Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Tomus paslynyň gyzgalaňly günlerinde oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlaryň köp sanlysynyň esasy aladasy atyz-meýdanlarda barha boý alyp, ýaşyl öwüsýän gowaçalaryň bejergisini ýetirmeklige gönükdirilýär. Çünki bu işe gatnaşýan kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň, mehanizatorlaryň her biri şeýle möhüm pursatlarda amala aşyrylýan çäreleriň bol hasyly kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygyna örän oňat göz ýetirýär. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň ähli künjeklerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bereketli «ak altyn» hasyly ugrunda giň ýaýbaňlandyrylan çäreler munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Şol ýerlerde şeýle agzybirlikli aladalar bilen gurşalyp, öz wagtynda ideg edilýän gowaçalaryň ýakymly görnüşleri zähmetsöýer babadaýhanlaryň yhlasynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýat boýunça jemi 140 müň gektar meýdanda bu babatda iş alnyp barylýar. Şeýlelikde, pagtaçy daýhanlaryň müňlerçesi ir ertirden giç agşama çenli ýadawsyz zähmet çekip, gowaçalary haşal otlardan arassalamakda, goşmaça iýmitlendirmekde, zyýankeşlerden goramakda derwaýys çäreleri ýokary hilli berjaý etmeklige aýratyn üns berýärler. Bu babatda olara tejribeli mehanizatorlaryň kömegi-de uly bolýar. Gowaçalara talabalaýyk ideg etmekde daýhan birleşikleriniň onlarçasynda işleriň has-da guramaçylykly barýandygyny aýtmak bolar. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetini, Gubadag etrabynyň «Döwletli», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym», Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky, Garaşsyzlyk etrabynyň «Täze durmuş», Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl abadanlyk» we beýleki daýhan birleşiklerini agzap geçmek ýerliklidir. Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýylyň baharynda 1301 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazandylar. Şonuň netijesinde olaryň köpüsi ekinlere ideg etmeklige has irki möhletlerde girişip, bu ugurdaky çäreleri häzirki wagtda hem öndürijilikli dowam etdirýärler. Bu babatda daýhan birleşiginiň pagtaçylyk bilen meşgullanýan 100-e golaý kärendeçileriniň ençemesiniň has-da öňe saýlanýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň N.Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň 1200 gektardan gowrak ýerde pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinen kärendeçileri hem şu günlerde özleriniň gözegçiligindäki edýän meýdanlarynda gününi sanap ösýän gowaçalara ähli yhlaslaryny siňdirýärler. Bu babatda daýhan birleşigi boýunça bar bolan 12 sany kärendeçiler toparlarynyň ählisinde hem işleriň öndürijilikli dowam etdirilýändigini bellemek bolar. Gowaçalara göwnejaý ideg etmekde Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň hem bitirýän işleri az däl. Olar jemi 400 gektar meýdanda bu ugurdaky çärelere öz wagtynda badalga berip, şu wagta çenli gowaçalaryň hatar arasyny birnäçe sapar ýumşatmagyň, olary haşal otlardan arassalamagyň, iýmitlendirmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 800 tonnadan gowrak «ak altyny» döwlet harmanyna goşmak baradaky meýilnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilmegine şert döreder. Akdepe etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileriniň şu şöhratly ýylda ak pagtanyň saldamly hasylyny öndürmek ugrundaky tagallalary hem öz miwesini berýär. Has anygy, olaryň häzirki wagtda 1 müň gektar meýdandan altyn güýzde ýygnaljak bol hasylyň binýady bolup görünýän gowaçalara edýän ideg işleri diňe bir depgininiň ýokarydygy däl, eýsem, olaryň hiline-de aýratyn üns berilýändigi bilen tapawutlanýar. Daýhan birleşiginiň 300-den gowrak pagtaçy kärendeçiniň ene topraga siňdirýän maňlaý deri öz guwandyryjy netijesini berýär. Munuň özi olaryň şu ýyl has-da uly üstünliklere eýe boljakdyklarynyň nyşanydyr. Elbetde, ene toprakdan bereketli pagta hasylyny ýygnap, Watan harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşmak welaýatyň bu ugurda iş alyp barýan daýhanlarynyň her biriniň esasy maksady diýsek, ýalňyş bolmaz. Şonuň üçin hem olaryň bu ýagşy niýetleriniň amala aşmagy häzirki günlerdäki yhlasyna, gujur-gaýratyna baglydyr. Olaryň päk zähmeti arzuwlarynyň hasyl boljakdygyna uly ynam döredýär.

