Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Köneürgençgallaönümleri» kärhanasynyň çörek bişirilýän sehiniň çörek önümleri alyjylaryň arasynda ýokary islegden peýdalanýar. Häzirki zaman kämil tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, alyjylaryň islegi nazara alnyp, önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy olaryň gazanýan durnukly görkezijileriniň esasy çeşmesi bolup durýar. Şu ýylyň geçen 9 aýynda sehiň zähmetsöýer agzalary 552 tonna 351 kilogram çörek önümlerini öndürdiler. Häzirki günde bu ýerde çörek önümleriniň 5 görnüşi öndürilýär. Ýokary görnüşli undan bişirilýän «Höwesli», «Toý külçe» galyp çörekleri, «Ahal» tamdyr çöregi we «Garaşsyzlyk» batony ýaly tagamly önümler alyjylar tarapyndan has uly isleg bilen satyn alynýar. Elbetde, bu ýerde çykarylýan önümleriň sarp edijileriň arasynda islegli haryda öwrülmegi, ilkinji nobatda, kärhanada zähmet çekýän işçileriň ussatlygyna bagly. Zähmet toparynyň çörek bişirijileri Akmyrat Täşliýew, Maksat Gurbanow, Begmyrat Tekäýew hem-de tamdyrda çörek bişirijiler Bahar Amangeldiýewa, Şemşat Gylyçgurbanowa dagy özlerini önümçilikde hakyky ussatlar hökmünde görkezýärler. Indi, tas 30 ýyl çemesi wagt bäri önümçilik sehinde dürli görnüşli çörek önümleri bişirilýär. Şunlukda, agzybir işgärleriň tagallasy bilen her günde 2 tonnadan gowrak dürli agramdaky çörek önümleri öndürilýär.Ýokary hilli çörek önümleri kärhananyň söwda nokatlarynyň üçüsiniň üsti bilen alyjylara ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, her gün Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşen harby bölümlere, çagalar baglaryna hem-de etrabyň pagta egriji fabrigine ugradylýar. Geljekde çörek önümleriniň täze görnüşlerini alyjylara hödürlemek meýilleşdirilýär. Nesip bolsa, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk toý dabarasyny kärhananyň işgärleri zähmet üstünlikleri bilen garşylarlar.

20.11.2025 118
Ykdysadyýet

Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady durmuşynda bolup geçýän möhüm ähmiýetli wakalar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny has-da dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary iki ýurduň arasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Söwda merkeziniň umumy tutýan meýdany 3 gektara barabar bolup, onuň çäginde söwda dükanlarynyň 37-si, naharhanalaryň 2-si, ammarlaryň 15-si guruldy. Bu dabara Daşoguz welaýatynyň hem-de doganlyk döwletiň Horezm welaýatynyň ilaty, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle hem ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan özbek halkynyň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu taryhy ähmiýetli waka iki halkyň wekillerinde egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi. Henip ZAHYROW, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy: — Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dost-doganlyk serhedinde söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi iki halkyň goňşuçylyk däpleriniň täze tapgyra gadam basýandygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady dolanyşygy ösdürmek, eksport mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülen serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi şanly ýylyň buýsançly wakasyna öwrüldi. Gadymy oguz pähiminde «Keçäňi satsaň, goňşyňa sat...» diýilýär. Goňşuçylyga aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň «Goňşy goňşynyň bazary» diýen parasatly atalar sözüniň hikmetinde hem hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, ýürekdeşlik ýaly asylly häsiýetler şöhlelenýär. Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, iki halkyň arasyndaky gadyrdanlygyň, hoşniýetliligiň has hem berkemegine, däp bolan goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýodasynyň dost-doganlyk ýollaryna öwrülmegine ägirt uly mümkinçilikler döredi. *** Aýgül ROZMETOWA, Şabat etrabynyň ýaşaýjysy: — Gadymy özbek halkynda aýtga öwrülen: «Türkmen bilen özbegiň bazary-da bir, mazary-da» diýen pähim bar. Munuň şeýledigine taryhyň dürli döwürlerine nazar salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygy gün-günden berkemek bilen, iki ýurduň halklary bagtyýarlygyň, asudalygyň goýnunda ýaşaýarlar. Bazaryň bolçulygy, nyrhlaryň elýeterliligi halkyň bagtyýar durmuşynyň kepili. Türkmenistan bilen doganlyk Özbegistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň dowamly ýola goýulmagynyň netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu möhüm waka iki halkyň durmuşynda hem uly ähmiýete eýedir. Bu taryhy ähmiýetli waka şaýat bolup, halklaryň arasyndaky gadymy gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna tüýs ýürekden buýsanýarys.  

