Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Syýasat

  1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Kararnama.   2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji sessiýasynda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama.  2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama täzeden.  2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama.   2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy» hakyndaky Kararnama.  2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnama.   2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama.  2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 55-nji mejlisinde «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Kararnama.   2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama.  2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama.  2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama.  2019-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 85-nji sessiýasynyň 73-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama täzeden.   2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 106-njy sessiýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama.   2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama.  2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama.  2021-nji 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama.  2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama.   2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama.  2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama.   2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama.  2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama.  2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama.  2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama.   2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama.  2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama.   2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama.   2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama.   2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama.   2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi.  2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama.

12.12.2025 204
Syýasat

Taryhy, medeni, ruhy kökleri bir bolan türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Iki halkyň arasyndaky däp bolan goňşuçylyk gatnaşyklaryheňňamyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has hem berkedi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk öz çygryny-da, gerimini-de, ösüş depginini-de barha giňeldýär. Muňa halkara hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda göze ilýän öňe ilerlemeleriň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Bu aýdanlarymyza hormatly Prezidentimiziň 16-17-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary we onuň netijesinde gazanylan ylalaşyklar hem ähli aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Bu döwlet sapary birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň sebitiň abadançylygyny hem-de ikitaraplaýyn netijeliligi üpjün etmäge gönükdirilýändigini alamatlandyrdy. Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu sammite sebitde hoşniýetli hyzmatdaşlygy we ählumumy abadançylygy hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim hökmünde baha berilýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar. Indi ençeme ýyllardan bäri bu sammit syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde sebitiň döwletleriniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini ýüze çykardy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi. Şu ýerde Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul edendigini hem aýratyn nygtamak zerur. Berkarar döwletimiz ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen, sebitde parahatçylygy we ählumumy abadançylygy öňe sürýän hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hem: «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýär» diýlip, aýratyn nygtalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşynda ulag, energetika, söwda ulgamlary, senagat we tehnologik kooperasiýa hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebitde ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek, serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, «ýaşyl» energetika boýunça taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi. Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ygtybarly dostluk gatnaşyklaryna eýerýän, strategik hyzmatdaş we doganlyk ýurtlar bolan Türkmenistan bilen Özbegistan hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde özara söwdanyň giňeldilmegi hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, dürli pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, isleg bildirilýän önümleri öndürmegi hem-de üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmagy, logistika düzümini kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda: «Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görýäris» diýlip, bu hakda aýratyn bellenilýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda iki esse artdyrylandygyny aýdyp, harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin söwda tertibini netijeli ulanmagyň hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändiginiň, ählumumy abadançylygy üpjün etmek babatda maksatlarynyň birdiginiň aýdyň güwäsidir. Bu ugurda iki döwletiň ägirt uly mümkinçilikleridir tagallalarynyň işjeň durmuşa geçirilýändigine hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary we ak pata bilen ulanmaga bermekleri däp bolan goňşuçylygyň ygtybarly hyzmatdaşlyga öwrülýändiginiň, dost-dogan halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ynanyşmak arkaly berkeýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagy bagtyýar halkymyzda uly hoşallyk, belent buýsanç döretdi. Bu sylag Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan şahsy goşandynyň, dünýäde we Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, abadançylygy, hoşniýetli dialogy pugtalandyrmakda amala aşyran beýik işleriniň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli tamamlanmagy iki doganlyk halklaryň hyzmatdaşlygyny, birek-birege ynanyşmagyny has-da berkitdi, taryhy müňýyllyklara uzaýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny täze derejä — ygtybarly hyz