01.07.2026 113
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp hem-de çäksiz goldawlaryndan önjeýli peýdalanyp, yhlasly zähmet çeken Daşoguz welaýatynyň  Görogly etrabynyň gallaçy daýhanlary Watan harmanyna bugdaý tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny welaýatda ilkinji bolup üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, uly abraýa eýe boldular. Olar şonda 15,5 müň gektar meýdandan 29450 tonnadan gowrak ýokary hilli, dokmaňyz däne öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi olaryň geçen ýylyň güýzünden bäri öz galla meýdanlarynda çeken ýadawsyz zähmetleriniň guwandyryjy netijeleri berendigini aňladýar. Gazanylan bu uly zähmet ýeňşine etrabyň H.Myradow adyndaky, «Ýagtylyk», Magtymguly adyndaky, «Aksaraý» B.Öwezow adyndaky we beýleki daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri öz ýyllyk meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda ýerine ýetirip, uly goşant goşdular. Etrabyň gallaçylary hasylyň galan bölegini çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işleri ýokary depginde dowam etdirýärler. Bu bolsa olaryň galla harmanlarynyň has-da belent boljakdygyna şaýatlyk edýär.

27.06.2026 112
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 145 müň gektar meýdanda bereketli galla hasylyny kemala getiren Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary şonça ýerden Watan harmanyna 265 müň tonna ýokary hilli, dokmaňyz däne goşmagy maksat edinip, häzirki günlerde orak möwsümini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şonuň netijesinde gallaçylaryň, kombaýnçylaryň ýadawsyz zähmetleri bilen her günde kabul ediş bölümlerine müňlerçe tonna galla hasyly tabşyrylyp, göz öňünde tutulan belent sepgide tarap ynamly gadam goýulýar. Welaýatda şu ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berlen gününden bu gaýragoýulmasyz çäräni amala aşyrmaklyga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdiren gallaçy daýhanlaryň, daýhan birleşikleriniň köp sanlysynyň döwlet harmanyna däne tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny irki möhletlerde, öňdäkileriň hatarynda üstünlikli berjaý etmekleri olaryň agzybirlikli zähmetleriniň netijesi boldy. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylymyzyň ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmagy kalbynda beslän gallaçylaryň gazanýan bu üstünlikleri hemmeleri örän guwandyrýar. Uly üstünliklere eýe bolan hojalyklaryň hatarynda Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk», Mollanepes adyndaky, «Nowruz», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şamahy», «27-nji oktýabr», «Ýeňiş», Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, «Ýagtylyk», Magtymguly adyndaky, Gubadag etrabynyň «Amyderýa», «Döwletli», «Türkmenistan» daýhan birleşikleri, Şabat etrabynyň «Bossan», Biruni adyndaky daýhan birleşikleri, S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti, Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz», «Agzybirlik», Garaşsyzlyk etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşikleri bar. Bellenilip geçilişi ýaly, olaryň sanynyň barha artýandygyny hem aýtmak zerurdyr. Elbetde, şeýle şöhratly ýylda aýry-aýry kärendeçi daýhanlaryň gazanan üstünlikleri köplere görelde bolarlykdyr. Mysal üçin, Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginden Meret Nuryýew 4,2 gektar meýdanyň her gektaryndan 77, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Leýla Döwletowa 2,5 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 66, Reşit Abdyreýimow 3 gektar meýdanynyň her gektaryndan 63 sentner bugdaý hasylyny ýygnamagy başardylar. Ussat daýhanlaryň kemala getiren bereketli galla hasylynyň öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnalmagyna Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň ezber kombaýnçylarynyň ýakyndan ýardam berýändiklerini hem belläp geçmek ýerliklidir. Häzirki wagtda welaýatyň galla meýdanlarynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 340-a golaýynyň güýjünden peýdalanylýar. Olara erk edýän kombaýnçylaryň her biriniň bu ugurda ýeterlik iş tejribesiniň bolmagy gündelik tabşyryklaryň doly ýerine ýetirilmegine şert döredýär. Galla oragyna gatnaşdyrylýan tehnikalara meýdan şertlerinde tehniki hem-de ýangyç guýmak hyzmatlarynyň ýola goýulmagy olaryň bökdençsiz hereket etmeklerine mümkinçilik berýär. Galla meýdanlarynda yhlasly zähmet çekýän kärendeçi daýhanlara, kombaýnçylara iş üstünde medeni-durmuş hyzmatlaryny guramak barada welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edaralarynyň işgärleriniň edýän derwaýys aladalary hem oňat netijeleri berýär. Şonda günorta arakesme wagtynda olaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly medeni çäreler uly şatlyk-şagalaňa beslenip, gallaçylaryň göwünlerini galkyndyrýar. Şeýlelikde, şu günler welaýatyň ähli künjeklerindäki bugdaý meýdanlarynda başarjaň gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň, ýygnalan hasyly harmana daşaýan ulag sürüjileriniň joşgunly zähmetlerine şaýat bolýarsyň. Olaryň esasy maksatlarynyň ene topraga yhlas siňdirilip kemala getirilen ak bugdaýy — zer dänelerini isripsiz ýygnap, Watan harmanyna goşmak bilen, onuň has-da beýgelmegine ýardam bermekden ybaratdygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu hem edermen gallaçylaryň şu şöhratly ýylda guwandyryjy zähmet ýeňşini gazanjakdyklaryndan alamat bolup durýar.

