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamaga ýardam bersin diýip, Milli Liderimiz nygtady. Bellenilişi ýaly, munuň özi geljege goşant bolup, biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlygyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň möhüm strategik mümkinçilikleriň birini üpjün eder, Russiýanyň we yslam dünýäsiniň asylly maksatlarynyň umumylygyny has-da pugtalandyrar. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda üns berendikleri üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Baştutan Rustam Minnihanowyň Russiýa Federasiýasynyň we yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşandyny ýene bir gezek belläp, bu ugurdaky tagallalar üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda “KazanForumyň” indi köp ýyllaryň dowamynda “Russiýa — Yslam dünýäsi” formatynda hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň dialogy hökmünde netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi. 15-nji gezek üstünlikli geçirilýän bu forum geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde uly sepgitlere ýetilendigini, şunuň bilen birlikde, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň, bilelikde rowaçlyklara ýetmäge ygrarlylygyň aýdyň mysalyny görkezdi. Tatarystanyň Baştutany öz esasy çykyşynda häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy meseleleriniň birnäçesi barada aýdyp, “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň öz derejesinde bu meseleleriň jogabyny gözlemäge ýardam etmelidigini belledi. Syýasy ulgamyň durnuklylygyny, ykdysady kuwwatyň ýokarlandyrylmagyny, medeni hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryň saklanylmagyny we ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Mejlis tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Ol Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary wekilçilikli çäräniň çäklerinde görüşmek mümkinçiligine kanagatlanma bildirdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “KazanForum — 2024-e” gatnaşmagy soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan rus-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Konstantin Kosaçýow hormatly Arkadagymyzyň şu gün öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şunda oňyn başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň “Russiýa — Yslam dünýäsi” formatynyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyz tarapyndan şu formata gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli meýdançasy hökmünde garalýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň döwrüň talap edýän netijeli görnüşlerini bilelikde işläp taýýarlamaga mundan beýläk-de ýardam bermäge Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meýilnamalary barada pikir alyşmagyň barşynda Gahryman Arkadagymyz we RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary şu gezekki forumyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň, yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdiler. “Russiýa — Yslam dünýäsi” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen hem duşuşdy. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri bilen şunuň ýaly möhüm çärede duşuşmaga mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi. Federasiýa Geňeşiniň komitetiniň başlygy Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp, onuň jemleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini, munuň iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň rus-türkmen parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegindäki uly goşandyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň häzirki wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolýan yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky netijeli dialogyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça biziň ýurdumyzyň hem wekiliýetiniň gatnaşýan “KazanForum — 2024-iň” ähmiýeti barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz onuň dürli halklaryň, dinleriň we medeniýetleriň wekilleriniň arasynda dialogy ýola goýmak boýunça abraýly meýdança bolup çykyş edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygyň adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy şertlerinde howpsuz ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Soňra Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Myhmanlar öýünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, “Russiýa — Yslam dünýäsi” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Tatarystan Respublikasy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösýär we halkara derejedäki möhüm maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi onuň dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygynyň güwäsidir. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz bu forumyň hem-de onuň çäklerindäki ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bu çäreler Russiýanyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.  M.Şaýmiýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň, şol sanda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiniň möhümdigine, onuň döwrüň talabydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň bu teklibiniň goldanylýandygyny hem-de onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birinde resminama hökmünde öňe sürülmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Russiýanyň geljekde-de ýurdumyzyň sebit we halkara derejede ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny goldamaga taýýardygy tassyklanyldy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň umumylygyna, diliniň meňzeşligine, dininiň birligine, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini bellediler. Türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi netijeli ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda we Tatarystanda geçirilýän milli baýramlara, iri halkara çärelere bilelikde gatnaşylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty açmak üçin ähli mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny aýtdylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, köp sanly türkmen talyplarynyň Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygy bellenildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda Tatarystanyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleriniň Mintimer Şaýmiýewiň kabul eden öňdengörüjilikli çözgütleriniň we garaýyşlarynyň netijesidigini belledi. Ol häzirki günde-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi wezipesinde öz halkyna hyzmat etmegini ýadawsyz dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýän özara bähbitli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandy üçin Mintimer Şaýmiýewe minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň bilelikdäki awtoulag kerweni “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady. Bu ýerde “Russiýa — Yslam dünýäsi” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde 30 müň inedördül metr meýdanda “Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol geljegi nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we onuň netijeli gurallaryny kemala getirmek, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, işewürlik duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Sergä Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň wekilleri, şol sanda azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. ...Merkezi girelgäniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy we Tatarystanyň Baştutanyny “Kazan EKSPO” halkara sergi merkeziniň baş direktory garşylaýar. Ýurdumyzyň bu wekilçilikli sergä gatnaşmagy Russiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, dünýäniň halal önümler bazarynda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmäge ýardam berer. Bu ýerde görkezilýän wideofilmde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ýeten derejeleri, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, bar bolan söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, şol sanda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy barada gürrüň berilýär. “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding” ýaly öňdebaryjy kompaniýalar, maşyngurluşyk kärhanalary bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslamalar baradaky şekiller netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Russiýa Federasiýasy we onuň iri sebitleri, öňdebaryjy senagat, ylym, bilim, medeni merkezleri bilen netijeli dialogyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklar munuň anyk mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany iri rus kompaniýalarynyň bu ýerde görkezilen özboluşly taslamalary, döwrebap tehnologiýalary, senagat, raýat, ýol, ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri, ýolgurluşyk tehnikalary bilen tanyşdylar. Halkara kompaniýalar, döwlet korporasiýalary, iri banklar we maliýe edaralary hem bu ýerde öz diwarlyklaryny ýerleşdiripdirler. Munuň özi sergini diňe bir tehnologiýanyň gazananlaryny görkezmek üçin däl-de, eýsem, maýa goýum mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak, halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem netijeli meýdança öwürýär. Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň milli pawilýonyna ugradylar. Pawilýon ýurdumyzyň ähli pudaklarda, şol sanda hususy pudakda gazanýan üstünlikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri barada düşünje berýär. Bularyň ählisi monitorlarda görkezilýän wideoşekillerde-de öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa, toplumlaýyn özgertmeler Watanymyzy innowasion taýdan ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga, pudaklaryň infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, olara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda hususy bölegi höweslendirmäge we goldamaga uly ähmiýet berilýär. Döwrebap bazar gatnaşykly, ýokary netijeli ykdysadyýetiň tapgyrlaýyn kemala getirilmegi, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçilikleriniň giňeldilmegi, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagy, durnukly ösüş depginini gazanmagyň şertleriniň biri hökmünde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Türkmenistanyň pawilýonynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň hem-de nebitgaz, himiýa senagatynyň, ýeňil senagatyň dürli görnüşli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär. Sergi dokma we gön önümçiliginde, halk senetçiliginde gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmäge ýardam berýär. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän kompýuter tehnikalary, Wi-Fi routerleri, LED çyralar, plastik kartlar we beýleki önümler ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzyň pawilýonynda meşhur türkmen el halylary aýratyn orun eýeleýär. Halylar halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, tutuş dünýäde kämil gözelligi we ýokary hili bilen meşhurdyr. Sergide görkezilýän türkmen halylarynyň hatarynda ýüpekden dokalanlary-da bar. Bu ýerde ajaýyp halylaryň dokalyşyny görmek bolýar. Halyçy zenanlar halynyň kesiliş usulyny görkezdiler. Soňra bu haly Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berildi. Şeýle hem hormatly myhmanlara haly torbalary sowgat hökmünde gowşuryldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň işewürleri haly we haly önümleriniň önümçiligini giňeldýärler, bu ugurda täze pikirlerdir çözgütleri hödürleýärler. Häzirki wagtda Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň netijesinde, öndürilýän önümleriň hili barha ýokarlanýar. Içerki bazarlarymyz harytlar bilen üpjün edilip, daşary söwdanyň çäkleri giňeldilýär. “Türkmenistanda öndürilen” nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar hem-de Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar. Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Bu ýerde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň şekil taslamalary görkezilýär. Howa menziliniň öňdebaryjy infrastrukturasy sebit hem yklym derejesinde howa we multimodal ýük daşamalary üçin mümkinçilikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Häzirki günde Türkmenistan sebitiň möhüm üstaşyr ulag hem-de iri halkara logistika merkezine öwrüldi. Milli pawilýonymyzyň uly bölegi döwrebap söwda toplumyny ýada salýar. Bu ýerde ter gök önümler, miweler, şöhlat önümleri we ýurdumyzyň azyk senagatynyň beýleki harytlary ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzyň bazarlarynyň azyk bolçulygyny alamatlandyrýan bu görnüşler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan hem-de halkymyzyň rowaçlygyny üpjün etmäge, saglygyny goramaga gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň açyp görkezýär. Bu önümleriň kabul edilen halkara ekologik we estetik kadalara laýyklykda gaplanandygyny hem-de bezelendigini bellemek möhümdir. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerine aýratyn orun berlipdir. Bu düýpli ylmy işleriň sahypalarynda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Bu ýerde gurnalan fitobarda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýdan dadyp görmek bolýar. “Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalary sergisiniň çäklerinde duşuşyklar guraldy. Olaryň dowamynda türkmen hünärmenleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekillerine ol ýa-da beýleki pudak baradaky zerur maglumaty almaga, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň täze görnüşleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi. Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanşyp, onuň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler hem-de Russiýa we yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystanyň Baştutany bilelikde Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler. Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny we iki tarapyň hem özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini tassykladylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady. Birnäçe wagtdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. *** Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň geçiren duşuşyklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ulag-kommunikasiýalar ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, Russiýanyň bu ugurda ýöriteleşen iri kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň Ýewropa bilen Aziýanyň söwda ýollarynyň ugrunda geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň netijeli peýdalanylmagy örän wajypdyr. Türkmenistan we Russiýa demir ýol, awtomobil, howa ýollary pudagynyň ösdürilmegine, bar bolan düzümleýin desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurdaky çäreler üstaşyr ulag ugurlarynyň, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň dürli forumlaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda Russiýanyň we onuň iri sebitleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Şolaryň biri-de Tatarystan Respublikasydyr. Kazan şäheriniň häkimliginde ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda şäher hojalygynyň dolandyrylyşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary tehnologiýalar ulgamyna degişli tehnologiýalar parkynda sanly ulgamy ösdürmegiň mümkinçilikleri duşuşygyň esasy meselesi boldy. Türkmen tarapynyň wekili bu ugurda Türkmenistanda döwlet derejesinde durmuşa geçirilen taslamalar, alnyp barylýan giň gerimli işler, şol sanda Arkadag şäherinde ornaşdyrylan sanly ulgamlar barada gürrüň berdi. Şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň Musulmanlaryň ruhyýet müdirliginiň müftüsi bilen duşuşyk geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryny taryhy taýdan emele gelen medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu köpasyrlyk däpler häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary Innopolis şäheriniň häkimi bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda şähergurluşyk ulgamynda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Kazan milli barlaglar tehnologik uniwersitetinde geçirilen duşuşygyň barşynda bilim-ylym ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup çykyş edýändigi nygtaldy. Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde köp sanly türkmen talyplary okaýar. Munuň özi olara döwrebap bilimleri almaga hem-de Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýokary okuw mekdepde okaýan türkmen talyplary daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda döwrebap bilim almaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Çeşmesi: tdh.gov.tm