19.11.2025 90
Ykdysadyýet

Şöhleli kömelek Dünýäde azyk hökmünde peýdalanyp bolýan ýa-da bolmaýan kömelekleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Olaryň ençemesi ýurdumyzyň tebigatynda hem giňden gabat gelýär. Bahar paslynda kömelek gözläp, atyz-çillerde aýlanyp ýören adamlar üçin ony tapmagyň uly lezzetiniň bardygy hem mälimdir. Emma bu gürrüňi edilýän kömelegi beýdip gözläp oturmagyň geregi ýok. Çünki ol töwerek-daşa şöhle saçyp, öz-özünden göze görnüp dur diýýärler. Aýtmaklaryna görä, olar käbir gözedürtme garaňky tokaýlarda haýwanlara, beýleki jandarlara ýol görkeziji çyra bolup hem hyzmat edýän ekenler. Ylmy dilde «Bioluminesent kömelegi» diýlip atlandyrylýan bu kömelekler ýagtylyk çykarmaga ukyply bolup, häzirki wagtda Ýer ýüzünde onuň 100-e golaý görnüşiniň duşýandygy aýdylýar. Bu kömelekleri öwrenmek XIX asyryň ahyrlarynda başlanypdyr we bu häzirki wagtda hem dowam edýär. *** Ýol görkezýän agaç Afrika yklymyndan günorta-gündogarda, ondan, takmynan, 400 kilometr daşlykda ýerleşýän Madagaskar tebigaty täsinliklere örän baý ada bolup, onuň bilen adybir ýurt syýahatçylaryň köp sanlysynyň ünsüni çekip gelýär. Çünki bu ýerde dünýäniň başga künjeklerinde gabat gelmeýän janly-jandarlar, ösümlikler örän köp duşýar. Bu adada ösýän täsin ösümlikleriň arasynda syýahatçynyň palmasy diýen ady alan rawanela agajy giňden meşhurdyr. Ol özüniň daş görnüşi boýunça gadymy hanlaryň ýelpewajyna meňzeş bolup, gören adamy haýran galdyrýar. Rawanelanyň boýy 30 metre çenli ösýär. Onuň ýapraklary esasy, ýagny ortaky baldakdan iki tarapa gytaklaýyn ýerleşýär. Ýapraklaryň boýy 4 metre çenli bolýar. Bu agajyň has täsin tarapy onuň ýapraklarynyň ýarysynyň gündogara, ýarysynyň bolsa günbatara tarap ösýänligidir. Il arasynda birmahallar adamlar bu agajy ýol görkeziji, ýagny kompas höküminde ulanypdyrlar diýen gürrüň bar.    

17.11.2025 130
Ykdysadyýet

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli berjaý eden Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň gallaçylary geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni hem berk tutýarlar. Güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilip gutarylmagy bu daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň geljek ýylda hem bol hasyl ýetişdirjekdigine şaýatlyk edýär. Ekiş möwsümine ykjam taýýarlykly gelinmegi 850 gektar ýerde bu çäräni öndürijilikli alyp barmaga mümkinçilik berdi. Ekiş möwsüminde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň 4-si, daýhan birleşiginiň tehnikalarynyň 2-si kärendeçileriň iň ýakyn daýanjy boldular. Göreldeli mehanizatorlardan Serdar Eýmirow, Boran Ýowbasarow, Kuwwat Şyhyýew, Jumaberdi Babaýew dagy ekişde gaýratlylyk görkezdiler. Daýhan birleşiginde 205 kärendeçiniň ählisi güýzlük bugdaýyň ideg işlerine girişip, kärende ýerleriniň gyra-töwereginde arassaçylyk işlerini geçirýärler, akabalary gyrmançalardan, guran ot-çöplerden arassalaýarlar. Öňdebaryjy kärendeçilerden Kakamyrat Taganow, Annaweli Annaýew, Kulbaý Begjanow dagy bu çäreleri berjaý etmekde has-da tapawutlanýarlar.  