26.06.2026 111
Ykdysadyýet

Şu günler oba hojalykçylar üçin örän jogapkärli möwsüm dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç  etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl 1750 gektar ýerde gowaça ekişini geçirip, oňat gögeriş gazandylar. Häzirki wagtda olar hatarara bejergi işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Bu çärelerde daýhan birleşiginiň hem-de etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalarynyň jemi 8-si işledilýär. Göreldeli mehanizatorlardan Teňňilbaý Berdişow, Kuwwat Annaýew, Kadyr Agamedow, Kabul Meredow dagyny görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde her gün daýhan birleşiginde 80—90 gektar ýerde hatarara bejergi işleri talabalaýyk geçirilýär. Eziz Saparow, Maksat Meredow, Zybagözel Atajanowa, Selbi Baýrambaýewa ýaly tejribeli kärendeçileriň gowaça meýdanlaryny synlanyňda, bereketli altyn güýzde bol hasylyň kemala geljekdigine berk ynam döreýär. Möwsümleýin meýdan işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmegi netijesinde gowaçalar kadaly boý alýarlar.

26.06.2026 128
Ykdysadyýet

Gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň işgärleri gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, olaryň arasynda bolup, dürli medeni çäreleri geçirýärler. Golaýda «Akgala» daýhan birleşiginiň galla oragynyň dowam edýän ýerinde şeýle çäre guraldy. Bu ýerde ak öýler dikilip, dürli görnüşli önümleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Şonuň ýaly-da, möwsüme gatnaşýan mehanizatorlara, kärendeçilere milli tagamlar, gök, bakja önümleri hödürlendi. Bu ýerde söwda-satuw işleri-de ýola goýlup, möwsüme gatnaşýanlara gündelik zerur harytlary satyn almaga mümkinçilik döredildi. Etrap medeniýet bölüminiň folklor topary päk zähmeti, guşgursak ak bugdaýy şöhlelendirýän sahna oýunlaryny, zehinli aýdymçylary estrada hem-de halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, möwsüme gatnaşýanlara ruhy lezzet paýladylar. Çäräniň ahyrynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňdebaryjy kärendeçilere, mehanizatorlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

