Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Gyş döwründe maldarlaryň aladasynyň has-da artýandygy mälimdir. Çünki şu günlerde mallary ýyly saklap, wagtynda iýmitlendirip, önümliligini peseltmezlik şol gaýragoýulmasyz işlere bagly bolýar. Şoňa görä, welaýatymyzyň maldarlary-da häzirki wagtda bu ugra ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Munuň şeýledigini Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň kärendeçi maldarlarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň mysalynda hem görmek mümkin. Olar hormatly Prezidentimiziň halkymyzy maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaga çalşyp, öz işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu babatda aýdylanda, etrabyň Magtymguly adyndaky, «Bereket», «Aksaraý» we beýleki daýhan birleşikleriniň kärendeçi maldarlarynyň aýratyn tapawutlanýandyklaryny bellemek gerek. Zähmetsöýer maldarlaryň gowy netijeleri gazanmaklary olaryň gyş döwrüne has öňünden, ýokary derejede taýýarlyk işlerini amala aşyrmaklary bilen baglanyşyklydyr. Belläp geçişimiz ýaly, etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi maldarlary mallary ýyly hem-de dok gyşlatmakda oňat görelde görkezýärler. Olardan Annamyrat Bekiýewiň, Baýramgeldi Nurgeldiýewiň, Pälwan Bugraýewiň atlaryny agzamak bolar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda bu daýhan birleşiginde iri şahly mallaryň 400-den gowragy kärendeçilik usulynda idedilýär. Şeýlelikde, bu ýerde mallardan bol önüm almak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Bu daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçi maldarlarynyň biri-de, ýaňy hem agzap geçişimiz ýaly, Pälwan Bugraýew bolmaly. Bu zähmetsöýer maldaryň öz garamagyndaky mallary talabalaýyk idetmek boýunça berjaý edýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Maldarçylykda 20 ýyla golaý iş tejribesi bolan bu ýigidiň mal idetmegiň ýol-ýodalaryny birkemsiz ele alandygy mälim. Çünki onuň mal ýatagynda saklanylýan tohum öküzleriň, ene sygyrlaryň, göleleriň ideginiň ýetirilýändigi şeýle seredeniňde bildirip dur. Kärendeçi maldarlaryň aýtmagyna görä, ol mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin bölünip berlen 20 gektar meýdandan geçen ýyl hem bol ýorunja bedesiniň, mekgejöweniň, arpanyň ýokary hasylyny öndüripdir. Şonuň ýaly-da, şol döwürde iri baldakly meýdan otlarynyň, bugdaý samanynyň köp mukdaryny ýygnapdyr. Bu bolsa oňa häzirki günlerde mallary göwnejaý iýmitlendirmäge mümkinçilik berýär. Etrabyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçi maldary Toýly Baýramdurdyýewiň hem häzirki wagtda öz gözegçilik edýän 50-den gowrak iri şahly mallaryny gyşdan gurat, ýokary önümli ýagdaýynda alyp çykmak ugrunda gaýratly zähmet çekýändigini bellemek ýerliklidir. Munuň şeýledigini onuň kärendeçiligindäki mallardan alynýan önümleriň gündelik mukdary hem anyk tassyklaýar. Bu babatda kärendeçi maldaryň hem geçen ýylda bol ot-iým ätiýaçlygyny döretmeginiň, şu günlerde ondan rejeli peýdalanmagynyň ähmiýeti uly bolýar. Görnüşi ýaly, etrabyň maldarlary ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek baradaky tagallalardan ugur alyp, şeýle netijeli işleri amala aşyrýarlar. Munuň özi olaryň şu ýyl hem uly üstünliklere eýe bolmaklaryna mümkinçilik döredýär.