16.05.2024 42
Syýasat

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iri möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolýar. Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahatyň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Bu maslahat medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer. Çünki beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr. 2024-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýylyň beýik söz ussady bilen baglanyşykly atlandyrylmagynyň çuňňur manysy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna meňzetmek bilen, onuň çuň manyly eserleriniň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu taryhy wakalar beýik şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda berkarar türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Bu halkara maslahatyň Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Magtymgulynyň şygyrlary dünýäniň onlarça diline terjime edilip, kitap görnüşinde çapdan çykaryldy, daşary ýurtlarda heýkelleri oturdyldy. Bu bolsa onuň hormat-sarpasyny Ýer ýüzünde has-da belende göterýär. Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa dana şahyryň dost-doganlyk, agzybirlik baradaky arzuwlarynyň mukaddes türkmen topragynda hasyl bolandygyny alamatlandyrýar. Beýik akyldaryň şanly ýubileýine bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde siz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem gatnaşarsyňyz. Aşgabatdaky medeni ojaklara, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine we ol ýerdäki medeni maksatly edaralara baryp görersiňiz. Bu bolsa size türkmen halkynyň baý medeni mirasy, häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle baý mazmunly maslahatyň medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, dost-doganlyk ruhunda özara tejribe alyşmaga ýardam etjekdigine pugta ynanýaryn. Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