23.06.2026 105
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň gallaçy kärendeçileri bugdaý oragyna guramaçylykly girişip, bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda iş depginlerini barha batlandyrýarlar. Bu işde Ruhubelent etrabynyň gallaçy kärendeçileri hem aýratyn tapawutlanýarlar. Etrap boýunça geçen güýz aýlarynda 8500 gektar ýere bugdaý ekilip, göwnejaý idegiň netijesinde bol hasyl kemala getirildi. Häzirki günlerde orak möwsümine etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli bolan dürli kysymly, kuwwatly kombaýnlaryň 27-siniň kömegi bilen her günde 340-350 gektar ýerde orak geçirilýär. Taýýar hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda ýük awtoulaglarynyň 55-siniň güýjünden peýdalanylýar. Galla oragy etrabyň «Aşyk Aýdyň», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde has-da ýokary depginlerde barýar. Etrabyň gallaçylarynyň meýilnamada göz öňünde tutulan 14750 tonna galla hasylyny döwlet harmanyna tabşyryp, uly zähmet üstünligini gazanjakdyklaryna agzybirlikli işler doly güwä geçýär.

20.06.2026 98
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri 17500 gektar ýerde guşgursak ak bugdaýyň bitginli hasylyny ýetişdirdiler. Galla oragy möwsümine ählitaraplaýyn taýýarlykly gelen gallaçylar orak möwsümine guramaçylykly girişip, her bir güni ýokary iş netijeleri bilen jemleýärler. Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli kuwwatly kombaýnlaryň 39-sy bugdaý oragyna işjeň gatnaşdyrylýar. Şol kombaýnlaryň 2 sanysy orak möwsüminiň öň ýanynda kärhana gelip gowuşdy. Önümçilik kärhanasynda göçme abatlaýyş toparlarynyň 8-sanysy döredilip, olar zerur abatlaýjy gurallar, ätiýaçlyk şaýlar bilen doly üpjün edilip, olar iş üstünde möwsüme gatnaşýan tehnikalara zerur bolan tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýänler. Şeýle hem etrabymyzyň edara-kärhanalaryna, şahsy hojalyklara degişli dürli kysymly ýük awtoulaglarynyň 200 sanysy taýýar hasyly galla kabul ediş harmanhanalaryna daşamakda peýdalanylýar. Galla oragy etrabyň «Galkynyş», «Watan», «Hakykat» daýhan birleşiklerinde has-da ýokary depginlerde barýar. Ilkinjileriň hatarynda meýilnamasyny berjaý eden kärendeçilerden «Galkynyş» daýhan birleşiginden Esenmyrat Esenow, Bagtygül Abaýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Nurmyrat Durdyýew, Begenç Gurbangylyjow, «Hakykat» daýhan birleşiginden Gurbannepes Hanjanow, Tumar Nurgeldiýewa dagyny görkezmek bolar. Olaryň her biri öz kärende ýerleriniň gektaryndan 30-35 sentner hasyl alyp, uly zähmet üstünligini gazandylar.

17.06.2026 111
Ykdysadyýet

Zähmetsöýer gallaçylaryň üstünligi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine agzybirlik bilen girişen Daşoguz welaýatynyň gallaçy kärendeçileri ilkinji günlerden iş depginlerini ýokarlandyryp, Watan harmanyna guşgursak däne tabşyrmakda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Munuň şeýledigine öz ýyllyk meýilnamasyny üstünlikli berjaý edýän gallaçy kärendeçileriň, daýhan birleşikleriniň sanynyň barha artmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Bu barada aýdylanda, welaýatyň Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň ýeten belent sepgidi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýagny, olar geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilen 830 gektar meýdanda bol bugdaý hasylyny ýetişdirip, 1570 tonna ýokary hilli dänäni döwlet harmanyna goşmak bilen, bu baradaky ýyllyk meýilnamany welaýatymyzda ilkinji bolup üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan bu zähmet ýeňşinde birleşigiň ezber gallaçylaryndan 4,2 gektar ýerden 32 tonna bugdaý ýygnap, her gektaryň hasyllylygyny 77 sentnere ýetiren Meret Nuryýewiň, 2 gektar meýdandan 12,6 tonna däne öndürip, hasyllylygy 60 sentnerden agdyran Dünýägözel Baýlyýewanyň, 1 gektar ýerden 5,3 tonna galla alyp, gektaryň hasyllylygyny 53 sentnere ýetiren Bazar Meredowyň we beýlekileriň mynasyp paýlary bar. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri bugdaý oragyny uly hyjuw bilen dowam etdirip, Watan harmanynyň beýgelmegine has-da uly goşant goşmak maksadynda, gaýratly zähmet çekýärler. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şamahy», Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, Gubadag etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşikleriniň hasyl ussatlary hem döwlet harmanyna guşgursak ak bugdaýy tabşyrmak bilen, belent sepgide ilkinjileriň hatarynda ýetip, uly üstünlige eýe boldular. Munuň özi olaryň döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, geçen ýylyň güýzünden bäri çeken yhlasly zähmetleriniň ýerine düşendigini alamatlandyrýar. Gazanan üstünliklerini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat hasaplaýan gallaçylar öz gujur-gaýratlaryny hasylyň galan bölegini iň soňky dänesine çenli ýygnamaklyga gönükdirýärler.