18.11.2025 129
Syýasat

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerinde ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi. Soňra alypbaryjy hormatly Prezidentimizden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna başlamaga rugsat bermegini haýyş etdi. Soňra Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni sanly ulgam arkaly çykyş edip, ulanyşa girizilýän täze desganyň diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, pudagyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza döredip berýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra hünärmen döwlet Baştutanymyzdan bu möhüm desgany işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata berdi. Soňra bu desga barada ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi. Soňra dabara sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy bilen dowam etdi. Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi hem-de Balkan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi. Hormatly ýaşulular we mährem eneler täze awtomobil köprüsiniň işe girizilýändiginiň nyşany hökmünde toý bagyny kesdiler. Soňra dabara karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi. Dabarada «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk çykyş edip: «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasy hökmünde himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösmegine saldamly goşant goşjak, öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan, täzeçil, ekologik taýdan arassa çözgütleri özünde jemleýän bu täze toplumyň gurluşygyna jogapkärçilikli çemeleşjekdigimize hem-de ony ýokary hilli ýerine ýetirjekdigimize ynandyrmak isleýärin» diýip aýtdy we ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýe bolan bu täze taslamanyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi. Soňra «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň 2018-nji ýylda Türkiýäniň «GAP Inşaat» we «Mitsubishi Corporation» kompaniýalary bilen bilelikde Garabogazda karbamid öndürýän zawody gurandygyny, şu günki düýbi tutuljak karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny hem «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň «GAP Inşaat»kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirjekdigini aýdyp, munuň Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi. Çykyşlar tamamlanandan soňra, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze toplum barada taýýarlanan wideofilm görkezildi. Soňra hormatly Prezidentimiz karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz bölegi barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi. Hormatly Prezidentimiz bu şanly waka — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde ulanyljak tehnikalar bilen tanyşdy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berdi. Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

03.11.2025 131
Syýasat

Şu gün Türkmenistanyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtoulag köprüleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, täze şäherçä Bitaraplyk adynyň dakylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly seneleriniň ähmiýetini artdyrdy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwrebap şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli iberen Gutlagyny diňlediler. Soňra çykyşlara giň orun berildi. Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly dürli häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy, 420 orunlyk orta mekdep hereket edýär. Şeýle-de täze şäherçede 200 orunlyk Medeniýet öýi, 500 orunlyk Toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriş gullugynyň desgasy, seýilgäh, söwda merkezi bar. Şäherçäniň açylyş dabarasy bagtyýar ýaşaýjylaryň jaý toýlary we beýleki dabaralar bilen utgaşdy. Şäherçedäki bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýokary amatlyklar döredilen. Döwrebap jaýlaryň giň we ýagty otaglary iň täze hojalyk enjamlary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. Olaryň gurluşygynda Türkmenistanda öndürilen häzirki zaman binagärlik we bezeg serişdeleri ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda we mellek ýerlerinde dürli bag nahallary oturdyldy. çeşme: https://turkmenportal.com

11.09.2025 219
Syýasat

7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Portugaliýa Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilendigini belläp, görkezilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň DIM-iniň berýän habaryna görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çägindäki gatnaşyklara garaldy. Diplomatlar okeanografiýa, sanlylaşdyrma we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan Ana Izabel Ksawýer türkmen tarapyny şu ýyl Portugaliýada geçiriljek «Web Sammit 2025» maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge isleglerini beýan etdiler. çeşme: https://www.turkmenportal.com/

08.08.2025 227
Syýasat

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarda ünsi jemläp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Efiopiýa tarapy bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini we üstünligini aýratyn belläp geçdi. Taraplar parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlara ygrarlydyklaryny mälim etdiler we hyzmatdaşlygy bu ugurda dowam etdirmäge ylalaşdylar. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldy. çeşme: https://turkmenistaninfo.gov.tm/news

08.08.2025 250
Syýasat

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Wekiliýetiň LLDC3-e gatnaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenildi. Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň dowamynda syýasy geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirildi. Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän goşmaça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. çeşme: https://turkmenistaninfo.gov.tm/news

08.08.2025 276
Syýasat

  BMG-niň Awazada geçirilýän maslahatynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa zenanlaryň durnukly ösüşdäki orny we gaznanyň işi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Bu barada TDH habar berýär. Oguljahan Atabaýewa zenanlaryň diňe bir maşgala gymmatlyklarynyň goragçysy bolman, eýsem jemgyýetiň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýandyklaryny aýtdy. Oguljahan Atabaýewanyň sözlerine görä, zenanlar Türkmenistanyň konstitusiýasyna we halkara ülňülerine laýyk gelýän ýolbaşçy wezipeleri eýeleýärler. Gaznanyň wekili dört ýyllyk işiniň dowamynda mätäç çagalar üçin 500-den gowrak amalyň maliýeleşdirilendigini aýtdy. Gazna Saglyk ministrligi bilen hyzmatdaşlyk edýär, ene-atasyz galan çagalara hem mugt lukmançylyk kömegi berýär. Oguljahan Atabaýewa, şeýle hem gaznanyň çaga lukmançylygynda tejribe alyşmak üçin halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdygyny aýtdy. Sözüniň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa zenanlaryň saglygyna aýratyn üns bermäge we başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin şert döretmäge çagyrdy. Duşuşykdan soň ähli taraplary jyns taýdan deňligi we Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine zenanlaryň deň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin Jemleýji resminama kabul edildi.   çeşme: https://turkmenistaninfo.gov.tm/news