15.11.2025 109
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny kemala getirmekde ýylyň-ýylyna has tapawutlanyp, köplere görelde bolýarlar. Olaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da bu babatda öňe saýlanmaklary örän guwandyryjydyr. Birleşigiň 301 sany pagtaçy daýhanlary şu ýylda 750 gektar meýdanda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda agzybirlikli iş alyp bardylar. Şonuň netijesinde olar şol meýdanlardan 1500 tonnadan gowrak ýokary hilli pagtany Watan harmanyna goşup, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen berjaý edilmegine Döwran Ahmedow, Bahram Atanazarow, Bagtyýar Kamalow, Ylham Koşanow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2,8,11,14-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalary has-da saldamly goşant goşdular. Hojalygyň gowaça meýdanlarynda entek pagta hasyly az däl. Ony iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak ugrundaky işler guramaçylykly dowam etdirilýär.

14.11.2025 181
Ykdysadyýet

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde bag ekmek dabaralary guralyp, bu babatdaky möhüm çärelere badalga berilýär. Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada başlangyçlaryň işjeň dowam etdirýändiginiň alamatydyr. Bu barada Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň ýaşaýjysy, tejribeli bagban Araznepes Rejebow bilen söhbetdeş bolduk. — Ýurdumyzda her ýyl bag ekmek çäreleriniň giň gerim almagy ähli halkymyzyň hatarynda biz — bagbanlary-da örän guwandyrýar. Çünki şeýle derwaýys işler ata-babalarymyzyň paýhasly ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde has-da rowaçlanýandygyna şaýatlyk etmek bilen birlikde, gözel tebigatymyzyň baýlaşmagyna, howamyzyň arassa, daş-töweregimiziň abadan bolmagyna şert döredýär. Mundan başga-da, olaryň ildeşlerimizi, aýratyn hem ýaşlarymyzy bag ekmeklige, agaç ýetişdirmeklige, bagbançylyk kärine höweslendirmekde ähmiýeti örän uludyr. Şu zatlary nazara almak bilen, biz hem bu möhüm çärelere her ýyl yhlas bilen gatnaşmaga çalyşýarys. Şeýlelikde, öz bagymyzda-da, ondan daşarda hem ençeme köp işleri alyp barýarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky işlere ýakyndan ýardam bermek her bir bagbanyň borjy hasap edilýär. Şonuň üçin hem biz, ýaşlara el kömegini-de, gerekli maslahatlary-da berýäris. Şeýdip, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesini rowaçlandyrmak baradaky başlangyjynyň amala aşyrylmagyna ýardam edýändigimize guwanýarys..   Biziň bu ýerdäki jemi 4 gektar meýdany tutýan bagymyzda hem işler ýylyň dowamynda gidip dur. Aslynda, bagbançylykda aladanyň gutarýan wagty ýok diýsek dogry bolar. Sebäbi miweli, saýaly agaçlaryň idegi köp zähmeti talap edýär. Ýeri gelende aýtsak, bagymyzda miweli agaçlaryň 20-ä golaý görnüşi ösýär. Olaryň arasynda alma, erik, alça, garaly, şetdaly, armyt we beýleki miweli agaçlar bar. Bu agaçlar ýylyň-ýylyna bol miwe berýärler. Bolsa-da, şetdalynyň bu ýerdäki görnüşleri daşky alamatlary hem-de süýjüligi bilen başgalardan örän tapawutlanýar. Ýene-de şu görýän balhy tutlaryňyz hem şonuň ýaly. Aslynda, balhy tuduň çigidiniň bolmaýandygyny bilýänsiňiz. Özem olaryň miwesi üç tolkunda bişýär. Beýle diýdigim, onuň miwesi üç dürli, birinji maýdarak, ikinjisi ondan iriräk, üçünjisi has tokarrak bolýar. Balhy tuduň süýjüligi gadymy dessanlarda, rowaýatlarda hem wasp edilen. Ýöne özüni iýip görseň, olar hem bärden gaýdypdyr diýdirýär. Biziň bagymyzda şeýle tutlar hem bar... Bol hasylly bagy kemala getirmek üçin, ilki bilen, anyk nahal gerek. Sebäbi ekýän nahalyň anyk bolmasa, onuň ýetişensoň bol miwe berjeg-ä däl, iň bärkisi düýp tutjagy-da gümana. Şonuň üçin nahaly özüň ýetişdirseň gowy bolýar. Biziň hem munuň üçin niýetlenilen kiçeňräk meýdançamyz bar. Her ýyl onda özümize-de, sorag-ideg edip gelýänlere-de ýeter ýaly nahal ýetişdirýäris. Nahaly ýaş wagtynda sapsaň, miwesi-de bereketli bolýar, kesel-beýlekä-de çydamlylygy ýokarlanýar. Ony sapmagyň hem belli möhletleri bar. Ýöne bagyň şeýle aladalaryndan gaçmasaň, ol zähmetiňi ýerine salýar. Gadymkylar bagy gözli çeşme hasaplapdyrlar. Bu häzir hem şeýledir.  

