Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda şu ýylyň gowaça ekişi möwsümine dabaraly badalga berilmeginden ruhlanan Akdepe etrabynyň pagtaçy daýhanlarydyr olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän adamlar hem bu möhüm çärä agzybirlikli girişip, onuň ilkinji günlerinden iş öndürijiliklerini ýokary göterdiler. Şeýlelikde, olar şu döwürde 18 müň gektar meýdana tohum taşlap, göwnejaý gögeriş gazanmak maksadynda ýadawsyz zähmet çekýärler. Munuň özi gündelik ekiş geçirilýän meýdanlaryň möçberiniň barha artmagyna şert döredýär. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde hem bu möhüm çäräniň guramaçylykly barýandygyny bellemek bolar. Daýhan birleşiginiň başlygy Maksud Kasymowyň aýtmagyna görä, häzirki dowam edýän möwsümde hojalyk boýunça 1 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan güýz paslynda 1840 tonna oňat hilli pagta hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilipdir. Belli bolşy ýaly, şu möwsümde daýhan birleşiginde 311 sany kärendeçiniň meýdanynda gowaça ekişini berjaý etmek göz öňünde tutulypdyr. Olaryň ençemesiniň ýerlerinde bu iş eýýäm amala aşyrylypdyr. Şeýle öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda Geldimyrat Bekbaýewi, Amanbaý Nazarowy, Hemra Gylyjowy we beýlekileri görkezmek mümkin. Bu olaryň öz kärende meýdanlarynda sürüm, tekizleme, suw tutmak çärelerini öz wagtynda berjaý edip, kadaly taba gelmegini gazanmaklarynyň netijesidir. Elbetde, daýhan birleşiginde gowaça ekişiniň öndürijilikli alnyp barylmagynda mehanizatorlaryň uly goşantlarynyň bardygy mälimdir. Bu barada aýdylanda, yzyna tohum taşlaýan gural tirkelen traktora erk edýän, bu işde 30 ýyldan köp tejribesi bolan Geldimyrat Nurmedowyň, şeýle hem öz kärlerine örän yhlasly çemeleşip, köpüň alkyşyna mynasyp bolýan Işanberdi Amanowyň, Begenç Berdigylyjowyň, Parahat Gylyjowyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutmak örän ýerliklidir. Görnüşi ýaly, etrabyň ähli pagtaçy daýhanlary bilen birlikde, bu birleşigiň kärendeçileridir mehanizatorlary-da häzirki wagtda sözüň hakyky manysynda gijäni gündize öwrüp, gowaça meýdanlarynda bol hasylyň esasy hasaplanylýan ekişi şeýle çalt depginlerde dowam etdirýärler. Bu hem olara şu derwaýys çäräni bellenilen möhletlerde tamamlamaga mümkinçilik berer. Munuň özi bolsa soňraky işleriň öňe gitmegine ýol açýar.

11.04.2026 134
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşigi öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanýar. Şu günlerde gowaça ekişinde hem bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Şu möwsümde hojalykda 1500 gektar ýerde gowaça ekişini geçirmeklik meýilleşdirildi. Bu ugurda kärendeçileriň 450-den gowragy arman-ýadaman zähmet çekýär. — Şu ýylyň gowaça ekişi möwsümine birkemsiz taýýarlyk görüldi. Şonuň netijesinde birleşigimizde bu çäre bellenen meýilnama laýyklykda barýar. Ekiş möwsüminde daýhan birleşigimiziň tehnikalary bilen bir hatarda, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalary hem netijeli ulanylýar. Ýerler goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Sürüm, mala basmak, ekiş geçirmek, tohum, dökün daşamak ýaly işlerde tehnikalar öndürijilikli işledilýär. Göreldeli mehanizatorlardan Parahat Dörmenow, Nurgeldi Mirişow, Baýramgylyç Musaýew, Döwletmyrat Käbäýew dagynyň birleşen tagallalary bilen her günde 15 — 20 gektar ýerde ekiş geçirilýär. Häzirki wagtda gowaça ekişi Nurjan Amangylyjow, Döwletmyrat Atajanow, Abat Hojahmetow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1,4,11-nji kärendeçiler toparlarynda has-da ýokary depginlerde barýar — diýip, daýhan birleşiginiň hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Gurban Aşyrow gürrüň berýär.

