Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent sepgitlere ýetmek, öňde goýlan meýilnamalary aýma-aý berjaý etmek ugrunda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu günlerde bu kärhanada gowaça tohumy ýokary hilli taýýarlanylýar. Bu ýerde hereket edýän barlaghanada tohumyň hil derejesi kesgitlenýär. Şu möwsümde tohumlyk gowaça çigidiniň «Gubadag-3», «S-4727», «Jeýhun», «Daşoguz-114» ýaly görnüşleriniň 2461 tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Göreldeli işçi-hünärmenlerden Wepa Kakabaýew, Akmyrat Berdiýew, Akmyrat Goçmedow, Arazmät Arazmädow dagyny görkezmek bolar. Şu ýyl tohumlyk gowaça çigidiniň etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Zaman», «Pagtaçy», «Bereket» daýhan birleşiklerinde ekilmegi meýilleşdirilýär.

22.01.2026 173
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiz geçirýän iş maslahatlarynda şu ýylyň ýaz ekişine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek barada möhüm tabşyryklary berýär. Şonda möwsümde ulanyljak tehnikalaryň göwnejaý abatlanylmagyna hem aýratyn üns çekilýär. Munuň özi şol döwürde ekişde bökdençligiň bolmazlygyna, işleriň öndürijilikli, sazlaşykly alnyp barylmagyna gönükdirilendir. Öňde goýulýan şeýle derwaýys wezipelerden ugur almak bilen Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň degişli edara-kärhanalarynda hem zerur çäreler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini birleşigiň Gubadag etrabyndaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň abatlaýjylarynyň, mehanizatorlarynyň gündelik iş-aladalarynyň mysalynda-da görmek mümkin. Bu kärhananyň giň howlusynyň şeýle taýýarlyk işleriniň hakykatdan hem uly joşgun alan ýerine öwrülendigini şu günlerde onuň derwezesinden giren her bir adam anyk synlap bilýär. Çünki howlynyň ähli ýerinde hatarlanylyp goýlan dürli görnüşli traktorlar, ekijiler, çizeller, borana-malalar bu ýerde taýýarlyk çäreleriniň eýýam ep-esli böleginiň ýerine ýetirilendigini tassyklaýar. Olaryň gapdalynda öz işleri bilen gümra bolup ýören adamlaryň bolsa gyssagynyň ýeterlikdigi daşyndan seredeniňde-de bildirýär. Kärhanada taýýarlyk işleriniň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagyna tejribeli abatlaýjylaryň, mehanizatorlaryň onlarçasy uly goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Tirkeş Meredow, Saparmyrat Arazbaýew, Akmyrat Halbaýew, Nepes Pasanow, Garly Pirjikow, Dädemyrat Kakabaýew we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň adamlar ençeme ýyllardan bäri bu kärhanada zähmet çekmek bilen, tehnikalary abatlamakda-da, meýdan işlerinde olara erk etmekde-de oňat görelde görkezip, ýokary netijeleri gazanyp gelýärler. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň gowaça ekişi möwsüminde etrap boýunça dürli kysymly traktorlaryň 80-ne golaýynyň, ekiji gurallaryň 60-dan gowragynyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da çizelleriň, borana-malalaryň ýeterlik möçberleri bu ugurdaky işlerde ulanylar. Bu tehnikalaryň köpüsinde abatlaýyş çäreleri şu wagta çenli berjaý edilipdir. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlarynyň netijesinde kärhana dürli görnüşli tehnikalar, olaryň iş gurallary yzygiderli gelip gowuşýar. Bu bolsa onuň enjamlaýyn binýadynyň berkidilip, işleriniň öňe gitmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Bu barada aýdylanda soňky ýyllarda 5 sany traktoryň, 6 sany takyk ekijiniň kärhana berlendigini bellemek bolar. Geçen ýylyň özünde şeýle takyk ekijileriň, dökün sepijileriň, derman pürküjileriň ýene-de jemi 24 sanysy olaryň  ygtyýaryna berildi. Şeýle goldaw-kömekler işçi-hünärmenleriň, mehanizatorlaryň ählisini örän guwandyrýar, olary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Elbetde, oba hojalyk ekinleriň her bir görnüşiniň bereketli hasylyny kemala getirmekde, ilki bilen, onuň ekişiniň talabalaýyk geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilýär. Şonda bu babatda tehnikanyň güýjünden ýeterlik peýdalanylmagy zerur bolýar. Munuň üpjün edilmegi bolsa, mehanizatorlaryň, olara ýardam berýän abatlaýjylaryň şu günlerdäki taýýarlygyna baglydyr. Bu kärhananyň işçi-hünärmenleri-de şuny nazara alyp, gaýratly zähmet çekýärler.