14.11.2025 116
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmaklyga, kämil aragatnaşyk serişdeleri arkaly işiň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýet döredilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi tapgyrlaýyn häsiýete eýe bolup, netijelilik babatda durnukly ösüş gazanylýar. Muňa «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda öňdebaryjy halkara tejribelerinden we dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak ýokary depginde dowam etdirilýär. Berkarar döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler täze taryhy döwrüň belent maksatlaryndan ugur alýar. Bu ugurda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler döwrüň belent depginine kybap bolup, has döwrebap we kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Hususan-da, ýurdumyzyň ykdysady pudagyndaky edaralardyr kärhanalarda kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny gazanmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we iş-dolandyryş usullarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak işleri amala aşyrylýar. Bu özgerişler önümçilik gatnaşyklarynyň işjeňligine we netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, innowasion häsiýetli täze ykdysady gatnaşyklaryň emele getirilmegine gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar.

12.11.2025 101
Ykdysadyýet

Ýurdumyzyň edermen  daýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny kemala getirmeklige ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirmek bilen, tutuş halkymyz üçin ýakymly baýramlaryň birine öwrülen Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarladylar Bu olaryň şu ajaýyp ýylymyzy uly üstünliklere beslemek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň berýän guwandyryjy netijelerinde aýdyň ýüze çykýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan şeýle uly üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarydyr pileçileri hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar ene topraga çäksiz yhlaslaryny, ukyp-başarnyklaryny siňdirmek bilen, pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, ýeralmanyň, gök önümleriň, dürli görnüşli miweleriň bereketli hasylyny ýygnap, bol pile öndürip, ata Watanymyzyň belent harmanlaryna goşýarlar, halkymyzyň saçagyna ýetirýärler. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatyň babadaýhanlary 145 müň gektar ýerde bugdaýyň, 140 müň gektar meýdanda pagtanyň, 8100 gektar ýerde şalynyň, 8800 gektar meýdanda ýeralmanyň, ýene-de müňlerçe gektarda gök önümleriň, miweleriň bol hasylyny ýetişdirmek, şeýle hem pile öndürmek boýunça derwaýys işleri durmuşa geçirdiler. Şonuň netijesinde welaýatda pile öndürmek barada uly üstünlik gazanyldy. Şu ýylyň orak möwsüminde bolsa bugdaýyň uly möçberleri döwlete tabşyryldy. Geçen döwürde ýeralmanyň, gök önümleriň bol hasyly halkymyza ýetirildi. Häzirki günlerde bolsa atyzlarda bar bolan «ak altyny», şalyny ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky möhüm işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Gazanylan şeýle üstünlikleriň hatarynda welaýatyň pileçileriniň ýeten sepgitleri has-da guwandyryjydyr. Has takygy, olar geçen ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde meýilnamada göz öňünde tutulan 500 tonnanyň deregine 555 tonna ýokary hilli pile hasylyny döwlete tabşyrdylar. Munuň özi