04.04.2026 113
Ykdysadyýet

Dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak, önümçiligini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde goýýan esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak maksadynda, Daşoguz welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Garagum sährasynda zähmet çekýän maldarlary hem netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Bu barada birleşigiň esasy hünärmeni Annageldi Ýazberdiýew şeýle gürrüň berdi: — Bahar pasly ýurdumyzyň ähli maldarlary, şol sanda biziň çopan-çoluklarymyz üçin hem örän jogapkärli, aýgytly döwür bolýar. Çünki onuň dowamynda mallaryň baş sanyny artdyrmakda aýratyn orna eýe bolan dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi geçirilýär. Bu çäräni üstünlikli geçirmek ýeňil bolmasa-da, maldarlar üçin gyzgalaňly pursatlary, guwandyryjy netijeleri getirýändigini aýtmak gerek. Belli bolşy ýaly, häzirki günlerde önümçilik birleşigimiziň hasabyndaky Görogly etrabynyň çägindäki «Garagum» hem-de Şabat etrabynda ýerleşýän «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary Garagumuň Mürzeçyrla, Akmolla, Damla, Ataguýy, Yslam, Sözenli we beýleki ýaýlalarynda bu möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Olaryň yhlasynyň ýerine düşýändigini bu möhüm çäräniň başyndan bäri gazanylan netijeler hem anyk görkezýär. Ýeri gelende nygtasak, şu möwsümde birleşigimiz boýunça bar bolan 32951 ene dowardan 27639 baş owlak-guzy, 2037 ene düýeden 917 baş köşek almak meýilleşdirildi. Bu şonda «Garagum» maldarçylyk hojalygynda 16606 owlak-guzy, 530 köşek, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynda 11033 owlak-guzy, 387 köşek alynmaly diýildigidir. Şonuň ýaly-da bu owlak-guzularyň, köşekleriň ählisini ösdürime goýberip, olardan täze dowar, düýe sürülerini döretmek göz öňünde tutulýar. Ýaňy aýdyşymyz ýaly, bu jogapkärli möwsümiň iş-aladalary, özüne mahsus kynçylyklary az bolmaýar. Şonuň üçin hem olara has öňünden, hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmeginiň uly ähmiýeti bar. Şuny nazara almak bilen, bu barada her bir maldarçylyk hojalygymyzda ýörite meýilnama düzülip, olar boýunça degişli işler öz wagtynda ýola goýuldy. Şonda şu möwsümde owlak-guzy, köşek öndürilmeli jemi 96 sany ene dowar, 36 sany düýe sürüleri bu döwürde bakmak üçin amatly, oty-çöpi bol, süýji suwly guýulary bolan öri meýdanlaryna geçirilip, olar zerur adam güýji, däri-dermanlar, tejribeli hünärmenleriň kömegi bilen ýeterlik derejede üpjün edildi. Bu hem häzirki wagtda öz oňat netijelerini berýär. Şu ýerde ýene-de bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär. Ýagny birleşigimize degişli dowarlaryň, düýeleriň hemmesi kärendeçilik usulynda idedilýär. Başgaça aýdylanda, olara ata-baba dowam edip gelýän çopançylyk käriniň eýeleri bolan maşgalalar öz tejribeli baştutanlarynyň ýolbaşçylygy bilen gözegçilik edýärler. Munuň şol maşgalalaryň ähli agzalarynyň şu möwsümiň netijelerine gyzyklanmasyny, onuň üstünlikli geçirilmegine ýardam bermäge höwesini has-da ýokarlandyrýar. Bu bolsa şeýle möhüm işde agzybirligiň, arkalaşygyň berk üpjün edilmegi bilen, umumy maksatlara ýetilmegine düýpli täsir edýär. Birleşigimiziň maldarçylyk hojalyklarynda agzalan sürülere, maşgalalara ýolbaşçylyk edip, ýylyň-ýylyna gazanylýan ýokary netijelere saldamly goşant goşýan, şu möwsümi guwandyryjy netijeler bilen jemlejekdiklerine doly ynamy bolan tejribeli çopanlaryň käbiriniň atlaryny-da agzap geçsek örän ýerlikli bolar diýip, hasap edýärin. Ynha, olardan «Garagum» maldarçylyk hojalygyndan dowar çopanlary Gazakbaý Baýramow, Çary Ataýew, düýe çopanlary Atamyrat Işanberdiýew, Wepa Amankulyýew, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygyndan dowar çopanlary Tirkeşbaý Tagangeldiýew, Artykmämmet Täçmämedow, düýe çopanlary Aşyr Aşyrow, Annaguly Nedirow we beýlekiler bu babatda uly hormata mynasypdyr. Biziň aramyzda «Çopanyň her güni edermenlikdir» diýen, aslynda nakyl ýaly bolup giden bir söz bar. Dogrusyny aýtsaň, bu hakykatdan hem şeýledir. Çünki Garagumuň jümmüşinde mal yzynda ýören çopan-çoluklaryň ýadawsyz zähmeti muňa güwä geçýär. Birleşigimiziň maldarlarynyň hem şu ymgyr sähranyň giň ýaýlalarynda şeýle möhüm möwsümiň iňňän jogapkärli günlerini başdan geçirip, bitirýän işleri, gazanýan netijeleri şunuň bir mysaly diýsek ýalňyş bolmaz. Şonuň üçin hem biz olara çäksiz guwanýarys. Nesip bolsa, zähmetsöýer maldarlarymyz barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýan bu möwsümi üstünlikli jemlärler.