19.02.2026 151
Ykdysadyýet

Belent tutumlardan beýgelýän taryhy döwrümize şan berjek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýene-de bir şanly senesi — 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenip geçildi. Bu baýram döwletimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda gazanylýan üstünlikleri, türkmen diplomatiýasynyň bu ugurdaky mynasyp goşandyny dabaralandyrýar. Garaşsyz döwletimiz ilkinji günlerden halkara gatnaşyklar ulgamynda ösüşiň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ornunyň pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ýörite Kararnama esasynda ykrar edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä gatnaşyklaryndaky işjeňligini has-da artdyrdy. Parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, bir-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünlikleri ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Bu bolsa türkmen diplomatiýasynyň gazanan ýokary netijeleridir. Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 160-a golaý döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, daşary ýurtlarda diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň 40-dan gowragy, şol sanda biziň döwletimizde hem şonçasy, halkara guramalaryň onlarça wekilhanalary hereket edýär. Döwletimiz halkara guramalaryň 50-den gowragynyň agzasy bolup durýar we dürli ugurlar boýunça halkara şertnamalaryňdyr konwensiýalaryň 200-e golaýyna gatnaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň diplomatik işiniň geriminiň näderejededigini görkezýär. Şonuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny durmuşa geçirýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Senagat ösüşi boýunça guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Ykdysady we Durmuş geňeşi, Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi ýaly ýöriteleşdirilen düzümleridir beýleki birnäçe komitetleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny artdyrýar, ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň diplomatik gatnaşyklarynyň geografiýasy dünýäniň yklym we sebit döwletlerini öz içine alýar. Şeýle hem BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki işjeňliginiň barha giňeýändigini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi, onuň maliýe we maddy-tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi, diplomatlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda tagalla edýäris» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Gullugyň işgärleriniň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça edilýän aladalar, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, işgärleriniň we maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we beýleki hukuklaryny kanun arkaly goramak babatda durmuşa geçirilýän beýik tutumlar diplomatik gullugyň işgärleriniň şeýle aladalara özleriniň mynasyp işleri bilen jogap bermek baradaky maksatlaryny hem borçlaryny has-da artdyrýar.

18.02.2026 130
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, dokma senagaty pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Pudagyň birleşiklerinde, önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümler ýokary hilliligi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanyp, diňe bir içerki däl, eýsem daşarky bazarlarda hem uly isleg-talapdan peýdalanýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň barha belende göterilmegine, kuwwatynyň artmagyna möhüm goldaw berýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň şeýle ýokary sepgitlere ýetmegine saldamly goşant goşýan önümçilik kärhanalarynyň ençemesi biziň welaýatymyzda-da iş alyp barýar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigidir. Bu kärhanada işleriň döwrebap şertlerde amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegi onuň öňdebaryjylaryň hatarynda bolmagyna mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, fabrikde ýurdumyzyň çäklerinde öndürilen pagta süýüminden birnäçe görnüşli önümler, ýagny ýörite belgili ýüplükler, mebel pamygy, arassalanan pagta galyndysy taýýarlanylýar. Bu iş kärhanada hereket edýän 3 sany önümçilik bölüminde alnyp barylýar. Olaryň her birinde öz kärinde uly iş tejribesi bolan hünärmenleriň, işçileriň ençemesi zähmet çekip, öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Ýeri gelende aýdanymyzda, geçen ýyl bu kärhananyň işçi-hünärmenleri üçin hem üstünlikli boldy. Has anygy, olar şol ýylda jemi 1600 tonnadan gowrak önüm öndürmegiň hötdesinden geldiler. Şeýle hem şol ýylda öndürilen önümleri ýerlemek boýunça möhüm işler ýerine ýetirildi. Berlen maglumatlara görä, olaryň esasy bölegi Russiýa, Türkiýe ýaly ýurtlara ugradylypdyr. Kärhanada jemi 240-dan gowrak adam zähmet çekip, olaryň 200-e golaýy gös-göni önümçilik işine gatnaşýar. Olaryň arasynda öz gujur-gaýraty, gazanýan netijeleri bilen köplere görelde bolýan işçi-hünärmenler az däl. Şeýle zähmetsöýer işgärlerden Çemen Kuwwatnyýazowa, Farangiz Mätkerimowa, Aşyr Bekmyradow, Enegül Ilmyradowa, Jeren Sapargylyjowa dagynyň atlaryny tutmak ýerlikli bolar. Kärhananyň işçi-hünärmenleriniň öndürijilikli zähmet çekmeklerinde olar üçin oňaýly iş, dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň ähmiýeti uly bolýar. Şonuň üçin hem bu barada yzygiderli alada edilip, derwaýys çäreler guralýar.        Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy  kärhananyň işçi-hünärmenlerini hem täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şonuň netijesinde olar häzirki günlerde has-da yhlasly zähmet çekýärler. Bu bolsa kärhanada şu ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamalarynyň hem üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredýär. Elbetde, başda-da belleýşimiz ýaly, kärhananyň işçi-hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň giň gerimli goldawlarynyň netijesinde barha belent sepgitlere ýetýän ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşine has-da uly goşant goşmak maksady bilen zähmet çekip, uly üstünliklere eýe bolýarlar. Bu bolsa olaryň barha rowaçlanýan ýyly tutuşlygyna guwandyryjy netijelere beslejekdiklerini alamatlandyrýar.