20.01.2026 145
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň şäherdir obalaryny abadanlaşdyrmak, arassalygyny, tämizligini üpjün etmek, ýaşaýjylar üçin amatly ekologiýa şertlerini döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şonda bu ugurda iş alyp barýan edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeklige hem uly ähmiýet berilýär. Golaýda Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşigine daşary ýurtdan satyn alnan, arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerinde ulanmaklyga ýöriteleşdirilen ulaglaryň, traktorlaryň, olaryň ýardamçy enjamlarynyň 150-si gelip gowuşdy. Şu waka mynasybetli guralan dabara welaýatyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Jemagat hojalygy birleşiginiň we onuň şäher, etrap bölümleriniň işçi-hünärmenleriniň uly topary gatnaşdylar. Dabaranyň gyzgalaňly pursatlarynda mährem eneler täze ulaglara, traktorlara nepis alajalary dakyp, üstüne aklygyň-päkligiň nyşany bolan ak un sepdiler, olaryň uzak wagt halkymyzyň hyzmatynda bolmagyny arzuw etdiler.

15.01.2026 171
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlary, guwandyryjy sepgitleri nazarlaýan Daşoguz welaýatynyň gallaçy, pagtaçy daýhanlary şu günlerde öz öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaklyga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Olar geçen güýzde kadaly gögerişi alnan bugdaýlara ideg etmek, şu ýylyň baharynda gowaça ekişi geçirilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlarda zerur çäreleri ýerine ýetirmek babatdaky işleriň depginini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Häzirki wagtda zähmetsöýer kärendeçileriň şeýle joşgunly gadamlaryny Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda hem görmek mümkin. Çünki olar günsaýyn rowaçlanýan ýylymyzda öz gözegçilik edýän meýdanlarynda bugdaýyň, pagtanyň has-da saldamly hasylyny kemala getirmegi meýilleşdirýärler. Ýeri gelende bellesek, geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem bu hojalygyň agzalaryna uly üstünlikleri getirdi. Has anygy, şol ýylda olar 17 müň tonna golaý «ak altyny», 6350 tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaýy Watan harmanyna goşup, bu baradaky meýilnamalary has artygy bilen berjaý etdiler. Munuň özi hojalygyň kärendeçi daýhanlarynyň çeken agzybirlikli, arkalaşykly zähmetleriniň beren guwandyryjy netijesi boldy. Geçen ýylda gazanylan üstünlikler bilen ruhlanan paýdarlar jemgyýetiniň babadaýhanlary, öňde hem nygtap geçişimiz ýaly, şu ýylda-da bu ugurdaky möhüm çäreleriň depginini ýokary göterdiler. Hojalygyň baş agronomy Ikram Kadyrowyň aýtmagyna görä, olar 2420 gektar meýdanda bugdaýyň, 7500 gektar ýerde pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler. Elbetde, atyz-meýdanlarda bereketli hasyly kemala getirmekde güýz-gyş çäreleriniň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy mälimdir. Hojalykda her ýyl hem olara aýratyn üns berlip, şonuň netijesinde gallaçy kärendeçileriň ählisi öz meýdanlaryndaky bugdaýlary ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirýärler. Häzirki döwürde-de olar ýerli dökünleriň ýeterlik möçberlerini taýýarlamak boýunça iş alyp barýarlar. Bu işde gallaçylaryň köp sanlysynyň has-da tapawutlanýandygyny nygtamak gerek. Şu günlerde meýdan işlerini alyp barmakda paýdarlar jemgyýetiniň ähli kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň hem örän işjeňlik görkezýändikleri aýratyn guwançlydyr. Bu barada gürrüň edilende, Azamat Seýitmetowyň, Uktam Sabirowyň we beýlekileriň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparlarynyň has-da tapawutlanýandyklary bellenmäge mynasypdyr. Hojalygyň ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň göwnejaý alnyp barylmagynda uly goşant goşýan kärendeçi daýhanlar az däl. Olaryň hatarynda geçen ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanyp, häzirki günlerde hem köplere görelde bolýan kärendeçiler Jemile Mädrahymowanyň, Daniýar Rozmetowyň, Dildara Abdullaýewanyň, Şöhrat Mätiýewiň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar. Şonuň ýaly-da, öz işine ezber mehanizatorlardan Diýar Ibragimowyň, Zakir Jumaniýazowyň bu ugurdaky işlerde mynasyp paýlary bar.   Hormatly Prezidentimiziň gallaçy, pagtaçy daýhanlara berýän goldawlary, olar üçin döredýän şertleri  kärendeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Geçen ýyl hojalygyň gallaçylarydyr  pagtaçylary döwlete bereketli hasyl tabşyryp, uly üstünliklere eýe boldular. Ýurdumyzda bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky Kararyň kabul edilmegi olaryň ýokary girdeji gazanmaklaryny üpjün etdi. Şeýlelikde, göwünleri galkynan kärendeçiler häzirki wagtda has-da yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň agzybirlikli işleri şu ýylymyzy hem üstünliklere beslemegimize şert döreder.