01.04.2026 127
Ykdysadyýet

Baharyň häzirki amatly günlerinde Daşoguz  welaýatynyň ähli künjeklerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk işleri ýokary depginlerde barýar. Öz wagtynda sürüm, tekizleme geçirilip, çil çekilen meýdanlarda suw tutmak işi öndürijilikli dowam etdirilip, endigan taba gelýän gektarlaryň sany barha artýar. Şeýle möhüm çäreleriň Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginde hem talabalaýyk guralýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Çünki bu ýerde olara irki möhletlerde girişilip, şu wagta çenli esasy böleginiň oňat hilli ýerine ýetirilmegi munuň şeýledigini tassyklaýar. — Pagtaçy kärendeçilerimiziň geçen ýyl döwlete «ak altyn» tabşyrmak babatda gazanan üstünlikleri olary has-da ruhlandyrdy — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Orunbaý Gowşakow gürrüň berýär: — Şunlukda, olar şu ýylyň bereketli hasyly ugrundaky zerur çärelere aýratyn üns berdiler. Şonuň netijesinde birleşigimiziň gowaça ekmeklige niýetlenilen ähli meýdanlarynda işleriň depgini bada-bat ýokary göterildi. Häzirki wagtda kärendeçiler toparlarymyzyň haýsy birine barsaň hem, muňa şaýat bolmak bolýar. Golaýlap gelen ekiş möwsüminde daýhan birleşigi boýunça 400 gektar meýdana gowaça tohumyny taşlamak meýilleşdirilýär. Şu wagta çenli şol ýerleriň ählisi bir hatar suwdan gandyryldy. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň ýakyn günlerde gowaça ekişine doly taýýar boljakdygyna şaýatlyk edýär. Meýdanlary ýaz ekişine taýýarlamakda Nurnepes Çaryýew, Täjibaý Täzebaýew, Hojamyrat Baýjanow ýaly mehanizatorlaryň goşantlaryny bellemek zerurdyr. Sebäbi olar şol ýerlerde alnyp barlan her bir çäräniň göwnejaý amala aşyrylmagyna ähli gujur-gaýratlaryny sarp edipdirler. Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriniň hatarynda atlary agzalýan Jeýhun Nurmedowanyň, Güneş Ärjanowanyň, Döwletgeldi Guljanowyň, Akmyrat Hojanazarowyň we başga-da onlarça adamlaryň öňde duran möwsüme taýýarlyk görmekde köplere görelde bolýandyklary hem guwandyryjydyr. Olaryň yhlasly zähmetleri gowaça ekişini ilkinjileriň hatarynda geçirmäge şert döredýär. Bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri geçen ýyl Watan harmanyna pagta hasylyny goşmakda uly üstünlige eýe boldular. Olaryň şu ýylda-da bu babatda öňe saýlanjakdyklaryny häzirki günlerde alyp barýan öndürijilikli işlerinden  anyk görmek bolýar.