16.05.2024 39
Syýasat

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, dürli derejedäki gepleşikler türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda söwda-ykdysady gatnaşyklara täze itergi berildi. Bar bolan kuwwatlyklar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, işewürligi diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Biziň doganlyk halklarymyzy taryhy kökleriň ýakynlygy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu köpasyrlyk däpler mynasyp dowam etdirilip, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna aýratyn orun degişlidir. Onuň mejlislerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenilýär. Şu günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar. ...Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyza myhmansöýerligiň asylly däbine görä, duz-çörek, çak-çak tatar milli tagamy hödürlenildi hem-de gül dessesi gowşuryldy. Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni howa menzilinden Kazan Kremline tarap ugrady. Bu taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çaý başynda söhbet edip, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen hem-de köpugurly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Türkmenistanyň we Tatarystanyň türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna, uzak möhletleýin özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy geçirildi. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar. Tatarystanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hem-de jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça barha ösdürilýändigini aýdyp, Rustam Minnihanow netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hyzmatlaryny aýratyn belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Türkmenistanyň depginli ösüşini, halkara abraýyny şertlendiren döredijilikli syýasatyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Ol Tatarystanda Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini aýdyp, bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigini belledi hem-de doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamyny ýetirdi. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny duýýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna we “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň hem-de oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň nyşany bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriniň, dilimiziň, däp-dessurlarymyzyň umumylygyna, dinimiziň birligine, birek-birege hormat goýulmagyna hem-de deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklapdyrlar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gatnaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýatlady. Şol saparyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. Gahryman Arkadagymyz Kazana sapar bilen gelmäge iberen çakylygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, işinde uly üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär. Çeşmesi: tdh.gov.tm

15.05.2024 48
Syýasat

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Şanly sene Daşoguz welaýatynda hem giňden dabaralandyryldy. Ýeňiş güni säher bilen adamlaryň uly topary baýramçylyk dabaralaryna ýygnandylar. Dabaralaryň başy asylly däbe eýerilip, köpçülikleýin ýöriş bilen başlandy. Welaýat merkeziniň akyldar şahyryň hormatyna  döredilen meýdançasyndan badalga alan ýöriş «Baky alaw» ýadygärligine çenli dowam etdi. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar bar. Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar şäheriň oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz, gyralaryna owadan güller hem daragtlar jäheklenen päkize köçeleriniň ugry bilen ýoly dowam etdirip, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda guralan baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra olar milli gahrymanlarynyň hormat-hatyrasyny belent tutup, «Baky alaw» ýadygärligine geldiler. Adamzadyň parahatçylyk söýüjilik garaýyşlaryny rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi dabaralandyrýan, bagtyýar nesillerde pederleriniň edermenlik mekdebine hormaty artdyrýan baýram hökmünde aýratyn dabaralar bilen bellenilýän Ýeňiş gününiň gymmaty ildeşlerimiziň her birinde ruhubelentligi artdyrdy. Olar «Keçpelek» mukamynyň astynda «Baky alawyň» töweregine gül çemenlerini goýdular, merdanalygyň hem Watana wepalylygyň nusgasyna öwrülen gerçeklerimizi baş egip hatyraladylar. Bu buýsançly hakykat halkymyzyň aňyrdan gelýän asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny ýene bir ýola aýan etdi.

09.05.2024 31
Syýasat

Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda her ýyl uludan bellenip geçilýär. Bu baýramyň dabaralara beslenýän günlerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, jenneti bedewlerimiziň gözelligini wasp edýän ussat suratkeşleriň, halyçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň arasynda döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Bedewlerimiziň seýkin basyp ýöreýşi, laçyn kimin okdurylyşy, dal kaddy-kamaty Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde, aýlawlarda diňe bir halkymyzy däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlary hem haýrana goýýar. Türkmen atlary iň gadymy atlar hasaplanýar. Gadymy ýazgylarda, Parfiýa döwleti bilen bagly golýazmalarda bular barada giňden beýan edilýär. Bu döwürde guýrugy düwlen atlaryň ýurduň oňony hökmünde mukaddes saýylandygy ýazylýar. Gadymy ýunan akyldary Ksenofen şeýle ýazýar: «Midiýada Nusaý atly jülge bar. Ana, şol jülgede hem ajaýyp atlar ýetişdirilýär. Bu ýeriniň halky atlaryna edil özleriniňki deýin misden edilen göwüslik ýaly sowutlary dakýarlar. Atlaryň uýanlarydyr agyzdyryklaryny, bilçekiniň uçlaryny tylla bilen haşamlaýarlar». Şular ýaly ýakymly teswirlerdir ýatlamalar gadymy döwrüň, orta asyryň, ondan soňky döwrüň ýazgylarynda köp gabat gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen bedewleriniň döreýiş taryhy bilen aýratyn gyzyklanýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary halkymyzyň çuňňur söýgüsini gazandy. Türkmenistan tarapyndan teklip edilen ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, milli senetçilik sungatymyzyň, atşynaslyk däpleriniň umumadamzat medeniýetiniň hazynasyna öwrülmegi başymyzy göge ýetirdi.