15.01.2026 163
Ykdysadyýet

Aşyrmuhammet Söýünowy Akdepe etrabynda-da, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde-de tejribeli gallaçy daýhan hökmünde örän gowy tanaýarlar. Sebäbi  «Babadaýhan» daýhan birleşiginde hereket edýän saýlantgy tohumçylyk hojalygy onuň ýolbaşçylygynda ençeme ýyllardan bäri uly üstünlikleri gazanyp gelýär. Has anygy, bu ýerde her ýyl her gektardan 80 — 90 sentner bugdaý hasyly ýygnalyp, Watan harmanyna goşulýar. Ol şeýle belent abraýa, uly iş tejribesine eýe bolýança ýeňil bolmadyk zähmet ýoluny geçdi. Başgaça aýdylanda, onuň şu daýhan birleşiginde işe başlanyna 40 ýyldan hem gowrak wagt boldy. Şonda oba hojalygy ugrundan orta bilim alyp gelen ýigidi bu ýerde mähirli garşylapdylar, oňa möhüm wezipeleri ynanypdylar. Bu hem onuň işe bolan höwesini artdyryp, ene toprak bilen «dil» tapyşmagyň ýol-ýodasyny barha oňat ele almagyna ýardam edipdi. ...Ol döwürde bu daýhan birleşigi şalyçylyga ýöriteleşdirilendi. Şunlukda, onuň bir bölüminiň jogapkärçiligini Aşyrmuhammediň üstüne ýüklediler. Bölümde ökde şalyçylaryň onlarçasy zähmet çekýärdi. Olar bilen işleşmek gyzyklydy, özüne çekijidi. Bolsa-da, şaly hasylyny ýetişdirmegiň aýratynlyklary biraz kynçylyk döretmän hem duranokdy. Emma arkalaşykly işler özüniň oňat netijesini-de berýärdi. Soň ony daýhan birleşiginiň baş agronomlygyna bellediler. Bu wezipe Aşyrmuhammedi birbada çekindirmän hem durmady. Sebäbi ozal bir bölümiň agzalary bilen işleşmeli bolsa, indi hojalygyň ähli garamatynyň uly bölegi onuň paýyna düşüpdi. Ýöne köpçüligiň goldawy ony ruhlandyrdy, özüne ynamyny artdyrdy. ...Bugdaý ekişi dowam edýärdi. Aşyrmuhammet giň meýdanda iki tarapa hereket edip, sürüm geçirip ýören traktora bir gyrada duran ýerinden esewan edýärdi. Şol arada traktoryň azaly ýere ýüzleý taşlap, ýeňil gopup barýandygy onuň gözüne ildi. Ol salymyny bermän traktoryň golaýyna bardy-da, mehanizatora: «Saklan!» diýip, yşarat etdi. Traktordan düşüp, ýanyna gelen ýigit onuň ýüzüne seredip, şeýle diýdi: — Aşyr aga, näme hyzmat? — Inim, saňa hyzmat-a ýok welin, ýeri biraz çuňurak süräýseň diýjek bolýan — diýip, Aşyrmuhammet oňa jogap gaýtardy:  — Ýogsam, häzirki sürüm geçirişiň bilen-ä bu meýdandan hasyl alynjaga meňzänok. Özüňem bu işde köp tejribäň bar, topragyň ýagdaýyny menden hem gowy bilýäň... Ene toprak bilen şeýle ýakynlykda geçirilen ýyllar Aşyrmuhammede örän köp zady öwretdi. Ol şol döwürde, aýdylyşy ýaly, «Alynyň ala meýdanynyň» geldi-geçeriň ýeri däldigine, ondan hasyl almakçy bolsaň ähli gujur-gaýratyňy bu ugra jemlemelidigine göz ýetirdi. Ol şeýdip, mähriban topraga ähli durky