24.03.2026 114
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, 21-nji martda Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi mynasybetli uly dabara guraldy. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän meýdany ajaýyp baýramçylyk görnüşlerine beslendi. Bu ýere Daşoguz welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar ýygnandylar. Giň meýdanyň bir tarapyndaky bezemen sahnanyň öňündäki meýdançada welaýatyň sungat ussatlarynyň, zehinli aýdymçylarynyň, tansçylarynyň joşgunly çykyşlary ir ertirden ýaýbaňlanyp, dabara gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterdi. Olaryň ata Watanymyzy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, parahatçylygy, päk zähmeti wasp edýän şirin aýdym-sazlarynyň owazlary, çalasyn tanslarynyň täsirli görnüşleri bu ýere ýygnananlaryň kalbynda ýakymly duýgulary döretdi. Dabara gatnaşyjylar sahnanyň gapdalynda ýaýbaňlandyrylan halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, owadan gülleriň, ezber suratkeşleriň çeken suratlarynyň, ýurdumyzda neşir edilen kitaplaryň, gazet-žurnallaryň sergilerine tomaşa edip, uly ruhy lezzet aldylar. Dabaranyň pursadynyň ýetip gelmegi bilen, il sylagly ýaşulularyň «Bismilla» bilen başlap bermeklerinde dabara gatnaşyjylar bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda dürli ýaşdaky, kärdäki adamlaryň, aýratyn-da, ýaş çatynjalaryň hem bolmagy aýratyn ýatda galyjy waka öwrüldi. Bag nahallarynyň ekilmegi bilen bir hatarda ozal bar bolan baglara ideg hem edildi. Yhlas bilen oturdylan bag nahallary giň meýdana ajaýyp bezeg berdi. Bu ekologik çäre welaýatda bag ekmek ýaly sogaply işe badalga berip, oňa gatnaşyjylary ýazky möwsümde has-da joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

