Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Daşoguz welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär. Şu ýyl ýyladyşhanada pomidoryň «Pink Сhampion F1» görnüşi öndürilýär. Ýyladyşhananyň umumy meýdany 10 gektar bolup, bu ýerdäki 4 bölümde işgärleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň her biri özüne berkidilen işi ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýär. Ýyladyşhanada ähli işler awtomatik usulda, ýagny ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýylylyk, çyglylyk ýagdaýyny kadaly saklamak täze tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Göreldeli işgärlerden Gülşat Mamedowa, Zöhre Kutlymyradowa, Leýla Agabaýewa, Merjen Atajykowa dagyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýyladyşhananyň agzybir işgärleri hasyl ýygnamaga girişdiler. Ýygnalan hasyl terligine ak bazarlarda ilata elýeterli bahalardan ýetirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen ilaty ýylyň ähli döwründe ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

09.02.2026 59
Ykdysadyýet

Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň yhlasy bilen öndürilýän tikin önümlerine halkymyzyň arasynda uly isleg bildirilýär. Belli bolşy ýaly, kärhanada ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işçi-hünärmenleri üçin ýörite egin-eşikler, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri, mekdep okuwçylary üçin lybaslar, hassahanalar, esger ýatakhanalary üçin ýorgan-düşekler, jemlenilip alnanda 100-den hem köp görnüşdäki tikin önümleri öndürilýär. Bu önümler ýokary hilliligi, berkligi bilen tapawutlanyp, hyrydarlarynyň barha artmagyna getirýär. Kärhananyň tikinçi-hünärmenleri geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem guwandyryjy netijelere eýe boldular. Olar şonda 21 million manatlyga golaý önüm öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda agzybir zähmet çekilendigini aňladýar. Şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagynda kärhananyň eli çeper tikinçi gelin-gyzlarynyň ençemesiniň mynasyp goşantlary bar.

06.02.2026 91
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçy kärendeçileri her ýyl «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, oňat netijeleri gazanýarlar. Etrabyň kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyl hem gadamlary batly. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda etrabyň babadaýhanlary 30 600 gektarda gowaça ekişini geçirmegi göz öňünde tutýarlar. Sürüm,tekizleme, çil çekmek, dürli dökünler bilen ýerleri gurplandyrmak, ýuwuş suwuny tutmak ýaly möhüm agrotehniki çäreler giň gerimde dowam edýär. Şeýle hem häzirki günlerde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri-de guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň ekiş möwsümde etrap boýunça ekijileriň 137,boronalaryň 2065, malalaryň 258 sanysynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Her bir güni ýokary netijeler bilen jemleýän etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, tejribeli ussalary abatlaýyş işlerini ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Bu babatda kärhananyň göreldeli ussalaryndan Kerimulla Sarykulow, Baýmyrat Satlykow, Döwran Töräýew dagynyň atlaryny agzamak bolar. Işleriň öz wagtynda, talabalaýyk amala aşyrylmagy şu ýylda hem pagtaçy kärendeçileriň uly zähmet ýeňişlerini gazanmaklaryna mümkinçilik berer.

05.02.2026 83
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawody dürli maksatly suw gurluşygynda ulanylýan turbalary we beýleki serişdeleri taýýarlamakda derwaýys işleri alyp barýar. Ýyllyk kuwwaty 920 tonna polietilen hem-de polipropilen turbalary öndürmeklige barabar bolan kärhananyň işçi-hünärmenleri gaýratly zähmet çekmek bilen, oňat netijeleri gazanýarlar. Munuň şeýledigini geçen ýylda ýetilen sepgitler hem aýdyň tassyklaýar. Şol döwürde kärhanada dürli ölçegdäki turbalaryň 20-den gowrak görnüşi öndürilip, şertnama esasynda degişli ýerlere yzygiderli ýetirildi. Şeýle netijeler bilen ruhlanan kärhananyň zähmetsöýer agzalary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem täze üstünliklere eýe bolmak hyjuwy bilen gadam goýup, özleriniň iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan islegiň barha artýandygyny-da bellemek bolar.