27.04.2024 33
Syýasat

Düýn Mary atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Dabara welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçy düzümleri, halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, bagtyýar ýaşaýjylar, talyplar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen toý tutumly çärä gatnaşanlar, bedew janköýerleri medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary bilen garşy alnyp, olara duz-çörek hödür edildi. Türkmen toýlarynyň bezegi bolan bagşylar behişdi bedewlerimizi belentden wasp etdiler. Bu ýerde dürli görnüşli at esbaplarynyň, bezeg şaý-sepleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň ahalteke bedewlerimize bagyşlap döreden eserleriniň hem-de çeper elli zenanlaryň nepislik bilen taýýarlan milli egin-eşikleriniň, haly we haly önümleriniň, gülli keçeleriň sergisi-de giňden ýaýbaňlandyryldy. Möwsümiň ilkinji at çapyşyklaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen üçýaşar we ondan uly bedewleriň 100-den gowragy gatnaşdyrylyp, olar 1200-den 2200 metre çenli dürli aralyklarda güýç synanyşdylar. Bedew janköýerleriniň goldamagynda, şatlyk-şowhuna beslenen jemi dokuz çapyşygyň her biri dartgynly, çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Üçýaşar atlaryň 1200 metr aralyga geçirilen 1-nji çapyşygyna jemi 7 bedew gatnaşdyrylyp, onda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Akdaşaýak ýaşaýyş toplumyna degişli Garaýel atly gara gysrak ýeňiji boldy. D.Berdimuhammedowyň çapan aty bellenilen aralygy 1 minut 21,1 sekuntda geçmegi başardy. 2-nji çapyşyga üçýaşar atlaryň 8-si goşulyp, 1200 metr aralyga guralan ýaryşda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Börme” daýhan birleşiginden N.Babalyýewiň seýislän Ekizdag atly mele aty 1 minut 19,3 sekunt netije bilen pellehana birinji geldi. 3-nji çapyşykda 11 sany ýüwrük atyň arasyndan Şaperi atly bedew eýesine abraý getirdi. Çapyksuwary D.Begmedow bolan bu at bellenilen aralygy 1 minut 19,3 sekuntda geçdi. 4-nji çapyşykda birinji bolup gelmek Ýelsona atly dor gysraga miýesser etdi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli bu ata K.Polaýew çapyksuwarlyk etdi we bellenilen aralygy 1 minut 17,9 sekuntda geçdi. 5-nji çapyşyga jemi 7 at goşulyp, onda Mary döwlet athanasynyň Dordepel atly dor atyna taý tapylmady. T.Annaçaryýewiň çapan bu aty bellenilen aralygy 2 minut 49,4 sekuntda geçmegi başardy. 6-njy çapyşykda 11 bedewden Daragt atly at bellenilen aralygy 2 minut 35,6 sekuntda geçip, beýlekilerden saýlandy we eýesi O.Kemalowa ýeňiş getirdi. T.Tülegenowyň Dagýaly atly dor aty 7-nji çapyşykda 11 bedewiň arasynda 2 minut 31 sekunt netije bilen öňdeligi eýeledi. 8-nji çapyşykda hem şonça at ula goýberildi. Has gyzykly hem çekeleşikli geçen bu çapyşykda A.Ataýewiň Sazanda atly ýüwrük aty 2200 metr aralygy 2 minut 37,8 sekuntda geçip, baýrakly birinji orna mynasyp boldy. Jemleýji, 9-njy çapyşykda 10 sany ahalteke bedewi ýaryşa goşuldy. Bu gezek Mary atçylyk sport toplumyna degişli Ýantar atly dor at öňe saýlandy we bellenilen aralygy 2 minut 34,6 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

15.04.2024 42

Täze habarlar

Ykdysadyýet Gowaçalara ösüş suwy tutulýar
15.07.2024   8
Sport Ökde türgenleriň ýeňşi
15.07.2024   7
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
13.07.2024   11
Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   23
Sport Sport saglykdyr
12.07.2024   29
Ykdysadyýet Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär
11.07.2024   29