10.02.2026 132
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär. Şu ýyl ýyladyşhanada pomidoryň «Pink Сhampion F1» görnüşi öndürilýär. Ýyladyşhananyň umumy meýdany 10 gektar bolup, bu ýerdäki 4 bölümde işgärleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň her biri özüne berkidilen işi ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýär. Ýyladyşhanada ähli işler awtomatik usulda, ýagny ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýylylyk, çyglylyk ýagdaýyny kadaly saklamak täze tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Göreldeli işgärlerden Gülşat Mamedowa, Zöhre Kutlymyradowa, Leýla Agabaýewa, Merjen Atajykowa dagyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýyladyşhananyň agzybir işgärleri hasyl ýygnamaga girişdiler. Ýygnalan hasyl terligine ak bazarlarda ilata elýeterli bahalardan ýetirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen ilaty ýylyň ähli döwründe ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

09.02.2026 132
Ykdysadyýet

Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň yhlasy bilen öndürilýän tikin önümlerine halkymyzyň arasynda uly isleg bildirilýär. Belli bolşy ýaly, kärhanada ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işçi-hünärmenleri üçin ýörite egin-eşikler, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri, mekdep okuwçylary üçin lybaslar, hassahanalar, esger ýatakhanalary üçin ýorgan-düşekler, jemlenilip alnanda 100-den hem köp görnüşdäki tikin önümleri öndürilýär. Bu önümler ýokary hilliligi, berkligi bilen tapawutlanyp, hyrydarlarynyň barha artmagyna getirýär. Kärhananyň tikinçi-hünärmenleri geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem guwandyryjy netijelere eýe boldular. Olar şonda 21 million manatlyga golaý önüm öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda agzybir zähmet çekilendigini aňladýar. Şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagynda kärhananyň eli çeper tikinçi gelin-gyzlarynyň ençemesiniň mynasyp goşantlary bar.

06.02.2026 173
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçy kärendeçileri her ýyl «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, oňat netijeleri gazanýarlar. Etrabyň kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyl hem gadamlary batly. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda etrabyň babadaýhanlary 30 600 gektarda gowaça ekişini geçirmegi göz öňünde tutýarlar. Sürüm,tekizleme, çil çekmek, dürli dökünler bilen ýerleri gurplandyrmak, ýuwuş suwuny tutmak ýaly möhüm agrotehniki çäreler giň gerimde dowam edýär. Şeýle hem häzirki günlerde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri-de guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň ekiş möwsümde etrap boýunça ekijileriň 137,boronalaryň 2065, malalaryň 258 sanysynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Her bir güni ýokary netijeler bilen jemleýän etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, tejribeli ussalary abatlaýyş işlerini ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Bu babatda kärhananyň göreldeli ussalaryndan Kerimulla Sarykulow, Baýmyrat Satlykow, Döwran Töräýew dagynyň atlaryny agzamak bolar. Işleriň öz wagtynda, talabalaýyk amala aşyrylmagy şu ýylda hem pagtaçy kärendeçileriň uly zähmet ýeňişlerini gazanmaklaryna mümkinçilik berer.