31.01.2026 84
Ykdysadyýet

Halkymyzyň gadymy sungaty hasaplanylýan haly we haly önümlerini öndürmek boýunça Daşoguz welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar geçen ýylda 1 müň inedördül metrden gowrak haly hem-de haly önümlerini dokamagyň hötdesinden geldiler. Şeýlelikde, kärhana boýunça 3,5 million manatlyga golaý önümiň hyrydarlara ugradylmagy üpjün edilip, önümçilikde uly ösüş gazanyldy. Kärhananyň ezber elli halyçylarynyň dürli gölleri, nagyşlary salyp dokaýan halylarynyň köpçüligiň göwnünden turýandygyny aýtmak gerek. Şonda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar, desgalar üçin taýýarlanylýan, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda halka ýetirilýän haly we haly önümleri örän nepisligi bilen tapawutlanýar. Kärhananyň gazanýan üstünliklerinde onuň Gubadag, Boldumsaz we beýleki etrap önümhanalarynyň halyçylarynyň hem mynasyp goşantlary bar.

29.01.2026 82
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary gowaça meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine öz wagtynda taýýar etmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Bu işde etrabyň «Täzegüýç» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda daýhan birleşiginde gowaça ekilmegi göz öňünde tutulan ýerlerde möwsümleýin işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Sürüm, tekizleme işlerinde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalary ýakyndan ýardam berýärler. Her günde 12 — 15 gektara ýerde ýuwuş suwy tutulýar. Şu günler Meretbaý Amanow, Parahat Tontaýew, Öremyrat Nepesow, Jumagylyç Jumaşow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 4,8,9,10-njy kärendeçiler toparynda bu iş has-da depginli barýar. Hojalygyň 400-den gowrak kärendeçi daýhanlary atyzlaryň gyra-töwereklerinde, çillerde arassaçylyk işini hem geçirýärler. Ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli berjaý edilmegi daýhan birleşiginde jemi 1750 gektar ýeriň ekiş möwsümine bellenen wagtda taýýar edilmegine mümkinçilik berer.

26.01.2026 78
Ykdysadyýet

Pederlerimiz haýwanlaryň, guşlaryň özüni alyp barşyny synlap howanyň rejesini, tebigy hadysalaryň boljagyny öňünden kesgitläpdirler. Olar bu çaklamanyň oňaýly netije berýändigine göz ýetiripdirler. Şeýle ýagdaýlarda öňünden taýýarlyk işlerini görüp, mallaryny, emläklerini ýagyndan, tebigy hadysalardan goramagyň aladasyny edipdirler. Alakalar hinine gyşdan öň däne, sypal çekip başlasalar, şol ýyl gyşyň sowuk boljagynyň alamaty. Gargalar çüňküni ganaty bilen penalap otursa, aýazly howanyň boljagynyň, garlawaçlar pessaýlap uçsa, ýagynyň ýagjagynyň alamatydyr. Garynjalar hininiň üstüne gum üýşüren bolsalar, gyşyň sowuk boljagydyr. Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden sowuk düşer. Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl geler. Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howanyň boljagynyň alamaty. Pişik guýrugyny ýalap, diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar. Sülgünler, käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, erbet sowugyň boljakdygynyň alamaty. Meýdan towşanlary sürenini çuň gazan bolsa, gyş sowuk bolar. Hüwi yzygiderli gygyryberse, howanyň bulaşjagyndan alamat. Bu yrymlar ata-babalarymyzyň ýiti synçylygy, durmuş tejribesi esasynda döräp, tebigat bilen sazlaşykly ýaşanlygynyň aýdyň güwäsidir.

23.01.2026 75
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent sepgitlere ýetmek, öňde goýlan meýilnamalary aýma-aý berjaý etmek ugrunda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu günlerde bu kärhanada gowaça tohumy ýokary hilli taýýarlanylýar. Bu ýerde hereket edýän barlaghanada tohumyň hil derejesi kesgitlenýär. Şu möwsümde tohumlyk gowaça çigidiniň «Gubadag-3», «S-4727», «Jeýhun», «Daşoguz-114» ýaly görnüşleriniň 2461 tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Göreldeli işçi-hünärmenlerden Wepa Kakabaýew, Akmyrat Berdiýew, Akmyrat Goçmedow, Arazmät Arazmädow dagyny görkezmek bolar. Şu ýyl tohumlyk gowaça çigidiniň etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Zaman», «Pagtaçy», «Bereket» daýhan birleşiklerinde ekilmegi meýilleşdirilýär.