15.06.2026 104
Ykdysadyýet

 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişi möwsümini talabalaýyk geçirmek bilen, kadaly gögeriş gazanan Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary häzirki günlerde ekinlere ideg etmek boýunça derwaýys çäreleri ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şeýlelikde, giň meýdanlarda öz wagtynda ýekelenilip, haşal otlardan arassalanylyp, hatar arasy ýumşadylyp, goşmaça iýmitlendirilýän gowaçalar günsaýyn ösýär. Munuň şeýledigini Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryndaky görnüşler hem tassyklaýar. Çünki bu ýerde hem kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň ýadawsyz zähmetleri bilen gurşalyp, idegi ýetirilýän gowaçalar aýratyn ünsi çekýär. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Begmyrat Satymowyň aýtmagyna görä, hojalykda bellenilen möhletlerde ekiş geçirilen 1400 gektar meýdanda gowaçadan oňat gögeriş alnypdyr. Gowaça ekişinde daýhan birleşiginiň öňdebaryjy kärendeçilerinden Orazgül Saparowa, Serdar Allabergenow, Suhanberdi Allaýew, Merdan Jumanow, ezber mehanizatorlardan Rüstem Ataşow, Halnazar Owlakow, Durdymyrat Dokbaýew we beýlekiler aýratyn tapawutlanypdyrlar. Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň ähli gowaça meýdanlaryna gözegçilik edýän 400-e golaý pagtaçy kärendeçileri, ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, häzirki günlerde gowaça bejergisini öndürijilikli dowam etdirýärler. — Birleşigimiziň ähli kärendeçiler toparlarynda-da gowaça bejergisi oňat depginler bilen barýar — diýip, baş agronom aýtdy: — Bu babatda Bekmyrat Gurtgeldiýew, Ýagmyr Meredow, Merdan Gazakow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2,5,6-njy kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has hem tapawutlanýandyklaryny belläp geçmek ýerlikli bolar. Çünki olaryň yhlasy bilen gowaçalara ideg etmekdäki her bir zerur çärä öz wagtynda girişilip, onuň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi gazanylýar. 6-njy kärendeçiler toparynyň Merdan Gazakow ýolbaşçysy şu ýyl ähli agzalar bolup jemi 60 gektara gowaça ekendiklerini, olarda hatasyz gögeriş alynmagynyň kärendeçi daýhanlaryň ruhuny has hem belende göterendigini, munuň gowaça bejergisine köpçülikleýin girişip, onuň depginini bada-bat artdyrmaga mümkinçilik berendigini belledi. Bu barada aýdylanda,şu toparyň zähmetsöýer agzalaryndan Serdar Durmedowyň 4, Esengeldi Orazowyň 2, Mährijemal Amanowanyň 2 gektar kärende meýdanlarynda gowaçalara has oňat ideg edilýändiginiň daşyndan hem anyk görnüp durandygyny aýdyp geçmek zerurdyr. Elbetde, toparyň agzalarynyň gowaçalarynyň şeýle ösüş depginine eýe bolmagyna bu ýerde hatarara bejergi işlerini geçirýän mehanizatorlar Batyr Aşyrowyň, Bäşim Saparowyň hem uly goşant goşýandyklaryny topar ýolbaşçysy uly guwanç bilen belleýär. Çünki şeýle möhüm ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan bu mehanizatorlar diňe bir iş möçberine däl-de, onuň hiline hem aýratyn üns bermek bilen, kärendeçi daýhanlaryň hoşallygyna mynasyp bolýarlar.  