tejribeli ýüpekçileriň çeken yhlasly zähmetleriniň ýerine düşüp, ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine uly goşant goşandyklaryny, çäksiz goldawlaryna mynasyp iş bilen jogap berendiklerini aňladýar. Şan-şöhrata beslenýän ýylda belent sepgitlere ýetmekde daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, aýry-aýry kärendeçileriň köp sanlysy has-da öňe saýlandylar. Şonda gallaçylyk hakynda aýdylanda, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetini, Görogly etrabynyň «Aksaraý», Akdepe etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiklerini mysal hökmünde getirmek ýerliklidir. Çünki olar döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny welaýatymyzda öňdäkileriň hatarynda, has artygy bilen ýerine ýetirip, uly abraýa eýe boldular. Ýokarda nygtap geçişimiz ýaly, häzirki döwürde welaýatda pagta ýygymy gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Bu babatda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Gubadag etrabynyň «Döwletli», Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşikleriniň hasyl ussatlarynyň gazanan zähmet ýeňişleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da pagtaçy kärendeçileriň ýüzlerçesi şertnamalaýyn borçnamalaryny irki möhletlerde berjaý edip, köplere görelde bolmagy başardylar. Olaryň arasynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçileri Jemile Mädrahymowa, Gülüstan Babajanowa, Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri Ýagşygeldi Ýowjanow, Zulfiýa Öräýewa, Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magsat Meredow, «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Garýagdy Hojamedow we beýlekiler bar. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýy giňden tutulyp, uly dabaralara beslenýär. Şeýlelikde, ol zähmetsöýer daýhanlaryň, ene topragyň, halal zähmetiň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belende göterýän ajaýyp baýram hökmünde ençeme ýyllardan bäri ajaýyp däbe öwrülip, hemmeleriň kalbyna uly joşgun berip gelýär. Onuň şu ýylky dabarasynyň hem ýurdumyzyň, halkymyzyň uly baýramlaryna ulaşýandygy örän guwandyryjydyr. Mähirden, nurdan doly toýuňyz gutly bolsun, hormatly babadaýhanlar! *** Ene topraga söýginiň dabaralanmasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden bellenilýän Hasyl toýy milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň dowamat dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Hasyl toýy — halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdan milli baýramydyr. Bu milli baýramy merdana ata-babalarymyz hem uly dabara bilen güýz paslynda belläp geçipdir. Parasatly pederlerimiz öz milli senenamalaryna görä, Mizandan soň Akrabyň — gyş paslynyň gelýändigini, «Akrap geldi sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» atly aýtgylarynda beýan edipdirler. Noýabr aýynyň 22-sini gyş paslynyň başlangyjy hasap edip we şol günden bir hepde, on gün öň hasyl toýuny toýlapdyrlar. Daýhanyň ýylboýy çeken halal zähmetine, ondan öndürilýän bereketli hasyla goýulýan belent hormat-sarpanyň alamaty bolan bu baýram her bir ynsanyň kalbynda çuňňur orun alýar. Ýurdumyzda Hasyl toýuny her ýylyň noýabr aýynda, merdana ata-babalarymyzyň belläp geçen wagtynda bellemek däbe öwrüldi. Bu milli baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr, türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