22.01.2026 79
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiz geçirýän iş maslahatlarynda şu ýylyň ýaz ekişine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek barada möhüm tabşyryklary berýär. Şonda möwsümde ulanyljak tehnikalaryň göwnejaý abatlanylmagyna hem aýratyn üns çekilýär. Munuň özi şol döwürde ekişde bökdençligiň bolmazlygyna, işleriň öndürijilikli, sazlaşykly alnyp barylmagyna gönükdirilendir. Öňde goýulýan şeýle derwaýys wezipelerden ugur almak bilen Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň degişli edara-kärhanalarynda hem zerur çäreler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini birleşigiň Gubadag etrabyndaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň abatlaýjylarynyň, mehanizatorlarynyň gündelik iş-aladalarynyň mysalynda-da görmek mümkin. Bu kärhananyň giň howlusynyň şeýle taýýarlyk işleriniň hakykatdan hem uly joşgun alan ýerine öwrülendigini şu günlerde onuň derwezesinden giren her bir adam anyk synlap bilýär. Çünki howlynyň ähli ýerinde hatarlanylyp goýlan dürli görnüşli traktorlar, ekijiler, çizeller, borana-malalar bu ýerde taýýarlyk çäreleriniň eýýam ep-esli böleginiň ýerine ýetirilendigini tassyklaýar. Olaryň gapdalynda öz işleri bilen gümra bolup ýören adamlaryň bolsa gyssagynyň ýeterlikdigi daşyndan seredeniňde-de bildirýär. Kärhanada taýýarlyk işleriniň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagyna tejribeli abatlaýjylaryň, mehanizatorlaryň onlarçasy uly goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Tirkeş Meredow, Saparmyrat Arazbaýew, Akmyrat Halbaýew, Nepes Pasanow, Garly Pirjikow, Dädemyrat Kakabaýew we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň adamlar ençeme ýyllardan bäri bu kärhanada zähmet çekmek bilen, tehnikalary abatlamakda-da, meýdan işlerinde olara erk etmekde-de oňat görelde görkezip, ýokary netijeleri gazanyp gelýärler. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň gowaça ekişi möwsüminde etrap boýunça dürli kysymly traktorlaryň 80-ne golaýynyň, ekiji gurallaryň 60-dan gowragynyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da çizelleriň, borana-malalaryň ýeterlik möçberleri bu ugurdaky işlerde ulanylar. Bu tehnikalaryň köpüsinde abatlaýyş çäreleri şu wagta çenli berjaý edilipdir. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlarynyň netijesinde kärhana dürli görnüşli tehnikalar, olaryň iş gurallary yzygiderli gelip gowuşýar. Bu bolsa onuň enjamlaýyn binýadynyň berkidilip, işleriniň öňe gitmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Bu barada aýdylanda soňky ýyllarda 5 sany traktoryň, 6 sany takyk ekijiniň kärhana berlendigini bellemek bolar. Geçen ýylyň özünde şeýle takyk ekijileriň, dökün sepijileriň, derman pürküjileriň ýene-de jemi 24 sanysy olaryň  ygtyýaryna berildi. Şeýle goldaw-kömekler işçi-hünärmenleriň, mehanizatorlaryň ählisini örän guwandyrýar, olary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Elbetde, oba hojalyk ekinleriň her bir görnüşiniň bereketli hasylyny kemala getirmekde, ilki bilen, onuň ekişiniň talabalaýyk geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilýär. Şonda bu babatda tehnikanyň güýjünden ýeterlik peýdalanylmagy zerur bolýar. Munuň üpjün edilmegi bolsa, mehanizatorlaryň, olara ýardam berýän abatlaýjylaryň şu günlerdäki taýýarlygyna baglydyr. Bu kärhananyň işçi-hünärmenleri-de şuny nazara alyp, gaýratly zähmet çekýärler.