11.06.2026 142
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti 22-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Garaşsyz ýurdumyzda şu ýyl bugdaýyň saldamly hasylynyň kemala getirilendigini aýdyp, ony öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnap almaklyga biziň welaýatymyzda 10-njy iýunda girişmeklige ak pata berdi. Şondan ugur alnyp, bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen möhüm çärelere ykjam taýýarlyk görüldi. Diňe bir gallaçylaryň däl, eýsem, Daşoguz welaýatynyň durmuşyndaky uly waka mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda maslahat guralyp, oňa döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ýaşuly hem-de ýaş nesliň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda zähmetsöýer gallaçylaryň bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini bellediler. Çykyşlardan görnüşi ýaly, şu möwsümde welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek wezipesi öňde goýlup, onuň bellenilen möhletlerde doly ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Şonda welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň hasabyndaky kombaýnlar, ýangyç guýujy ulaglar we beýleki tehnikalar bir hatar gözden geçirilip, möwsüme doly taýýar edildi. Şeýlelikde, şu möwsümde kombaýnlaryň 339-synyň, ýangyç guýujy ulaglaryň 86 sanysynyň güýjünden peýdalanylar. Ýeri gelende bellesek, şol kombaýnlaryň 20-si, ulaglaryň 10-sy şu möwsümiň öňüsyrasynda bu birleşige gelip gowşan tehnikalardyr. Mundan başga-da, iş üstünde tehniki hyzmat etmek, ýygnalan hasyly harmana daşamak üçin ýörite ulaglar hem taýýarlanyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň, il sylagly ýaşulularyň bir topary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, galla önümleri kärhanasynda, Türkmen oba hojalyk institutynda şu waka bilen baglanyşykly guralan çärelere gatnaşyp, halkymyzyň taryhyna degişli tapyndylara syn etdiler, galla önümleriniň öndürilişi, talyplaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döredilen şertler bilen tanyş boldular. Bugdaý oragy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli welaýat derejesindäki toý çäresi Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda geçirildi. Şol pursatda birleşigiň ezber kärendeçileriniň biri hasaplanylýan Gurbangeldi Jepbarowyň garamagyndaky 14 gektardan ybarat bu meýdan ajaýyp baýramçylyk görnüşleri bilen bezelip, onuň çäklerinde ýakymly wakalar, şirin aýdym-sazlar, çalasyn tanslar ir ertirden uly joşgun aldy. Meýdanyň bir çetinde gurlan belent sahna, ak öýler, olaryň öňünde giň ýaýbaňlandyrylan milli gymmatlyklarymyzyň, halkymyzyň gadymy oba hojalyk gurallarynyň, häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümleriň  sergileri, daşary ýurtlardan satyn alnan ýokary öndürijilikli kombaýnlarynyň, galla daşamaga niýetlenilen ulaglaryň, beýleki derwaýys tehnikalaryň uzyn hatary toý dabarasyna özboluşly öwüşgin berip, her bir adamda guwanç-buýsanç duýgusyny döretdi, welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylarynyň çykyşlary hemmelere çäksiz şatlyk paýlady. Garaşylan pursadyň gelmegi bilen, il sylagly ýaşulular ellerine orak alyp, ilkinji bitgin, sary başlaryny egip oturan bugdaý düýplerini «Bismilla» bilen ormaga başladylar. Şondan soňra täze hem-de kuwwatly kombaýnlaryň onlarçasy herekete girizilýär. Olar giň atyzyň çetinden girip, boldumly bugdaý düýplerini orup, täsin hatar bilen öňe öňe hereket edýärler. Biraz wagtdan üstüne ak bugdaý däneleri mas ýüklenilen ulaglar «Göroglygallaönümleri» kärhanasynyň öňündäki meýdança geldiler. Olar bu ýerde uly dabara bilen garşy alyndy. Şunlukda, ak bugdaýyň altyn däneleri Watan harmanyna goşulyp ugrady. Şol gün welaýatda galla oragyna girişilmegi mynasybetli sadaka berildi.

10.06.2026 150

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   37
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49