bilen berlip, oňa hemişelik örküni baglap, ädimme-ädim ýol geçip, şu günki derejesine ýetdi... Gürrüňimiziň başynda aýdyşymyz ýaly, häzir Aşyrmuhammet Söýünow daýhan birleşiginiň saýlantgy tohumçylyk hojalygyna ýolbaşçylyk edýär. Hojalygyň 100 gektardan ybarat bugdaý meýdany bar. Şol ýerlerden her ýyl bol hasyl alynýar. Bu taryhy wakalara baý bolan geçen ýylda-da şeýle boldy. Has anygy, şonda Watan harmanyna 1 müň tonna golaý guşgursak däne goşuldy. Elbetde, şeýle üstünlikleriň öz-özünden gelmeýändiginden köpler habarlydyr. Onuň üçin ýylyň bütin dowamynda ene topraga maňlaý deriňi, ähli ukyp-başarnygyňy siňdirmeli bolýar. Aşyrmuhammediň özi-de, onuň kömekçileri-de bu ýagdaýlara örän oňat düşünýärler. Şeýlelikde, olaryň agzybirlikli, arkalaşykly zähmeti hasylyň ykbalyny çözýär. Aşyrmuhammet tohumçylyk hojalygyna degişli meýdanlarda geçen ýylyň güýzünde geçirilen ekişiň has-da oňat netije berendigini aýdýar. Aslynda, munuň şeýledigini olarda häzir doýgun ýaşyl bolup, ýagyş-ýagmyra eýlenip, ir bahardan ösüş ýoluna düşmäge taýýarlyk görýän bugdaý maýsalarynyň ajaýyp görnüşi-de tassyklaýar. Geçen ýyllarda döwletimiz tarapyndan onuň öz işine bolan yhlasyna, gazanan ýokary netijelerine mynasyp baha berildi. Tejribeli daýhan Türkmenistanyň «Gaýrat», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» medallary, ençeme sapar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Aşyrmuhammet ajaýyp döwrümizde çekýän ýadawsyz zähmeti bilen şeýle abraý-mertebä eýe bolan ussat daýhanlaryň biri. Şoňa görä-de, onuň iş tejribesi, göreldeli zähmet ýoly barada köp ýerlerde gürrüň edilýär. Ol bu bagty ene topraga bolan mähir-söýgüsi bilen gazandy.

14.01.2026 172
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikler, giň gerimli ösüşler gazanylýar. Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda güýçli depginde dowam etdirilýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýär. Türkmenistan – Hytaý, Gündogar – Günbatar gaz geçirijileri sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berkemegine oňyn täsir edýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisindäki çykyşynda: «Durmuşa geçirilýän bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder» diýlip, aýratyn nygtalyp geçilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty döwrebap ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda bu ugurda dünýäniň belli kompaniýalary, halkara maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ýurdumyzda amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň we gazanylýan üstünlikleriň ilerlemegine oňyn şert döredýär.