20.01.2026 69
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlary, guwandyryjy sepgitleri nazarlaýan Daşoguz welaýatynyň gallaçy, pagtaçy daýhanlary şu günlerde öz öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaklyga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Olar geçen güýzde kadaly gögerişi alnan bugdaýlara ideg etmek, şu ýylyň baharynda gowaça ekişi geçirilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlarda zerur çäreleri ýerine ýetirmek babatdaky işleriň depginini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Häzirki wagtda zähmetsöýer kärendeçileriň şeýle joşgunly gadamlaryny Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda hem görmek mümkin. Çünki olar günsaýyn rowaçlanýan ýylymyzda öz gözegçilik edýän meýdanlarynda bugdaýyň, pagtanyň has-da saldamly hasylyny kemala getirmegi meýilleşdirýärler. Ýeri gelende bellesek, geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem bu hojalygyň agzalaryna uly üstünlikleri getirdi. Has anygy, şol ýylda olar 17 müň tonna golaý «ak altyny», 6350 tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaýy Watan harmanyna goşup, bu baradaky meýilnamalary has artygy bilen berjaý etdiler. Munuň özi hojalygyň kärendeçi daýhanlarynyň çeken agzybirlikli, arkalaşykly zähmetleriniň beren guwandyryjy netijesi boldy. Geçen ýylda gazanylan üstünlikler bilen ruhlanan paýdarlar jemgyýetiniň babadaýhanlary, öňde hem nygtap geçişimiz ýaly, şu ýylda-da bu ugurdaky möhüm çäreleriň depginini ýokary göterdiler. Hojalygyň baş agronomy Ikram Kadyrowyň aýtmagyna görä, olar 2420 gektar meýdanda bugdaýyň, 7500 gektar ýerde pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler. Elbetde, atyz-meýdanlarda bereketli hasyly kemala getirmekde güýz-gyş çäreleriniň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy mälimdir. Hojalykda her ýyl hem olara aýratyn üns berlip, şonuň netijesinde gallaçy kärendeçileriň ählisi öz meýdanlaryndaky bugdaýlary ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirýärler. Häzirki döwürde-de olar ýerli dökünleriň ýeterlik möçberlerini taýýarlamak boýunça iş alyp barýarlar. Bu işde gallaçylaryň köp sanlysynyň has-da tapawutlanýandygyny nygtamak gerek. Şu günlerde meýdan işlerini alyp barmakda paýdarlar jemgyýetiniň ähli kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň hem örän işjeňlik görkezýändikleri aýratyn guwançlydyr. Bu barada gürrüň edilende, Azamat Seýitmetowyň, Uktam Sabirowyň we beýlekileriň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparlarynyň has-da tapawutlanýandyklary bellenmäge mynasypdyr. Hojalygyň ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň göwnejaý alnyp barylmagynda uly goşant goşýan kärendeçi daýhanlar az däl. Olaryň hatarynda geçen ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanyp, häzirki günlerde hem köplere görelde bolýan kärendeçiler Jemile Mädrahymowanyň, Daniýar Rozmetowyň, Dildara Abdullaýewanyň, Şöhrat Mätiýewiň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar. Şonuň ýaly-da, öz işine ezber mehanizatorlardan Diýar Ibragimowyň, Zakir Jumaniýazowyň bu ugurdaky işlerde mynasyp paýlary bar.   Hormatly Prezidentimiziň gallaçy, pagtaçy daýhanlara berýän goldawlary, olar üçin döredýän şertleri  kärendeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Geçen ýyl hojalygyň gallaçylarydyr  pagtaçylary döwlete bereketli hasyl tabşyryp, uly üstünliklere eýe boldular. Ýurdumyzda bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky Kararyň kabul edilmegi olaryň ýokary girdeji gazanmaklaryny üpjün etdi. Şeýlelikde, göwünleri galkynan kärendeçiler häzirki wagtda has-da yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň agzybirlikli işleri şu ýylymyzy hem üstünliklere beslemegimize şert döreder.

15.01.2026 93

Täze habarlar

Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   8
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   8
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   8
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   8
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   11
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   7