05.02.2026 172
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawody dürli maksatly suw gurluşygynda ulanylýan turbalary we beýleki serişdeleri taýýarlamakda derwaýys işleri alyp barýar. Ýyllyk kuwwaty 920 tonna polietilen hem-de polipropilen turbalary öndürmeklige barabar bolan kärhananyň işçi-hünärmenleri gaýratly zähmet çekmek bilen, oňat netijeleri gazanýarlar. Munuň şeýledigini geçen ýylda ýetilen sepgitler hem aýdyň tassyklaýar. Şol döwürde kärhanada dürli ölçegdäki turbalaryň 20-den gowrak görnüşi öndürilip, şertnama esasynda degişli ýerlere yzygiderli ýetirildi. Şeýle netijeler bilen ruhlanan kärhananyň zähmetsöýer agzalary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem täze üstünliklere eýe bolmak hyjuwy bilen gadam goýup, özleriniň iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan islegiň barha artýandygyny-da bellemek bolar.

31.01.2026 152
Ykdysadyýet

Halkymyzyň gadymy sungaty hasaplanylýan haly we haly önümlerini öndürmek boýunça Daşoguz welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar geçen ýylda 1 müň inedördül metrden gowrak haly hem-de haly önümlerini dokamagyň hötdesinden geldiler. Şeýlelikde, kärhana boýunça 3,5 million manatlyga golaý önümiň hyrydarlara ugradylmagy üpjün edilip, önümçilikde uly ösüş gazanyldy. Kärhananyň ezber elli halyçylarynyň dürli gölleri, nagyşlary salyp dokaýan halylarynyň köpçüligiň göwnünden turýandygyny aýtmak gerek. Şonda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar, desgalar üçin taýýarlanylýan, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda halka ýetirilýän haly we haly önümleri örän nepisligi bilen tapawutlanýar. Kärhananyň gazanýan üstünliklerinde onuň Gubadag, Boldumsaz we beýleki etrap önümhanalarynyň halyçylarynyň hem mynasyp goşantlary bar.

29.01.2026 158
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary gowaça meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine öz wagtynda taýýar etmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Bu işde etrabyň «Täzegüýç» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda daýhan birleşiginde gowaça ekilmegi göz öňünde tutulan ýerlerde möwsümleýin işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Sürüm, tekizleme işlerinde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalary ýakyndan ýardam berýärler. Her günde 12 — 15 gektara ýerde ýuwuş suwy tutulýar. Şu günler Meretbaý Amanow, Parahat Tontaýew, Öremyrat Nepesow, Jumagylyç Jumaşow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 4,8,9,10-njy kärendeçiler toparynda bu iş has-da depginli barýar. Hojalygyň 400-den gowrak kärendeçi daýhanlary atyzlaryň gyra-töwereklerinde, çillerde arassaçylyk işini hem geçirýärler. Ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli berjaý edilmegi daýhan birleşiginde jemi 1750 gektar ýeriň ekiş möwsümine bellenen wagtda taýýar edilmegine mümkinçilik berer.

26.01.2026 164
Ykdysadyýet

Pederlerimiz haýwanlaryň, guşlaryň özüni alyp barşyny synlap howanyň rejesini, tebigy hadysalaryň boljagyny öňünden kesgitläpdirler. Olar bu çaklamanyň oňaýly netije berýändigine göz ýetiripdirler. Şeýle ýagdaýlarda öňünden taýýarlyk işlerini görüp, mallaryny, emläklerini ýagyndan, tebigy hadysalardan goramagyň aladasyny edipdirler. Alakalar hinine gyşdan öň däne, sypal çekip başlasalar, şol ýyl gyşyň sowuk boljagynyň alamaty. Gargalar çüňküni ganaty bilen penalap otursa, aýazly howanyň boljagynyň, garlawaçlar pessaýlap uçsa, ýagynyň ýagjagynyň alamatydyr. Garynjalar hininiň üstüne gum üýşüren bolsalar, gyşyň sowuk boljagydyr. Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden sowuk düşer. Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl geler. Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howanyň boljagynyň alamaty. Pişik guýrugyny ýalap, diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar. Sülgünler, käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, erbet sowugyň boljakdygynyň alamaty. Meýdan towşanlary sürenini çuň gazan bolsa, gyş sowuk bolar. Hüwi yzygiderli gygyryberse, howanyň bulaşjagyndan alamat. Bu yrymlar ata-babalarymyzyň ýiti synçylygy, durmuş tejribesi esasynda döräp, tebigat bilen sazlaşykly ýaşanlygynyň aýdyň güwäsidir.

23.01.2026 158

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49