Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz -8° C Daşoguz

Energetika

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda welaýat boýunça öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 1 milliard 998,3 million manatlyga deň boldy. Pudagyň döwlet eýeçiligine degişli böleginde öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 452,8 million manat bolup, ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 45,9 göterim köpeldi. Welaýatyň ykdysadyýetinde ýeňil we azyk senagatynyň paýy uludyr. Ýeňil senagaty boýunça öndürilen önümleriň möçberi 281,1 million manada barabar bolup, ösüş depgini geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende 103,8 göterime barabar boldy. Elektrik energetika senagaty-da ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösýän ulgamlarynyň biri. Geçen döwürde bu ulgamda 26,6 million manatlyk önüm öndürilip, ol geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 1 göterim köpeldi. Hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende işläp bejerýän senagatda, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň, pagta süýüminiň, piwonyň öndürilişiniň artyş depginleri bellenildi.

16.10.2023 56
Energetika

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmaga uly üns berilýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) alternatiw energiýa çeşmeleriniň önümçiligini ýola goýmak ugrunda tagalla edýär. Tutuş dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak üçin ummasyz möçberde maýa goýumlaryny gönükdirmegiň zerur bolup durýandygyny belleýär. 2030-njy ýyla çenli şeýle energiýa çeşmelerini ulanmak üçin häzirden maýa goýumlary artdyryp, 5.7 trillion dollara çenli maliýe serişdelerini özleşdirmek gerekdir. Dünýä jemgyýetçiligi howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýet ugruna uly ähmiýet berýär. Bu maksatlara ýetmek üçin elektromobilleriň önümçiligini artdyrmak we beýleki alternatiw energiýaly önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wodorod energetika ulgamyna aýratyn ähmiýet berler. Energiýanyň arassa önümçiligine geçmek köp sanly peýdaly taraplary hem öz içine alýar. 2030-njy ýyla çenli 85 million täze iş orunlarynyň döremegine getirer.

01.04.2023 36
Energetika

  Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandy. Täze gurulýan we ulanylmaga berilýän gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň hasabyna ulgamyň önümçilik kuwwaty hem birnäçe esse artdy. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde pudaga zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak meselesinde hem görnetin öňegidişlikler gazanyldy. Mysal üçin, talyplaryň bu ugurdan dürli hünärleri ele almaklary üçin ähli amatly şertler döredilen, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde okaýan talyplaryň hasabyna ulgamy hünärmenler bilen üpjün etmek, olary pudagyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek işlerine giňden çekmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, pudakda ulanylýan ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen işlemegi başarýan ýaşlary bu ugurdan degişli tejribeleri bolan daşary ýurtlaryň okuw merkezlerine hünärlerini kämilleşdirmek üçin ibermekmeýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygy ulgamyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine itergi berýändigini-de bellemek gerek. Şu ýagdaýlar bolsa, häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika howpsuzlygynyň doly üpjün edilendigine esas döredýär. Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmegi ýola goýmak bilen birlikde, elektrik energiýasynyň tygşytly ulanylmagyna gözegçilik etmek, ony uzak aralyklara ibermek üçin tehnologik harajatlary azaltmak boýunça çäreleriň hem pudak üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtmak gerek.

07.01.2023 44

Täze habarlar

Jemgyýet Beýik halkyň taryhy hem beýikdir
06.12.2024   12
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
04.12.2024   12
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   15
Jemgyýet Şanly senä bagyşlandy
03.12.2024   12
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   13
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   11