23.03.2026 130
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletIň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ýyllarynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň çäklerinde ene topraga dürli görnüşli agaç nahallarynyň millionlarça düýbi ekilip, daş-töweregimiziň, tebigatymyzyň has-da gözel, howanyň arassa, ekologiýanyň abadan bolmagyna gönükdirilen giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda 2026-njy ýylda saýaly, miweli, pürli bag nahallarynyň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek baradaky Karar kabul etmegi bu babatdaky toplumlaýyn çärelere badalga berdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, has-da gözelleşdirmek baradaky başlangyçlarynyň häzirki döwürde işjeň dowam etdirilýändigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen döwlet derejesinde alnyp barylýan şeýle möhüm işler, belläp geçişimiz ýaly, daşky gurşawyň, tebigatyň gözelleşdirilmegine, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, oňa zeper ýetirýän hadysalaryň öňüniň alynmagyna, geljek nesillere tämiz, arassa ýaşaýşyň, miweli, saýaly baglaryň miras galdyrylmagyna we beýleki ynsanperwer maksatlaryň amala aşyrylmagyna ýol açýar. Bu umumadamzat bähbitli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde öňi bilen dürli görnüşli agaç nahallarynyň ekilmeginiň, kemala getirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda her ýyl uly dabaralar bilen badalga berilýän bag ekmek möwsümleriniň üstünlikli geçirilmegi üpjün edilip, olaryň dowamynda diňe bir bagbanlaryň däl, eýsem, her bir bag janköýeriniň, töweregimiziň, tebigatymyzyň has-da gözel bolmagyna goşant goşmagy maksat edinen watandaşlarymyzyň çeken yhlasly zähmetleri ajaýyp netijeleri berýär. Munuň şeýledigini paýtagtymyz Aşgabatda we onuň töwereklerinde, şonuň ýaly-da welaýatlarymyzyň çäklerinde döredilýän bag-bakjaly meýdanlar, seýilgähler, tokaý zolaklary aýdyň görkezýär. Elbetde, şeýle haýyr-sahawatly işlere, il-bähbitli tutumlara ýardam bermäge isleg bildirýän, olara agzybirlik bilen gatnaşmaga çalyşýan bagbanlar, beýleki kärlerdäki adamlar, ýokary we orta okuw jaýlarynda bilim alýan, hünär öwrenýän ýaşlar welaýatymyzda-da az däl. Olaryň yhlasy bilen her ýyl şäherlerde, obalarda, edara-kärhanalaryň, okuw jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde, seýilgählerde, hatda medeni zolakdan has uzaklardaky meýdanlarda-da täze baglar, bezemen daragtlar peýda bolar. Şeýle maksatlardan ugur alnyp, welaýatyň çäklerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky bag ekmek möwsümine giňden taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 21-nji martynda ýurdumyz boýunça bag ekmek möwsümine badalga berilmegine bagyşlanan dabaralaryň geçirilmeginiň bellenilmegi hemmeleriň kalbynda uly joşgun döretdi. Häzirki döwürde täze bag dörediljek meýdanlary, ekiljek nahallary taýýarlamak babatda zerur işleriň esasy bölegi talabalaýyk ýerine ýetirildi. Durmuşa geçirilen çäreler welaýatymyzda möhüm möwsüme girişilmegi mynasybetli guralýan toý dabarasynyň şatlyk-şowhuna beslenip, oňa gatnaşanlaryň ruhuny has-da belende göterjekdigini alamatlandyrýar.