08.08.2025 356
Syýasat

5-nji awgustda Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Degişli resminama Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Abu-Dabidäki ilçihanasynyň instagram sahypasynda habar berildi. Teswirnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Eswatininiň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Folile Şakantu gol çekdi. Bu ylalaşyk hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar. Türkmenistan Eswatini bilen energetika, oba hojalygy we durnukly ösüş boýunça tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýär. Ýeri gelende bellesek, Afrika yklymynyň günortasynda ýerleşýän ýurt bolup, ilaty 1 milliondan gowrak. Ýurduň tutýan meýdany 17 müň 364 kwadrat kilometr bolup, şonuň 17 204 kwadrat kilometri gury ýerden ybarat. Eswatini BMG-niň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we Afrika Bileleşiginiň agzasy hasaplanýar. çeşme: https://www.turkmenportal.com/

07.08.2025 230
Syýasat

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde uýgunlaşmak kuwwatyny artdyrmak, howanyň üýtgemegine we tebigy betbagtçylyklara durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de goragsyzlygy peseltmek» atly ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen hem-de BMG-niň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralan duşuşyga foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň hem-de abraýly halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlik netijeli dialog hem-de ýokarda agzalan möhüm meseleler, şol sanda ony maliýeleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi diýip, TDH ýazýar. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda uýgunlaşmak kuwwatynyň artdyrylmagy we howanyň üýtgemegine hem-de tebigy betbagtçylyklara durnuklylygyň ýokarlandyrylmagy ählumumy möçberde, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, suw meselesi, hususan-da, suwdan rejeli peýdalanmak, şeýle hem oba hojalygynda ekerançylygyň serişdeleri tygşytlaýjy usullaryny we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şeýle-de ulag we logistika degişli meseleleri çözmek boýunça ylalaşykly çäreleriň görülmeginiň zerurdygy bellenildi. Tebigy betbagtçylyklar barada irki duýduryş ulgamyny hem-de olaryň howpuny azaltmak strategiýalaryny işläp taýýarlamaga degişli meselelere-de garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň «Hemmeler üçin irki duýduryş» başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň gün tertibinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Ol işiň möhüm ugurlaryny kesgitläp, Durnukly ösüş maksatlarynyň, heläkçilik howpuny azaltmak boýunça Sendaý Çarçuwaly maksatnamasynyň, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň üstüni ýetirýär. Maksatnamada şeýle hem Howanyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak, ekologik wehimler bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ileri tutulýan maksatlar bellenilýär. Şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň howa babatda maliýeleşdirmäge elýeterliligini gowulandyrmak, amatsyz ýagdaýlary azaltmaga, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmäge gönükdirilen netijeli uýgunlaşmak çäreleri bilen bagly strategiýalary işläp taýýarlamagyň, täze şertlerde bu ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalary hödürlemek arkaly goldaw bermegiň möhümdigi nygtaldy. Şunda halkara maliýe institutlarynyň we hyzmatdaşlaryň bu işe gatnaşmagy bilen bagly mesele barada durlup geçildi. çeşme: https://www.turkmenportal.com/

07.08.2025 235

Täze habarlar

Jemgyýet Mukaddeslige hormatyň dabaralanmagy
14.03.2026   15
Jemgyýet Sahawatly işlere buýsanmak bagty
12.03.2026   12
Jemgyýet Ýagşy habarlaryň ýarany
12.03.2026   16
Jemgyýet Ýokary guramaçylyk derejesinde
11.03.2026   15
Jemgyýet Jana şypaly
11.03.2026   15
Ykdysadyýet Tohumlyk çigit taýýarlanylýar
10.03.2026   20
Jemgyýet Çagalaryň baýramçylyk çykyşlary
09.03.2026   16