08.11.2025 113
Ykdysadyýet

Ösüşiň ygtybarly guraly Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmeginde milli manadymyzyň orny örän uly bolup durýar. Belli bolşy ýaly, milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2008-nji ýylda manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetine geçilip, 2009-njy ýylda denominasiýasy, 2015-nji ýylda dewalwasiýasy amala aşyryldy. Bu bolsa onuň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, söwdada, hyzmatlaryň töleginde we beýlekiler babatda ähmiýetiniň artmagyna ýardam berdi. Elbetde, her bir ýurduň milli pulunyň bolmagy onuň ykdysady taýdan doly özygtyýarlylygynyň esasy şertidir. Çünki ol ykdysady ösüşe düýpli täsir ýetirýän ykjam guraldyr. Şonuň üçin hem onuň dolanyşygyny döwletiň hereket edýän kada-kanunçylygyna laýyklykda ýola goýmaga hem-de alyp barmaga uly üns berilýär. Bu bolsa manadyň hümmeti bilen baglanyşykly meseläniň hemişelik gün tertibinde durýandygyny aňladýar. Häzirki bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde manadyň hümmetiniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Sebäbi hususy eýeçiligiň ösdürilmegi bilen pul has-da ykjam ykdysady gurala öwrülýär. Munuň özi onuň önümçilige gözegçilik etmek mümkinçiligini hem döredýändigi bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki resminamalaryň çäklerinde milli manadymyzyň ulanylyşynda uly özgerişler bolup geçýär. Şonda sanly bank hyzmatlaryna geçilmegi bilen nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi onuň dolanyşygyny has-da çaltlandyrýar. Şeýle çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli manadymyzyň satyn alyjylyk ukybyny pugtalandyrýar, hyzmatlary hil taýdan täze, has ýokary basgançaklara götermäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde onuň ulanylyşynyň has-da kämilleşdirilmegi, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň ornaşdyrylmagy öňde goýlan maksatlara ýetilmegini üpjün edýän esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

01.11.2025 132
Ykdysadyýet

Döredijilikli zähmetiň baýramy Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ajaýyp baýramlar, şanly seneler halkymyz üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, şatlyk-şowhuna beslenýär. Her ýylyň 3-nji noýabrynda Gurluşyk we senagat işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, senagat pudaklary ýokary depginde ösýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar. Olaryň her biri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna, dürli görnüşli gurluşyk, senagat önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagyna şert döredýär. Bu barada aýdylanda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýratyn bellemek zerur bolup durýar. Çünki olarda halkymyz üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat, durmuş-medeni maksatly desgalar esasy orny eýeleýär. Şeýle ajaýyp şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň welaýatymyzyň çäklerinde-de gurlup, ýaşaýjylaryň ygtyýaryna berilýändigi örän guwandyryjydyr. Geçen ýyl Bitaraplyk baýramynyň öňýanynda Daşoguz welaýatynyň  Daşoguz şäheriniň günorta — günbatar künjeginde 1996 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň, şu ýyl, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly ýagdaýda açylandygy munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem  wajyp gurluşyk işleri barha rowaç alýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulyp, gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şonuň ýaly-da, Daşoguz, Köneürgenç şäherlerinde, Şabat, Akdepe, Görogly, Gubadag we beýleki etraplarda ýaşaýyş jaýlarynyň, desgalaryň gurluşyklarynyň öndürijilikli alnyp barylmagy munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Welaýatda senagat önümlerini öndürýän kärhanalaryň amala aşyrýan işleri hem bellenilip geçilmäge mynasypdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň, Daşoguz şäherindäki Serdar pagta egriji, Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji kärhanalarynyň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleriniň gazanýan netijeleri senagat pudagynyň ösüşine uly goşantdyr. Gazanylýan bu üstünlikler welaýatyň gurluşyk, senagat pudaklarynda ýadawsyz zähmeti bilen görelde bolýan köp sanly adamlaryň tutanýerliligi, maksadaokgunlylygy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň öz işlerine bolan yhlasyna, gazanýan guwandyryjy netijelerine ýokary baha hem berilýär. Türkmenistanyň  Prezidentiniň Permany esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňýanynda olaryň birnäçesiniň ýokary döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sylaglanylmagy-da munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyzda senagat we gurluşyk işgärleriniň gününiň uly baýram hökmünde dabaralara beslenmegi bolsa olaryň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Baýramyňyz gutly bolsun, hormatly ildeşler!    

01.11.2025 166

Täze habarlar

Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   7
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   7
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   7
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   7
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   9
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   6