20.03.2026 120
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýän tejribeli bagbanlar welaýatymyzda-da az däl. Olaryň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň Daýhanýap obasynda ýaşaýan kärendeçi bagban Orazgylyç Kakyşowdyr. Bagbanlaryň bahar aladalarynyň barha ýaýbaňlanýan häzirki döwründe alyp barýan işleri hakynda şeýle gürrüň berdi: — Bahar pasly biziň üçin örän jogapkärli, möhüm möwsüm. Bu döwürde bar bolan bag agaçlaryna ideg etmek, täze nahallary oturtmak ýaly işler has köp gujur-gaýraty talap edýär. Biz hem şundan ugur alyp, onuň ilkinji günlerinden tijenip ugradyk. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky sahawatly başlangyçlara goşandyňy goşmak her birimiziň borjumyz. Şunda biz — bagbanlaryň üstüne has-da uly borjuň düşýändigini aýtmak bolar. Çünki bagbanlar öz amala aşyrýan işleri bilen köplere görelde bolmak bilen, ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz goşantlaryny goşýarlar. Meniň özüm her ýyl 100 — 150 müň düýp ýaş bag nahallaryny ýetişdirip, gerek diýen adamlara ýetirýärin. Şu wagt hem bagymyzda islän wagtyň alyp, ekmäge taýýar bolup duran 50 müň düýpden gowrak dürli görnüşli nahal bar. Nesip bolsa, şu ýylyň güýzki bag ekmek möwsümine çenli ýene-de şonçarak nahal ýetişdirerin diýip pikir edýärin. Biziň bu işlerimiz hormatly Prezidentimiziň bagbanlara edýän  uly goldawlaryna öz zähmetimiz bilen berýän jogabymyzdyr.  Islendik kärde zähmet çekýän adamda bolşy ýaly, bagban üçin hem öz yhlasynyň ýerine düşýändigini görmek örän ýakymly. Her dürli agaçlaryň nahallaryny idäp paýtagtymyz Aşgabatdan, Ahal, Mary welaýatlaryndan bagbanlar, bag janköýerleri biziň ýanymyza häli-şindi gelýärler. Öz obadaşlarymyzyň, tanyş-bilişlerimiziň hatarynda, olaryň hem möhümini bitirmek bolsa aýratyn guwançly. Sebäbi ýurdumyzyň dürli ýerlerinde öz ýetişdiren nahallaryňdan uly baglaryň döredilýändigini duýmagyň ýakymlylygy başga bolýar. Bagymyzda alma, erik, şetdaly, garaly... umuman, biziň töwereklerimizde öňden ekilýän agaçlardan başlap, bu ýerlere soňky ýyllarda getirilen daragtlara çenli bardyr. Bu agaçlaryň her ýyl berýän hasylynyň mukdary esli bolýar. Olary ýakyn-u-uzak bazarlara ýetirip, il-günümiziň saçaklarynyň berekediniň artmagyna goşant goşýarys. Halkymyzda «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýilýär. Bu bagbançylykda-da şeýle. Ýöne bag özüne siňdirilen azaby, ýadawsyz zähmeti aňryýany bilen gaýtarýar. Bu biziň ile-güne ýetirýän miwelerimizde, ir-iýmişlerimizde, döredýän baglarymyzda aýdyň görünýär. Şonuň üçin hem öz kärimize tüýs ýürekden guwanýarys.

17.03.2026 169
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanasynda şu ýylyň ýazky ekiş möwsümi üçin tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işleri barha ýokary depgine eýe bolýar. Şu möwsümde bu ýerde tohumlyk çigidiň 2048 tonnasyny öndürmek, pagtaçy daýhanlara bökdençsiz ýetirmek bellenilip, derwaýys çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, her günde 45 — 50 tonna ýokary hilli tohum taýýarlanylýar. Işleriň şeýle göwnejaý alnyp barylmagynda Annageldi Ataýew, Döwlet Haldurdyýew, Geldimyrat Meredow ýaly tejribeli işgärleriň mynasyp paýlary bar. Tohum taýýarlaýjylaryň yhlasly zähmeti öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda berjaý ediljekdigine güwä geçýär.

10.03.2026 137
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň ekerançylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinip, şu günler meýdanlary ýaz ekişine taýýarlamaklygy guramaçylykly alyp barýarlar. Şeýlelikde, olarda geçirilýän çäreleriň ýokary hilli bolmagy üpjün edilýär. Munuň özi şu ýyl etrap boýunça göz öňünde tutulýan 2995 gektar meýdanda ýeralmanyň, 550 gektarda soganyň, 180 gektar ýerde pomidoryň, 150 gektar ýerde käşiriň, 50 gektarda kelemiň, 340 gektar meýdanda bakja ekinleriniň ekişiniň öz wagtynda geçirilmegine hem-de olaryň bol hasylynyň kemala getirilmegine şert döredýär.

09.03.2026 111
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň zähmetsöýer gurluşykçylary indi ençeme ýyllardan bäri Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurup, öz wagtynda ulanmaga bermek bilen, guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler. Häzirki wagtda hem olar Daşoguz şäheriniň Zaman köçesiniň ugrunda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, meýilnama boýunça bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň 12 sanysyny gurmak göz öňünde tutulypdyr. Kärhananyň ezber elli gurluşykçylarynyň yhlasly zähmeti bilen olaryň birnäçesiniň boýy ýetirildi, galanlarynda hem gurluşyk işleri öndürijilikli dowam etdirilýär. Bu babatda işçi-hünärmenleriň ençemesiniň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek bolar.

04.03.2026 155

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49