15.12.2025 203
Ykdysadyýet

Ilaty süýt we süýt önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek häzirki wagtda öňde goýulýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu babatda alnyp barylýan işlere döwlet kärhanalaryndan başga-da telekeçiler, hususy önüm öndürijiler hem uly goşant goşýarlar. Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Şabat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şeýle kärhanalaryň hatarynda uly orny eýeleýär. Çünki bu ýerde ýokary hilli süýt we süýt önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, alyjylara yzygiderli ýetirilýär. Olaryň arasynda gatyk, mesge ýagy, dorag, gaýmak, peýnir we beýlekiler has köp isleg bildirilýän önümlerdir. Bu önümler döwrebap enjamlaryň kömegi bilen taýýarlanylýar hem-de dürli agramlyklarda ýörite gaplara gaplanylýar. Olar tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň ýaly-da, gaplarynyň bezegi bilen ünsi çekýär. Kärhana şu ýylyň geçen döwründe hem ýokary talaplara laýyk önümleri öndürmekde oňat netijelere eýe boldy. Munuň şeýle bolmagynda önümçilik bölüminiň ezber işçi-hünärmenlerinden Umida Atajanowanyň, Atamyrat Saparowyň, Guwanç Gurbanowyň, Aziza Jelalowanyň mynasyp paýlary bar. Kärhanada golaýlap gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli öndürilýän önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.

04.12.2025 216
Ykdysadyýet

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary netijeler bilen jemlemegi maksat edinen «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçi-hünärmenleri häzirki günlerde has-da gaýratly zähmet çekmek bilen, welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bolan Türkmenderýanyň hem-de onuň goşmaça akabalarynyň ugrunda gyrmançalardan arassalamak, gazmak işlerini öndürijilikli alyp barýarlar. Munuň özi olaryň suw geçirijilik mümkinçilikleriniň artdyrylyp, geljek ýylyň degişli möwsümlerinde suwuň bellenilen ýerlere öz wagtynda, bökdençsiz ýetirilmegine gönükdirilendir. Umumy uzynlygy 400 kilometrden gowrak bolan şol akabalarda läbik sorujylaryň 10-a golaýynyň, beýleki tehnikalaryň ençemesiniň güýjünden peýdalanylyp, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň yzygiderli berjaý edilmegi gazanylýar. Daşary ýurtlardan satyn alnan şeýle döwrebap tehnikalara erk edýän adamlaryň onlarçasynyň alnyp barylýan işlerde, ýetilýän guwandyryjy sepgitlerde mynasyp paýlary bar.

04.12.2025 221
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalary şu günler etrabyň meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işlerine gatnaşdyrylýar. Kärhana degişli dürli kysymly tehnikalaryň iki çalşykda saz işledilmegi netijesinde sürüm geçirilen ýerleriň gektar sany gün-günden artýar. Sürüm işleri etrabyň «Derýalyk», «Täze güýç», «Kyrkgyz» daýhan birleşiklerinde barha ýokary depgine eýe bolýar. Kärendeçiler hem özleriniň garamagyndaky ýerleriň gyra-töwereklerinde, çillerde arassaçylyk işlerini geçirýärler, suw akabalaryny gyrmançalardan arassalaýarlar. Möwsümleýin meýdan işleriniň öz wagtynda geçirilmegi ýerleriň ýaz ekişine bellenen wagtda taýýar edilmegine uly mümkinçilik berýär.

29.11.2025 204
Ykdysadyýet

Güýzlük däne ekişini üstünlikli tamamlan Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary ak ekine ideg işlerini ýokary talaplara laýyklykda alyp barýarlar. Geljek ýylda 755 gektar ýerden bol hasyl almagyň esasy şertiniň ekin meýdanlarynda her bir agrotehniki çäräni öz wagtynda, ýokary hilli geçirmekden ybaratdygyna oňat düşünýän Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlary şu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Kadaly gögeriş gazanylan meýdanlardaky ýaşajyk maýsalara ideg etmek işlerinde öňdebaryjy tejribeler, agrotehnikanyň görkezmeleri ulanylýar. Etrabyň «Gubadag», «Türkmenistan», «Ýaşlyk» daýhan birleşikleriniň gallaçy daýhanlary hem ekin meýdanlarynda bugdaýlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerinde aýratyn tapawutlanýarlar.

28.11.2025 166

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49